17:14 Übtüjekler / kinniwanja kyssajyklar - Ikije igde | |
Dört-bäş ýaşly oglanjyklar iki tirkeş bolup öýe kürsäp uranlarynda, ejesi ortada duran süýjüdana elini uzatdy-da, süýjüden öz oglun-a bäş-alty sanysyny, gapdalyndaky ýoldaşyna-da üç-dört sanysyny berdi.
Hekaýalar
Ýüň jorap oturan gaýyny: “Haý duraweri!” diýmäge ýetişmänkä-de, bezzatlaryň ikisem zut gitdiler. “Hyk-çoklap” ýerinden galan garry, eline iki-üç sany süýjüni aldy-da, oglanjyklaryň yzyndan çykdy. Gelin özüniň biygtyýar eden işine müýnürgejek boldy. Sähel wagt geçip-geçmänkä-de garry yzyna dolanyp geldi. Ýerine geçip oturybam, garrylara mahsus igenjeňräk äheňde gelnine nesihat berip başlady. -Guzym, elbetde senem bilgeşleýin edýänem dälsiň. Sebäp diýseň, iki-üç sany süýjüni artyk bereniň bilen garyp düşmejegizem belli. Bü ýaňky edeniň adamyň mahsuslygy. Her kim özünden önen balasyny hemişe-de özgäňkiden artykmaç tutagan bolýar. Bu adamzat tohumynyň, hasam aýal tohumynyň zanny-ýasawyna guýlan zat. Ýöne, gyzym, ine meniň…-diýip garry, nirede otursa-da, nirä gitse-de ýanyndan aýyrmaýan çaklaňja torbasyna elini sokdy. Ondan iki sanyjak, külembikäň ululygyndaky, sap-sary igdäni çykardy-da, gepini dowam etdi:-Şü iki däne igdäni näme üçin ýanymdan aýyrman ýörenimi bilýäňmi?! Biler bolsaň köşegim, men ejem pahyrdan ir galdym. Ýaňybir iki ýaşap-ýaşamankam garahassalyk degip aýrylypdyr, görgüli… Garry ene sözüni böldi-de, misli ejesi ýadyna düşüp bozulan dek dem salym muňalyp oturdy, soňam bogazyny assaja arçap ýene-de gep ýumagyny çözläp ugrady: -Ähem-ühüm…Onsoň kakam pahyr gaýtadan öýlendi. Soň bir ýyl geçip-geçmänkä öweý ejem pahyrdan jigim boldy. Dogrusyny dogry aýdaýyn, ejeligim pahyr zulum etdi ýa-da jigilerimden saýry tutdy diýsem, Hudaýyň öňünde agyr günä gazandygym bolar. Görgülä hemişe-de: “eje” diýerdim, özümi dünýä inderen mähriban ejemden kembaha-da garan däldirin hiç haçanam. Ýöne, şü anyk ýadyma ýelmeşip galypdyr, bende, ýaňky seniň edişiň ýaly, her gezek jigim ikimiziň etegimize ine şular ýaly…-diýip garry ene, mürşüjek, gasyn-gasyn aýasynda saklap duran iki sanyjak igdesini görkezdi:-igdeden bir gysymyny guýanda näme üçindir jigime berýäni hemişe meniňkiden köpräk çykýardy. Onsoň menem, näme, mön çaga-da. Ýeri şol pille ýüregimdäkijäni aýdyp: “Eje, maňa igdäni jigimiňkiden az berýäň-ä!” diýsem, ejem bende şol döwrüň bol çöpi bolan igdesini gysganmag-a beýle-de dursun, gaýta ör-gökden gelip, ýene-de etegime bir gysymyny artykmaç guýjakdygam, indi häzir-ä köre hasa welin… Elbetde şol döwürler gögele göwnümdäki kinäni açyk aýtmaga, nämedir bir zatdan ýaýdanan bolandyryn-da. Ýogsa o bende kakamyň gazabyndan eýmenip, üstesine özüme-de dözmän, maňa kän bir jigilerime edişi ýaly, abyr-zabyr daramazdam-la… Garry ene ýene-de az salym dymdy. Biraz oýurganandan soň ýene-de pessaý äheňde geplemäge başlady: -Garaz, her gezek igde iýenimizde men öz jigim bilen etegimizdäki igdäni deňje gutarjak bolup, şunça haýal iýýänem welin, barybir her sapar men-ä iýip bolýan, jigimiň eljagazynda-da igdesi galýar. Özem her sapar diýen ýalam onuň igdesinden köp galsa, iki sanyjagy galýandyr. Ejem bende ikimize-de doýumlyk diýibem berýärdi welin, onda-da şol jigimiň elinde galýan ikije igde meniň gözüme şeýlebir datly hem elýetmez görnerdi… Garry uludan demini aldy-da, aýasyndaky ikije igdäni ysgady. Soňam olary emaý bilen torbasyna saldy. Soň körjümek gözlerini ýumjukladyp, äýnegini düzetdi. El işine ýapyşdy. Birsellem sesini çykarman, endikli ellerini gözilmez çaltlykda ýöredip, jorap ördi. Birdenem sesini çykarman ýanynda oturan gelnine gözüniň gyýtagyny aýlady-da hümürdedi: -Aýal tohumynyň bolşy şeýle-dä, guzym! Her näçe özüne erk edýändirin öýtse-de, özüniňkini özgäňkiden, iň bolmanda özünden biygtyýar saýry tutar welin, hökmany ýagdaýda özüniňkiň-ä özüniňkidigini, özgäňkiňem özgäňkidigini iň bolmanda özüne bildirip galar… Ine şondan bärem haçan görseň, göwnüme bolmasa şol ikije igdäm ýetmeýän ýaly bolup, olary ýanymda göterip ýörün. Könelmänke-de çaý bilen içýän-de, torbama täzesini salýan. Ýene-de birje jübtüni… Ýöne, guzym, üstümde Allam bar! Eger çynym, kakamdanam, ejemdenem, jigilerimdenem o dünýe bu dünýe ýüz-de-müň yrzadyryn… Saňa-da gyzym, muny aýdýanym, ýalançyda şunuň ýaly zatlaryňam bolaýýanyny biläýgin diýdigim-dä… | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 20 | 1 2 » | |||||||||||||||
| ||||||||||||||||
1-15 16-20 | ||||||||||||||||