17:36 Tüýt-müýt edýän pikirler | |
Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Şenbe, 06.07.2024 ý. Käbir nakyllar hakda oýlanýaryn. Aýtmaga gep tapman durkaň ýa-da uzak gepläbem düşündirip bilmejek ýagdaýyňy bir agyz söz bilen hal edip bilýärsiň. Janyň hez edäýýär. Aýdym ýaly bir zat nakyl diýenem. Dilimizde aňladylyşyny tapmadyk bir sözüm bar. Total diýdimzorlyga gabat gelen garyp adamlar, ejiz adamlar bolupdyr bi-ir zamanlar. Bolýara-a şeýle ýagdaýlar. Häkimýetler tarapyndan adalatsyzlyga duçar bolan adama, ölseň öläý diýlen ýaly «Eneňi kazy zorlasa, arzyňy kime aýtjak» diýýärler. Tüýs ýerine düşmedik, tap dogry aýdylan nakyl. Gadymyýetde kazylar gaty adalatsyz boldularmyka?! şeýle bolaýdymyka? Obamyzda Hally porhan diýen bir kommunist bardy. Nirde işan-hoja barada gürrüň gitse ot alaýýady bende. Uly märekde dagy ýeke dyza münüp oturşyna: «Palanyňy palan edýinki by işan-mollalary Lenin babam Sibire sürgün edip ýaman dogry eden eken. Bolmasa dagy bylar ilde-günde gyz-gelin goýman heleý edip boljakdylar. Her haýsysy 4-5 den alyp. Aýaklaryna dagy mesi geýýänleriniň sebäbi, aýagyň ýylyja bolsa, jynsy hyjuwyň beter güýçli boluberýän eken. By sadagasy gitdiklerim onsaň öýüňde gelniňem bolsa, gyzyňam bolsa göz gyzdyryberýän ekenler» diýip gygyryp gürrüň berýärdi. Emma bu meseläniň bir tarapy, beýleki tarapynda işan-mollalarymyz sözüň doly manysynda halkyň görer gözi, akyl-paýhasy bolup çykyş edipdiler. Sowetler hem şonuň üçin olary total derejede ýok edipdiler. (Тотальное истребление.) Şeýle agyr ýagdaýlarda haksyzlyga duçar bolup galan adamlar, ýokardaky nakyly aýtmakdan başga näme alajy bar? Ýene gaýnatam pahyryň aýdyp beren bir rowaýaty ýadyma düşýär: «Öňem bir baý bar eken, hemişe bolşy ýaly baýyň garyp goňşusy, garyp goňşusynyň hem owadan aýaly bar. Baýmy dek oturjak. Garyp pahyryň ýeke buýsanjy gözel görkli aýalyny elinden almak üçin pyrryldak baryny gurýar. Garyba iş buýrup, uzak bir ýerler goýberip baryberýärmiş aýalynyň ýanyna. Garybyň baý agasyndan ýedi ogly bolupdyr. Ýedi oglan degenek deý ýigitler, basan ýerinden ot çykýan oglanlar. Baý bolsa wagtyň geçmegi bilen garrapdyr, indi öňki ýaly baýlygy, gurgunlygy hem ýokmuş. Onsaň günlerde bir gün baý bir wagtky garyp goňşusynyň ýanyna baryp ikelläp salamlaşyp, «Essalawmaleýkim ýedi ogully baý aga» diýipdir. Goňşusy hem, «Waleýkim essalam azaby reýgan aga» diýip jogap beripdir. Baý aňk-taňk, lal-jim bolup galypdyr. Görüp otursa garyp goňşusy bolýan zatlardan uzyn ömrüne habardar ekeni, özüniň ogullarynyň baýdan bolandygynam bilýän eken. Garyp bende binamyslyga salyp, hyrçyny dişläp ýören eken.» «Eneňi kazy zorlasa, arzyňy kime aýdarsyň» diýen nakyldan soň bu rowaýaty aýdyp berip edip oturan oňaýsyz gürrüňimi tamamlasym gelýär. Düşünýän okyjy aňlandyr. Her bir edilen adalasyzlygyň aňrysynda älem-jahany tertipläp duranyň özüniň bir adalaty bardyr. Kalbymy tüýt-müýt edýän pikirleri tertipläp bilmän oturşyma «Ýerde ýetim aglasa, asmanda Mälik aglarmyş» diýen ýadyma düşýär. Ýöne bu indi başga bir gürrüň... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |