21:02 Umytsyz hassa | |
UMYTSYZ HASSA
Goşgular
Derde düşse bir bende, Ýylgyrmaz, gülmez eken. Umyt galmasa tende, Ol hassa galmaz eken. Agyr düşende haly, Bir Alla diýer dili, Jahan baýlygy-maly, Gözüne ilmez eken. Alla bilýär boljagyn, Başa ne dert saljagyn, Haçan karzyn aljagyn, Bendesi bilmez eken. Ajal gapyň açanda, Şam çyragyň öçende, Sözüň bogaz içinde, Dahana gelmez eken. Ölüm bolsa başyňda, Bakmaz nije ýaşyňda, Dogan-gardaş daşyňda, Çäresi bolmaz eken. Ysgyn gaçyp eňekde, Ajal çykypdyr ökde, Ganyň doňup ýürekde, Jan çyksa gelmez eken. Bendäň erkinde bolsa, Baky barlykda galsa, Adam öljegin bilse, Bu dünýä gelmez eken. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |