16:51 Üçek / hekaýa | |
ÜÇEK
Hekaýalar
Ýatjak boldular. Pyt... ...etdi-de, ýaňybir gözüni süzen körpäň burunjygyna damdy. Ol gabagyny göterendenem ýene biri “pytdyldady”, göni şo taýyk. -Kaka-a! Damýa-a! Oňa düşekdeş – eýýäm çalaja ymyzganmaga ýetişen kakasy, oglanjygyň jaňsesine gözüni ýalpa açdy. -Bolýa-how, kürre! Nädýäň-aý?! Öňem-ä bi adamlarda ýürek galmady. Bolanjasynam sen myžžyk edip taşlaýaň! Gatyrganjak boldy. Bolanda nä? Körpäň nä piňine? Düşeginde dik oturypdyr-da, barmajygyny dik depesine çommaldyp, üçekden syzýan ýerini görkezýär. Turdy. Ýeňsäni gaşady. Nätmel-aý?! “Äý, şü pille, ýarygije ýeteňkirläp gelýäkä, nädeniň bom-aý?!” diýip, içini hümletdi-de, körpä baş atdy: -Süýre, han ogul, düşegiňi o jaýa! Bärigem häzir ejeňe: “aşagyna pylasmas bedre ýa-da ulurak jam-sam goý” diýeris. Oň içine-de letde taşlasa bolany bor-da. Uzak gije “pytdyldap” ýürege düşmez ýaly... Körpe oturan ýerinden torsaryldy. -Jukk. Men-ä o jaýa wapçe-de geçjekgälem! -Nämüçin? -Ýatyp bilmen. -Nädip bilýäň-aý, ýatyp bilmejegiňi? Nä, synap gördüňmi? Ilkiwir geçip, ýatyp gör. Bolmasa onnoň diý-dä... -Jukk. -Näme: “jukk”? -Juk-da. “Häk, seňwir bar-a...” diýip ol, gaharlanjak boldy. Ýene bolmady. Geň. Şuňa gezek gelse, näçe gaharlanmaga dyrjaşsa-da, düýbünden gaharlanylman başlaberýä. Uludan dem aldy. Turdy. Çyrany ýakyp, aşhanadan jam getirdi. Körpäň körpeçesinde, damýan ýere maýaçlap, goýdy. Gapdalky otaga geçdi. Hatyny hemişekisi dek, “Pätnisse” kanalda ýalanjykdan toý tutýan sygyr ýaly, sygyr ýaly, köpi görüp azam galmadyk “gelinlikleň”, biri-birini ogrynça “tüfleýişlerine” garaçyny bilen aňkaryp otyr. -Hany bulaň?-diýip, ondan ulularyny sorady. -Näbileýin. Şo gidişleri. -Äý şü war-a...-diýip ol, otluçöp çyzylan benzinli çüýşe deý gümpüldedi. Dessine-de nadaralyga ýüz urdy:-Wäpçe bollular-ow, seň şüleňňem bar-a! It aýagyny iýen ýaly, şumada çenli nirde, nämişläp ýörler-aý, hä?! Inni nä, şü halyma gijäň içinne sümsünip, seň kryşaň deşigini ýamamak maňa galypdyrm-aý, hä?! Eger şuň ýaly zatda derde ýaramajak bolsalar, nä olaňňy baga bakyp, bazarda kilesini segsenmäş köpükden satjakmy? -Wiý, “şulaň” diýip! Nä, seň olara dahylyň ýokmy?! Onnoňam bi nä: “seň” diýýäň-de oňaýýaň? Nä, o kryýşa diňe meňkimi? “Äý-ý! Sluşaý war-a! Şumat bar-a! Meň gatywir nerwiýme degibererligi ýokdur-ow! Şuny ýaman bekime tutup aýdýannyryn-how! Şoň üçinem kän oýnamaň meň şonymy! Ýohha-da häzir baryň-a piýizzes bolup başlaýa...”... ...diýdi-de içinden... ...daşyndan sesini çykarmady. Diňe “hos-s-s” edip bir, dergazaba münen öküz deý hossuldap, döşüne üýşüren ýelini goýberdi. Soňam öýden çykyp gitdi. Dogrusy... Kimdir birine nämedir bir zat diýip goýbermeg-ä, muň üçin düýbünden mesele däl... ...di... Çagaka, agzyna gelenini çem gelen ýerde eňterip ýörensoň, köplenç döwüş taýak başyndady. Uly bol, kiçi bol, bet bol, ýuwaş bol, eliňden gelse mojuk bol... – muň üçin tapawudy teňňedi. Kimdir birini şalpar dili bilen awundyryp, içine dogmaz oglan salmaly bolsa, aşygy alçy gopýardy. Köhi gelerdi. Ýöne indi welin... Owaly bilen-ä garralýamy nämemi... Soňam, araky, BEÝLÄŇ işiginden jyklap gaýdanda bulaň bolşuny görensoň... ...Şulaň haýsyna gaty-gaýrymrak çemeleşip, göwnüne degmeli bolsa, edil ýöne bar-a... Dili nemesine ýelmeşene dönýä... Düýpgöter diýilmeýänden boldy galaýdy... Sapsym niwazmožna-laý! Arkaýyn diýjegiňi diýip bilmän, diliň ýuwdup, nädip ýaşamal-aý?!... “Bularam şony duýýa-da, ýaňky sümüklisinden başlap, tä şahy ýognanyna çenli şondan peýdalanýa...” diýip ol, ýagşyň aşagynda agyryly aýagyny süýräp, aýaguja keýtikläp barşyna, içinden hüňürdedi. Şeýdibem, özüniň birmahalky ganygyzma soňuny saýmazaklygyna meçew bermäge synanyşdy. Berilmedi. “Äý! Bü inni hemişelik meňkilik bolup galaýdy öýdýän...” diýip oýlandy-da ol, uludan dem aldy. Soňam haçjardylyp açylýan, demir merdiwana ýapyşdy. Giç öýländen soň jimirsäp, tükezzibanyna tutan ýagşam barha gatalýar. Merdiwany göterdi-de, şypbygyny kölçejiklerde şypbyldadyp, yzyna gaýtdy. Öýe saldy. Içerden üçege çykylýan ötügiň gabat aşagynda jaýjartdy. Girende gapyny açyp beren öýdäkisi: -Kömekleşeýin!-diýip, topuldy. Sesini çykarman, bir gözüni alardyp goýberdi. “Öwrenilen endik örkleseňem durmaz” diýleni. Bü şuň ýaly ýersiz-ýere yrsarap, çişip başladygy, birsellem ýanyna golaýlamanyňdan gowusy ýokdugyna o belet. Merdiwany açyşmaga uzan elini bada-bat yza çekdi. Birki ädimem gaýra tesdi. Ätiýaçlyk üçin. Ýogsa, kim bilýä, dagy bahana tapmasa, şoň üçin azgyrylyp başlabermegem daşda däl. Iň bolmanda, öň-ä edäheti şody... “Gan bilen giren jan bilenem çykar” diýleni. Onsoň muňam üýtgäninden üýtgemäni ýakyn... ...Soňky döwür hernäçe ýumşasa-da, henizem özünden birnemejik eýmenilmän durulmaýandygy hakyndaky gursagynda emele gelen duýgy, ony hem-ä biraz kanagatlandyrdy, hemem sähelçe köşeşdirdi. -Hany meň äpberkäm nird-aý?!-diýip ol, özüniň rahatlanyp ugrandygyny bildirmezlikden ötri, adaty bolşundan bäşbeter gyňraryldy-da, aşhana ýöneldi. -Äpberkäňi nämetjeg-aý, kaka?! “Äý, şü war-a...Dünýäni sil alsyn, şüň-ä topugyndanam däl-aý! Gaharlan sen, gaharlanma – muňa bildirýän ýeri ýok...”. -Hä, kaka? Nä, o taýda towlap gowlamaly zat bam-aý? Hä, kaka?-diýip, “gelene ýeňňe, gidene baldyz” körpe-de yzyndan galmady. Dymyp barýa. “Dogrudanam...äpberkäni nämüçin soradym-aý?” diýibem, kellede täsin pikir öz-özünden emele gelýä... Aşhana bardy. Gaýçy, pyçak, esgi, çalt doňýan ýelimli, ullakan sykylawajy, bir bölegem kleýonka aldy. Yzyna gaýtdy. Körpe-de ýetişibildiginden jedirdeýär. Özem kä öňüne, kä ardyna geçip, töwereginde kebelek. Ol getiren zatlaryny goltuklap merdiwana mündi. Soňky basgançagyna ýetmän, akyr-ukuryny merdiwanyň aýakbasarynda goýdy. Dyzy bilen diredi-de, ötügi açdy. -Ýykylaýma, birden...-diýip, aşakdan öýdäkisi jandurmazaklygyny etdi. Agyryly aýagyna zor düşýändigi sebäpli, hernäçe oňaýsyz halda duranam bolsa, özüne agram salyp, gaňryldy. Aşakdan özüne howatyrlanmadyr çuňňur aladadan püre-pür gözlerini diken keýwanysyna ýene-de bir ýola alarylyp aldy. “Seňki näm-aý, şumat, öňem başagaý janyma!” diýip, jabjynyp goýberjek boldy. Jabjynmady. Jyňkyny çykarman kisesinden telini çykardy. Çyrasyny ýakdy. Tüm-garaňky. Kerep, kirşen, asty saman garylan toýun laý bilen basyrylan üçek. Demir şiferde-de ýagyş, edil üstünde gögerçinler küştdepdi oýnaýan dek, birgeňsi “şybyr-şybyr” ses edýär. Çyraň oslagsyz ýagtysyna bimazalyk tapan asmydyr ýene-de birzatlar, zymdyrylyşyp, bukulmaga okduryldy. “Äý şünem, şomat ýagdaý bolman palçyk bilen basyryldy-da-how... Ýohha daşy falgaly ysdeklewata tutup äpberäýen bolsaň, ýaman zakonnyý boljakdy weli... Äý-ý bolýa-da... Haýsywyr edilmedik zada: “wah” diýip soňuna çykjag-aý, şu ikarada...” diýip, içini hümletdi. Soňam, ilk-ä akyr-ukuryny üçege atdy. Yzyndanam göwresine zordan erk edip, “hyklap-çoklap”, özi mündi. Üçek pessejik bolansoň, dikelse kellesi degjek. Biraz egildi-de, ýaňky ýatan otaglarynyň depesine tarap, seresaplylyk bilen dähedem-dessemläp ugrady. Aýagynyň aşagynda gury toýun “hürt-hürt”. Oň aşagynda-da köne kartondan ýekegat düşek. Oň astynda-da eli ýukalyk zerarly tapan-tupan agajyndan çüýlenen “çornyý patalok”. Olam muň göwresiniň agramyna “şyt-şyt” edip, ýene-de sähel agram salsaň jorta omruljakdygyny ilgezik habar berýär. Öz guran zadyna özi belet bolansoňam, indiki ädiminde, aýagy hopurdap aşak gidäge-de, öýüň üçeginden dyzyna çenli somalyp çykaýar gorkusy az däl. Hudaý gorady. Döwülmedi. Telefonyň çyrasynyň ýagtysyna üçekden syzýan ýerini gördi-de, aşagynda çommaldy. Ilk-ä kleýonkadan bölejik kesişdirip, şo ýere dykalady. Soň öl bolsa ýelim tutmaz diýip, kleýonkaň üstünden esgi dykdy. Elleşdirip gördi. Gury. Ýagyş ýüzüniň ugruna geçib-ä bilenok. Diýmek ýelim gaýym doňýança, maý bolar. Ol sykylawajy alyp, sykýarkaň doňup barýan ýelimden şo taýyny doýurdy. Soňam teliň çyrasyny öçürdi-de, garaşmaga oturdy. Doňansoň, barlap görmeli. Ýogsa, arkaýynlyga salyp, düşseň, soň ýene-de iki işli bolmagyň mümkin. Ýelim bolsa, wagtlaýynça nem syzdyrman saklasa bolýar. Birigün ýekşenbe. Nesip edip öýde bolsa, üçege çykar-da, demir şiferiň açylan ýerini “halodny swarka” diýilýän ala-hara bilen, tepbet edip taşlar. -Kaka!-diýip aşakdan körpäň sesi geldi. -How!-diýip, ol oňa eşitdirmek üçin biraz sesine basym berdi. Özem: “Nä, ýene “damýa” diýjekmikä?” diýip, açyk ötüge garşy üşerildi. -Nämişleýäň-aý o taýda, kaka? Ýeňsesi gyzyp gitdi. “Ij-jeň bilen kowalaşdym oýnaýan” diýesi gelip, dili gijedi. Diýmedi. Bolmalysy ýaly, dogruja jogap berdi: -Nämişlärin-aý, oglum?! Damýan ýerini ýamadym-da, indem kleý doňýança garaşyp otyryn. Dymdylar. Bäş sekunt. Soňra, ýene-de: -Kaka! -Hä! -Ýanyňda kim bar-aý? -Hiç kim. -Näme diýýä? -Kim?-diýip, ol geňirgendi. -Kim bor-aý, kaka?-diýýär-de, dillje bezzat jedirdemesini dowam edýär:-Özüň aýdýaň-a: “ýanymda hijim ba” diýip. Menem senden soraýan: “O näm diýýä?”. Ol garaňkyda oturan ýerinden ýylgyrdy. -“Şü kürräň-ä ýaman kän gürleýä welin, oň jüllüginiň ujundan ýene bir ýola, azajyk çirtdiräýseň neneň bolarka?” diýýä. Heh. Beý diýeniň bilen o gorkjakmy? -Jykk. O hijime aýd-aý, kaka! Inni bolmyýa. -Nämüçin? -Öňem o taýda kän zat galma-da. Geçen saparam mugt ýerden ep-eslini aýyrtdyňyz. Inni daşarda jürletjek bolsaňam gözläp tapmal-ow ony! Pyňk. -Kaka, gülýäňm-aý?! -Ýo-how, kürräm, gülerinm-aý?! -Onna kim pyňkyrýa? -Hiç kim. -Onna aýt şoňa, gülmesin. -Bor, oglum! ...Şeýdibem ataly-ogul “kleý doňýança” diýen bahana bilen gürleşdi oturdy. Bir-ä aşakda, birem üçekde. Oglanjygyň: “hijim” diýip atlandyrýan, üçekdäki garaňkylygam sesini çykarman, adaty ynsanlaň asuda gününi synlady oturdy... | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||