15:03 Türkmenbaşy döwri -30: Dört aýlyk iş we ýene-de işsizlik | |
30. DÖRT AÝLYK IŞ WE ÝENE-DE IŞSIZLIK
Publisistika
2006-njy ýylyň 17-nji aprel güni, on dört aýyň işszliginden soň, garaşsyzlyk döwrüniň iň işjeň heýkeltaraşlarynyň biri Saragt Babaýewiň hemaýaty bilen, men özümiň mundan kyrk ýyla golaý öň gutaryp giden okuw jaýyma – Çeperçilik uçilişşesine garawulçylyga girdim. Binanyň içindäki tanyş kabinetlere, ussahanalara ýeke-ýeke aýlanyp çykanymdan soň gelip oturgyjyma çökdüm-de: «Neuželi krug zamknulsa», diýip, iki elim bilen kellämi tutdum. Şol pursat men özümi birwagtlar argyşa gidip, indem yzyna dolanyp gelen, onda-da äkiden ähli harytlaryny ýele sowrup, hiç-hili peýda gözmezden, bom-boşja gaýdyp gelen söwdagäre meňzetdim. «On ýedi ýaşly oglankam obadan gelip uly maksatlar bilen maňlaýymy dirän jaýyma ine, altmyşa ser uran günüm garawul bolup gaýdyp geldim. Bu bir zadyň alamatymyka ýa tötänlikmikä» diýip, içimi gepletdim. Şondan soň men okuwçylaryň zalyň ugrunda asylgy duran işlerini ýekän-ýekän synladym. Şonda meniň öňi bilen gözüme ilen zat – birwagtky ýewropa, şol sanda rus sungatynyň üsti bilen gelip ýeten, çeperçilik okuw jaýynyň okuw meýilnamasy üçin iňňän möhüm bolan «akademizmiň» ýitendigini, kartinalarda çeper höwesjeňçilik äheňiniň duýulýanlygy, has beterem žiwopisiň ýazylman, eýsem reňklenýändigini, plastiki anatomiýanyň dürs ýerine ýetirilmeýändigi boldy. Şeýle hem näme üçindir ak reňki köp ulanýarlar. Muňa “razbelýonnost” diýilýär we gaty bir halanyp barylmaýar. Çünki, ol reňkleri öldürýär, ysgynyalýar. «Ýa ak reňk bulara bir ýerden mugt düşýärmikä», diýen pikiriň beýnimde at salyp geçenini bilýän. Soň görüp otursam, hakykatdan-da olar gurluşyk üçin satylýan ak emaly şem bilen garyp ak reňk ýasaýan ekenler. Türkmenistan güneşe baý ýurt. Onuň waspy ýiti açyk reňkleri talap edýär. Elbetde, ak reňkiňem gerek ýeri bar. Ýöne, çenini bilmän ulanyberseň tutuş kartina akjymak rekňe boýalýar, ony gyraw basýar. Göze ilip duran beýleki bir kemçiligem okuwçylaryň žiwopis eserlerine illýustratiwlik häsiýetiniň mahsuslygy, ýagny, kartinalaryň ählisiniň diýen ýaly temasynyň ýa-ha gönüden-göni «Ruhnamadan» alnan, ýa-da şonuň içindäki äheňler bilen baglaşdyrylan. Diýmek, ähli okuw jaýlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem «Ruhnamaçylyk» däbi höküm sürýär. Dödredijilik «ruhnamalaşdyrylýar». Bu okuwçylaryňam mugalymlaryňam günäsi däl. Döwrüň günäsi. Ýöne, döredijilik mekdebi üçin görnetin tersdigi welin çyn. Gelejekki hudožnikleriň üstüne-de uly ili bizar eden şol bir şahsyýediň sowuklaç, pöwhe kölegesiniň düşüp durandygy äşgär görünýär. Ýöne, men bu zatlaryň hiç biri barada hem hiç kimiň ýanynda dil ýarmadym. Dogry, bir ýaş mugallymyň ýanynda çalarak syzdyrjak boldum, ýöne, ol muny juda ýokuş gördi. Gaharlandy. Gyzyp başlady. Men ur-tut gürrüňiň äheňini üýtgetmek bilen boldum. Çünki, işe girjek wagtym tanyşlarymyň biri edaranyň içindäki gep-gürrüňlere goşulmazlygymy, dilimi dişimiň aňyrsynda berk saklamalydygymy sargapdy. «Ýogsam ýene-de iki günden işsiz galarsyň» diýipdi. Garawul bolup giren hem bolsam, uçilişşäniň direktoryndan tamam başgaçady. Men oňa öz ýanymdan: «Agam, siziň bizden ylmyňyz pes däl, derejäňiz kem däl, beýdip, biziň öňümizde gapyny açyp-ýapyp ýörmäň-de, töre geçiň» diýdirjekdim. Özüme sapak hödürletjekdim. Çünki, ýaňy-ýakynda işden aýrylan öňki direktoryň wezipesini wagtlaýynça alyp barýan bu ýaş ýigit meniň üçin gaty bir ýat adam däldi. Ol ikimiziň ussahanamyzyň gapylary biri-birlerine bakyşyp dur. Ikimizem gapymyzy birden açsak biri-birimiziň işläp duranymyza çenli görýäris. Üstesine ol meniň ogullarym bilenem tanyş. Maksat bilen-ä uçilişşede bile okapdyr. Ýöne, meniň ondan tamam çykmady. Sapagy özünden bilib-ä däl, ýüzümi gatyryp özüm soramymda-da bermedi. Gaýtam, işe almazynyň öň ýany gepleşik geçirmek üçin ýanyna çagyranda-da: «Ýaşuly, başarsaň al şu işi» diýip, meniň bilen diýseň sowuk gepleşipdi. Şol wagt men oňa: «Sen näme şu okuw jaýynyň ýolbaşçylygyny öz başarnygyň bilen aldyňmy», diýmelidim. Çünki, men onuň ol ýere kim-kimleriň gollary bilen götergilenip getirilendigini gowy bilýärdim. Ýöne, beý diýmedim. Belki, diliňi dişiň aňyrsynda saklamasaň işsiz galarsyň diýen sargyt kömek edendir. Şonuň üçinem men içim hernäçe byjyklap duran hem bolsa: «Garawulçylyk üçin nähili üýtgeşik zehin ýa başarnyk gerek? Mende üç okuw jaýynyň diplomy bar. Hünärimen hudožnik. Ýazyjy diýen adymam bar. Egerde hökman garawulçylyk ugrundan tejribe gerek bolsa o-da bar. Saňa başga näme gerek», diýmekdenem saklandym. Ol welin näme üçindigini hänize çenlem bilemok, işe başlanymdan soňam girse-çyksa igesini süýkedi ýördi. Sowuk-sala gepleşdi. Yrsarady. Gapynyň agzynda oturanymy görse: «Biri göräýmesin içeri gir» diýdi. Içerde oturanymy görse-de: «Daşarda otur, töwerege göz-gulak bol» diýdi. Hak tölemezden, zähmet rugsadyna giden iki ýoldaşyma derek, arly tomus, günaşadan garawulçylyga oturtdy. Ne gündiz, ne gije sowaýan jokrama tomsuň tüp yssysynda günaşadan durmak juda agyr degýärdi. Ýadadýardy. Ne daşarda, ne içerde hiç ýerde ynjalyp bolmaýardy. Iň ýamanam men ol nobatçylykdan bu nobatçylyga çenli dynjymy alyp ýetişmeýärdim. Işe ýaňy girendigim sebäpli maňa zähmet rugsady ýokdy. Beýleki ikisi bolsa gezek gezegine gidip dynç alyp gelýärdiler we netijede bary-ýogy bir aý günaşa durýardylar, men bolsam olaryň ikisine-de derek – iki aý durmaly bolýardym. Ine, hut şu ýerde-de zähmet kanunçylyklary bozulýardy. Her hepdä düşýän iş sagady bolmalysyndan kän esse agdyklyk edýärdi. Egerde şeýtjek bolsalar, onda maňa goşmaça hak tölemelidiler. Emma edara ýolbaşçylary şol wagtlar rugsada gideniň ýerine mugt durmaly boljakdygyňy sen entek işe girmänkäň boýnuňa goýýardylar. Ahyram rugsada gidenler gaýdyp geldiler. Men ýeňillik bilen dem aldym. Ind-ä bir egnim ýazylar öýtdüm. Ýöne, edil şol wagtam: Çeperçilik akademiýasy täze jaýa göçdi-de, uçilişşşänem şoň ýerine barmaly etdiler-de, direktor bilen hojalyk bölüminiň müdiri ikisi biziň hemmämizi bir ýere ýygnap: «Ertiriň özünde göçüşlik başlanýa. Siz bolsaňyz şu günden başlap täze ýerde durup başlamaly. Ýöne, ol ýerde bu ýerdäki ýaly üç bolup däl-de iki bolup durarsyňyz, özem günaşadan, gije-gündizläp durmaly bolarsyňyz. Akademiýanyň garawullary şeýdýän ekenler. Ynanmasaňyz baryň-da, sorap göräýiň: «Ýok, biz ony edibiljek-gä diýseňizem gidiberiň, dört tarapyňyz açyk, şol şertde höwes bilen işlejekler kän...» diýip, öňküdenem beter bir mojuk gürrüň tapdylar oturyberdiler. Şol gezekki ýygnanyşykdan soň: «Sen bir ýaşuly adam, ýolbaşçylara aýt, beýtmesinler, o düzgüne döw-musurman çydap bilmez» diýşip, ýoldaşlarym daşymdan aýlanyşyp ugradylar. Şol wagtam meniň aklym ýerindedi. Şonuň üçinem olara tarap temegimi taýzartdym-da: «Aýtjak däl. Şu dilim zerarly öňem telim ýerden kowuldym. Özüňiz aýdyberiň, araňyzda menden ýaşulyraklaryňyzam bar», diýdim. Sebäbi öň on dört aý işsiz oturamsoň indi meniňem iş ýerimi ýitiresim geläýenokdy. Ýöne, diýsemem-ä diýdim welin, täze baran ýerimiziň derwezesinde ýigrimi dört sagatdan bassyr iki gezek duranymdan soň gäbim azyp, töweregime garanjaklap, sähelçe zat üçinem gaharlanyp başladym. Gapdalymdan pişik geçse-de azgyryldym durdum. Esasanam jynym derwezeden maşynly girip-çykýanlara düşdi. Göwnüme bolmasa olaryň käbirleri edil bilgeşleýin edýän ýaly derwezäniň agzyna golaýlanlaryndan gazlaryny güýçlendirýärdiler-de, meni alatozana garyp geçýärdiler. Uçilişşşäniň öz mugallymlaryndan-a bir gezek haýyş etdim welin, gulagym dyndy. Şondan soň olaryň hiç birem şolar ýaly hereketlerini gaýtalamadylar. Ýöne aňyrsy-bärisi görünmeýän giň giden howlynyň töründe bir ýerde öňden bäri kärendesine jaý alyp işläp oturan haýsydyr bir neçjarçylyk hususy kärhana bar ekeni-de, şolara degişli üç-dört maşynyň biri meni gaty heläk etdi. Olar edil siňek ýaly «wyzzyldaşyp» her ýarym sagatdan, bir sagatdan, käte on bäş minutdan girip-çykyp ýürege düşýärdiler. Dogry, olar üçin howlynyň daşyndanam ýol bardy. Ýöne göni hem tekiz görüp howlynyň içinden gatnaýanlaryny hem görmeýärdiler. Beýlekiler-ä çalarak duýduranymdan edil mugallymlaryň edişi ýaly «Bor agam» diýdiler-de, özlerinem, menem artyk aladadan dyndardylar welin, üsti tentli, kiçiräk ýük maşynynyň sürüjisi garaýagyz, ýüzi lopbuş, burny paşşyk daýaw, bolaýsa ýigrimi ýaşlaryndaky ýaş ýigit turuwbaşdan tersine tutup başlady. Duýduryş berdigimsaýy beter tozatdy. Bu meni halys dälilik hetdine ýetirdi. Gan basyşymyň şol wagt iki ýüz altmyşa dagy baranyny bilýän, çünki men tutuş durkum bilen saňňyldaýardym, galpyldaýardym, agzym guraýardy, dilim çolaşýardy, geplänimde beýnime zor salyp, ulyilim bilen gygyrýardym. Men şojagaz gyňyr ýigidi mugyra getirmäniň aladasyny edip ugradym. Mahlasy, ol-a maňa garawul, ýagny, pes derejedäki adam hökmünde garaýardy, men bolsam oňa özümiň kimdigimi bildirjek bolýardym. Ahyram alajyny tapdym. Hemişe açyk durýan derwezäni bir gün ir bilen şol ýigidiň maşyny görünenden «şark-şurk» ýapdym. Özümem bardym-da bagyň kölegesinde duran ýaýjygy döwük, köneje, jygyldawuk oturgyjyň üstüne çökdüm. Ol bialaç saklanmaly boldy. Ylgap baryp açaryn öýdüp garaşdy. Men tarapdan hiç hili gymyldy-hereketiň ýokdugyny bilibem maňa tarap alarylyp seretdi. Soňam uzyn-uzyn signal berdi. Arasynda ellerini bulaýlap bir zatlar diýdi. Şol ýagdaýda esli wagt geçdi. Ahyram meniň gozganmajakdygymy bildi-de, agdar-düňder bolup kabinadan düşdi. Okuwçysyna käýeýän mugallym ýaly sag eliniň süýem barmagy bilen howany saýgylap, abşanaklap gelşine meniň öz borjumy hökman berjaý edäýmelidigim, islesem-islemesem derwezäni açyp-ýapaýmalydygym, çünki, onuň üçin meniň hak alýandygym, özleriniň bolsa kärendesine pul töleýändikleri barada takal okady. «Tak çto, ýaşuly, dawaý, otkrywaý...» diýip, uçilişşäniň naharhanasynda işleýän bir aýalyňky ýaly tegelenip duran syrtyny iki baka moýmuldatdy. Emma ol ýalan sözleýärdi. Kärhana puly diňe ýer üçin töleýärdi. Galyberse-de, meniň haýyşym edaranyň arasyndaky şertnama bilen däl-de, adamçylygyň kada-kanunlary bilen baglydy. Şonuň üçinem men oňa: «Häzir-ä derwezäni özüň açyp girersiň, gireniňden soňam düşüp ýaparsyň, çykanyňda-da şeýdersiň. Soňam il ýaly, adam şekillije, tozan turuzman geçseň-ä açaryn, bolmasa-da häzirki etjek hereketleriňi her gezek gireniňde-de, çykanyňda-da gaýtalamaly borsuň. Haýsyny halasaň saýlaý. Eger-de açyp çykyp ýa açyp girip ýapman gitseň, onda garaň göründigi gulplaryn welin kärhanaňa howlyň daşyndaky ýol bilen aýlanyp barmaly borsuň diýdim. Şondan soň onuň bady gaçdy. Barmagyny çommaltyp diliniň başyny çeýnemesini, syrtyny bulamasyny goýdy. çalarak başyny ýaýkady-da, ajy ýylgyryp derwezä tarap ugrady. Açdy. Soň maşynyna mündi. Gireninden soň düşüp ýapdy. Şeýdibem gitdi. Ýarym sagat ýaly wagtdan soň üsti ýükli usullyk bilen gaýdyp geldi we düşüp-münüp şol bir hereketlerini gaýtalady. Şol hereketlerini ol şol gün agşama çenli birnäçe gezek gaýtalady, çünki, günüň dowamynda olaryň girim-çykymlarynyň soňy gelmeýärdi. Iň soňky gezek çykjak wagty men onuň ýanyna bardym. «Ine indi boldy. Indi açaryn. Borjum bolandygy üçin däl-de, gepe düşünendigiň üçin açaryn. Açarynam, ýaparynam» diýdim. Ol meniň ýüzüme seredip birenaýy ýylgyrdy. Şonda ol birhili görküne gelen ýaly, ýüzüne mähir röwüşleri çaýylan ýaly boldy. Ol ertesi irden gelende-de kabinada oturan ýerinden ýylgyryp, baş atyp salamlaşdy. Menem ondan kine edip durmadym. Ak göwün bilen salamyny aldym, adyny soradym. Çaý içip oturan wagtyma gabat gelse: «Düş, çaý içeli» diýdim. Garaz, aramyzda öýke-kine galmady. Şeýdip, derwezeli meseleden dyndymam welin, bir gün hojalyk bölüminiň müdiri, bäş-on adamdan ybarat tutuş bir bölüme ýolbaşçylyk edip ýörendigine çäksiz buýsanýan, her gezek şol bölümiň adamlaryny ýygnan ýygnak geçirende, bir aýdanyny telim gezek gaýtalap, iki elinem arkasyna tutup ýeke öýliň horazy ýaly iki ýana gezmeläp, bolubilenini bolýan, aýakly garpyz ýaly tos-togalak pyýada direktoram yzyna tirkäp geldi-de, bilgeşleýin maňa tow bermek üçin edýän ýaly: «Şu günden şeýläk garawullaram boş günleri dynç almaly däl-de, uçilişşäniň öňki binasyna baryp göç-gona kömekleşmeli asla öýlerine gitmeli däl» diýdi. Soňam duran ýerinde «liňk» etdi-de, direktoryň ýüzüne seretdi. O-da baş atdy. Şeýdibem meniň ýaňy bir sönüp barýan odumyň üstüne ýag guýuldy. Çydam käsäm doldy. Özüme tarap kinaýaly seredip, syrly ýylgyryp duran müdirdir – direktoryň alkymyna nädip baranymam, nädip ýarylanymam dilimi dişimiň aňyrsyndan nädip çykaranymam bilmän galypdyryn. «Ýer ýüzi boýunça ähli işgärler üçin hepdede kyrk sagatlyk iş güni bellenen! Adamzat şonuň üçin iki ýüz ýyllap göreşdi! Siz bolsaňyz bizi hepde-de segsen dört sagatlap işledýäňiz! Üstesine indi dynç günlerimizem elimizden aljak boýaňyzmy? Ýa siziň üçin taryhyň çarhy tersine aýlanýamy? Ýene-de ekspluatasiýa döwrüne dolanjak bolýaňyzmy? Başagaýlykdan peýdalanyp halky ezjek bolýaňyzmy? Ýanar yssyda iki aýlap mugt duruzanyňyzy az görýäňizmi..» diýip, ulyilim bilen gygyrdym. Menden beýle sözlere garaşmadyk bolsalar gerek, olaryň ikisem aljyradylar, biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Müdiriň erbet gorkandyg-a ýüzündenem bildirdi. Ol: «Juma aga...» diýip bir zatlar samyrdady, ýöne men onuň näme diýjek bolanyny aňşyrmadym. Öli balygyňky ýaly sop-sowujak gözlerini köwşümiň burnuna dikip, robot ýaly sarsman duran direktoryň: «Bor, bor, serederis, düzederis...» diýenini welin aňşyrdym. Dogrudanam seretdiler. Düzetdiler. Ýöne, şondan iki hepde geçenden soň, göçhä-göçlügiň tamamlanyp, okuwyň başlamagyna bir gün galanda, ýagny 31-njy awgust güni şertnamaň doldy bahanasy bilen meni işden boşatdylar. Egerde, diňe şertnamasynyň dolmagy işgäriň işden çykarylmagyna esas bolup bilýän bolsa, onda, ähli edaranyň ähli işgärleri belli bir möhletden soň işden boşadylaýmalydy. Ähli edaralar işgärsiz galaýmaly. Ýöne, dolandan soň şertnamany uzaldybam bolýar ahyry. Şonuň üçinem, diňe «Şertnamasy dolandygy üçin» diýen kesgitleme bilen işgäri işden çykarmaklyk hiç hili kada-kanuna laýyk gelmeýär. Işgärler bilen işleşmekligiň şu görnüşini biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylary niredendir bir ýerden köre-körlük bilen kabul edip aldylar, ulanyşa girizdiler, ýöne, zähmet kanunçylyklarynyň şol şertdäki gorag mehanizmlerini welin işläp düzmediler. Onuň bilen halk köpçüligini tanyş etmediler. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidiklerine garamazdan, islendik döwlet gurluşy döwründe zähmet kanunçylyklarynyň döwlet tarapyndan gorag astyna alynýandygyny bütinleý ýatlaryndan çykardylar. Zähmetkeşler bolsa özleriniň kanuny taýdan gorag astyndakylaryny unutdylar. Iň ýamanam olary döwletiň özi unutdy. Şonuň üçinem, şertnamalaýyn usulşol döwür diňe edara ýolbaşçylarynyň öz göwnüne ýakmadyk işgärlerinden dynmagy üçin amatly usul bolup hyzmat etdi. Sowet döwründe işgäri işden çykarmaklygyň öz düzgünleri bardy. Özem adalatly, oýlanyşykly düzgünlerdi. Oňa işgärem, ýolbaşçam deň-derejede boýun egýärdi. Işgäri işden kowmak üçin ýolbaşça birnäçe deliller gerekdi. Ol ýa birsyhly işden gijä galyp gelýän, ýa sebäpsiz ýere häli-şindi işe gelmeýän bolmalydy, ýa işini oňarmaýan, iş wagty arak içýän, ýoldaşlary bilen urşup-sögüşip ýören adam bolmalydy. Muňa käte maşgala oňşuksyzlygy, ahlak taýdan bozuklyk ýaly bahanalaram sebäp bolup bilýärdi. Ýöne, onuň üçinem işgäre birnäçe gezek düşündirişler ýazdyrylýardy, ilki dilden, soň ýazmaça görnüşinde duýduryşlar berilýärdi, ondan soň iň soňky we iň ýokarky administratiw çäre hökmünde üç gezek käýinç yglan edilýärdi, egerde özüni gowy alyp barsa şol käýinç alty aýdan soň onuň boýnundan aýrylýardy we diňe şol käýinji boýnundan aýryp bilmedik ýagdaýynda ony işden çykarmak barada mesele gozgalýardy. Ýöne, şondan soň hem profsoýuzyň ýerli guramasy bilen maslahatlaşman, şonuň razylygyny alman işden çykaryp bilmeýärdiler. Bu zatlardan başga-da, işden nähak çykarylan ýagdaýynda işgär öz başlygynyň üstünden suda arz edip, özüni öňki iş ýerine dikeltdirip bilýärdi. Şolar ýalyda sud işgäriň boş oturan aýlarynyň hakyny edara ýolbaşçysynyň übüsinden alyp berýärdi. Şonuň üçinem, şol döwür ýolbaşçylaryň esasy ýörelgeleri, ýetip bilmeýän arzuwlary, işden çykaryljak bolunýan işgäriň işden «öz haýyşy bilen» gidýändigi baradaky arzasyny özüne, öz eli bilen ýazdyryp, öz elinden almakdy. Şolar ýalyda: «Ýaz arzaňy, ýogsam statýa boýunça çykararyn, zähmet depderçäňi garalaryn» diýip işgärlerini gorkuzýardylar. Gürrüňi edilýän döwürde welin bir agyz: «Şertnamaň doldy» diýýäler, wessalam, iş tamam! Uçilişşäniň hojalyk bölüminiň başlygynyň bir gün garawullaryň birine: «Sen maňa segsen bäşinji ýylyň kanunlaryny diktowat etjek bolma», diýip duranyny men gözüm bilen gördüm, gulagym bilen eşitdim. Ömrüni partiýa işinde işläp geçiren ýetmiş dokuz ýaşly ýaşuly şonda oňa hiç hili jogap berip bilmedi. «Aý, ogul, şol kanunlar henizem ýerli-ýerinde ýöne, olaryň bardygyny siziň özüňiz ýadyňyzdan çykardyňyz» diýmäge bogny ysmady. Zähmet kanunçylyklary welin hakykatdan-da kanuny kitaplardan öçürilmändi-de, ýatdan çykarylypdy. Ol kanunçylyklary şol wagt edaralaryň kadrlar bölümine ýolbaşçylyk edip oturan, hünärleri boýunça hukuk goraýjy gelinlerem düşünmeýärdiler. Muny men öz zähmet depderçäme şolar ýaly gelinler tarapyndan edilen iki sany ýalňyş ýazgy arkaly hem düşündirip biljek. Olaryň birinjisi Döwlet arhiwinden işden çykanymdaky ýazgy. Ýadyňyza düşýän bolsa, Mаýa Mоllaewna şonda maňa: «Iş ýerimizi gysgaldýandygymyz üçin...» diýipdi. Emma näme üçindir kadrlar bölüminiň başlygy meniň depderçäme: «Öz islegi boýunça işden boşadyldy» diýip ýazypdyr. Men muňa birbada ünsem bermändirin. Haçanda işden iş ýerleriniň kemeldilendigi üçin çykanlara şol edaradan tölenýän üç aýlyk hakymy almak üçin zähmet biržasyna bellige durmaga baranymda, ýüz keşbi ýadyma düşenok, naçalnigiň ornunda oturan bir ýaş ýigit hamala men onuň eline yçýan tutduran ýaly: «Siz öz islegiňiz boýunça çykypsyňyz ahyry» diýip, zähmet depderçämi öňündäki ýylmanak goňur stoluň üstüne eliniň tersi bilen oklap goýberipdi. Men şol ýerden çykyp arhiwiň işgärler bölümine barypdym we näme üçin bir sebäp bilen çykarylyp, zähmet depderçäme bolsa başgaça bellik edilendigini sorapdym. Işgärler bölüminiň başlygy bolup oturan sypaýy gelin birgeňsi ýylgyrypdy-da: «Sokraşeniýe» diýsem siziň üçin gelşiksiz bolar öýtdüm, size gowusyny etjek boldum..» diýipdi. Iki aýtdyrmanam depderçedäki ýazgyny düzedipdi. Öňki ýazgynyň ýalňyşlyk bilen bolandygy barada depderçä bellik edipdi. Her niçik hem bolsa men şol ýazgyny hakykatdan-da özüme ýamanlyk etmek üçin ýazylmandygyna ynanýan. Ýöne, «sokraşşeniýe» boýunça işden çykandygym üçin şol edaradan almaly üç aýlygymy bermezlik üçin edilen kiçiräk «oýun» bolaýmagynyň ahmaldygyny hem gaty bir aradan aýryp bilemok. Depderçäme ikinji ýazgy bolsa şu, iň soňky işlän ýerimden – uçilişşeden çykanymda boldy. 30-njy awgust güni işläp otyrkam öýlänaralar ýanyma uçilişşäniň işgärler bölüminiň başlygy, süýnüp-sarkyp, sesini ýuwaşjadan sandyradyp gepleýän, çyra çüýşe ýaly näzik, gözleri hamçygrak, inçemik gelin geldi-de, ertirden başlap meniň işden boşadylýandygymy habar berdi. Sebäbini soranymda: «Iş ýerimizi kemeltmeli bolýas...» diýip, yzly-yzyna üç gezek dagy aşaky dodagyny dişledi. «Depderçäme-de şeýdiýip ýazarmysyňyz?» diýip soranymda bolsa kirpiksiz gözlerini gypyrjykladyp, yzly-yzyna ýuwdunyp durşuna ynamly-ynamsyz: «Ýazarys... ýazarys...» diýdi. Emma beýle ýazgynyň meniň üçin nähili bähbitli boljakdygyny soň pikir edip bilen bolsa gerek, depderçä öňürt-ä: «Öz islegi boýunça...» diýip ýazypdyr, soňam öz islegi bilen işden çykan adamyň şol edaranyň başlygynyň adyna öz eli bilen ýazyp beren arzasynyň blmalydygyna ýa-ha öz akly çatypdyr, ýa-da biri öwredipdir, öňkiniň üstüni çyzypdyr-da, ýene-de şol ýokarky ýazgynyň belgisi, senesi bilen aşakda ikinji bir ýazgyny ýazypdyr: «Şertnamasynyň möhleti dolandygy sebäpli». Ýöne, her niçik hem bolsa emele gelen boşlugy tomusda rugsada giden ýoldaşlarymyň ýerine duran wagtym üçin almaly hakymy welin, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň üsti bilen töledip aldym. Şol edaranyň üsti bilen şojagaz hakymy aljakdygyma meniň ynamym bardy. Çünki, kärdeşler arkalaşygyndaky hukuk bölüminiň başlygy, Nabat Meläýewna atly bir zenan bilen telefon arkaly maslahatlaşyp, öňem iki gezek dagy öňki işlän edaralarymdaky köýüp barýan hakymy yzyna gaýdyp alypdym. Ol aýaly maňa köne tanyşlarymyň biri salgy beripdi. «Juda bolmasa meniň adymdan baraý, men onuň bilen köp işleşipdim, adamçylgygam gowudyr, işine-de ökdedir. Ondan goldaw tapan kişi kändir» diýipdi. Jaň edäýseň dagy diýip telefon belgsinem beripdi. Birinji gezeg-ä dokuz aý işläp gaýdandygyma garamazdan, Gurbanyň ýanynda terjimeçi bolup işlän edaramyň ýolbaşçylary işden çykanymda meniň zähmet rugsadyna degişli hakymy bermändiler. Işgärler bölüminiň müdiri bolup işleýän ýüzi düwürtikli, mähirsiz, bilini uçgur ýaly inçejik, uzyn ýüp bilen çekip daňýandygy üçin garny deň ikä bölünip, onuňam aşaky bölegi basketbol pökgüsi ýaly pökgerilip, öňe çykyp duran, ýaşynyň otuzdanam agandygyna garamazdan henizem boý gezip ýören gyz bolsa: «Biz seni işe wagtlaýyn aldyk işiň o görnüşine rugsat haky düşenok» diýip, ýüzümi alyp goýberipdi. Menem sesimi çykarman gaýdyberipdim. Ýöne, ynjalmaýardym. Azu-köp özümiň zähmet hakymy elden gidiresim gelenokdy. Şonuň üçinem, Nabat Meläýewna jaň etdim. Özüne ýüz tutmaklygy salgy berendiklerini aýtdym. Kimiň salgy bereninem, salgy bereniň iberen salamynam aýtdym. Sesinden, gepinden-sözünden, takyk hem kesgin gürleýşinden çen tutup, öz işini bilýän, sowatly, býurokrat däl, dogumly aýaldygyny aňdym. Ol orsçanam, türkmençänem gowy gürleýärdi, ýöne garjaşdyrmaýardy. Meniň derdi-halymy diňläp bolanyndan soň ol: «Hiý, dokuz aýlabam bir wagtlaýyn iş bormy? Islendik iş iki aýdan soň özünden-özi doly işiň hasabyna geçýär ahyry. Işgärler bölüminiň başlygydyr, hasapçydyryn diýip oturan adamlar zähmet kanunçylyklarynyň şolar ýaly ýönekeýje düzgünlerinem bilmeýän bolsalar gow-a däl», diýip, biliner-bilinmez gatyrgandy. Soňundanam meniň telefon belgimi aldy-da: «Azajyk garaşyň» diýdi. On bäş minut geçip-geçmänkä-de özi maňa jaň etdi: «Ertiriň özünde baryň-da, hakyňyzy alyň». Ikinji gezek men ony şondan üç ýyl soň, Medeniýet instituynda garawul bolup işläp ýören döwürlerim gerekledim. Şonda, ýadyňyza düşýän bolsa institutyň rektory ýarawsyzlygy zerarly işden gidipdi-de, onuň işini wagtlaýynça soňy bilen türmä düşenprorektor alyp barýardy. O-da bizi rugsada giden garawullaryň ýerine mugt duruzýardy. Hak bolsa tölemeýärdi. Şu mesele boýunça men ýene-de Nabat Meläýewna jaň edipdim we şol zatlaryň kanuna laýyk gelýändigini ýa gelmeýändigini anyklap bermegini haýyş edipdim. Ine, bolup geçen şu iki ýagdaý hem meniň ýene-de üstünlik gazanjakdygyma ynam döredipdi. Ýöne, bu gezek Nabat Meläýewnä jaň etmedim-de ýanyna özüm bardym. Telim ýyl bäri telefon üsti bilen arzy-halymy aýdyp, goltgusyny görüp ýören adamymyň keşbi hem mende bada-bat hormat duýgusyny oýardy. Tegelenip duran sary saçly, boldumly, tegelek nurana ýüzli, daýaw, orta ýaşdan agyberen agras sypatly zenan meniň bilen ýerinden turup salamlaşdy. Oturmaga ýer görkezdi. Men özümiň öňem iki gezek telefon arkaly ýüz tutandygymy, iki gezegem işimiň bitendigini aýtdym. Ol: «Bolýa-la, biten bolsa bolýa, bize-de aňsat däl, hemme zady bitiribem bolanok, köp ýolbaşçylara gepem düşündirip bolanok, köpüsem kanuny bilmän işlejek bolýalar, bilselerem göz-görtele ýoýýalar, kimdir biri hakyny talap etse-de gaty görýäler, arzçy, şikaýatçy, diýip ony ýigrenýärler. Emma köneler: «Hakyň arslanyň agzynda bolsa-da al» diýipdirler. Almaly. Talap etmeli. Çekinmeli däl» diýip, köp zatlar barada ýüreginden syzdyryp gürrüň berdi. Bu gezek nähili mesele bilen gelendigimi sorady. «Edil meniň bilen salamlaşmana-ha gelen dälsiň-le» diýip güldi. Men bar zady bolşy-bolşy ýaly edip aýdyp berdim. «Işden çykarandyklary üçin şikaýatym ýok. Bu wagt «şertnamaň doldy» diýen sözden başga bahana gözläbem duranoklar, ýöne, iki aý rugsada gidenleriň ýerine mugt duruzdylar, şojagaz hakymy äberseňiz bolýa, özler-ä diňlemegem islänoklar» diýdim. Hakymyza ýekeje köpügem goşman ýanar yssynyň içinde hepde-de segsen dört sagatlap daşarda duruzandyklarynam aýtdym. Muňa Nabat Meläýewnanyň hasam gahary geldi. Žurnal açyp, şol ýere meniň aýdanlarymy belleşdirdi. Soňam meni goňşy kabinetleriň birinde oturýan Sararmuhammet atly ýigidiň ýanyna eltdi. «Şu ýaşulynyň işi bilen meşgullan, gerek bolsa git-de ýerinde barla, islegini kanagatlandyr» diýdi. Ol ýigidem özüne tabşyrylan ýumşy ak ýürekden ýerine ýetirdi. Uçilişşäniň direktoryna, baş hasapçysyna, işgärler bölüminiň müdirine jaň edip, zähmet kanunçylyklaryny bozandyklaryny, maňa hakymyň berilmelidigini aýtdy. Olara ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. * * * Uçilişşeden gaýdanyma on gün diýlende ýene-de şo-ol şahyr dostum Torum Ýaýlan jaň edip, «Aşenergo» diýen edarada bu gün erte bir garawulçylyk ýeriň boşaýandygyny, ertiriň özünde baryp, şol edaranyň hojalyk bölümi bilen gepleşmelidigimi aýtdy. Bardym. Müdir daýaw, alçak ýaş ýigit hakykatdanam bir dälişgenräk, oňşuksyzrak işgärini işden aýyrmakçydygyny, ýöne, entek onuň zähmet rugsadyndadygyny , şondan gaýdyp gelýänçä garaşmaly boljakdygymy aýtdy. Özümiz habar ederis, diýip, telefon nomerimem alyp galdy. Her gezek işsiz galanymda dokuz, on aý, bir ýyl, käte ondanam gowrak garaşmaly bolýan halyma bu gezek bary-ýogy on günüň içinde iş tapylanyna diýseň begendim. Şonça-da geň galdym. Ýöne, her niçik hem bolsa Allany çagyrdym-da, garaşyberdim. Jaň welin wagty bilen gelmedi. Ýene-de içimi it ýyrtyp başlady. Egerde adam bir zada öwrenişip bilýän bolsa, menem şol ýyllaryň içinde garaşmaklyga öwrenişäýmelidim. Emma öwrenişip bilmedim. Asla oňa öwrenişip bolmaýan ekeni. Gaýtam gün-günden kararyň tükenip, ýüregiň gysyp alarladyberýän ekeni. Ahyram çydaman özüm jaň etdim. «Rugsatdan geldi welin, häzir hassahanada ýatyr, bu ýagdaýda çykaryp bolanok» diýdiler. Ýene-de şol bir garaşmaklyk. Uzynly gün bar ünsüm, gulagym telefonda. Iki gözümem şoňa dikip otyryn. Jaň geldigi «laňňa» ýerimden galanymy bilmän galýan. Trubkany galdyran agtyjagymyň: «Ata, seni çagyrýalar» diýerine garaşýan. Emma tamam çykanok. Ýene-de özümi köneje diwanymyň üstüne goýberýän. Iň bolmanda tanyşlarymyň biri, başga bir mesele bilen ýa hal-ahwal soraşmak üçin bir jaň edäýmezlermikä diýýän welin, şo-da bolaýanok. Göýä diýersiň şol wagt men edil diri gezip ýörenleriň sanawyndan öçüriläýen ýaly. Jaňyna garaşýan ýeriňe garşa-garşa özüň jaň edip iriziberseňem halanoklar welin, ony özüňem gaty bir uslyp görüp baraýaňok. Şeýdip ýene-de ýarym aý geçdi. Şol döwür hiç hassanam bimarhanada on günden artyk saklamaýardylar. Şonuň üçinem ol «dälişgen» garawul edil dälihana düşäýmedik bolsa gelen bolmalydy. Ýöne, näme üçindir maňa habar edenok. Ahyram çydam käsäm doldy-da özüm bardym. Ýüzümi bir gyra sowup durşuma sesimi sandyradyp: «Gelmedimi-aý, onuňyz» diýdim. Müdirem ýüzüni sortduryp aşak bakyp durşuna sag aýagyny «tarp» etdirip ýere urdy-da: «Wah, geldi-i..., işe-de çykdy, ýöne nädip çykarjagymyzy bilemzok...» diýdi. Men «hyrra» yzyma öwrüldim. Özümi hakykatdan-da obamyzdaky: «Saňa heleý tapyp berjek» diýlip, oýnalyp ýörlen sallah ýaşuly ýaly duýdym. Çünki, birinjiden-ä meseläni çürt-kesik çözmän maňa aýtmaly däl ekenler, munça wagtlap Aýa, Güne garaşan ýaly garaşdyrmaly däl ekenler, ikinjidenem entek işläp ýören bir bendäniň ýerine göz dikip, zygyr-zygyr gatnap, jaň edip ýörendigim üçin öz-özümden erbet utandym. Şeýdip men şol gezegem boş çykdym. Sowuk düşýänçä ussahanamda işledim. Surat çekdim. Soň ýene öýe baryp, tä, howa maýlaýança ýazuw işlerime güýmendim. Çünki, şol wagtlar ussahanamda gyş işlärlik ot-ojak hiç hili mümkinçilik ýokdy. Arasynda gidip ýene-de iş gözleýän. Ýeke bir şäher edaralarynyň däl, onuň gyrak-bujaklaryndaky edaradyr-kärhanalara çenli aýlanyp çykýan. Hatda Änewe, Gäwerse çenli aýlanyp gaýdýan mahallarymam bolýar. Käte-de oturýan-da: «Belki Hudaý jan maňa ýörite iş tapyp berýän däldir, oturyp işlesin, döretsin» diýýändir, diýip içimi gepledýän. Öz-özüme göwünlik berýän. Şol pikir bilen ylalaşýanam. Ýöne, ondan iň bolmanda iýjek çöregimi ünjüsüz iýerim ýaly, sähelçejik aýlykly bolsa-da iş tapyp bermegini isleýän. Sebäbi, meniň şondan uly tanşym, hossarym ýok. «Ýekäniň ýary Hudaý» diýip, ýöne ýere aýdylmandyr ahyry. * * * Howwa, Türkmenbaşy oba hojalygy, ykdysadyýet, ylym-bilim bilen bir hatarda edebiýata, sungata hem açykdan-açyk, hiç bir bassyr-ýussursyz agyr zarbalar urdy. Bu setirleri özüm hakda ýazýan hem bolsam, ol döwür işsizlik kynçylyk ýeke bir meniň başymda däldi. Ýeke bir döredijiligiň başynda-da dä;di. Tutuş ýurt, ähli pudaklar gözgyny ýagdaýdady. Türkmenbaşynyň özi welin, özüni öz halkyna-da, dünýä döwletlerine-de düýpgöter başgaça, ýagny, ýurduň senagat pudaklaryny sähelçe wagtyň içinde görlüp-eşidilmedik derejede ösdüren, türkmenleri bal gününe batryan, size eýýäm mälim bolan köp zatlary mugt edip, ýurtda «kommunizmiň» ilkinji alamatlaryny döreden, dünýäni haýran galdyran üýtgeşik hem beýik şahsyýet hökmünde görkezilmegini isleýärdi. Şol islegini amala aşyrmak üçin ol «heýjanelekçilerini» daşyna ýygnap käte müň günlük, käte bäş, on, ýigrimi, otuz ýylyk maksatnamalar, meýilnamalar düzýärdi. Ýüregi has joşup, buýsanjyna bäs gelibilmedik wagtlary: «Ýene-de ýedi ýüz ýyldan Türkmenler kosmosa çykarlar» diýen ýaly has ganatly sözlerem dile getiriberýärdi. Senagat pudagynda işleýän ýolbaşçylaryň, oba hojalygyna ýolbaşçylyk edýän häkimleriň üstüne durmuşa geçirilmesi asla mümkin bolmadyk borçnamalary ýükleýärdi. Olaryň hemmesini telewizora çykaryp halkyň gözüniň öňünde: «Sen şol işi başararmysyň» diýýärdi. Ýöne, başarmajakdyklaryna gözleri ýetip duranam bolsa olaryň hiç birem: «Başarmarys» diýip aýdyp bilmeýärdiler. Çünki «başarman» diýdigi Prezident olary şol pursatyň özünde münberden düşürýärdi we işinden aýryp ýerine başga birini belleýärdi. Olaryň bolsa işi başarsalaram, başarmasalaram, berlen borçnamany berjaý edip bilselerem, bilmeselerem, az wagtlyk hem bolsa, ministr, häkim, Kabminiň orunbasary, başlyk bolup göresleri, bäş günlik ömre ýüz ýyllyk tetärik ýygnaslary, daşary ýurt maşynlarynyň, hözürini göresleri gelýärdi. Şu gije telewizoryň öňünde oturan obadaşlarynyň ertir ir bilen: «Tüweleme biziň pylanymyzam, pylan bolaýdy» diýşip, öýden-öýe ýüwrüşmeklerini, biri-birlerine buşlamaklaryny isleýärdiler. Soňy näme bilen gutarjak ykbal özüni nirelerden çykarjak o zatlar bilen olaryň o wagt işleri ýok Olary hatda düýn-öňňünem Prezident bilen äbe-de jüýje bolşup ýören ketde-ketde işgärleriň tapgyr-tapgyr bolup «akyl öýüne» gidişlerem üýşendirmeýärdi. Nebit-gaz ministri wezipesine bellenjek wagty, Prezidentiň şol dessury soragyna münberde duran ýerinden: «Ýok, Sapar Ataýewiç, men muny başarman, çünki bu mümkin däl» diýip merdana jogap beren bir adamy bilýäs, o-da ýalňyşmaýan bolsam ady-ha ýadyma düşenok welin, familiýasy Orazmämmedow bolaýsa gerek. Men şol adamy hakyky halk gahrymany hasap edýärin. Prezident ony endigine görä derhal münberden düşürdi. Derhalam ýerine başga birini geçirdi. Şol bir soragyny berdi: «Başararmyň?» Jogap nagt boldy: «Başararyn!». Şol adam ýalňyşmaýan bolsam Nazar Söýünowiçdi. Ýöne, barybir Orazmämmedowyň aýdany geldi. Prezidentiň almaly eden baýlygyny ýeriň astyndan Nazar Söýünowiçem alyp bilmedi. Netijede, Türkmenbaşy onam wezipesinden boşatdy. Ol daşary ýurda gitdi. Giden döwürleri “Azatlyk” radiosynda birnäçe gezek çykyş etdi, soň gözýetimden ýitdi. Elbetde, topragam, nebit-gaz çykarylýan guýularam kagyz däl. Iş meýdanam salkyn jaýyň içindäki ýalpyldawuk münber däl. Tebigat bolsa seniň müň gylyňy ýolman bir gylyny ýolduraýanok. Tükeniksiz zadam ýok. Ýeriň bolany bilenem suwuň bolmasa, suwuň bolany bilen tehnikaň, el güýjüň, ýeterlik tejribäň, ylmy esaslaryň, arassa wyždanyň bolmasa, kagyza buýruk ýazyp aşagyna gol çekeniň ýa söz bereniň bilen netije gazanyp, hasyl alyp bolanok. Şonuň üçinem, başarmajak halyna «başararyn» diýip işe geçen çinownikler wezipelerinden aýrylmazlyk üçin, boýun alan borçnamalaryny artdyryp ýazmaklyk arkaly amala aşyryp başladylar. Artdyryp ýazmaklygyň bir ujy sowet döwründe baryp Orsyýetden ýa ýene bir ýerlerden çykýardy. Yzyny çalmak kyndy. Asla hiç kim ony yzarlajagam bolmaýardy. Ol häki bir bolaýmaly, adaty zada öwrülipdi. Ondan hemmeler, hatda iň ýokary wezipelerde oturan adamlaram habarlydyrlar. Asla şol ýoly salgy berýänem şolaryň özleridiler. Kimiň-kimi aldaýanyny, kimiň-kime özüni aldadan blýanyny biler ýaly däldi. Ýöne ine, garaşsyzlyk döwri welin bar zat öz gözüň öňünde bolup geçip dur. Bir öwrüm etmänkäň yzyň mese-mälim bildirip dur. Türkmenbaşyny aldanyň bilenem netije görnüp dur. Onsoňam hasyly öz gözüne çöp atyp «ýygnamaklaryny» Türkmenbaşam isläp duranok. Şonuň üçinem ol bu gün-ä birini münbere çykarýardy-da: «Ine, şu gowy oglan, asly halal, şuny şu işe belleýän diýýä, «başararmyň» diýýä, «başararyn» diýdirýä, alty aýdan soňam ýene şol münbere çykarýar-da: «Aý, sen-ä bir haramzada ekeniň» diýip zaldan çykaryp kowup goýberýär. Şu hili hereketler ýylyň-ýylyna üznüksiz gaýtalanyp duransoň halys paltasy daşa degen Türkmenbaşy bir gün garaçyny bilen: «Bellänim şeýle bolup dur, men-ä indi nätjegimem bilemok» diýdi. Şоnda hаlkyň оňa hаkykatdan-da nеbsi аgyrdy. Hоwwa, Türkmеnbaşy hеrnäçe urunsа-da, gygуrsa-da оba hоjalyk, sеnagat mеýilnamalary ýеrine ýеtmeýärdi. 2006-njy ýуlyň pаgta hаsyly bоlsa, hаtda аrtdyrylyp ýаzylany bilеnem еlli prоsente ýеtmedi. Şоl ýуlda еkilen gаlla mеýdanlaram bаrlanyp görülеnde еlli prоsentden аz çуkdy. Нut şоl zаtlar sеbäplem, 2006-njу ýуlyň ýаzynda iki ýаrym milliоn tоnna gаlla ýуgdyk, diýiр hаlka hasаbat bеren Тürkmenistan döwlеtinde un, çörеk gуtçylygy emеle gеldi. Hаlk dört ýаrym kilо un almаk üçin dükаnlardaky uzуndan-uzуn nоbatlara durdу. Türkmеnbaşynyň öz çуkyşlarynda аýdýan sözlеrine gulаk аssaň wеlin, şоl ýуlyň hаsyly tutuş ýurdу üç ýyllаp еklemelidi. Bu zatlaryň barysy birigip ykdysadyýeti, oba hojalygyny diňe bir boş, pöwhe syýasat buýruk, görkezme arkaly galdyryp, ösdürip bolmaýandygyna, o zatlaryň diktaturany söýmeýändigine, bir adamyň hiç haçan bütin ýurdy edara edip bilmejekdigine, demokratiýanyň gysylýan ýerinde, ýeke bir medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň däl, eýsem oba hojalygynyňam, agyr we ýeňil senagatyňam ösüp bilmejekdigine şäýatlyk edýärdi. Ine, şol jeňňimaglubanyň, şama-şaýyrdyklaryň arasy bilen men ýene-de işsiz gezip ýörün. Her gün bir umyt bilen öýden çykýan, o ýere, bu ýere barýan, ony-muny, tanyş-bilişlerimi görýän, iş soraýan, telefonymy goýýaň agşamaralaram lapym keç halda dolanyp gelýän. Her niçik hem bolsa, umydy elden beremok. Göwnüme teselli berýän ýekeje zat bar, o-da döredijiligim. Puly ýok hem bolsa ol meniň esasy işim. Ykbalym. Iru-giç arkamda durjagam, hossar çykjagam ölenimden soň ýaşatjagam şol. Wagt geler, ýene-de döredijilige ýol açylar. Bir adamyň galp şöhratyny galdyrmak üçin ýeke bir türkmen edebiýatynyň we sungatynyň däl, eýsem tutuş dünýä medeniýetiniň üstünden atanak çeken döwür bir gün duýdansyz gelen gara bulut dek syrylyp, halkyň başyndan sowular. Ýene-de Gün dogar. Jahan ýagtylar. Şonda biziňem şu günki jepalar astynda jan çekip ýazan kitaplarymyz çykar, çeken suratlarymyza hyrydar tapylar, ýazan pýesalarymyz teatrlaryň sahnalarynda goýular, ssenariýalarymyz boýunça filmler dörediler. Gepiň gysgasy bizem bir gün sana geçeris. Adam saýylarys. Ine, şu umytlar, süýji arzuwlar hem bizi ýaşadýardy, durmuşdan göwnümiziň geçmezligine, sussumyzyň peselmezligine, ruhumyzyň çökmezligine ýardam edýärdi. * * * Beýan edilen şu döwri döredijiniň döredijilikden, döredijiligiň döredijiden, döredijilik işgärleriniň biri-birlerinden aýra düşen döwri hökmünde häsiýetlendirmek hakykata has dogry gelse gerek. Öň gurultaýlarda, seminarlarda, baýramçylyk ýygnanyşyklarynda we ownukly-irili çärelerde, maslahatlarda günde-günaşa diýen ýaly didarlaşyp hal-ahwal soraşyp ýören, garaşsyz;ygyň gelmegi bilen döredijilik edaralarynyň ýapylmagy, «gara sanaw» sebäpli gazet-žurnallaryň, neşirýatlaryň «heýjanelekçilerden» başgalaryň ýazan zatlaryny çap etmezlikleri netijesinde işsiz, has beterem idegsiz galan ýazyjydyr-şahyrlaryň, teatr işgärleriniň hemmesi bolmasa-da, özüni sylaýanlaryň, hususan-da döredijilik bilen ýol alyp bolmajakdygyna düşünenleriň, has takygy Hruşewiňki ýaly hökümdaryň öňünde «gonak» tansyny oýnasy gelmedikleriň hersi bir tarapa dargady. Her kim öz rysgyny bir ýerden gözledi. Kyssamyzyň dowamynda ýaňzydyp geçişimiz ýaly, kim söwda ulaşdy, kim kärhanajyk açdy, kim daşary ýurt firmalaryna işe durdy, birnäçeleri bolsa maşgalalarynam alyp özlerini daşary ýurtlara atdylar. Men ýaly hiç zada-da baş goşubilmän, goşaýanda-da başarman, öz gününi özi görjek bolup, gark bolmazlyk üçin çyr-çytyr döwrüň çaýyryndan-çöpünden ýapyşyp, jansereklikde geçirenleriň-ä hetdi-hasaby galan däl bolsa gerek. Şeýlelikde, döredijiler bolan biz biri-birimizi görmeýärdik, ahwallarymyzdan bihabardyk. Baryş-geliş galypdy, şowhunly oturyşmalar ýat bolupdy. Her kim gara güzerany bilen başyna gaýdy. Käte bir toý çakylygy geläýse-de, elimiz boş bolansoň gidenimizden gitmänimizi kem göremizokdyk. Ýas bolsa welin gitmän bolanok. Ýöne, ýas-ýas bolýar. Ol ýerde oňa-muňa duşaýanyňda-da soraşyp-ideşip gep nokatlaşyp durara wagtam ýok gelşiklem däl. Her kim ýüzüni ýerden asyp gabaklaryny sallap dur. Özüňem şolaryň biri. Ýöne, her niçik hem bolsa bir şäherde ýaşap ýöreniňden soň seýregrägem bolsa, ýolda-yzda oňa-muňa duşýadyk. Bir gyra çekilip saglyk-amanlyk soraşýadyk, derdi-hal aýdyşýaň. Şonda, düýn-öňňünki gyzyleňek, gara saçly, gözleri jalahlap duran, dişleri jöwher ýaly berdaşly durmuşda özlerini gözläp ýören jahyllaryň gollaryny nirä bukjaklaryny bilmän, ýaýdanyşyp, aýaklaryna taýly gezek agram salşyp, öňüňde sölperişip duruşlaryny görüp erbet bir hala düşýäň. Ýüregiň «jigläp», iniň «dyglap» gidýär. Käbiri çal, käbiri ap-ak saçly kelleler bolsa, seň berýän soraglaryňa jogap hökmünde dygysyz saňňyldaşýarlar. Gemmik-sümmük dişlerini gizlemekçi bolýan ýaly mümkingadar ýylgyrmazlyga çalyşýarlar. Düýn-öňňün guma, ýatymlyk oduna gidip, ýap-ýaňyja dolanyň gelen ýaly näme üçindir hemmesiniňem ýüz-gözleri çaňjaryp dur. Gözleriniň öňki röwşeni ýok. Öçügsi. Atymy haýal. Öňküleri ýaly gollaryny bulaýlaşyp çasly gepläbermeýärdiler. Asla-da geplemäýärler diýen ýaly. «Seň görjek bolýan ýaşlygyň ho-ol ýerlerde galdy, gardaş», diýýän ýaly ahmyrly gözlerini gözýetimden aýrybilenoklar. Hoşlaşjak wagtlaram dogabitdi täbik adam ýaly aýaklaryny ýerden süýräp, yrgyldaşyp ugraýarlar. Edil, bir ýere gidip, ine, indem garrap gelen ýaly. Olaryňam meni synlaýandyklaryna, maňa-da edil özlerine berýän bahamy berýändiklerine bolsa şek-şübhe ýok. Gepiň gysgasy, beýan edilen döwür biziň döwürdeşlerimiziň, hususan-da dörediji deň-duşlarymyzyň ýaşlygyny ogurlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |