13:33 Übtüjekler / kinniwanja kyssajyklar - Müýn | |
Bazaryň duralgasyndan ýola ugramak nobaty ýetip, mikroawtobusyny münüşhana goýan dessine, yzky gapysy açyldy-da, 16-17 ýaşlaryndaky şilliň uzyndan gelen hor ýigdekçe mündi. Iň yzky oturgyjyň penjire tarapyna geçip jaýlaşdy. Gulagyna telefonyna dakylan gulaklygyny dykmaga çemelenip durşuna-da, jahyllara mahsus gödeksi, döwük sesi bilen:
Hekaýalar
-Şopur aga, men Büzmeýine giren ýeriňde düşjekdirin-how! Ýakynlamyzda aýdawergin-ow! Geçip ötäýitmegin!-diýdi-de, sürüjiniň jogap bererine-de garaşman, gulaklygyny dykyp, arkan gaýyşdy-da, dar ýerde bolşuna görä ýazylyp-ýaýrap, gözlerini ýumdy. Öňem uzakly gün şäherarasynda kireý edip, gijara çenli julky çykan, indem: “Şü gezegim-ä iň soňkym bolar. Onnoň-a öýe gaýdyp, aýagymy uzyn salyp mazaly dynjymy alaryn!” diýip içinden peýläp oturan, kelles-ä hum ýaly çişgin, bedenem iki aý bäri aşhanada ýuwulman ulanylýan letde süpürgi kibi argyn sürüjiniň girre gahary geldi. Ýene-de köpçülik bilen işleşmäge endik edendigi sebäpli, içinden janyýangynlylyk bilen: “Göterilsen-aýt, bar, burny sümükliň biri! Berýäniň-ä bir ýeke manat, onuň üçin edýän ýoňsuz minnetiň näme diýsene?! Nä bärde seniň kesanasyna tutan oýargyjyň barmy?! Nirde düşmeli bolsa, özüňem oýanarsyň, oýanmasaňam özüňden gör! Maňa nä?! Iň ahyrky duralga-da: “Kanyçnyý wagzal! Mundan aňry otly ýöremiýä! Heniz demir ýol çekilmedik. Sebäbi diýseň demir ýol çekýänçiler-ä opuska gidipdir, rels öndürýän zawodam sanitary güne ýapylypdyr!” diýer-de, düşürer goýbärin. Şondan yzyňa gaýdyp kösenjek ýene özüňsiň-dä!” diýip käýinse-de, daşyndan kelam agyz geplemezligi başardy. Kän wagt geçmänkä ulag doldy. Ugradylar. Gidip barýarka-da ulagynyň hereketlendirijisinden aram-aram çykýan ýakymsyz sesler ony ýene-de iňkise gidirdi. Wah, eýýäm iki hepde bäri, şü janaweriň ýagyny çalyşdyrmaly diýip öz-özüne käkeläp ýör! Emma, gazanç-düşewündem bir janalgyç zat. Ýeke gün ulagyňy ussahanada goýaga-da, oňatja edip ýagyna-suwuna seretdiräýmelidir welin, şol kireýden galyp bilmän, günde “ertir-ertir” bilen, onuň ýagyny çalyşmaly möhletinden eýýäm on bäş günün-ä geçirdi. Özem çörek berýän halalja zadyňy beýle har saklamalam däl welin, onda-da şü “gara nebis” diýlen allajy gursun! A ňryňda bir gün-ä däl, iki-üç hepde hiç zada meşgullanman, iýip ýatmaga ýeterlik harjyňam bar welin, onda-da ýeke gün şonuň üstüne gündeki goýýanjaňy goýmasaň, edil ýöne böwrüňe tiken sokulana dönüp, uly derde galýarsyň! Ine, günlerde bir ugruny idemän, zaýa saklap berýän güzabyňa döz gelmezden bu janawer, duran-duran ýerinde ýanyny ýere berer! Onsoň-a garagyň gapylan ýaly, ussanyň gädiginde gögerdip, onuň ýagyny-suwunam çalyşdyrarsyň, idi-yssywatynam ýetirersiň. Gaýta, bu mahal agram salmajak çykdajy boljak bolsa, soň ýoňsuz zat harçlamaly bolmagyňam ähtimal! Äý ýok-la! Şuny ertirden gijä goýman, ýagyna-suwuna, eýlesine-beýlesine seretdirmegiň ugruna çykaýyn-la! Sürüji tä şäherara ugrunyň soňky duralgasyna çenli ulagynyň sesine diň salyp, böwrüni diňläp geldi. Ahyrky duralgada adamlary düşürýänçä mazaly garaňkam gatlyşdy. Eglenmän gaýtdy. Öýüne gelenden soň ulagyny ulaghana saldy-da, derwezesini temmeledi. Ýuwnup-ardynyp, naharyň başyna geçdi. Çaý alnyp berlenden soňam, ýadawlykdan ýaňa çaýynam ibaly içip-içmän uklap galdy. Diňe ymyzganyp barýarka, oýalyk bilen ukynyň arasynda ulagyna ertiriň özünden serenjam bermek hakyndaky ýagşy niýeti beýnisinde mäkäm berçinläp ýetişdi. Gije-de kän iňkis edineni zerarlymy nämemi gara basdy. Ine, onuň ulagy gijäniň bir wagty ulaghanada direlýärmiş-de, çyra-gözlerini dym-gyzyl reňkde eýmenç ýalpyldadyp, ulaghananyň temmelengi derwezesini bir süsende çym-pytrak edip erkinlige çykýarmyş. Bada-bat özüniň çalgy ýagy zaýalanyp giden hereketlendirijisiniň sesini gündizkisi ýaly ýakymsyz “gürrüldedip”, näme bolýandygyny görmek üçin şol pille içeriden çykan ony kowalap başlaýarmyş. Özem: -Sen-eý, şopurjyk! Häzir meniň girime il bakaly, onsoň seni edişimi bir gör! Äý ýogsa-da, özüňe, çagajyklaryňa halalja çörek berýän, meniň deý wepaly esbabyňy, şü kadar agyr derejede har tutýan bolsaň, heýem sendenem bir şopur bolarmy?!-diýip gorkunç hüňürdäp, teker-aýaklary bilen gözilmez çaltlykda ylgap her gezek yzyndan ýetende teker-eline alan ätiýaçlyk tekeri bilen onuň depesinden gürpüldedip urýarmyş. Gürp! Kellesine. Gürp! Ýagyrnysyna. Tarp! Otyrýerine. Tarp, ýene-de, kellesine… Ol bolsa her näçe jan edip, jyrrarylyp gaçsa-da, nägehan allaja öwrülen ulagyndan teý arany açyp bilmeýärmiş. -Me saňa ýagymy çalyşmasaň! Me saňa ýene-de bir gezek suwumy çalyşmasaň!-diýip ony aýagaldygyna ätiýaçlyk tekeri bilen ýençýän ulagy heýç yzyndan galman gelýärmiş… Bende bu düýşünden ýaňa gara dere batyp, howpurgap oýandy. Ilk-ä bir özüniň henizem düýşündedigini ýa-da däldigini aňşyryp bilmän, gözüni dikmaýtaryna dikip, esli ýatdy. Göwnüne bolmasa, özi entegem doly oýanman, tamlarynyň garaňky penjiresinden eli ätiýaçlyk tekerli ulagy seredäge-de: “Hä-ä-ä, gör senjagaz, ýag çalyşmazak nekgende, menden nirede, bukup ýatyň-a!” diýip gygyraýjak boldy durdy. Birhaýukdan soň onuň az-kem nepesi durlandy. Ol aýakýoluna gitmek üçin daş çykdy. Melleginiň aýagujundan yzyna gaýdyp, ulaghananyň deňesine ýetip gelýärkä-de, birdenkä onuň derwezesine nämedir bir zat “gürp-gürp” urlup, birhili guýunyň düýbünden gelýän ýaly güňleç gykylyk bilen kimdir biriniň kömege çagyrýandygy eşidildi: -Gürp-gürp-gürp…Şopur! Şo-o-p-u-u-r-r!!! Kömek edäýdä-how, şopur aga jan-n-n!...Gürp-gürp-gürp…Nirde-how sen, şopur-r-r!!! Duran-duran ýerinde mundan aňryk birje ädim ätmäge-de mejaly bolman doňup galan ulagyň eýesi, süýrdepesiniň eddiljek buýnuzagyndaky selçeň saçynyň öz-özünden dim-dik bolup dikelýändigini duýdy. Ol ilk-ä bir süňňüne inen aldym-berdimli galpyldysyna zordan erk edip, tasdanam “wägirip” ökjäni göterýärdi. Ýöne her niçigem esli ýaşap, durmuşyň birneme ajysyny-süýjüsini görüp taplanmaga ýetişen erkek kişiniň aňy, oňa bolanja erkini çugdamlamaga mümkinçilik berdi. “Äý adamyň sesi ýaly-laýt! Ulagymyň ýaňky düýşümdäki ýaly “gürrüldili” sesin-ä meňzemiýä, bü! Onsoňam eger-de bu bagyrýan ulagym bolsa, onda ol beýdip menden haraý gözläp, kömek diläp durmazdy-da, ýaňky düýşümdäki ýaly, bir omzanda ulaghanaň derwezesini petlesinden goparyp, honda zyňyp ibererdi-de, eline ätiýaçlyk tekerini alakga, eýýäm haçan meni kowalap başlardy!” diýip ol ulaghananyň derwezesine ýakynlap barşyna içini hümletdi. Ýöne her näçe özüni köşeşdirse-de, derwezäni açmaga ägirt uly howatyrlanma bilen çemeleşdi. Göwnüne bolmasa, özi derwezäniň gulpuny ýazdyran badyna aňyrsyndan düýşündäki jim-gyzyl çyra-gözli ulagy atylyp çykaga-da, ätiýaçlyk tekerini depesinden inderip başlaberjek ýaly boldy durdy. Köpden bäri ýaglanmadyk, köne derweze “jygyldap” açylanda, onuň aňyrsyndan, her gözüni lampyçka dönderip, ýagny hem-ä tes-tegelek edip, hemem lowurdadyp, häli, soňky gezek ýola gaýdanda ulagynyň iň yzky oturgyjynda oturyşyna uklap galan ýetginjek atylyp çykdy. Çykyşyna-da, tutuş arrykdan gelen şilliň uzyn göwresi bilen sandyraklap durşuna: -Şopur agam jan-aý, eliň-gözüň dert görmesin-aý! Dadyma ýetişdiň-aý, agam! Ýogsa ýaňy sop-sowuk, tüm-garaňky ýerde ýeke özüm üşäp oýandym welin, özümi ölendirin, indem o dünýä düşendirin öýdüp janym bokurdagyma geldi-aý!-diýip, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, ulagyň eýesiniň elini silkeläp, oňa ýetişibildiginden alkyş aýdyp ugrady. “Bäh, indi bü eýesizleri nädip aşaklykgan ýatyryp, öňküsi ýaly edip bolarka?!” diýip, ýetginjegi bir gulagy bilen diňleýän sürüji, kalbyna aralaşan ýeňillik sebäpli ýagşyja özüni dürsänem bolsa, henizem dim-dik bolup, dikelip duran depe saçyny aýasy bilen basyşdyryp, aşak ýatyrjak bolup, dert-azara galýardy. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |