20:20 Türkmenistan we Müsür | |
TÜRKMENISTAN WE MÜSÜR
Taryhy makalalar
Biz dürli halklaryñ medeniýetiniñ arasyndaky meñzeşligiñ olaryñ biri-biri bilen garyndaş bolýandygyna hemişe şaýatlyk etmeýänligini bilýäris, çünki olar ýakyn bolan jemgyýetçilik-ykdysady gurluşyñ ýa-da meñzeş tebigy şertleriñ, ýa bolmasa adamzat añynyñ belli bir kanunalaýyklygyna görä, ýüze çykyp biler. Ýöne gürrüñi edilýän Türkmenistan bilen Müsüriñ arasynda gadymy döwürde etno-medeni gatnaşyklaryñ bolanlygynyñ tarapdary bolýan käbir zatlar bar. Muña şaýatlyk edýän delil hökmünde ýewropeid jynsyna degişli, Ortaýer deñziniñ wekili bolan türkmenleriñ dolihpsefal (uzyn kelleli) keşbini görkezmek bolar. Antropologiki barlaglaryñ netijesinde türkmenleriñ Ortaýer deñziniñ boýunda ýaşaýan halklar bilen meñzeşligi alymlaryñ öñünde entäk çözülmegine garaşylýan meseläni goýdy. Baryp 1926-njy ýylda professor H.Brýullowa-Şaskolskaýa Amyderýanyñ kenarynda ýaşaýan türkmenleriñ medeniýetini öwrenip: ''Türkmenistan umumy ylmy nukdaýnazardan çuññur gyzyklanma döredýär'' diýip tötänleýin bellemedi, çünki onuñ çäginde gadymy medeniýeti bolan Assiriýanyñ, Parsiýanyñ, Hytaýyñ we beýleki döwletleriñ kökleri ýüze çykarylýar. Her ýylda neşir edilýän ''Medeni gymmatlyklar'' atly halkara £urnalda türkmen sungatyny öwreniji Ç.Esenowyñ ''Gurjak oýny-bol hasylyñ dini tansy'' diýen makalasynda biziñ günlerimize çenli gelip ýeten türkmenleriñ ''gurjak oýnuny'' Gündogaryñ gadymy ýurtlarynyñ dini däpleri bilen deñeşdirýär. Makalanyñ awtory 1985-nji ýylda Lebap welaýatynda toplan materiallarynyñ syrynyñ diñe gündogaryñ mifleri we dini däpleri bilen deñeşdireniñde aýan bolýandygyny belleýär. Ol aýratyn hem: ''Gadymy döwürlerden bäri Gündogarda Merkezi Aziýanyñ, Hytaýyñ, Hindistanyñ we Günbatarda Alynky Aziýanyñ we Müsüriñ arasynda medeni alyş-çalşyñ bolandygyny ýazyp,bu gatnaşyga dahylly käbir medeniýetiñ bölekleriniñ Orta Aziýa halklarynyñ halk döredijiliginde saklanandygyny'' beýan edýär. Ç.Esenow türkmenleriñ dini aýdymlary, tanslary, sazlary hakynda gürrüñ bermek bilen türkmen - müsür medeni gatnaşyklaryna aýratyn üns berýär. Ol Orta Aziýa halklarynyñ aýdym-sazlaryny has oñat bilýän W.W.Belýaýewe salgylanmak bilen iki kirişli türkmen saz guralynyñ müsür baralýeflerinde saklanyp galan suratyna görä, bu saz guralynyñ biziñ eýýamymyzdan soñky III we II müñýyllyklarda Müsüriñ we Türkmenistanyñ ilatynyñ arasynda giñden ýaýrandygyny ýazýar. Mysal üçin Ç. Esenow: ''Dini aýdymlar aýdylanda türkmenleriñ we müsürlileriñ arasynda belli bir meñzeşlik bar. Aýdymçy öz eline gulagyna, ýañagyna, bokurdagyna goýýar. Bu hereket sesiñ has oñat gaýnap çykmagyny ýeñilleşdirýär...'' diýýär. Bu däbi türkmenleriñ arasynda gyz-gelinler läle kakanda ýakyndan synlap bolýar. Türkmenleriñ we müsürlileriñ jadyly tanslarynda-da meñzeşlik bar, aýratynda müsürlileriñ ''iminti'' atly ýas tansy edil türkmenleriñ ''çapak'' diýen ýas tansy ýaly diñe aýallar tarapyndan depregiñ sazyna goşulyp ýerine ýetirilýär. Ç.Esenow ''Misrian'' (Balkan welaýaty) we ''Müsür'' (Lebap welaýatynda ýerleşýän oba) diýen sözleriñ gelip çykyşyna ünsi çekýär. Öñem belleýşimiz ýaly türkmenleriñ ''gurjak oýny'' atly tansy müsürlileriñ tansyny ýatladýar. Mysal üçin, faraonlaryñ XII neberesinden bolan Senusertiñ köşk adamsy Sinuheta ýazan hatynda: ''Seniñ kümmetiñ gapysynda garsaklaryñ tansy ýerine ýetiriler'' diýilýär. Müsüriñ mifologiýasynda garsak şertli arwah diýlip atlandyrylýar we çagalary goraýan hasaplanýar. Arheolog Hemra Ýusubow 1985-nji ýylda Uzboýyñ sag kenarynda (Demirgazyk-Günbatar Türkmenistan) gadymy guburlaryñ birinden müsür faýansyndan ýasalan asma şelpäni tapýar. Bu asma şelpäniñ ýüzünde Müsüriñ sakgally hudaýy arwahyñ şekili çekilipdir (boýy 3,5 sm). Hemra Ýusubowyñ belleýşi ýaly: ''Şeýle heýkeller Müsüriñ ähli döwürleri üçin mahsusdyr''. Arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilen beýleki ýerlerden tapylan müsür hudaýlarynyñ guýruklary ýok (diñe birinde az-kem sallanyp dur) emma Uzboýdan tapylan şelpäniñ ýüzündäki arwahyñ uzyn, egrelip duran guýrugy bar. Türkmenleriñ ajaýyp zergärçilik sungatynda müsür mifologiýasyna gabat gelýän meñzeşligi görmek bolýar. Belli rus zoology B.S.Zaletaýew 1979-njy ýylda türkmenleriñ käbir dagdanlarynyñ Türkmenistanyñ ähli ýerlerinde gabat gelýänini öz ylmy işinde ýazýar. Ýöne Müsürde bu tomzak aýratyn hormat goýulýan dini jandarlaryñ hatarynda bolupdyr. Biziñ eýýamymyzdan ozalky III-II asyrlarda Müsürde tomzagyñ şekili giñden ýaýrap, onuñ keşbi Güne se£de etme dinini añladypdyr. B.S.Zaletaýewiñ pikirine görä, türkmenleriñ tomzak şekilli dagdanlary deñeşdirip bolmajak derejede kyn we müsürlileriñkiden tapawutlanýar. Umuman, türkmenleriñ ''haýwanat dünýäsi'' bilen bagly dagdanlaryna, şeýle hem gurbaga, zemzen, pyşdyl, tomzak şekilli haly nagyşlaryna meñzeşligi gadymy Müsürde giñden ýaýran mifologiýanyñ keşplerinden tapmak bolýar. Öwrenilen taryhy çeşmeleriñ ählisi türkmen medeniýetiniñ köküni diñe Merkezi Aziýanyñ çäginde öwrenmeli däldigini subut edýär. Mysal üçin, Türkmenistanyñ çäginde eneolit we bürünç eýýamlarynda zenan we erkek hudaýlarynyñ birgidenine se£de edilipdir. Bu bir tarapdan Türkmenistany gadymy Gündogaryñ umumy gurluşyna goşmaça esas berýär. Gadymy eýýamyñ ähli döwürlerinde Merkezi Aziýadan Orta we Ýakyn Gündogara hem-de yzyna halklaryñ köpçülikleýin göçenligi baradaky pikir ylymda birnäçe gezek aýdylypdy. Baryp antiki döwürde halklar öz gelip çykyşlarynyñ gadymylygy barada biri-birleri bilen jedelleşipdirler. Rim taryhçysy Pompeý Trok türkmenleriñ ata-balary bolan skifler hakynda gürrüñ berip: ''Skif tiresi hemişe gadymy hasaplanypdyr, ýogsam skifler bilen müsürlileriñ aradynda haýsysynyñ gelip çykyşynyñ gadymylygy barada jedel bolupdy... Skifler müsürlilerden üstün çykdylar we olar hemişe gelip çykyşy boýunça gadymy hasaplanypdy'' diýip ýazýar. Gadymy döwürde Türkmenistanyñ ilatynyñ ynam bilen günbatara tarap süýşüp, Müsüre çenli ýetenligi bellidir. Diñe türkmen tireleri Ýewropanyñ we Aziýanyñ halklaryny bedewiñ aýratyn tohumy bilen tanyşdyrypdyrlar. Akademik W.O.Witt: ''Ahalteke bedewleri Assiriýanyñ, Müsüriñ, Elladanyñ beýik ussatlarynyñ döreden şekillerinde baky galan parasatly bedewlerdir'' diýip ýöne ýere ýazmaýar. Müsürde hatda skif milletine degişli ''tahor'' diýen at hasaba alnypdyr. Bu at häzir hem türkmen dilinde ''togar'' diýen manyda bar. Ramses III (1200-1168 ý. ý.) belli ýazgysynda ''tahor'' diýen söz ''takkeri'' manyda gabat gelýär. Gündogary öwreniji H.Heningiñ pikirine görä, diñe tahorlar biziñ eýýamymyzdan ozalky III asyrda gadymy gündogaryñ zulum ediji düzgünini ýumrujy bolupdyrlar. Biziñ eýýamymyzdan ozalky I asyryñ ortalaryndaky çeşmeler Orta Aziýa halklarynyñ Müsüre aralaşandyklaryny ýazýarlar. Baryp biziñ eýýamymyzdan ozalky V asyrda Nil aýlagy bolan Elefantinada ahemenid garnizonynyñ düzüminde horezm goşunynyñ bolanlygy görkezilýär. Orta asyrlarda bu ýagdaý düýbünden üýtgeýär. VII asyrdan başlap oguz, gypjak, hazar tirelerinden bolan harby harby serkerdeler Müsürde esasy roly ýerine ýetirýärler. XIII asyrda esasan oguzlardan we gypjaklardan düzülen müsür soltanlarynyñ gwardiýasy döwlet agdarylyşygyny amala aşyrýar. XIII ㅡ XVI asyrlarda ''memluklar'' ady bilen belli bu gwardiýa Müsüri hiç hili çäklendirmezden dolandyrypdyrlar. Müsüriñ birinji memluk soltany Aýbek ㅡ Türkmen bolýar. Ýokarda aýdylanlardan çen tutup, Türkmenistan we Müsüriñ arasynda edil beýleki Gündogar ýurtlarynyñ arasynda bolşy ýaly etno we medeni gatnaşykar (gadymy döwürde bolşy ýaly orta asyrlarda hem) bolupdyr. Bu gatnaşyklar antiki döwürden başlap, haçan-da, Beýik Ýüpek ýoly Gadymy Dünýäniñ ähli ýurtlaryny birleşdirende has hem ýygjamlaşypdyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW, professor. # "Diýar" žurnaly, 2005 ý. No: 1. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |