00:18 Türkmenhalar reñk | |
●Kökler
Edebi makalalar
TÜRKMENHALAR REŇK Türkmenlerde şeýle rowaýat bar. Bir aýalyň ýedi ogly bar ekeni, ýedisi-de urşa gidip, söweşde gurban bolupdyr. Matam tutup ýörşüne Ene bir üýtgeşik haly dokap, oňa ýürek hesretini çiňdirmekçi bolýar. Üç ýyllap dokaýar. Hala diňe üç reňk beripdir. Halynyň gürrüňi köşge ýetýär. Patyşa ol aýaly dokan halysy bilen getirmegi buýurýar. Getirýärler. Patyşa enä ýüzlenip: “Men uruşda ýeňiş gazandym, seniň bu halyňda ýeňşiň dabarasyny, buýsanjyny göremok, gaýta gam gussa batyrýar” diýipdir. Ene patyşa jogap beren: “Seniň ýeňişiň diňe saňa şatlyk, buýsanç getirendir, meni betbagt etdi, ýedi oglumy ýitirdim. Bu gyzyl reňk-ýüregimiň ýarasy, gara reňk-gözýaşym, hasratym, ak reňk-eneleriň buýsanjy”. Patyşa buýsançly enäniň gözüni oýdurýar. Batyl ene sungatyny gyzyna öwredýär, hünärini nesillere nusga galdyrýar. Halydaky üç reňke, olaryň beýanyna üns berensiňiz. Indi “Mif we simwol” diýen kitapdan şeýle setirleri okaýarys: “Miflerde berlişine görä, dünýäniň döremegine sebäp bolan gyzyl ýumurtga üç reňkde bolupdyr. Ýokary bölegi ak (asman), orta bölegi gara (ýer), aşaky bölegi gyzyl (ýerasty dünýä). Türkmen rowaýatyndaky üç reňk gadymy mifdäki reňklere gabat gelýär. Belki olaryň manysynda-da nähilidir bir gabatlaşma bardyr? Gyzyl reňk ýerasty dünýäniň reňki diýilýär. Biz ýerasty dünýäniň reňkini esasan, wulkanlardan dömüp çykýan otda görýäris. Ol köräp ýanýan közüň reňki ýaly gyzyl, has takygy oraýany. Ýaranyň reňki-de gyzyl. Enäniň ýürek ýarasyny, dogrudanam, ýerastyndan dömüp çykýan oduň reňkine meňzetse bolar. Gara reňk ýeriň reňki diýilýär. Ol eneleriň hesretinden, gözýaşyndan, perzentleriň dökülen ganyndan garalypdyr. Ýüzi gaýzygan ýara-da garalýar. Wulkan öçensoň daşary zyňylan magma-da garalyp, ýeriň bölegine öwrülýär Ak reňk asmanyň reňki diýilýär. Ak reňk asmana eneleriň buýsanjy diýilmeginiň tötänden däldigini gadymy miflerden habarly adam bilýändir. Asmana Beýik Aýal hudaý erk edipdir. Onuň nyşanlaryna, simwollaryna bela-beterden goraýan doga hökmünde ynanylyp, henize-bu güne deňiç aýallarymyz boýunlaryndan, gursagyndan asyp ýörler. Gyzyl reňki türkmenhalar reňk diýsek ýalňyşmasak gerek. Türkmen üçin gyzyl reňkde ýylylygyň alamaty bar. Şol ýylyny boýdan-başa halynyň süňňüne siňdirýärler. Şu aýdanymyz bilen baglylykda türkmen halylaryna salynýan nagyşlaryň äheňlerini öwrenen sungatşynas Ponomarýewiň pikirine salgylanmak ýerlikli bolar. Gyzyl reňkiň agdyklyk etmeýän halatynda-da keseden syn etseň halynyň tutuş süňňi gyzyl öwsüp duran ýaly görünýär. Bu täsin alamaty sungatşynas aşaky deliller bilen düşündirýär. Birinjiden, gyzyl reňk beýleki reňklerden has görnükli, ol ýiti duýulýar. Ikinjiden, bu reňk reňkleriň umumy sazlaşygyny döretmekde aýgytly rol oýnaýar, ol halynyň durkuna ýylylyk çaýmak üçin örän amatly. Ýylylyk zerur şert, sebäbi halynyň süňňi ýüňden emele gelýär, onsoňam ol öýlere ýylylyk bermeli düşek, bezeg. Gyzyl reňk türkmenleriň düşünjesine laýyk alamatlaryny aýtsak, adamyň damarda akýan gyzyl ganam bedene ýylylyk berýär. Gan dursa, jan durýar. Gyzyl gülälekler guranda çölde ýaz gutarýar. Gyzaryp dogan Gün gyzaryp ýaşýar, gyzaryp ýaşýanlygy-da onuň ömrüniň dowamlylygyndan, ertir ýene dolanjaklygyndan bir alamat. Ýigitleriň dony, guşagy gyzyl, gyzlaryň ketenisi, çabydy gyzyl, gelinleriň mahmaly gyzyl. Gyzyl reňk juwanlygyň alamaty, adam garradygyça gyzyl reňkden daşlaşýar. Hindistanda çaga dogmaly öýüň gapysyna spiral görnüşli gyzyl çyzyk çekýärler. Ol erkekleriň ten gatnaşygyna güýç berýän ýylanyň nyşany. Bu nyşan çaganyň sag-aman dünýä inmegine ýardam etmeli. Gyzyl reňkiň bu ýerde-de juwanlyga dahylyny görýäris. Türkmenler: “Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz dogany bolmasyn, gyz dogany bolsa-da gyzyl ýüzi solmasyn” diýýärler. Gyzyl reňk gaýratlylygy, namysjaňlygy, mertebe belentligini aňladýan alamat. Gadymy Rimde uruşdan ýeňiş bilen dolanyp gelýän goşuny Kapitolini dabaraly garşylanlarynda serkerdäniň ýüzüne gyzyl reňk çalypdyrlar. Gyzyl reňk ýerasty hudaýynyň reňki. Ol hudaý söweşjeňligiň, urşuň simwolyna öwrülýär. Dürli döwürde dürli halkda erkeklik güýjiniň, çakganlygyň, uruş batyrlygynyň, sagdynlygyň, awçulygyň, söýgüniň, häkimligiň, ýyldyrymyň alamatyny aňlatmakda gyzyl reňk saýlanyp alnypdyr, sebäbi, bu häsiýetleri köplenç ýerasty hudaýynyň kulty bilen baglapdyrlar. Ýokarky häsiýetleri özünde jemläp biljek türkmen ýigidiniň keşbini göz öňüne getirjek boluň. Meniň ynanjyma görä, ony gyrmyzdonsyz göz öňüne getirmek çetin bolsa gerek. S. Muhammetberdiýew hala salynýan türkmen nagyşlarynyň proporsiýasy hakynda ýazan ylmy makalasynda gölüň içindäki ikinji göniburçlukda iki reňkiň: gyzyl bilen garanyň gezekleşip gelýändigini aýtmak bilen, gyzyl reňkiň ýaşaýyşyň alamatydygyny onuň damardan akýan ýyljak ganyň reňkinden görnüş alýandygy bilen düşündirilýär. Gara reňk ýasyň reňki, topragyň reňki. Guma-da gara diýipdirler:Garagum. Gan goýalanda garalyp başlaýar, guranda hüýt-gara. Öleniň jesedini topraga duwlaýarlar. Diýmek, göniburçluga nagyşyň çuň filosofiýasy siňdirlipdir. Oňa ýaşaýşyň hem ölümiň filo- sofiýasy diýmeli. Bu iki ahwalatyň nobaty bilen gelip durýandygy, olaryň biri-birinden üzňe däldigi hakyndaky düşünje adam üçin hemişelik. Bu dialaktiki baglanyşyga dünýä medeniýetinde gabatlaşmalar bar, onuň bir mysaly-da Ýan we In diýen gadymy hytaý simwolydyr. Häzirem türkmenleriň arasynda ötenleriň adynyň nesillere bermek däbiniň dowam edip gelmegi ýokarda bellenen filosofiýanyň aýrylmaz bölegidir.Türkmenler häzirem betbagtlygyň, binamyslygyň alamaty hökmünde “gara” sözüni ulanýarlar: ýüzügara, gara başym, gapysy garalyp gady, gara ýere duwlandy, garamaňlaý, ga- ranebis... Ýöne türkmenler üçin gara reňk ýasyň alamaty däl, ýasda gara geýinmeýärler, merhum tabyda goýlanda üstüne köplenç gyzyl parça, ýaglyk atylýar, aşagyna düşek hökmünde haly düşelýär. Hindi arylarynda ölüm hudaýyna Ýama diýilýär, geýim reňki gyzyl. Gadymkylar Gün batanda asman gyzarmasyny öldürilen sugun gany diýip düşünipdirler. Futbolyň döreýşi hakyndaky miniatýuradaky sugunyň ýerasty dünýäden Güni alyp gaçyp asmana göterlişini ýatlaň. Ýerasty hudaý ýene Güni yzyna alyp gaýdýar. Pelek aýlanyp dur... Tirkiş JUMAGELDI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |