07:26 Türkmenbaşy döwri -29: Işsizlik dowam edýär | |
29. IŞSIZLIK DOWAM EDÝÄR
Publisistika
Iş gözläp ýene-de redaksiýalary, radiony, telewideniýäniň ähli kanallaryny aýlanyp çykdym. Baran ýerimde eşidýänim şol bir söz: «Iş ýok». Apreliň ortalarynda şo-ol, Berzeňňidäki aramgähimde mugtyna jaý salyp beren şahyr dostum Torum Ýaýlan jaň etdi: «Çalt gel, saňa borluk gowy aýlykly bir iş bar». Bardym. Görüp otursam Goranmak ministrliginde işleýän bir tanşy oňa: «Bize gowuja terjimeçi gerek» diýip, jaň edipdir. Men barşym ýaly Torum şol tanşyna jaň edip: «Terjimeçiň-ä taýýar» diýdi. Megerem, aňyrdan ýaşymy soran bolsalar gerek, ol: «Aý, ýok, garry däl, entek pensiýa ýaşynad-a ýetenok», diýdi. Trubkany goýubam maňa ýüzlendi: «Juma akga, häziriň özünde dokumentleriňem al-da şol ýere bar, girelgede duranlara: «Möwlamowyň ýanyna barjak» diýseň goýbererler» diýdi. Men taksi tutup öýe eňdim. Dokumentlerimi alybam Goranmak minisrtligine bardym. Meni kelte boýly, dolmuş, garaýagyzrak, mylaýym sözli Möwlamow diýen orta ýaşlaryndaky podpolkownik ýigit kabul etdi. Ol dokumentlerime seredip oturşyna: «Howwa-da, ýaşlaryň arasynda ýaşulurak adamlaram bolsa gowu-da...» diýip, öz-özi bilen gepleşýän ýaly hümürdendi. Dokumentlerimi goýup gitmegimi, maslahatlaşmaly adamlary bilen maslahatlaşandan soň özüniň jaň etjekdigini aýtdy. Ýüregedüşgünç garaşmaklyk başlandy. Dünýäde erbet zad-a kändir welin, şonuň iň ýamany garaşmaklyk bolsa gerek. Onda-da tamakinlik bilen garaşmaklyk. Ähli zatdan eliň sowaýar. Işläp bolanok. Iki gözüňem telefona dikip, diwanyň üstünde düwdek bolup oturansyň. Hyýalyňda ine-ine işe girýänsiň, aýlyk alýansyň... Iki aý dagy garaşanymdan soň özüm jaň etdim. Podpolkownigiň: «Enteg-ä bellisi ýok ýaşuly, ýöne, ýene iki adamyň dokumentlerini aldylar, saýlajak bolýalar, üýtgeşiklik boldugy özümiz jaň ederis» diýen sözüni eşidip öňküje umydymdanam el üzdüm. Çünki, üçüň biri bolup saýlanmaly bolsa bijämiň çykmajakdygyna gözüm ýetip durdy. Üstesine, beýleki ikisiniň «hossarly» adamlardygyny podpolkownigiň özem ak ýürekden, çalarak syzdyrdy. Şeýdip, ol işden-ä tamamy üzdüm. Iýul aýynyň 1-i güni köne goňşym, ýazyjy dostum şol wagt «Ylym baradaky geňeşde» işleýän Jumadurdy Nepesowyň kömegi bilen Ylymlar Akademiýasynyň ylmy institutlarynyň birine hudožnik bolup işe girdim. Şol aýyň 5-ine-de goşun gullugyna giden öňki hudožnigiň dolanyp gelendigini aýdyp, sypaýyçylyk bilen işden çykardylar. Şol bäş günüň ikisiniň dynç günlerine gabat gelendigini hasaba alsaň, meniň şol ýerde bar işlänim üç gün. Dogrusy şol işden basym çykanymy özümem kem görmedim. Çünki, surat çeker ýaly olarda hiç hili esbap, serişde ýokdy. Gaýtam maňa: «Özüňde näme bolsa getir, galanynam görübiris» diýipdiler. Üstesine, yhlas bilen ýewroremont edilen ullakan bir jaýy görkezibem: «Şuny muzeý etmeli» diýdiler. Men bolsam bezegçi däldim. Meniň üçin bezeg etmek, hat ýazmak ýaly jebirli hem hylallaly iş ýokdy. Şonuň üçinem, ol ýerden şeýle basym “kowanlaryna” men dogrusy begenmänem durmadym. Edil, zynjyrdan boşan däli ýaly zymdyryldym gaýdyberdim. Şeýdibem men ýene-de işsiz galdym. Halys barara gapy tapman aljyrap ýörkämem bir gün ýanyma köne dostum, şol wagt Abadan (Büzmeýin) şäherindäki 7-nji hünärmentçilik mekdebiniň direktory wezipesinde işläp ýören Çary Annadurdyýew geldi we egerde göwnesem öz mekdebinde surat mugallymynyň ýeriniň boşandygyny aýtdy. Men oňa ikielläp razy boldum. Ol mekdep Abadan şäheriň ähli mekdepleri üçin ortalyk, hünär öwrediji bir mekdep bolup, oňa her gün beýleki mekdepleriň biriniň okuwçylary suratkeşlik, tikinçilik, sürüjilik ýaly hünärleri öwrenmek üçin gelýärdiler. Şol gün olar öz mekdeplerinden boşadylýardylar we olaryň köpüsi oňa hünär öwrenmek üçin berilýän gün däl-de, goşmaça ýene bir dynç güni hökmünde garaýardylar. Hünär öwrenmeklige düýbünden gyzyklanmaýardylar. Mekdep sowet döwründäki «Proftehuçilişşeleriň» ornuna döredilen bir zatdy. Belke-de şonuň özüdi. Onuň adynyň üýtgedilmegini «üýtgedip gurmak» döwründäki girizilen sansyz, içýakgyç nysaklaryň biri hasaplamak mümkin. Ol şol wagt hiç hili ülňä gabat gelmeýärdi, gerekli serişdeler bilen üpjün edilmeýärdi. Hut şonuň üçinem, okuwçylary gyzyklandyrmak kyn düşýärdi. Köpüsi okuwa gatnamaýardy. Geläýenlerinde-de okuw bilen serleri ýok. Diňe biri-birleri bilen gürleşip, gülüşip, gykylyklaşyp wagtlaryny geçirýärdiler. Men ol ýere hepde-de üç gün gidýärdim. Ir sagat sekizde Teke bazaryna barýardym-da, on-onki adamlyk «Gazellere» münýärdim. Umuman, ulag kändi gatnaw gowudy, ýol meselesinde hiç-hili bökdençlik ýokdy. Biri ugradygy nobata garaşyp duranlaryň biri onuň ýerine gelip durýardy. Olaryň hemmesi şahsy ulaglar. Özlerem ýokarky, köne Pöwrize ýoly bilen gidýärler. Gökjäniň üstünden geçýän aşaky, täze ýol bilen diňe döwlet eýeçiligindäki ulaglar gatnaýardylar. Şeýlelikde, men iki gün-ä ir sagat dokuzdan ikiniň ýaryna çenli – birinji çalşykda, bir günem dördemi ýa bäşiň ýaryna çenlimi – ikinji çalşykda işleýärdim. Okadýan toparymyň sany dört. Birinji çalşykda işleýän günlerim-ä her gün haýsam bolsa bir topary, ikinji çalşykda işleýän günüm bolsa bir günde iki topary, ýagny, ertirine bir, öňlänine-de bir – jemi iki topary okadýardym. Aýlygy gowy. Garawulçylygymdan kän. Ýöne, aýlyk berilmeýär. Işlän dört aýymyň içinde ýekeje gezegem aýlyk alyp bilmedim. Asla şol döwür ähli ugurlar boýunça şol kesel ýoň boldy. Aýratynam bilim ulgamy göze-başa düşdi. Ahyram bu mesele baryp Prezidente ýetdi we onuň Bilim Ministrini masgara edip işden aýyrmagy bilen tamamlandy. Şondan soň assa-ýuwaş aýlyklaram berlip başlandy. Menem aldym. Ýöne, ol wagt men eýýäm mekdepden çykypdym. Çykmagymyň sebäbi okuwçylar bilen işlemek kyn. Ýöne, bir kynam däl-de, asla uwnup-çydar ýaly däl. Onda-da meniň ýagdaýymdaky ýarawsyz adam üçin. Men olara suratdan tälim berýärdim. Emma olar öz ýanlary bilen ne galam, ne kagyz hiç zat getirmeýärdiler. Guaş, akwarel, planşet hakda-ha gürrüňem ýok. Käbirler-ä getiräýenlerinde-de surat çekilýän kagyza derek okuwçy depderi bilen külembike barmak ýaly döwük galam getirýärdiler. Käte onam iki döwüp paýlaşýarlar. Tutuş klas boýunça-da ýekeje pozguçlary bardyr. O burçdan bu burça biri-birine zyňyşyp oturandyrlar. Özlerem dyknyşyp oturýarlar. Aralaryny giňräk, hersini bir ýereräk oturtjak bolsaň halanoklar. Gysmyljyraşyp biri-birleriniň içlerine giräýjek bolýarlar. Şeýtseler gürrüň etmäge-de, biri-birleriniň esbaplaryny ulanmaga-da amatly. Gürrüňi welin ýokarda agzap geçişim ýaly adam şekillem edäýenoklar. Ýanama gygyrýan bagşy ýaly, diň-göklerine bakyp, bokurdaklaryna sygdygyndan gygyryşýarlar. Gapdaldakylar bilen şolar ýaly, emma o burçdan, bu burça seslerini ýetirjek bolsalar welin, edil bokurdagy händek ýaly jarçyň bar-da! Gyzlar oglanlara görä hasam galmagalçy. Agyzlary hapa. Bir gyzyň gulagyňy deşip barýan şaňňy gülküsi henizem gulagymdan gidenok. Oňa-da özüm günäkär. Ilki baran wagtlarym pälim azyp: seň gülküň bilbiliň sesi ýaly diýäýipdirin. Şondan soňam ol hasam örç aldy. Edil gulagymyň agzynda gygyryp başlady. Klasa giren batlaryna ýene ýagşy. Az-kem kadalyrak gepleşýärler. Kem-kemdenem sesleri güýjerläp başlaýar. Soňabaka halys kelleri gyzýar-da, sen barsyňam öýdenoklar. Haý-küşüňe-de gulak asanoklar. Gep ýokanok. Çydam edip otursaň-a gitdigiçe möwç alyp ugraýarlar, gahar etseňem gaty görýärler. Sanaşyp başlaýarlar. Garşyňa dildüwşik gurnaýarlar. Haýsydyr biriniň gykylyk ede-ede eňegi ýazara gelendir welin, näme gykylyk edýäň, diýseň hökman: «Edemog-a mugallym» diýip jogap berer. Gözüň alnynda kimdir birine paýyş söz aýdyp oturandyr welin: nämä sögünýäň diýdigiň, iki gözüň içine seredip: «Sögünemog-a mugallym» diýer. Beýlekilerem şonuň tarapyny tutarlar. Ýumuş buýursaňam bäş-on minut güýmenen bolarlar-da, ýene-de şol bir heňlerine başlarlar. Şol endiklerine halys neşe bolan bolsalar gerek, gepden-gürrüňden kesdigiň ýüzlerini küsserdişip, agyzlaryny giňden açyp pallaşyp başlaýarlar. Elbetde, men tejribeli mugallym däldim. Tötänden düşen adamdym. Ýöne, gyzyklanyp gördüm welin, tejribeli mugallymlaryňam güni meniňkiden ibaly däl ekeni. Şonuň üçinem olar maňa: «Janyňy ýakma! Sagadyňy geçir-de, aýlygyňy al. Hemmelerem şeýdýäler. Başga alaç ýok. Özlerine gerek bolmasa öwrenmän geçsinler» diýdiler. Ony etmäge bolsa meniň bognum ysmaýardy. Ynsabym çatmaýardy. Hak alanyma görä olara bir zatlar öwredesim gelýärdi. Dogry, aralarynda iki-ýeke hünär öwrenesi gelýänlerem, ýuwaş oturýanlaram bar. Olar: «Ýuwaş boluň, galmagal etmäň, mugallymyň kellesi agyrýar», diýip, galmagalçylara haý-küşem edýärler. Ýöne, olar azlyk! Gaty gidiberseler arakesmede ýa okuwdan soň galmagalçylaryň olary burça gabap, gyssaýmaklaram ahmal. Şonuň üçinem, ýuwaşlar käte maňa tarap nebsiagyryjylykly seredişýärdiler-de, başlaryny ýaýkap: «Bular sizi dälirederler, ýoldaş mugallym, häzir boluň», diýýärdiler. Hut şeýle hem boldy. Olaryň gykylyklary ahyrsoňy meniň etimden geçip süňňüme ornady. Gan basyşymy öňküdenem beter galdyrdy. Sekizinji klasyň içinde Babalyýew diýen tokarja, oňşuksyzdygy daşyndanam bildirip duran içýakgyç bir oglan bardy. Sesem uly adamyňky ýaly zorrukdy-da, iki elinem jübüsine sokup oturşyna diň-gögüne garap şeýle bir gygyrýardy welin, hiç goýdurjak gümanyň ýokdur. Aýtdygyňsaýam beter edýär. Ikilik goýaryn, klasyňda galdyraryn, diýseň dagy: «Ikilig-ä goýubilmersiň, klasymda-da galdyrybilmersiň. Iň bolmanda üçlük goýdurdarlar, maňa şol bes, hudožnik boljak aladam ýok, ýazyl diýensoňlar ýazylaýdym», diýip, «hikir-hikir» edýär. Onuň şol aýdýanlarynyň jany bar. Ikiligem goýdurdanoklar «gm» hem goýdurdanoklar. «Barlag gelse: bu näme, ýöne «gm» bolup dur-la, ýyl boýy bar okadanyň iki okuwçymy, diýerler, ikiligem sesiň gowy okatmandygyňy aňladýar» diýip, öňden bäri işleşip ýören tejribeli mugallymlar maňa gelen günümiň ertesi dyýdyrypdylar. Bu zatlary elbetde, okuwçylaryň özlerem bilýärler. Babalyýewem bilýär. Şonuň üçinem, ýüzüňe seredip şol sözleri aýdýar. Men oňa: «Sen gowusy gelme, beýlekilere päsgel berme, üçlügiňem menden al, diýibem gördüm. Onam etmedi. Gaýtam: «Bu ýere gelmesem kim bilen gepleşeýin, kimiň gaharyny getireýin» diýip, “hikir-hikir” güldi. «Olar ýaly bolsa bar, ýok bol! Görünme gözüme!» diýdim. Ýeňsesinden südürläp kowdum. Äpişgeden gelip ýene-de şolar ýaly gyjytly gürrüňler aýtdy. Her hili gelşiksiz hereketler etdi. Men oňa: «Bar, git!» diýdim. Gitmedi. Okuwçy oglanlaryň ekabyrraklarynyň birini iberdim. Ol gitdi-de, ony aýnanyň öňünden aýyrdy. Indiki gezek ol ýene-de sapaga geldi. Men goýbermejek bolsamam, okuwçylar haýyş etdiler, «Indi gowy oturar mugallym» diýdiler. Men razylaşdym. Ýöne, Babalyýew eýýäm ýerine geçip ýarýarka maňa tarap gyýa bakdy-da: «Hany, mollum, goýbermen diýipdiň-le» diýdi. Men dişimi gysdym. Ol welin muny özüniň ýeňşi hasap etdi. Töwerek-daşyna ýaltaklap oturşyna ilk-ä gyzlara göz gypdy, soň oglanlara tarap baş atdy, soňam gapdalyndakylaryň biri bilen ýuwaşja gürleşip, kem-kemdenem gaty ýer sürýän «Altaý» traktor ýaly arlap başlady. Elinde welin ne kagyz, ne galam hiç zat ýok. Okuwçylaryň biri oňa: – Goý sesiňi, mugallym seredip otyr – diýdi. Babalyýew ýüzüni küşerdip sesine bat berdi. – Aý, seretse seredip geçsin-laý... Şeý diýende ol maňa tarap elinem ülňäp goýberdi. Bu onuň meni düýbünden äsgermeýändigini, adam hasap etmeýändigini aňladýardy. Şonuň üçinem men ony ýene-de kowmaly boldum. O-da edil öňküsi ýaly aýlanyp penjiräniň öňüne geldi we ýene-de şol bir hereketlerini gaýtalady. Hapa sözler aýtdy. Men şondan artyk çydap bilmedim. Erbet sögündim-de kabinetden atylyp çykdym, däliziň ugry bilen daşaryk ylgadym. Okuwçylar meniň barýandygymy penjireden boýunlaryny uzadyşyp Babalyýewe habar beren bolsalar gerek, daş çykanymdan ol eýýäm derwezäniň agzyna ýetip barýan ekeni. Yzyndan kowaladym. Ýöne, altmyşa ýetip barýan adam bilen ýaş oglanyň tizligi deňmi näme, sarç mal ýaly ýüzüni asmana tutup, taýzarylyp bir gaçýar welin, görmäge göz gerek. Men şol ýerden göni Çarynyň ýanyna bardym. Ýagdaýlary aýtdym. Arzamy ýazyp stoluň üstünde goýdum. – Bir zadyň üstünden baraýmankam meni boşat, men mugallymçylygy oňaramok. Çary endigine görä, birgeňsi ýylgyrdy-da, sessiz-üýnsiz gol çekdi. Soň mugallym tapylmadymy, nämemi, mekdebiň şol bölümi ýapyldy. Birnäçe ýylyň geçmegi bilen mekdebiň özem ýapyldy. Ýatan ýeri ýagty bolsun, dört-bäş ýyldan soň Çary neressäniň özem ýurduny täzeledi. Şeýdip, ýene-de işsizligiň surnukdyryjy günleri başlandy. Bir ýyla golaý wagt geçenden soň, ýagny, 2006-njy ýylyň fewral aýynyň başlaryna medeniýet institutynda mugallym bolup işleýän bir ýigit öýe jaň etdi. Ol ýarym iş haky bilen telewideniýede hem işleýärdi we hepde-de bir gezek, on bäş minutlyk satiriki sahna taýýarlaýardy. Ol maňa egerde şoňa kömek etsem, martyň 1-inden başlap telewideniýä ýarym iş haky bilen işe ýerleşdirjekdigini aýtdy. «Bölüm müdirimiz bilen gepleşdim, o-da kanalyň başlygyna jaň etdi, ýeriň taýýar, ýöne, sen oňa çenli boş oturma-da sahnajyklar ýazyber» diýdi. Göräýmäge mesele çözülen ýaly. Şonuň üçinem men muňa uçursyz begendim. Duýman durkam ýarym iş hakylyk hem bolsa iş tapyp berendigi üçin ol oglandanam, Hudaýdanam müňde bir minnetdar boldum. Garawul wagtlarym uzaga çeken ukusyz, surnukdyryjy gijeden soň daň atsa, jahan ýagtylsa begenýärdim, meniň üçin, şo-da edil şolar ýaly boldy. Edil agyr tupandan soň howanyň durlanyşy ýaly beýnimi durlap goýbedi. Şonuň üçinem, haýal etmän stoluň başyna geçdim-de, işläp başladym. Küýüm-köçäm welin martyň 1-inde. Buýruk bilen işe kabul ediljek günümde. Şol günüň basymrak gelerinde. Edil Aýa, Gýne garan ýaly her günümi, her sagadymy sanap garaşýan. Geçen ýyl şu günler Goranmak Ministrliginden habara garaşyşym ýaly bar zady unudyp garaşýan. Şol gün golaýlaşdygyça-da beter howlukýan. Darykýan. Gysylýan. Içim byjyklaýar. Munuňam soňunyň boş bolup çykaryndan ätiýaç edýän. «Hökman bir gep tapylar, hökman bir sebäp bolar» diýip öz ýanymdan howpurgaýan. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly ol mugallymam jaň edäýenok. Köşeşer ýaly bir goşmaça hoş habarjyk ýetiräýenok. Sebäbi meniň edil bular ýaly göze-başa düşüp garaşýandygymdan habary ýok. Martyň 2-sine çenli zordan çydadym. 3-i güni agşamaralar öýüne jaň etdim. Öňki badynyň ýokdugyny sesinden aňdym. Sözleri «haňk-huňkrak». Buýtar-suýtarrak. Gönümel bir zat aýdyp bilenok. «Özümem çykaýmasam boljak-gä... wagtynda kamera berenoklar... montaž etmegem görgi... düýn öýlän müdir bilen öýkeleşip gaýtdym... Ýöne, o meni şu gün ir bilen ýene-de çagyrdy... Gitme diýdi... Işle diýdi... – diýen ýaly gürrüňler bilen daşymdan aýlanýa. – Sen hakda-da agzaýan, ýöne gulak asanok... Ýöne sen howlukma, ýazyber, gitjek ýeri ýok... Indiki gezek ýanyna baranymda ýene agzaryn...». Garaz, ol işimizem ugruna bolmady. Şondan bir aý töweregi wagt geçenden soň, ýagny 2006-njy ýylyň mart aýynyň aýagyna, Büzmeýindäki mekdepden çykan, indi Aşgabatdaky döwlet banklarynyň birinde işläp ýören dostum Çary Annadurdyýew maňa täze açylan, entek doly işe başlamadyk gurluşyklaryň birinden garawulçylyk tapyp berdi. Men muňa diýseň begendim. Gurluşyk desgasynyň buýryjysy Çarynyň işleýän banky bolup, potratçysy türkleriň «Haýat» firmasy. Ol Arçabil ýoly bilen «Bitaraplyk» köçesiniň çatrygynda ýerleşýär. «Haýat» firmasy öz gezeginde türkmenlerden işçi güýjüni hakyna tutýar. Çünki, türkmenlerden düzülen işçi güýji – mugt işçi güýji bolup durýar. Ýagny, şol bir işde işleýän türk işçisi aýda 1300 dollar alýan bolsa, türkmen işçisi şonuň 130 dollaryna-da höwes bilen işläp berýär. Aşgabatda açylan «ÝGM» ýagny, «Ýaşlary goramak merkezi» atly hususy kärhana bolsa, türk firmalaryny garawul bilen üpjün edýär. Olaryň hak töleýşi welin türkleriňkiçe-de ýok. Garawullyga ýollanan türkmen oglanlaryna birinji aýda türkmen manadyndan bary-ýogy dört ýüz müň manat, şondan sňky aýlarynda bolsa hamala kategoriýa berilýän ekeni-de sekiz ýüz elli müň manat tölenýän ekeni. Bu bolsa şol wagt, 34 dollara deňdi. Birinji aýynyňky bolsa 16 dollar. Türkleriň öz garawullary welin aýda azyndan 500 hatda müň dollar belki, ondan-da köpräk alýardylar. Şeýle-de bolsa, obadan iş gözläp gelen oglanlary şolar ýaly aýlykly işlere-de gözlerini gyrpman girýärdiler. Sebäbi olar şol wagt şoňa-da zardylar. Mätäçdiler. Ýöne, şäher polisiýasy olary şol günlerine-de goýmaýardy, yzarlaýardy, tutýardy, ýygnaýardy, birnäçe gün polisiýa saklap, soňam otla mündürip, gelen ýerlerine ugradýardylar. Olar bolsa indiki duralgada düşüp, ýene-de Aşgabada dolanyp gelýärdiler. ...Mart aýynyň 28- güni ir bilen, sagat sekiz bolmanka täze işe bardym. Öten agşamky garawulçylyk eden oglandan öz çägime degişli ýerde üýşüp ýatan gurluşyk serişdeleriniň ählisini ýeke-ýeke kabul edip aldym. Birtopar uzyn brusoklar biri-biriniň üstüne terslin-oňlyn müngerilşip ýatan ekeni, tabşyrýan oglan näme üçindir olary sanamady. «Bular hiç smenada hem sanalanok» diýdi. Kabul edilşikden soň belendiräk ýere çykyp daş-töweregime göz aýladym. Howlukman synladym. Gurluşyk meýdançasy örän giň. Eýlesi-beýlesi ýalňyşmaýan bolsam, 350-400 metr-ä bar. Şonça giň meýdanyň daşyna-da tutuşlygyna owadan ak demir haýat çekilipdir. Ortarasynda guruljak binanyň binýadyny guýar ýaly mähnet çukur gazylypdyr. Ondan çykarylan gum dag gerişi ýaly seňňerläp dur. Şol gumlary olar gurluşyk döwri bir zatlara ulanjaklarmy ýa göçürjeklermi, men ony bilemok. Şony men ondan-mundan sorabam bilibilmedim. Men işe baranymda birgiden äpet maşynlar şol çukuryň düýbüni çagyllap, berçinläp ýör ekenler. Çukuryň ýokary ýüzünde, meniň garawulçylyk etmeli çägim bilen aralykda beton garylýan desga, onuň operatorlary üçin goýlan içi kompýuterli wagon kysmy jaýjagaz bar. Şol jaýjagaz bilen çukuryň arasyndan uly maşynlar gatnar ýaly gumak ýol geçýär. Meýdançanyň günbatar-demirgazyk ganatynda iş edarasy hökümnde gurlan sökme, pessejik, ýöne naşyja bir jaý bar. Onuň içinde desganyň başlygy, murtunyň her taýy bir tutam, orta boýly Jaffar atly, orta ýaşyndan aganrak türk oturýar. Ol öz jaýyny «ofis» diýip atlandyrýar. Geň ýeri ofisiň gapysyndaky ýazgylar türkmençe däl-de, türk we ors dillerinde ýazylan. Şol zatlardan başga meýdançada göze ilip duran desga ýok. Esasy gurluşyk indi başlamaly. Aýdyşlaryna görä, ony ýene bir ýyldan tamamlamalymyşyn. Demir haýatyň daş ýüzi barada aýtsak, onuň gündogar tarapy Bitaraplyk ýoly. Demirgazyk tarapy Arçabil ýoly we uly köpri. Bitaraplyk ýoly şäher tarapdan gelip şol köpriniň aşagyndan, Arçabil ýoly bolsa üstünden geçip gidýär. Bitaraplyk ýoly köprüden iki ýüz, üç ýüz metr geçensoň gutarýar. Aňyrsy boş meýdan. Şäher ýok. Gündogar tarapy welin giden bir arça tokaýlyk. Elbetde el bilen ekilen. Meýdançanyň her burçunda garawullar üçin niýetlenilip demirden ýasalan, gyzyl reňkli dört aýak, adam boýundanam belentde duran darajyk otagajyklar bar. Onuň içinde bir adam zordan eýlesine-beýlesine öwrülip biljek. Gerinip çykarynara ýa geýinere maý ýok. Hristianlaryň tabydyny dikligine goýsaň, megerem şonça bolsa gerek. Içinde-de köneje, bir gyrasy gemmik, ak reňkli, kürsi şekilli plastmas oturgyç. Oturgyjyň üstüne şylhasy ykan, garagäz we pagtalary sal-sal bolup duran köne güpbi atylypdyr. Bir gyrajygynda edil nobatçylyk depderçesi we galam sygaýar ýaly emelsiz ýasalan stoljyk. Stoljygyň aşagynda kiçijik, gulpsyz sandyjak bar. Otaganyň aýnalary ýok. Basgançaklaram inçejik «ugolnikden» ýasalypdyr-da, münenniňde-düşeniňde dabanyňdan geçip barýar. Özem şeýle bir insiz welin , söýgetlerine ýapyşyp, zoraýakdan ýanynlap münmeli, ýanynlabam düşmeli. Daş-töweregi alaň-açyk bolansoň otaga müneniňden münmäniň, içine gireniňden girmäniň gowy. Çünki, dag etegiligindenmi, nämemi o ýeri erbet sowuk. Otaganyň üsti hasam şemal. Hazan alyp barýar. Gapdaldaky tokaýlykdan göterilýän çyglyk howany hasam gyşsyradýar. Şäherden gaýdanymda maýyl bolansoň onçakly galyň geýinmändim. Şonuň üçinem baran dessime meni: «Gijesine doňup galaryn, iň bolmanda erbet sowuklaryn böwregimi üşederin», diýen gorky gaplap aldy. Öýe habar ýetireýin diýsemem hiç ýerde telefon ýok. Beton garýanlardan sorasam: «Jaffarda sotowoý bar, haýyş etseň şol edip berer, gowy adamdyr» diýdiler. Bardym. Dogrudanam ýok diýmedi. Men oňa Maksadyň nomerini berdim. Alyp berdi. Gepleşdim. «Ýyly eşiklerimi, ädigimi, galyň jorabymy, telpegimi getir» diýdim. Desganyň salgysyny berdim. Ýöne, «Bitaraplyk» ýoly diýmäge derek «Garaşsyzlyk» diýipdirin. Şonuň üçinem meniň eşiklerim juda giç, ýagny, agşam sagat altylara geldi. Oňa çenli üşemezlik üçin, eýläk-beýläk gezmeledim. Bir gezek çat maňlaýymdan beton garyjylaryň jaýyna girip ýylyndym. Oglanlar bilen gümür-ýamyr edişdim. Olaryň hemmesi ýaşlardy we menden ony-muny uly gyzyklanma bilen soraýardylar, näme üçin bu ýaşdan soň bular ýaly jebirli işe özümi dözüp ýörendigime geň galýardylar. Ol ýerden çykyp meýdançada gezmeläp ýörkäm ýanyma «starşiý garawuldyryn» diýip biri geldi we iş ýerimi taşlap Jaffaryň ýanyna telefon etmäge gidendigim üçin käýedi. «Dagy-duwwara şolaryň gözüne görünäýme» diýdi. Sähelçe «naruşeniýe» üçinem işden kowup bilýändiklerini aýdyp haýbat atdy. Gün guşluk boluberendenem üzlem-saplam bolşup «ÝAGM»-nyň ýolbaşçylary gelip başladylar. Ilk-ä desga boýunça garawullaryň naçalnigidirin diýip bir ýaş oglan geldi. Özüniňem edil men ýaly birinji gün işe çykyşy ekeni. Ol maňa kän bir ünsem bermän, ýüzem bermän, duşumdan geçdi-de, göni baryp otaga mündi. Nobatçylyk depderçesini alyp, onuň sahypalaryny agdaryşdyrdy, bir zatlar ýazyşdyrdy, nämäniň-nämedigini aýtmanam duşumdan geçip gitdi. Ýöne, o-da: «Ýaşuly gowuja dur, sähelçe üýtgeşiklik bolsa işden çykarýandyrys» diýip haýbat atmany welin unutmady. Soň ondanam ketderäkleri geldiler. Howlynyň içine girenden «ýalt-ýult» edişip töwereklerine garanjaklaşdylar, haýatdan boýunlaryny uzadyp gündogar tarapdaky ekme, arça tokaýlyklaryna seredişdirdiler, aýak çekip özara bir zatlar barada gürleşdiler, orta ýoldan yzlaryna dönen ýalam etdiler-de, soň ýene-de bäriligine gaýtdylar. Ep-esli aralykdan maňa tarap üşerilişdiler, gelensoňlar sowuk-salarak, başly-baradrak salamlaşdylar. Otaga girip nobatçylyk depderçesini alyp çykdylar. Tagtalaryň üstünde oturyp serişdeleriň sanawyna seretdiler. Ol sanawyň sanyny howlynyň içinde ýatan gurluşyk serişdeleri bilen deňeşdirdiler. Näme üçin «busoklaryň» sanynyň depderçedäki sanawda ýokdugyny soradylar. Men şu gün ir bilen maňa tabşyran oglanyň: «Biz bulary sanamyzogam, sanawa-da goşamyzok» diýendigini aýtdym. «Aý, onda düşnükli», diýşip ýerlerinden turdular. Olaryň ikisi ors adamsy, ikisi türkmen. Görüp otursam öten agşam şol sanawa girizilmedik «brusoklaryň» ep-eslisi ogurlanypdyr. O-da şu gün ir bilen haýatyň gündogar tarapyny tutup ýatan tokaýçylygyň içinden tapylypdyr. Aýdyşlaryna görä, ony ir bilen daş-töwerege aýlanyp ýörkä «starşiň» garawullaryň biri tapypdyr. Nädip tapypdyr, nädip üstünden barypdyr, näme üçin ogrular tagtalary howludan çykaranlaryndan soňam äkitmän şol ýerde goýup gidipdirler, ony men bilemok. Olaryň arasynda edaranyň adwokadam bar ekeni. Onuň esli wagt bäri işsiz oturyp, indem güýmenje tapylandygyna begenýändigi görnüp dur we ýerliksiz soraglar bilen halys ýürege düşýär. Beýlekiler oňa tarap gyýa-gyýa bakyşýarlar. Çünki, olaryň bar aladalary ýeke bir ogurlygyň üstüni açmak däl-de, bolan işi türklere hususan-da Jaffara bildirmezlik. Ähli sorag-idegler tamam bolandan soň olaram maňa berk durmaklygy tabşyrdylar-da, assa-ýuwaşdan haýatyň demirgazyk derwezesine tarap ugradylar. Ýöne, geň ýeri tapanlaryndan soňam «ÝAGM»-nyň ýolbaşçylary ogurlyk tagtalary ýygnamadylar. Diňe üç sanysyny getirip meniň çägime taşladylar, bolany. Menem olary derrew sanawa goşdum. Olar günortana golaý gitdiler. Yz ýanam nahar wagty boldy. Brigadir gelip girelgäniň agzyndaky ýanaşyk duran iki wagona barmalydygymy we nahar edinip gaýtmalydygymy aýtdy. «Gabat garşyňdaky garawul bilen gezekleşip git, biriňiz gelýänçäňiz beýlekiňiz ýeriňize serediň» diýibem gitdi. Garşymdaky oglan golaýragyma gelip: «Ýaşuly sen öňürti gidip geläý» diýip, gygyrdy-da yzyna öwrüldi. Men nahar iýilýän ýere bardym. Düzgün boýunça günortan we agşam iki wagtyna firmanyň özi ähli işgärlerini naharlaýan ekeni. Edil konslagerdäki ýaly birgiden işçi eşikli adamlar elleri podnosly hatara durlar. Kem-kemdenem süýşýäler. Elime tutdurylan demir podnosy aldym-da, menem nobata durdum. Her-hal ýaşuly hökmünde gadyr edip öňe geçirdiler. Gazanyň başynda duran gyz golaýyna baranymdan susagyny çorbadan dolduryp, podnosyň bir gyrasyndaky oýugyň içine eňterdi. Beýleki gyrasyndaky oýugyň içine-de birki çemçe gowrulan makoron guýdy. Çöregem berdi. Bolany! Ýöne mende çemçe ýokdy. Biri bir ýerden agaç çemçe tapyp berdi, o-da oýugyň içine batanok. Hiç zat ilenok sebäbi oýuk telper. Göterip içeýin diýseňem hem-ä ýakaňdan guýulýa, hemem makaronjagazy «şabyrdap» dökülýä. Aý, garaz, itiň görmünde çalak-çulak garbandym-da, iş ýerime gitdim. Baryp garşymdaky oglana gygyrdym. «Men geldim, gidiber», diýen manyda golumy buladym. Yraň-daraň edip otaga girdim. Tä, agşama çenli daş-töweregime ser salyp oturdym. Agşamlyk ýene-de nahara çagyrdylar. Ýene-de şol bir hereketler gaýtalandy. Gelip ýene-de otaga girdim. Daş-töweregi ýürekgysdyryjy ümüş-tamyşlyk gaplap aldy. Birdenem sowuk düşdi. Üşäp başladym. Üstesine ýagyşam ýagyp ugrady. Şonuň üçinem otagadan düşdüm-de, beton garyjy desganyň ganatlarynyň aşagyna sümüldim. Bir gowy ýeri goramaly serişdelerim gözümiň alnynda dur. Bitaraplyk hem-de Arçabil ýolunyň ugrundaky çyralardan ýaňa haýatyň içi gündizlik ýaly. Egerde garawulyň özi bärden äbermese, ogrynyň daşardan gelip ýekeje tagta hem alyp bilmejekdigi köre hasa görnüp dur. Diýmek, öten agşamky ogurlanan tagtalarda-da hökman garawulyň eli bolaýmaly. Ýagyş kiparlaýaram welin ýene-de otaga çykyp onuň içindäki köneje stulyň üstüne çökýän. Maksadyň getiren geýimlerinem öňki geýimlerimiň üstünden geýemsoň indi gaty bir üşäp baramok. Ýorgan ýaly galyň çal kurtkam meni Moskwanyň sowuklaryndanam kän gorapdy. Men ony Moskwa okuwa baran ýylym, 1989-njy ýylyň güýzünde alypdym. Ol hiç haçan könelmeýär. Kirläberende ýuwsaň ýene-de öňküsi ýaly. Men şol kurtkamy iňňän gowy görýärdim. Hzirem gowy görýärin. Gaty bir aljyramadyk bolsam men ony elbetde olar ýaly dara-dire, hapa ýere geýmezdimem. Ýöne nätjek, jan bar zatdan süýji. Şondan gowy, şondan gymmat zat ýok. Edara ýolbaşçylary welin, adamyň janyndan ýekeje tagtany gowy görýärler. Şu günkülerem ýerde ýatan tagtalar, armaturalar, şiferler, hatda suw kranynyň ujuna dakylýan bäş-alty metrlik goňrumtyl şlanga bilen gyzyklandylar, emma meniň hal ýagdaýym, jan saglygym, iş şertlerim, şu sowukda, şu ýagynda meýdanda bir gijäni nädip geçirjekdigim bilen welin gyzyklanmadylar. Ýiten bäş sany tagta gynandylar, meniň ýagdaýlaryma gynanmadylar. Asla mende ýagdaý diýen zat bardyram öýtmediler. Ýyly jorap, ädik, telpek inimi az-kem ýyladan hem bolsa sowuk-sowuk, meýdan-meýdan bolýar. Iň ýamanam wagt geçenok. Içiňi it ýyrtýar. Tokaý mikroklimat döredýän bolsa gerek, sag tarapymdan sowuk has güýçli gelýär. Umumanam, häli telefon etmek üçin Jaffaryň ýanyna gidenimde-de üns berdim welin, howlynyň tokaýly tarapyna garanda günbatar tarapy kän maýyl. Gündogara süýşdügiň saýy howa çigrekläp başlaýar, sowaýar, ýüzüňe maýdajyk jybar urýar. Şol tokaýlygyň tomsuna salkynlyk üçin amatly bolmagy juda ahmal. «Starşiý» uzynly gije häli-şindi aýlanyp dur. Bir gezek sesine ses bermeseň uklandyr öýdüp iňirdeýär. Ýanyňda dik durup, tä ýadaýança takal okaýar. Hamala döwletiň gyzylly gaznasy goralýan ýaly, ýa-da uçursyz aýlyk berilýän ýaly gör indi näçenji gezekdir, iş ýerinde irkilen adamyň işden günübirin kowulýandygyny ýa hakyndan kesilýändigini aýdyp gorkuzýar. Özüniň «starşiliginden» lezzet alýar. Özüniň uly bir gurluşykda “starşiý garawul” bolup işleýändigi barada Lebapdakymy, ýa Daşoguzdakymy öýüne hatam ýazan bolsa gerek, şoňa buýsanýar. Edil edara ýolbaşçylary ýaly bu-da adamyň on wagon tagtadanam gymmatlydygy, iş talap etmek üçin öňi bilen şert döretmelidigi barada oýlanmaýar. Ol ýerde işleýän ýaşlar welin, özleriniň mugt işçi güýji hökmünde ulanylýandyklaryny bilseler-de, iş orunlaryny ellerinden gidiräýesleri gelenok. Çünki, başga iş ýok. Şojagaz aýlygam olar üçin tapylgysyz baýlyk. Ol işe biz çydamasagam olar çydaýarlar. Ýöne, häzirlikçe çydaýarlar. Ol işiň ýowuz hem maýyplaýjy taraplary olara entek bildirenok. Ol olara biraz soňrak bildirer. Olar wagtyndan ir garrarlar, süýekleri wagtyndan ir syzlaşar, ir lagşar. Ukusyz geçirilen gijeleriň labyry şondan soň depelerinden basmarlar. Beýnileriniň gan aýlanyşy bozular. Ganbasma, ýürek-damar kesellerine duçar bolarlar. Şondan soň olaryň derdi-belalaryny tutuş ömürlerinde gazanan pullaryny sarp edeniňde-de bejerip bolmaz. Sowuk bilen göreşip, ýagyşyň «şytyrdysyna» gulak asyp stuljygyň üstünde düwdek bolup oturşyma ertire bir sag-aman çykaýbilseýdim, diýip oýlanýan. Bar zady taşlap gaçyp gidiberesim gelýär. Ýöne, birinjiden-ä bu boluşda şähere aşmak hyllalla boljak, çünki, birinjiden-ä şäheriň garagörnüm çeti bolansoň, golaý-goltumdan geçýän awtobus ýok, bolanjalaram bireýýäm kesildi. Maşyn tutara bolsa pulum ýok. Asla geçýän maşynam ýok. Ikinjidenem beýtseň birgiden zadyň boýnuňa düşäýmegi mümkin. Endamymyň guruşgunyny ýazmak üçin eýläk-beýläk oýkanjyrap oturşyma şeýle özümi pese gaçyrandygym üçin öz-özüme käýinýän. Öz halyma haýpym gelmekden ýaňa bokurdagym dolýar. Gözlerime ýaş gelýär. On ýyllyk mekdepde, soňam ýene on iki ýyl dürli okuw jaýlarynda okap, birgiden diplom alyp, hem Ýazyjylar birleşiginiň, hem Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolup ýören halyma düzüwli garawulçylygam tapman, altmyş ýaşyň içinde ýaşlaryň zordan çydaýan işine baş goşup, öz-özüm bilen göreşip oturşyma kemsinýän. Barsyndan beterem gan basyşymyň galaýmagynyň, otagadan dikbaşşak gaýdaýmagymyň mümkindigi ýadyma düşende hasam darygýan. Howpurgaýan. Eger-de şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, dadyňa ýetişjek ýok. «Starşiniň» bolsa haçan üstüňden geljekdigi belli däl. Üstesine-de soňky gezek, gije sagat ikiniň ýarynda gelende men onuň tükeniksiz iňirdilerine halys uwnup-çydaman azgyrylypdym. «Berk dur, berk dur» diýip halys ýürege düşdüňiz. Bir gezek aýtdyňyz, şol bes maňa! Men çaga däl, ataňyz ýaly adam... Her zat ederin welin, goraryn men siziň şu iki oýnam tagtaňyzy! Başymy bermän, bermen şularyň birinem hiç kime!» diýip gygyrypdym. Ol alagaraňkyda köçe tarapy gyzyl-ala, tokaý tarapy gök-ala öwsüp duran ýüzüni iki ýana sypajakladyp, ýüzüme seredibilmän ep-esli durupdy-da, zym-zyýat bolupdy. Sözüm täsir etdimi ýa öz bolup ýörşünden utandymy, şondan soň ol hakykatdan-da görünmedi. Ertir irden men gidip barýarkam derwezäniň agzynda gabat gelende-de sesini çykarmady. Ýüzüme seredibilmedi. Ýöne salam berdi. ...Howwa, häzir bolsa içimi hümledip otyryn. Meniň üçin şol wagt giň dünýe dar. Uzakdan elesläp görünýän, täze gurlan ak jaýlar hem agyr labyr bolup gerdeminden basýar. Öz hünärim bilen halkyma hyzmat edip bilmeýändigime, döredijiligiň, bilimdir-ylymyň öňüniň uly güýçler arkaly beklenendigine, ýurduň geldi-geçerleriň, bir topar bisowatlaryň eline galandygyna janym ýanýar. Ertir öýe baraga-da, telewizory açarsyň welin, bar zat gülala-güllükdir. Emel ýeten emelsiz emeldarlar agyzlarynyň ýetişdiginden türkmeniň «altyn asyryny» wasp edýändirler, dünýede iň öňde baryjy baý döwlete öwrülendiklerini, halkyň görlüp-eşidilmedik derejede baý ýaşaýandyklaryny mazamlaýandyrlar. Allatarapyn berlen Beýik Serdarlaryny, pygamber sahawatly atalaryny, şa şahyrlaryny wasp edýändirler, oňa uzakdan-uzak ýaş, tükeniksiz döwran dileýändirdir. Men welin üşäp otyryn. Endam-janym bolsa gurşupdyr. Bilim-aýaklarym saraň-gaty. Dişlerim şakyrdaýar. Derhal ýere düşmek we az-kem gezmelemek gerek. Düşýärin. Gezmeläp başlaýaryn. Uzyn gije ýagyş ýagansoň ýer batga. Suw. Suratlarynyň suwa düşýändigi sebäpli howlynyň içindäki çyralaryň sany indi iki esse köp bolup görünýär. Ýarysy ýokarda, sütünleriň ujunda, ýarysam ýerde, suwuň içinde. Suw ýere siňdigi ýerdäki çyralar zym-zyýat bolarlar. Endamymyň guruşgynyny ýazyp birneme özümi rastlanymdan soň ýene-de otaga münýärin. Belentde hem-de dört tarapynyňam aýnalary döwük bolansoň onuň üsti hasam sowuk. Şeýle-de bolsa seredýän çägimiň gözýetimini giňeltmek üçin münmeli bolýaryn. Ýene-de köneje oturgyja çökýärin. Uzakdan görünýän şäheri synlaýaryn. Tokaýyň üstaşyry seretseň, onuň gutaran ýerinde belent ak mermer bilen örtülgi howaly jaýlar hatarlanyşyp otyrlar. Daşy güýçli yşyklar bilen ýagtylandyrylýandygy sebäpli olar edil jowahyrdan ýasalan ýaly. Lowurdaşyp durlar. Käbirleri bolsa dik goýlan ekranly el telefonjyklaryny ýadyňa salýar. Şäheriň jümmüşinde bir ýerde her dürli öwsüp, ýanyp-sönüp duran yşykly reklamanyň sudury göze ilýär. Onuň daşky umumy görnüşi keseleýin goýlan üçburç, okuwçy lineýkasyna meňzeýär. Ak jaýlaryň düýbi bilen eýläk-beýläk zymdyrylyşýan maşynlaryň çyralary käte bir göze kaklyşyp gidýär. Wagt gijäniň ýaryndanam aganlygy sebäpli ýolagçy awtobuslar ýa uly ýük maşynlary ýok diýen ýaly. Bu görnüş meniň otagada oturan ýerimden sag tarapda. Gündogarda. Nazaryňy ondan demirgazyga tarap aýlasaň Bekrewe baýyrlygy garalyp dur. Onuňam üsti yşykdan doly. Eteginde-de ýaşaýyş jaýlarynyň çyralary ýaldyraşýar. Ol çyralar şäheriňki ýaly ýiti, aksowult däl. Gyzgylt. Öçügsi. Beýlekilerden saýlanyp duran belent jaý ýok. Olar ýykylmaly we ýerine howaly jaýlar salynmaly. Olardan ýokarda asman. Ýap-ýaňyja ýagyş diňendigi sebäpli tüýdüm-tüýdüm bolup barýan ak bulutlaryň arasyndan käte bir asman şeýle hem ýyldyzlar görnüp gidýär. Aşgabadyň yşyklary ak maýalar dek asman üzre ýortuşyp barýan ak bulutlara düşüp, olaryň göwsüne gyzgylt melewşe reňk çaýýar. Howa açyljaga meňzeýär. Maýlaýar. Men muňa begenýän. Emma begenişim uzaga çekenok. Hä diýmän ýene-de bulutlar galňap, asman garalyp başalaýar. Ýagyş jybarlaýar, howa has sowaýar, entegräkdenem ýamyr ýagyp başlaýar. Otaganyň aýnasyz penjirelerine menden öň işläp ýören garawullaryň germän polietilen klenkasynyň, karton kagyzlaryň uçlary ýeliň zarbyna «şabyrt-şabyrt, şarp-şarp» etdirip demir otaganyň böwrüne, depesine urulýär. Ýagyş açyk äpişgelerden otaganyň içine girip başlaýaram welin, men ýene-de saraňgaty bolan göwrämi zordan herekete getirýärin-de, «hyk-çok» ýerimden galýaryn. Hükgerilip durşuma ellerim bilen bykynlarymy owkalaýaryn. Insizje hem inçemik basgançaklara juda seresaplylyk bilen basyp barşyma germesatan bolup aşak düşýärin-de, ýagyşdan goranmak üçin öwrenişenje ýerime sement garyjy desganyň aşagyna tarap batgalap ugraýaryn. Ýagyş diňenden soň ýene-de gezmelemek üçin bukydan çykýaryn. Ýöne, ýer indi öňküdenem beter agyr. Aýaklarymy zordan alýan. Käte kelte gonçly ädigim aýagymdan sokga sogrulýar-da, läbigiň içinde galýar. Ony çykaryp almak üçin ellerimi, köwüşsiz galan aýagymy durşuna batga bulamaly bolýaryn. Şeýdip çümüp-çykyp barşyma ýene-de otaga dyrmaşýaryn. «Megerem şu gije ömrümdäki iň ejirli gijelerimiň biri blsa gerek, diýip oýlanýaryn. Uly umyt bilen gündogara tarap garaýaryn. Daňyň ataryna, howanyň ýagtylaryna, düýş ýaly bolup geçen bu zulumly gijäniň basymrak sowularyna garaşýaryn. Indiberi ýagşyň ýagmazlygyny dileýärin. Emma edil bilgeşländen edýän ýaly ýagyş ýene-de damjalap başlaýar. Kem-kemdenem güýjerleýär. Men ýene-de otagadan düşüp bukyja ýerime tarap ýegdekläp ugraýaryn. Ine-de zulmat ýagtyldy. Ýaňam bir ýerde ýatlap geçişim ýaly, institutda garawul durýarkamam her gije daň atanda edil kakasyny gören çaga ýaly begenýärdim. Bu ýagty-ýalançyny birinji gezek görýän ýaly asmana, daş-töweregime uly bir şatlyk duýgusy bilen bakýardym. Güni: «Essalawmaleýkim Gün aga! Rysgally Gün bol! Parahat Gün bol!» diýip garşy alýardym. Bu gezekki begenişim welin o döwürdäkilerimiňem çeni bolmady. Çünki, institutda işlän iki ýylymyň içinde gören görgülerimi, çeken jebri-jepalarymy bir ýere jemläniňde-de şu gijäniň beren azabyça bolmaz. Daň atyp, jahanyň mazaly ýagtylmagy bilen ýagşam diňdi. Bulutlar paralandy. Ýöne, barybir Gün çykmady. Howanyň maýyllygy welin oňuşmazça däl. Ir sagat sekiz. Şu çaka çenli meniň ýerime durjak adam gelmelidi. Emma dokuzyň ýary bolanda-da hiç kim gara bermedi. Adam gelmejek bolsa, «starşiý» gelip ýagdaýy aýtmalydy, ýerime adam tapmalydy. Tapýança ýene bir sagat, ýarym sagat durmagymy haýyş etmelidi. Emma ol tarapdan hiç hili hereket bolmady. Bu olaryň gödek ýalňyşlyk goýberdikleridi. Üstüňde döwnäp, kalbyňa wehim salyp ýörmekden başga hiç zady bilmeýändikleriniň, bir gulaç tagtany hakykatdan-da, adamdan ileri tutýandyklarynyň çyndygynyň alamatydy. Meniň şondan artyk garaşasym gelmedi. Öňi bilen-ä ähli serişdeleri nobatçylyk depderine ýazdym. Gol çekdim. Soňam zatlarymy ýygnaşdyrdym. Galyň kurtkamy, işde geýýän penjegimi, çäýnek käsämi, bir gap açylmadyk gök çaýymy, ýalpyldawuk demir çemçejigimi, heniz bir gezegem ulanylmadyk, tok bilen çaý gaýnadylýanymy bir pakede saldym-da, otaganyň içindäki kiçijik demir sandyjagyň içine dykdym. Germesatan bolup otagadan düşdüm-de, günbatar çetki esasy çykalga tarap ugradym. Derwezäniň agzynda «starşiden» başga tutuş desga boýunça garawullaryň başlygam dur ekeni. Onuň indi ikinji iş güni. Olaryň hiç birem menden ötünç soramady. Gaýtam: «Adam barmanka ýeriňi taşlap gaýdypsyň» diýip, iňirdejek boldular. Meniň welin ol wagt hiç kim bilen dawalaşara ýagdaýym ýok. «Sag boluň, ähli zatlaryňyz ýerli-ýerindedir» diýdim-de, çykdym gidiberdim. Çepe öwrülip köprüniň aşagyndan geçdim. Prokuratura işgärleri üçin salnan, köprüniň aňry ýüzündäki ähli şertler bilen üpjün edilen, garamaýak halkyň ýatsa-tursa düýşüne-de girmejek gymmatbahaly belent jaýyň öňündäki duralga baryp durdum. Bäş minut geçip-geçmänkä eginlerini gysyşyp iki sany ýeňil geýnen pyýada geldi. Salam berdiler. Men «aleýik» aldym. Gürleşip başladyk. Olar ataly-ogul ekenler. «Tagtabazardandyrys, iş gözläp ýörüs», diýdiler. Kakasy: «Munym öýli. Ýöne, ýene-de öýlendirmeli üç oglum bar, pul gerek, obada bolsa iş ýok» diýdi. Awtobus gelýänçä köne tanyşlar ýaly bolduk. Soňabaka biri-birmiziň tanyşlarymyzy hem tanaýan bolup çykdyk. Medeniýet institutynda işleýärkäm dostlaşan mugallymlarymyzyň biri bolsa onuň gudasy ekeni. Şonuň ogly munuň gyzyny alypdyr. Gyzy Lebabyň teatrynda artist, giýewisi bolsa şol teatryň režissýory. Ol režissýor ýigidi menem tanaýan. Ol şol wagt meniň bir pýesamy goýjak bolup ýördi, ýöne, iki ýyl bäri medeniýet ministrliginden doly rugsat alyp bilmeýärdi. Golaýda ol öýe jaň edip şol pýesany başga biriniň ady bilen goýmak üçin menden rugsat sorady. «Agam, pýesa gowy. Şoň hatyrasyna şeýdäýeli, şuny, ýatmasyn» diýdi. Men razylyk berdim. Ýöne: «Näme şoň ady bilen bermäň» diýýälermi» diýip soradym. «Aý, ýok edil beýle-hä diýenoklar welin, şeýle bolmagy mümkin. Çünki, belli bir jogap bermän saklap ýörler-dä...» diýdi. Ýöne, ol barybir pýesany goýup bilmedi. Tagtabazarly garyndaşlar bilen ana, şol zatlar barada-da gürleşdik. Soňabaka kelläm has göçdü-de, tä soňky duralga-Wokzala barýançak oňa gezek bermän, gürledim. Men ejirli geçen gijeden soň keýpim göterilendir, dünýäniň ýagtylanyna, daş-töweregimi janly hereketleriň gurşap alanyna begenýändirin, üstesine gan basyşymam gowulaşandyr öýtdüm. Emma bar zat tersine bolup çykdy. Öýe gelip ölçäp görsem, gan basyşym 240-a ýeten ekeni. Has galan wagty gan basyşymyň meni geplemsek edýändigini men şonda bilip galdym. «240»-dan açylýançam indiki nobatymam ýetip geldi. Ýöne, gidip bilmedim. Ýaramadym. Üstesine Maksadam ir bilen işe gitjek wagty: «Kaka, gidäýme, sähelçe peýda diýip uly zyýana galarsyň, bizem heläk edersiň» diýdi. «Hany, birazajyk pikirleneýin» diýdim . Uzynly gün pikirlenenimden soň, işiň ahyrlarynda «ÝGM»-ä gitdim. Barsam ýolbaşçylaryň hemmesi orunbasaryň kabinetine üýşüpdirler-de, alagalmagal bolşup, maslahat edişip oturan ekenler. Olar meni görüp begendiler. «Ine, özem geldi-de-özem geldi”, boluşdylar. Görüp otursam öten agşam ogrular öňki agşamky ogurlan tagtalaryny tokaýyň içinde goýan ýerlerinden alyp gidipdirler. Olar şony meniň görendigim ýa görmändigim tokaýçylygyň içine maşynyň girendigini ýa girmändigi barada soradylar. Esasanam adwokat ýigit yhlas edýärdi. Maňa gözi düşenden ol stoluň üstüne ýapyrylyp ýüzüme jüýjerilip oturşyna: «Men muny hökman sorag etmeli» diýdi-de golaý-golaý süýşüp, meniň öten agşam näçe gezek aýak ýoluna gidip, näçe gezek buşugandygyma çenli çintgäp-çintgäp sorady. «Belki bäş-üç minut dagy irkilensiňiz, edil şol wagtam maşyn gelip gidendir» diýdi. Meniň gaharym geldi. Birinjiden-ä näme üçin olar öz mallaryny tapanlaryndan soňam ýygnamandyrlar? Näme üçin ertire goýupdyrlar? Ogrynyň tagtalary ertir agşam ulagly gelip alyp gitmek üçin şol ýerde üýşürip goýandygy görnüp dur ahyry. Garawuldan bilniksiz ýekeje tagtany geläge-de sen-men ýok göterip gidibermedigem belli. Şundan çen tutsaň şol ogurlygyň içinde şolaryň hut özleriniň biriniň eli bar ýaly bolubam dur. Ikinjidenem meniň ýeke bir öz çägimden däl, eýsem howludanam ýarym kilometr daşlykda, onda-da sümme tokaýlygyň içinde başga bir edaranyň çäginde ýatan zadyň alynanyny ýa alynmanyny görmäge mende mümkinçilik ýokdy. Göräýenimde-de ornumy taşlap gitmäge, başga bir edaranyň çägine girmäge iliň işine goşulmaga hakymam ýokdy. Ine şu ýönekeýje zatlara akyllary çatman, hondan bärsi bolup oturyşlary meni kejikdirdi. Muny olaram duýdular we adwokada gözlerini alardyşdylar. Ahyram kimdir biriniň kellesine menden habar almak baradaky pikir geldi. Giçden soň edara näme ýumuş bilen gelendigimi sorady. Men özümiň bu edarada işlemek islemeýändigimi, mümkin bolsa dokumentlerimi berip goýbermeklerini haýyş etdim. «Ýaşuly sen bizden nägile bolup gitme, biz seni başga bir amatlyrak desga ibereli, dokumentleriňizi bolsa islän wagtyňyz alyp bilersiňiz» diýdiler. Şeýdibem Alp Arslan adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň gurluşygyna iberdiler. Amatlyrak ýer diýseler menem durmaly ýerim Medeniýet institutyndaky ýaly ýapyk jaýyň içi foýe ýa zaldyr öýtdüm. Emma ol öňki agşamkydanam beter ekeni. Ýagny, öňküde bir gije-gündiz işläp iki gije-gündiz dynç almaly bolsa, munda ýeke günem dynç alman, her günde-de on iki sagat durmaly ekeni. Bu bolsa asla maňa başartjak zat däldi. Şeýlelikde men ol edaradan çykdym. Demir gutujygyň içinde goýup gaýdan zatjagazlarymy almak üçin ertesi ir bilen desga bardym. Emma haýsam bolsa menden soňky duranlaryň biri ählije zatlarymy alan ekeni. Diňe kurtkam galypdyr. Onam geýip-geýip garagäz edipdirler. Ýene-de iş gözläp başladym. Bu gezek hususan-da şäher teatrlaryna aýlandym. Gurjak teatrynda edebiýat bölüminiň müdirligi wezipesi boş dur ekeni. Men ol teatryň ýolbaşçysyny tanamaýardym. Şonuň üçinem başga bir teatryň ýolbaşçysyna jaň etdirdim. Gurjak teatrynyň başlygy oňa: «Şol ýaşuly üçin düýn Medeniýet ministrligindäki oglanlaryň birem jaň etdi, ýöne, ol öň Medeniýet institutynda işläp gaýdan ekeni, şony birhilliräk gördük...» diýdi. Bu onuň: «Ministriň işden aýyran adamsyny işe almana çekinýäs», diýdigidi. Şeýle hem meniň indi tä, şol ministr işden aýrylýança medeniýet ulgamynda işläp bilmejekdigimi aňladýardy. Ministr zenan welin özüniň işden boşadan adamlaryny juda berk yzarlaýardy. Mysal üçin, şondan bir ýyl ozal Medeniýet minsitrligi drama eserleriniň bäsleşigini yglan edipdi. Teatr bölümini alyp barýan tanyş oglanlaryň maslahat bermekleri netijesinde menem oňa üç sany pýesa hödürläpdim. Özümem tamakindim. Iň bolmanda utançlaryna-da üçünji ýer-ä bererler-dä, diýen umytdadym. Dogrusyny aýtsam şol wagt maňa onuň ýeri däl-de, puly gerekdi. Emma, 2005-nji ýylyň oktýabrynda jemlenmeli bäsleşik näme üçindir 2006-njy ýylyň ýazyna çenli hereketsiz ýatdy. Ahyram bäsleşigi mensiz geçirdiler. Kemterisinden gatnaşdyrmadylaram. Usuljak bilen bir gyra süýşüräýdiler. Muny maňa bäsleşige gatnaşan eserleri okan, äýuriniň agzasy bolan bir dramaturg adam aýtdy. «Maňa-da okatdylar, ýöne arasynda seňki ýok» diýdi. Şondan soň özümiň sessiz-üýnsiz oýundan çykarylandygyma, bir ýyllap nähak garaşyp gezendigime gözüm ýetdi we pýesalarymy almak üçin ministrlige bardym. Teatr bölümindäki geçen ýyl maňa bäsleşige gatnaşmaklygy höwes bilen maslahat beren ýigitler bu gezek meni diýseň sowuk garşyladylar, göwnüm üçinem ýagşu-ýaman hiç zat diýmediler. Seslerini çykarman pýesalarymy elime tutdurdylar-da, işli-işleri bilen bluberdiler. Oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin menem olardan hiç zat barada soramadymam-da, ümsümjek çykdym gaýdyberdim. Şol aralykda telewideniýeden ýene bir režissýor oglan jaň etdi. «Sizi ýarym orunlyk işe aljak, satiriki sahnajyklar ýazyp berseňiz» diýdi. Bu-da edil öňki ýigit ýaly başlyk bilen gürleşendigini, şeýle-şeýle: Bir awtor bar, şonuň bilen işleşjek, diýendigini aýtdy. Serial eder ýaly taýyn komediýalarym, gülküli sahnalarym bolsa okamaga bermegimi haýyş etdi. «Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer» diýýändirler welin, men ýene-de imrikdim oturyberdim. Ýöne, barybir edil öňküňki ýaly onuňkynyňam soňy boş çykdy. Kem-kemden bady sowady. «Men kinostudiýa işe geçjek, bolmasa şol ýerde işleşäýerisem» diýip buýtar-suýtrlyga ýüz urup başlady. Döwrebap ssenariler ýazmagymy haýyş etdi. Kinostudiýada maňa ýol berilmejekdigine gözüm ýetip duransoň ol ýigit bilen hoşlaşaýanymy kem görmedim. Üstesine onuň «döwrebap» diýýäniniň nämediginem bilip durun. Döwrebap bolmak üçin men iýmejek aşymy iýmelidim, öz-özümiň garşyma gitmelidim. Ony bolsa men edibiljek däldim, edeýin diýýäýenimde-de başarjak däldim. Şu zatlary ýatlap otyrkam obamyzdaky bir sallah kişiniň özüni köp adamyň aýal tapyp berjek diýip aldaýandygyndan, oýnaýandygyndan zeýrenişi ýadyma düşýär. Ol: «Her gezegem ind-ä aldanman diýýän welin, gel-aý, şu gezek çynlary bolaýmasyn» diýýän-de, ýene-de özümi oýnadanymy bilmän galaýýan» diýerdi. Görgüliniň şol gürrüňleri halys ýüreginden syzdyryp aýdandygyna, aýal tapyp berjek diýip sallahy, iş tapyp berjek diýip, işsizi aldamaklygyň, iň bir elhenç zatdygyna men şol zatlary öz başymdan geçirenimden soň bilip galdym. Ýöne, barybir menem yzly-yzyna aldanýardym we her gezegem ind-ä aldanman, diýip öz-özüme şert edýärdim. Emma, barybir sözümde durup bilmeýärdim. Şol sallah kişi ýaly: «Şu gezek çyn bolaýmasyn ýene», diýip, ynananymy bilmän galýardym. Şeýle-de bolsa, entek-entekler erkimiň syndyrylmandygyny, mynjyradylmandygymy doly güýjümde ürç edip işleýändigimi göze görünýän we görünmeýän gara güýçlere bildiresim gelýärdi. Şonuň üçinem döredijilik ugurly ähli edaralara barýardym, iş soraýardym, kagyz bukjalaryna salyp golýazmalarymy eltýärdim, esli wagt ýatandan soň alyp gaýdýardym we ýene-de başga birine eltip berýärdim. Käbirinden bolsa asla yzyna almaýardym. Çünki, men ony öz ýanymdan olaryň oturýerleriniň aşagyna goýlan «bomba» hasap edýärdim. Meniň goýan «bombalam» olara ynjalyk bermeli däldi, birsyhly birahat edip, şeýleräk bir zadyňam bardygyny ýatladyp durmalydy. Ýöne, şolaryň hiç birem: «Sen beýdip azara galyp ýörme. Barybir seni işe almazlar. Zatlaryňy çykarmazlar, pýesalaryňy goýmazlar, ssenarileriň boýunça filmler öndürmezler» diýmeýärdiler. Bar zat ümsümlik, imisalalyk ýagdaýda bolup geçýärdi. Ýeke men däl, gadagançylyga düşenleriň hemmesi bilenem ýagdaý şeýledi. Öňümizde duran garşylyklary biz ýüreklerimiz bilen duýýardyk, süýeklerimiz bilen syzýardyk. Ony ýeňip geçmek üçin boş howany omsumyz bilen süsüp, öňe tarap dyzaýardyk. Şolar ýaly garşylyklara men ýeke bir teatrda, metbugatda ýa neşirýatlarda däl, kinostudiýa hem kän gabat geldim. Dogrusy, kinostudiýa diýer ýaly kinostudiýa hem ýokdy. Onuň hatda öňki adam galmandy. Ony «Alty Garlyýew adyndaky» kinostudiýa diýip däl-de, wideofilmler öndürýän studiýa diýip atlandyrýardylar. Ekran üçin çynlakaý filmler öndürilmeýärdi. Asla ekran ýokdy. Öňki kino-teatrlaryň ählisi konsert zallaryna, meýhanalara, toýhanalara öwrülipdi. Soň kinostudiýany “Oguz han” adyndaky diýip üýtgetdiler, ýöne, many taýdan welin barybir üýtgän zat bolmady. Onsoňam, Oguz han bilen kino sungatynyň näme arabaglanşygynyň bardygyna biz-ä düşünibilmedik. Şeýle-de bolsa men o ýere-de öz ssenarilerimi eltýärdim. Şonda redaktorlar maňa: «Bu ýerde režissýorlar korol, şolar bilen gürleş, biziň diýenimiz bitenok» diýýärdiler. Bir gezek men «Aýuw» atly ssenariýamy režisssor Bilbil Mämmedowa berdim. Ol ony okady-da, «Şuny şu günüň özünde almalam bolsa men taýýar» diýip redaktoryň stolunyň üstünde goýdy. Redaktor ör-gökden geldi-de, iki elinem göterip: «Ýok, ýok! Bolmaz. Muny goýup bolmaz!» diýip gygyrmaga başlady. Bu zatlaryň barysy elbetde ministr zenanyň öz ulgamyndaky işgärlere beren görkezmesiniň netijesidi. Ol bolmanda-da gara sanawam bardy ahyry. Ýöne, bu babatda ministr zenanyň emri şu babatda «üç harply» edaranyň gözegçiligindenem has erkliräk bolup çykdy. Şu ýerde meniň ministr zenan hem-de institutyň prorektory zerarly çeken jebri-jepalarymyň has esasyraklary tamamlanýar. Ownuk-uşaklaryny welin munça wagt geçenden soň ýatlap oturmaklygyň geregem ýokmyka diýýän. Ýöne, wagt diýlen zat ir-giç her kimi, herki zady öz ýerli-ýerinde goýýar diýleni welin çyn ekeni. Institutyň içi dogry gitmeýärdi. Şonuň üçinem, onuň dabarasy hä diýmän baryp Prezidentň özüne ýetdi. Ol telewideniýe boýunça eden çykyşlarynyň birinde institutyň prorektoryna nägilelik bldirdi: «Ertiriň özünde ýygnaň şony» diýip, özümiň güýç ulanyjy guramalaryna görkezme berdi. Prezident aýtdy gutardy. Ony dogrudanam şol günüň ertesi, gören gözlerden eşidişime görä, institutyň arka ýüzündäki howlynyň ortarasynda ýerleşýän üstüni üzüm dalbary büräp duran, içi çüwdürimli tegelek howzuň başynda çilim çekip durka ellerini arkasyna baglap alyp gidipdirler. Ol özüniň hakykatdan-da uzaklaşdyrylman ýygnaljakdygyny aňan bolmaly, çünki, gaty bir alada basmasa ýa köp işläp bijaý ýadamasa keýpine çilim çekmeýärdi. Şondan bir ýyl çemesi wagt geçenden soň, köp ärlilikde, has takygy jelepçilikde aýyplap, Prezident Nyýazow, hem ministr, hem rektor bolup ýören gelnem iki işindenem boşatdy. Telewideniýe boýunça bütin ile eşitdirip: «Öz äriňe kanagat edip geziberseň bolmadymy» diýdi. Ýöne, bir ýeri düzedeniň, bir adamy işden aýranyň bilen ýurt düzeläýýärmi näme? Galan ýerlerde ähli zat edil öňküsi ýaly dowam edip gidip otyr. Işsizligem gadagançylygam şol, dowam edip gidip otyr. Ýöne, ol ýeke bir meniň başymda däl. Şol wagt ol ýurt boýunça halkyň umumy derdine öwrüldi. Başdaky bölümlerde aýdyp geçişim ýaly, oba ilaty hasam garyplaşdy. Hatda köýen lampoçkasyny çalşyp bilmeýän, hojalyklar hem bardy. Iş gözläp ýurduň ähli künjeklerinden Aşgabada gelýän ýaş ýigitleriň sany barha artyp gidip otyrdy. Şolar bilen bir hatarda gümürtik baýaýan, bol-telki iýip-içýän, daşary ýurt maşynlarynyň iň gymmatlaryny pitikläp alyp münýän, köşk ýaly ymaratlar saldyrýan baýlaryňam sany barha artýardy. Käbir adamlaryň üç-dört ýylyň içinde süri-süri mally boluşlaryna, depseň yranmaz baýa dönüşlerine aklyň çatar ýaly däldi. Ýurtda bolup geçýän şolar ýaly geň-taňlyk halky çaşynyň gözüne sereden ýaly edýärdi. Olar özlerine bir wagtlar bolşewikler tarapyndan berlen ýer-suwlarynyň garaşsyzlyk döwri belli-belli adamlar tarapyndan ellerinden alnyşyna, kolhoza goşan mallarynyň dargap barşyna hiç düşünip bilmeýärdiler. Öňem medisina işgärleriniň müňlerçesiniň işsiz galandyklaryna garamazdan, bir gezek Prezident Nyýazow telewideniýe boýunça çykyş edip, etraplardaky, käbir welaýatlardaky hassahanalary hem ýapmaklygy buýurdy. «Aşgabatda ýokary derejeli saglyk öýlerini gurduk, goý, hemmeler gelip saglyklaryny şol ýerde bejertsinler», diýdi. Emma agyr hassa ahyrky deminde Aşgabada ýetip biljekmi, ýetäýende-de onça puly tapjakmy, o hakda gürrüň ýok. Töleg bolsa uly. Onuň diýýän mahabatly merkezlerinde bir hepde, on gün ýatyp çykmak üçin, şol wagtyň nyrhyna görä azyndan dört-bäş million manat pul gerekdi. Gözüňi operasiýa etdirmek üçinem şonçarak tölemeli. Diş goýdurmaklygyň bahasy iki million. Hatda şäheriň adaty hassahanalarynda ýatmak üçinem, şol wagtlar diňe ornuna on gün üçin bir million iki ýüz müň manat soraýardylar. Muňa iýmit, derman, sanjym girmeýär. Üstesine özleriniňki şylha bolansoň ýatjak düşekleriňem özüň eltmeli bolýardy. Hekimiň özüne bermeli aklygyňam o zatlaryň üstesine ursaň onuňam nyrhy täze açylan saglyk öýleriniňkä barabar boluberýärdi. «Indi kitap okaýan adam ýok», diýip, Prezident Nyýazow kitaphanalaryňam merkezden başga ýerlerdäkileriniň ählisini ýapdy. Çünki, şol wagt onuň öz kitaplaryndan başga kitaplar kitap hasap edilmeýärdi. Ähli okuw jaýlarynda-da, mekdeplerde-de diňe şol kitaplar okadylýardy. Ruhnama mukaddes hasaplanyp ol Kurany kerime deňelýärdi. Türkmenistanyň Konistitusiýasyndanam has ileri tutulýärdy. Edaralarda her kimiň stolunyň üstünde şol kitap hökmany suratda duraýmalydy. Bir wagtlar “Lenin otagynyň” bolşy ýaly, indi her edarada “Ruhnama otagy” bolmalydy. Şeýtmezlik syýasata garşy gitmeklik hasap edilýärdi. Ol Türkmenbaşynyň taglymaty, türkmenistan döwletiniň ýörelgesi halkyň ýol görkezijisi saýylýardy. Üstesine, 2002-nji ýylda çykan Ruhnama, 2004-nji ýylda iki boldy. Olary «Ruhnama – 1», Ruhnama – 2» diýip atlandyrdylar. Şol aralykda heýjanelekçileriň atlandyryşlary ýaly şa şahyr Saparmyrat Nyýazow «Ilim-günüm aman bolsun», atly şahyrana kitabyny «ýazybam» halkyny begendirdi. Žurnalistler ony: «Şa şahyrymyzyň şalyk serpaýy» diýip atlandyrdylar. Şygryýetiň heserine başy humarlan «şa şahyr» şondan soň dogumyna bäs gelibilmän «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy», «Meniň ruhybelentlik baharym» atly kitaplarynam halkyna bagş etdi. Şondan soň heýjanelekçiler onuň kitaplaryna: «Prezidentiň atalyk kitaplary» diýip, at berdiler. Prezident welin onuň bilenem özüniň bedew badyny gowşatmady. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalaryna «Mähribanlarym» atly goşgular kitapbyny «döretdi». Şa şahyryň şeýdip, yzly-yzyna kitap ýazyp durmagy, şol bir sözlerini gaýtalap ýören žurnalistler üçin uly güýmenje bolýardy. Prezident welin, ýeke bir kitap ýazmasyny däl, iş ýerlerini kemeltmekliginem, edaralary ýapmaklygynam birsyhly dowam etdirdi durdy. Kitaphanalary ýapmaklygy birýüzli edensoň ol welaýatlardaky, etraplardaky sungat mekdepleriniň, üstünden düşdi. «Ýapyň barysyny! Näme gerek şonça mekdep» diýdi. Netijede, diňe Ahal welaýatynyň özünde 17 sany sungat mekdebi ýapyldy. Iň geň ýerem Prezident näme diýse-de, nämäni ýapsa-da, nämäni ýyksa-da heýjanelekçileriň hemmesi el çarpyşýardylar. Makullaýardylar, ertiriň özünde metbugatda, radioda, telewideniýede çykyş edip, şeýtmek bilen Türkmenbaşynyň juda möhüm hem derwaýys iş edendigini aýdýardylar, onuň aklyna, öňdengörüjiligine haýran galýandyklaryny terkarlaýardylar. «Howwa-da-howwa...» bolşup biri-birlerine gop berýärdiler. Ýöne, olar diňe žurnalistler däldiler. Olaryň içinde kanun goraýjy ministrlikleriň ýolbaşçy işgärlerem, kazyýet, bilim, ylym, medisina ulgamynyň wekillerem, mejlisiň deputatlaram, garaz her pudagyň garamatyny gerdeninde çekip ýören adamlar bardy. Olar Prezidentiň aýdanlaryny, çykaran kararlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, öz pikirlerini aýtmakdan, düzediş girizmekden, halkyň adyndan çykyş etmekden, il-günüň agysyny aglamakdan mahrumdylar. Göýä diýersiň agzy-burny mumyýalanan ýalydylar. Aşgabadyň negözel ymaratlarynyň ýykylmagam halkyň oturan jaýlaryndan çykarylyp, hiç hili jaý berilmezden köçä zyňylmagam, sarp edilen serişdeleriň ýerini dolmazdan, aramgähleriň ýer bilen ýegsan edilmegem olaryň gözlerine akylyňy haýran ediji, il-gün üçin bähbitli iş bolup görünýärdi. Binagärçilik sungatynda: «Bina – bu doňup galan sazdyr» diýen bir söz bar. Şoňa laýyklykda, birmeňzeşlik şäher binagärçiliginiň ganym duşmany hasap edilýär. Şäher binalary beýikligi-pesligi boýunça-da, reňkleri, daş keşpleri boýunça-da biri-birlerini gaýtalamaly däl. Bir söz bilen aýdanyňda ol owadan saza meňzemeli. Biri-birlerini ýeke bir jaýlar däl, eýsem köçelerem, mähellelerem gaýtalamaly däl. Hersiniň öz görki-görmegi, özboluşlylygy bolmaly. Aşgabat welin durşuna kepene çolandy. Hamala daşary ýurtly binagärçileriň arasynda bäsleşik geçirilip, şol esasynda saýlanyp alnan we salynýan jaýlaram daş keşbi taýdanam, içki gurlşlary taýdanam birmeňzeş. Ählisiniň ýokarsy gümmezli, öňi sütünli, iki ganatly, daşam ak mermer bilen örtülgi. Ine, şol zatlar barada hem Prezidentiň golaýyndaky adamlar dil ýaryp bilmeýärdiler. Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «binagärçilik» kafedrasynda surat mugallymy bolup işleýän döwrümde, men talyplaryň şäherde salynýanlara görä kän owadan, özboluşly, daş keşbem, içem millilige ýugrulan maketler edip bilýändikleriniň şaýady boldum. Olar häzirem öz döredijiliklerini dowam etdirip gidip oturandyrlar. Iru-giç olaryň şol eserlerine üns beriler diýip umyt edýärin. Çünki, millilik olaryň ganlarynda bar. Howwa, aýtsaň aýdara zat kän. Iň ýamanam şol beýik binalaryň arasynda yrgyldaşyp ýören döredijiler demlerini sanaşyp, döredijilik bolsa iki aýagyny göre sokup otyr. Ekran üçin kinofilmleriň, teatr üçin ilhalar pýesalaryň goýulmaýşy, ýazyjylaryň ýazan kitaplarynyň çykarylmaýşy ýaly, hudožniklerem öňküleri ýaly giň gerimli kartinalary çekip bilmeýärler. Sebäbi goltgy ýok. Şol sebäpdenem olar güzeran üçin satyp bolaýjak, salonhalar, geçginli suratlar, hususan-da, at, manzar, natýurmort çekmek bilen çäklenmeli bolýarlar.. Daş-töwerek bolsa Prezidentiň atalyk kitaplaryndan, suratlaryndan, ýadygärliklerinden, onuň özi we ýazan zatlary hakdaky süwümsiz, pöwhe sözlerinden, aýdymlardan, wideofilmlerinden ýaňa hyň berip dur. Hakykatda ýolbaşçy halka hyzmat etmeli bolsa, bu ýerde tutuş halk ýolbaşçynyň hyzmatynda. Allanyň, Allanyň resulynyň buýrugyny berjaý edýän adamlaram günüň belli-belli wagtlarynda mynajat edýärler, olaryň welin bir gije-gündiziň dowamynda eňekleriniň dynýan wagty ýokdy. Şu zatlaryň barysy ýurdy gaplap alan işszligiň, halkyň zar-zelilliginiň aňyrsynda bolup geçýärdi. Halkyň başyny çaşyrýardy. Çünki, telewideniýe, radio boýunça, metbugat sahypalarynda žurnalistleriň agyzlaryny suwjardyşyp aýdýan bolçulyklaryny emin-erkinliklerini halk öz gündelik durmuşynda, öýünde, saçagynda, suprasynda görmeýärdiler. Mahlasy, ýurduň bir çetini işsizlik, gam-gussa, gaýgy-alada, bir çetinem emeli şowhundyr-şagalaň, parlaňküşlik, heýjanelekçilik, ýalandan tarhandökerlikler, pöwhe öwgüler, men-menlik gaplap alypdy. Bu zatlar asyrlarboýy özüniň merdanalygy, dogruçyllygy, pähim-paýhasy bilen şöhrat gazanan türkmen halkynyň mertebesini beýgeltmekden geçen, gaýtam onuň abraýyna nogsan getirýärdi. Ony ejiz, nadan, gopbam hem gedem edip görkezýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |