11:15

Türkmenler we Demirgazyk Afrika halklary

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 493 | Добавил: Jeksparro | Теги: Öwez Gündogdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Jeksparro  
405
Käbir awtorlar gelip çykyşlary boýunça türkmen bolupdyrlar. Biz mamlükleriñ goşunynyñ düzüminde köp sanly türkmenlere garyndaş bolan gypjak we alan esgerleriniñ bolandygyny inkär etmeýäris, emma mamlükleriñ esasy düzümini ähli ilkinji mamlük soltanlaryndan çykan oguz türkmenler düzüpdir.Haçanda 1260-njy ýylda soltan Beýbars döwleti dolandyrmagy öz eline alanda, onuñ ýanyna Kaire Hulagu hanyñ ilçileri gelipdirler we soltandan mongol ilhanlarynyñ häkimini ykrar etmegi talap edipdirler.
Az-Zahir Beýbars mamlük goşunynyñ başynda ýörişe girýär we Ketbuga naýonuñ ýolbaşçylygyndaky mongollary derdi-dagyn edýär. Mongollar beýle aýgytlaýjy ýeñlişi heniz görmändir. Öz adyny şöhrata besläp, Beýbars ýeñiş gazanýan goşunyny haç göterijilere tarap äkidýär we olaryñ çozuşyny togtadýar. Arap dilli we pars dilli awtorlar haýran galmak bilen ''Daulat at-türk'', ýagny türküleriñ döwleti barada ýazypdyrlar. An-Nuaýriniñ maglumatlaryna görä, ''şol bir daulat at-türki ilki ilkibada Müsür ýerinde döredi, soñra Şam, Aleppo welaýatlaryna we Ýewfrat derýasyna çenli ýaýrapdyr. Ortaýer deñiz galalaryny özüne boýun egdirip, ol Rumuñ araçäklerine barypdyr. Oña Ýemen we Hijaz giripdir''(26).
Beýbars Kaire bagdad halyflarynyñ abbasylar dinastiýasyna bir agzasyny äkitmäge ýetişýär (maşgalanyñ hemmesi diýen ýaly ilhanlar tarapyndan jezalandyrylýar) we ony Al-Mustansir ady bilen täze halyf diýip yglan edýär. Öz gezeginde, Beýbars resmi taýdan täze ''musulmanlaryñ hökümdary'' diýen täze ady we ''yslam ýurtlaryna we basyp alan ýerlerine eýelik etmäge'' hukuk alýar.
Mongollar tarapyndan basylyp alnan ýerlerden Müsüre dürli tarapdan oguz we gypjak esgerleri gelipdirler hem-de beýik yslam döwletiniñ baýdagynyñ astynda durupdyrlar.
Soltanyñ özi Bagdady mongollar basyp alandan soñ, täze howpsuz ýollary gözleýän Italiýanyñ we Ispaniýanyñ täjirleri bilen söwda ylalaşyklaryny baglanyşmak bilen meşgullanypdyr. Beýbars döwründe esasy söwda ýoly Hindistandan, Uzak Gündogardan we Afrikadan Ýewropa Müsüriñ üstünden geçipdir. Kairde dünýäniñ ähli künjünden täjirleri gildiýalary döredipdirler. Soltanlyk ähli söwdany gözegçilikde saklapdyr, aralykda durup ummasyz girdeji we gümrük salgydyny alypdyr.
Bu delilleriñ ählisine esaslanyp, alym I. M. Filştinskiý şeýle ýazýar: ''Beýbars, gürrüñsiz, zehinli döwlet ýolbaşçysy we batyr serkerde bolupdyr. Onuñ döwründe gysga wagtlyk bolsa-da asyrlar boýy dowam eden bulagaýçylyklardan we içerki uruşlardan soñ, Müsürde we Siriýada tertip-düzgün peýda bolýar. Ekerançylyk we söwda baradaky aladalary bilen, ol ýurduñ maddy hal-ýagdaýyny ýokary galdyrmagy başarýar . . . ýaşaýjylaryna oñşuk ederli ýaşaýyş bilen üpjün edipdir. Onuñ harby ýeñişleri hem beýik bolupdyr ㅡ ol haç göterijileri togtatmagy başarýar, olary erbet ýeñlişe sezewar edýär, mongollaryñ Müsüre çozmagynyñ öñüni alýar, sebäbi ol, Bagdatda bolup geçen wakalardan görnüşi ýaly, hakykatdan hem ýurt üçin erbet bolardy''(27).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]