11:26 Urşuñ ýetim çagalary!.. | |
URŞUÑ ÝETIM ÇAGALARY!..
Publisistika
"Gar birdenkä ýagmaga başlady. Lepbek-lepbek ýagýar. Köçeler gum-gukluk. Jaýlaryñ üstüni ýakylýan tezekleriñ tüssesi tutupdyr. Ýoluñ gyrasyna dökülen külleriñ üstünde gap-gara gargalar oýnaşýar. Typyp barýan saniniñ yzlary, mawymtyk, solaksy kemer ýaly garlaryñ içinden geçip uzap barýar. Bu ýerleriñ sanileri inçejik, göze gelüwlije bolýar. Sanini çekip barýan atyñ arkasyna jul atylýar, aýaklaryna keçe oralýar. Saniniñ sürüjisi ýolagçylaryñ oturan ýerine bir gysym bolup gysmyljyrar, ýylanjak bolar. Käte gorkunç bolşy we ümür-duman adamdaky uzaklyk düşünjesini ýok edýär, ine, edil şol wagtam saniniñ yzlary ýol görkezýändir. Sanileriñ garyñ ýüzünde çykarýan sesi, sanileri çekip barýan atlaryñ horruldysy adamda, hamana, alyslara, soñsuzlyga gidip barýan ýaly duýgyny döredýär. * * * Ine, şular ýaly howada ýaşyl reñkli, gülgüne çüñkli, mawy ýelekli guş saga-sola urunyp, çakyr ses bilen saýrap geldi. Gonanda sesi hasam gataldy. Daş-töweregine garanjaklady. Saññyl-saññyl edip iýmäve bir zatlar gözledi. Daş-töwerek ap-ak gara örtülipdi. Iýmäge zat ýokdy. Gynandym. Gitdim-de, çörek owuntyklaryny sepdim. Janawer ürkdi, ganatlaryny kynlyk bilen açyp, uçdy gitdi. Ol guşjagaza nähili nebsimiñ agyrandygyny söz bilen beýan ederden ejiz gelýärin. Ýadyma birden Karsda, Ardahanda, Erzurumda edil şu guş ýaly titräp, iýmäge bir zat gözleýän ýetim çagajyklar düşdi. Urşuñ ýetim çagalary... Bu guşy sowukdan, açlykdan halas edip bilmesemem, urşuñ ýetimlerini sowukdan, açlykdan halas edip bilmändim. Meniñ üçin çaga dawasy uly dawady. Müñlerçe uruş ýetiminiñ bilimi bilen we gowy ýetişdirilmegi üçin tagalla edilmegidi. Osmanlyny gaýtadan janlandyrmak isleýänleriñ bihabar galan osmanly ýetimleriniñ başdan geçirenlerini gürrüñ bereýin şindi... * * * Osmanly imperiýasy yzy üzülmeýän uruşlar zerarly juda tapdan düşüpdi, müñlerçe çaga ýetim galypdy. "Darüleýtamlarda" sany 10 müñden geçýän we her gün sany artýan çagalaryñ barha köpelýän çykdajysy köşk apparatyna ýük bolmaga başlapdy. Gojaman imperiýanyñ eýýäm 1917-nji ýyla gelinende çakdanaşa artan ýetimlere seretmäge güýji ýetenokdy… Aslynda seretmäge ýagdaýy-da bardy, puly-da... Ýetimlere hasam gowy seredip boljakdy. Emma köşk tarhandökerlik bilen özüne sowýan harajatlaryny gysanokdy. Köşk jemagaty, nazirler (ministrler) bol-elinlikde ýaşamaklaryna dowam edýärdi. Şindi men onçakly bilinmeýän we hemişe üsti örtülmäge synanşylan hadysanyñ iç ýüzüni hem-de şol biçäre ýetim çagalaryñ başyna inenleri gürrüñ bereýin. * * * Balkan we Birinji jahan uruşlarynda müñlerçe watan ogullary yzlarynda ýene şonça ýetim çaga goýup guma garyldy... Osmanly Magaryf naziri (ministri) Ahmet Şükrü beýiñ teklibi bilen 1914-nji ýylyñ 25-nji noýabrynda bu ýetim çagalar üçin ýetimhana guruldy: "Darüleýtam", ýagny, "Ýetimler öýi"... Aslynda "Darüleýtam" gowy maksatlar bilen gurlupdy: ýetim we idege mätäç hossarsyz çagalara seretmek, geýindirmek, iýdirip-içirmek, okatmak, belli bir hünäre gönükdirip, gelejekki ykballaryny kepillendirmek... Uruşlar zerarly hossarsyz galan çagalar Stambulda we beýleki käbir şäherlerde açylan bu edaralara ýerleşdirilýär. Emma Osmanly uruşlarda şeýle bir köp watan ogullaryny ýitirýär welin, "Darüleýtamlardaky" çagalaryñ sany 20 müñe ýeteñkirleýär. Käbirleri üçin bu çagalaryñ ýatakhanasy, olary geýindirmek we iýdirip-içirmek "döwlete külpet" bolýar we bu "gerekmejek ilatdan" halas bolmak gerekdi!.. Urşuñ uzamagy, maddy kynçylyklar, azyk we egin-eşik üpjünçiliginiñ kynçylygy bilen bir hatarda iñ uly faktor bolan patyşanyñ we onuñ ýanyndaky ýallakçylarynyñ bisowutlyk bilen edýän ummasyz çykdajylary, añrybaş bol-telkilikde ýaşamak üçin çarp urmaklary sebäpli bu ýetimlere zat gelmän başlaýar we az wagtdan soñam ilki şäheriñ daşyndakylardan başlap "Darüleýtamlar" ýapylýar. Welaýatlarda özlerine ýer tapyp bilmedik çagalaryñ bir bölegi Stambula göçürilýär. Stambulda jemlenen ýetim çagalara seretmek "Şäheriñ ýatymlaýyn mekdebine" tabşyrylýar we ahyry munuñam ýapylmagy bilen "Darüleýtamlar" taryha siñýär. Şeýdibem müñlerçe ýetim çaga ortada galýar... Ine, şondan soñ adamyñ içini burkýan iñ hasratly ýagdaýlar başlaýar... * * * Gojaman Osmanly imperiýasyna atalary uruşda şehit düşen çagalar agyr gelen bolarly. Ilki soýuzdaş Germaniýa bilen gepleşik geçirilipdir. Germaniýa Osmanlydan ýetimleriñ özüne berilmegini sorapdyr... Germaniýada işçi güýji ýetmezçilik edensoñ, uruş ykdysadyýeti üçin arzan, hatda mugt işçi gerek bolupdyr. Derrew Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilipdir. Şertnama laýyklykda osmanlynyñ ýetim çagalary topar-topar edilip Germaniýa ugradylmaly. Olar ol ýerde magdan, oba hojalyk we beýleki işlerde işleýän ussalaryñ ýanyna berlip, iş öwrenmelidiler... Çagalara aýdylan zat şu... Birinji ugradyşda 14-16 ýaşly 314 ýetim çaga 1917-nji ýylyñ aprel aýynyñ ahyrynda "Sirkeji" otly duralgasyndan ugradylýar. Ýolagçylyk on güne çekýär. Stambul-Berlin aralygynda gatnaýan üç günlük "Balkan otlusy" ("Balkan Sürat Katarı") çykdajyly görlüpdir. Nemes topraklaryndaky ilkinji ildeşlerimiz Ikinji Wena gabawynda ýesir düşen takmynan 500 töweregi osmanlydy. Köpüsiniñ mejbury immigrantlygy dinini üýtgedip, nemesleşip tamamlandy. Hatda olardan hristian ruhanysy bolanlaram boldy, bag-bakja edinip, şerap öndürenlerem... * * * Ine, bul osmanly ýetimleri bolsa nemes topraklaryndaky ikinji immigrantlardy. Harby otly Berlin duralgasyna gelip ýetende, wagondan 14-16 ýaşly 314 ýetim düşdi, olar geñ galyjylykly, gaýgyly we bilesigeliji seredişler bilen özlerini synlaýan jemendä göz aýladylar. Gitmeli ýerinde magdan ojaklarynda işlejekdiklerinden bihabar çagajyklaryñ 200-i magdan ojaklarynda, 84-i ekin meýdanlarynda işletmäge ugradyldy. Ussaçylyk işlerini öwretmek üçin saýlanyp alynanlaryñ sany bary-ýogy otuz sanydy... Çagalaryñ köpüsi demir, sink, gurşun, kömür känlerinde işlemelidi. Bu ýerleriñ iş şertleri-de juda ýaramazdy. Magdan ojagynyñ käbir ýerleri el bilen: ýalañaç el bilen, gama bilen ýa-da lom bilen gazylýardy. Osmanly ýetimleri argyn, gözgyny ýagdaýdady. Zäherli tozgalary ölüm howply öýken kesellerine sebäp bolýan magdanlary çykarmakda ulanylan bu ýetimler garynlaryny doýurmagyñ öwezine gaýalyklarda demir, sink, gurşun, ýeriñ çuñluklaryndaky ojaklarda bolsa kömüriñ şar-gara damarlaryny gözleýärdi. Dowamly çökme howpy abanýan dar, egrem-bugram şahtalara nowça balajyklarymyz ugradylýardy. Bu biçäre ýetimler ýeriñ astynda toplanan magdansöw gazlary demlerine sorýardy. Bu gazlar üsgülewüge uçradýardy, ölüm bilen soñlanýan pnewmoniýa we dem alyş ýollarynda döreýän kesellere sebäp bolýardy. Magdan çykarma işinde anyk näçe çaganyñ wepat bolandygy belli däl. Osmanly ýetimleriniñ jesetleri çöken tunelleriñ astyndaky kesekleriñ arasynda galandygy üçin hasaba alynman galan ölümler sanardan köpdi. Ölmän galanlar çagalygyny, ýaşlygyny ogurlan hroniki kesellerden ejir çekýärdi. Bir döwüm çörek iýmek üçin bu biçäre ýetimleriñ her gün şu magdan känlerinde işlemegi gerekdi. Ýogsa diri galmagyñ başga ýoly ýokdy. Doñuz etinden we doñuz suwundan bişirilen çorba çalymdaş bulamagy iýmekden ýüz öwürýändikleri üçinem çem gelen zady iýmäge mejbur bolýardylar. * * * Nemesler ýetimleriñ berýän garşylygyny kolonial çemeleşme bilen "ýabanylaşma" diýip baha berýärdiler, olary iş režimi, düzgün-tertip, ytagat ýaly gymmatlyklardan daşda saklap, zorluk-süteme ýüz urýardylar. Çagalar ýygy-ýygydan gaçmaga synanyşýardy. Nemes polisiýasy gaçan çagalaryñ ele salnanyny gaýtadan magdan ojaklaryna ugradýardy. Ýogsam bolmasa, Osmanly döwleti olary "hünär öwrenersiñiz, ýokary derejeli işgär bolarsyñyz, hak-heşdekleriñizem gowy tölener" diýip ýollapdy... Germaniýa bu gaçgaklar baradaky meselesini Osmanlynyñ dykgatyna ýetiripdir, çünki olar "beýle ylalaşmandylar"... Gelnen ylalaşyga görä, çagalaryñ aglabasy magdan känlerinde işlemeli, olaryñ diñe 100-den 10-y dürli ugurlardaky ussaçylyk işlerini öwrenmeli, gelen çagalaryñ hemmesi üç ýyllap mugtuna, diñe garnyny doýurmagyñ hasabyna işlemeli, dördünji ýyldan başlap belli bir mukdarda aýlyk almaly, şol alynan aýlygyñam ýarsy Osmanly döwletiniñ hasabyna urulmalydy. Osmanly adamkärçilige sygmaýan bu gabahat dildüwşügini gizläpdi... Hernä, Germaniýa osmanly ýetimlerinden diri galanlary "gaçýarlar, şertnamanyñ talaplaryny bozýarlar" diýip, yzyna ugratdy. Şeýdibem Osmanlyny dolandyrýanlaryñ hakyky ýüzi paş bolupdy. Ýogsam bolmasa, ol çagajyklar gulçulyga baş galdyryp gaçmaga synanyşmadyk bolsalar, Osmanly şeýle usulda ýene 10 müñ sany ýetim çagany Germaniýa ugradyp, bu ýetimleriñ "külpetinden" dynjakdy... Hatda täze topar düzülip, ugradylmaly 500 çaga taýýar ýagdaýda durdy... * * * Bütin bu bolup geçenlerden soñ Osmanlyny dolandyranlar utanja galyp, ölmän galan ýetim çagalara gujak açdymyka diýip pikir edensiñiz? Ýok! Osmanly döwleti mundan soñ ugradyljak çagalary has kiçi ýaşlylaryñ we Anadolynyñ sessiz, mazlum, ýetim obaly çagalarynyñ arasyndan saýlap alýar, uruş zerarly ýetim galan türk çagalaryny ýene Germaniýa ýollaýar... Soñrasymy?... Hiç kimse bilenok... Bilinýänler bolsa şudur: müñlerçe esgerimiz "watanyñ, baýdagyñ, din-imanyñ" ugrunda şehit bolup guma garylan bolsa, ojagaz guzujyklarymyz ýat ýurtlarda ene-atasyz, alaçsyz, watansyz ýitip-ýok bolup gidipdir... * * * Ýetimlerimiziñ başlaryna geleni öwrenenimde gahar-gazaba gark boldum. Juda gynandym. Birnäçe günläp men näme edip bilerinkäm diýip pikirlenip gezdim... Ine, şeýledihem Erzuruma goşun bölüminiñ serkerdesi bolup gelenimde, dessine bu ýerde alty müñe golaý hossarlyga mätäç çagalaryñ bardygyny anykladym. Bu çagalar ýetimliklerini iñ gynançly ýagdaýda başdan geçirýärdi, köçelerde, agaçlaryñ köweklerinde, gowaklarda agaç ýapraklaryny we ot-çöpleri iýip ýaşamaga çytraşýardylar. Germaniýa ugradylan ýetim cagalar hiç ýadymdan çykmandy. Ine, şoñ üçinem wagt ýitirmezden ýetim cagajyklara eýe çykdym.. olar üçin goşun bölüminiñ binýadynda "Sagdyn çagalar goşunyny" ("Gürbüz Çocuk Ordusu") gurdum. Şol kynçylykly ýyllarda uruş ýetimlerimize aç-hor etmän sakladym. Geýdirdim, iýdirdim, oýnatdym, okatdym, kär eýesi etdim. Olaryñ watanymyza, halkymyza peýdaly ogullar bolup ýetişmeklerine sebäp boldum. Hemişe şuny aýdyp geldim: Milli göreş diñe top-tüpeñ bilen bolanok. Medeni we sagdyn döwletiñ binýadyny guýmak üçin dört goldan herekete geçmeli. Iñ esasy goluny-da çagalar emele getirýär. Çünki bir caga idi-issiwatsyz galsa, olam jemgyýetiñ arasynda bolsa, şol jemgyýetiñ derejesi peseler, goşuna girse goşunyñ derejesi pese düşer. Çaga hiç haçan hossarsyz galmaly däldir. Gelejege edip boljak iñ uly hyzmat janypkeşlik bilen ýetişdiriljek çagalardyr. Meniñ başyny başlan bu işim has soñra Azat-edijilik urşunyñ başky ýyllarynda-da dowam etdirildi, Gazy Mustapa Kemal Atatürküñ görkezmesi esasynda ýetim çagalar bilen ýakyndan gyzyklanyldy. Hatda ýetim däl çagalary-da öz içine alýan şekilde türk çagalarynyñ iýmiti olaryñ gowy ýetişmekleri üçin gowulandyryldy. Azat-edijilik urşunda birinji durmuşa geçirilen işleriñ birem "Himaýe-i Etfal jemgyýetiniñ" açylmagydyr. Bu jemgyýet Osmanly döwletiniñ döwründe maddy üpjünçiligi bolmansoñ işi bes edilen "Darüleýtamlaryñ" dowamydyr. Ýetimler öýi 1921-nji ýylyñ 30-njy iýunynda Gazy Mustapa Kemal paşanyñ buýrugy bilen Ankarada "Himaye-i Etfal Cemiyeti" ady bilen täzeden guruldy. Azat-edijilik urşy ýyllarynda jemgyýetiñ işi uruş wagty tylda seretmäge hossary ýok çagalara we şehitleriñ çagalaryna seretmek, arka durmak, olary oñat ýetişdirmek boldy. Soñky ýyllarda-da hossarsyz çagalar boýunça işler üznüksiz dowam etdirilipdir. Şol kynçylykly ýyllarda uruş zerarly başdan geçirilen uly ykdysady krizis göz öñüne tutulanda, bular ýaly asylly işe we goldawa gudrat diýmeli. Ýatlanmaga mynasyp bu dessanyñ we gudratyñ dowamy hökmünde 1935-nji ýylda "Himaýe-i Etfal jemgyýetiniñ" ady "Türkiýäniñ Çagalara seredýän edarasy" diýip üýtgedildi." Ýokardaky setirleri hormatly ýazyjy doganym Hasan Baranyñ ýakynda "SÖZCÜ Kitabevi" neşirýatynda çap edilen "Şark ýeñijisi Kazym Karabekir paşa" (“Şark Fatihi Kazım Karabekir Paşa") kitabyndan ýüregimi jowrandyryp sitata aldym. Germaniýada magdan känlerinde gul ýaly işledilen ýetim çagalarymyzyñ gören horluklaryny we tragiki soñlamalaryny depe saçymy üýşendirip okadym. Russiýanyñ Ukraina çozmagy bilen başlan çaknyşyklarda iñ uly trawmany ene-atasyz galan çagalaryñ başdan geçirýändigini göz öñüne tutup, uruşyñ haýal etmän soñlanmagyny dileg etdim. Ugur DÜNDAR, ugur.dundar@ugurdundar.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 06.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |