15:48 Waksina | |
WAKSINA
Medisina
1965-nji ýyl. Iskenderunda doguldy. Heniz üç ýaşyndaka ene-atasy Germaniýa iş gözläp gitdi. Ene-atasy nemesçe gowy bilmänsoñ, öýde-de hemişe türkçe gürlenensoñ, ýeterlik derejede dil öwrenip bilmedi, şonuñ üçin oña başlangyç bilim berýän mekdepde okamak kyn düşdi. Nemes bilim sistemasy ýüz görmezekligi bilen tapawutlanýardy, mugallymlary oña "bu çaganyñ okan zady bolmaz" diýdiler, sapaklaryna ýetişip bilmeýän we bilim alma üşügi pes çagalaryñ iberilýän "hauptschule" internatyna iberjek boldular. Türkleriñ Germaniýa iş gözläp gidýän ýyllarynyñ başydy, ene-atalar heniz nemes dilini gowy bilmeýändikleri üçin on müñlerçe çagajyklarymyz zehini açylman zaýalanyp gitdi... Emma onuñ mañlaýy çüwdi... Onuñ diýseñ adamkärçilikli nemes goñşulary bardy, ol onuñ elinden tutdy, ene-atasynyñ deregine mekdebe gatnatdy, ýakyn hossary deý ene-atalar ýygnagyna gatnaşdy, "beýtmäñ, diñe sapaga ýetişiksizligi bilen beýle karara gelmäge hakyñyz ýok, belkäm, çaga biziñ hemmämizden akyllydyr, ýöne dil bilenok, öz sözüni düşündirip bilenok, siz oña şert döretmäge borçly ahyryn!" diýdi. Nemes goñşynyñ yhlasy onuñ durmuşynyñ öwrülişik nokady boldy. Mugallymlar yrza boldy, gaýtadan mekdebe aldylar. Ol özüni görkezmegiñ hötdesinden geldi. Kýoln uniwersitetiniñ medisina fakultetini tamamlady. Professor derejesine ýetdi. Professor Ugur Şahin. Özlem bilen tanyşdy. Stambulda dünýä inen Özlem Türeji. Olaram edil Uguryñ maşgalasy ýaly Germaniýa iş gözläp gelen maşgalady. Onuñ kakasy hekimdi. Özlem kakasynyñ ýolundan gidip, Saarland uniwersitetiniñ medisina fakultetinde okady. Nikalaşdylar. 2008-nji ýylda "Biontech" biotehnologiýa şereketini esaslandyrdylar. Rak keseliniñ bejergisine üns berdiler. Olar şeýle bir umytlandyryjy açyşlary etdiler welin, nemes derman senagatynyñ iñ uly baronlary doganlar Andreas we Tomas Strüngmanlaryñ ünsüni çekdiler. Hersi aýratynlykda dört milliard dollarlyk şahsy baýlygy bilen dünýäniñ iñ baý adamlarynyñ sanawynda ýer alan doganlar Strüngmanlar Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniñ şereketiniñ hasabyna 180 million dollar geçirdiler. ABŞ-nyñ maýa goýum şereketi "Fidelity", iñlisleriñ maýa goýum şereketi "Janus Henderson" hem olara pul goýdy. Nemesleriñ maýa goýum şereketi "MIG Fonds", Ýewropanyñ maýa goýum banky, hatda nemes hökümeti-de olardan kem galman Ugur Şahiniñ hasabyna pul barsyny geçirdiler. Soñam Bill Geýtsiñ ünsüni çekdiler. "Bill & Melinda Gates" fondy olara 100 million dollar pul goýdy. Olar ABŞ-nyñ tehnologiýa biržasy "Nasdaq" bilen bile halka açyldylar. "Biontech" şereketinde şumat 1.100 adam işleýär. Olaryñ alymlyk derejesindäki ylmy işgär. Wirislary imitasiýalaýan nanoparçajyklary kämilleşdirdiler, adama aýratynlykda ýörite waksina öndürip, rak keseliniñ bejergisinde umyt döretdiler, altmyşdan gowrak patent aldylar. Şereketiñ häzirki býužeti dokuz milliard dollar! Germaniýanyñ, ABŞ-nyñ iñ abraýly medisina baýraklaryny aldylar. Aslynda men bulary Türkiýäni dolandyrýanlar utansynlar diýip ýazýaryn... Eýran olary derejeledi, ýörite baýrak bilen sylaglady. Bäş aý mundan öñ Tähranda geçirilen dabarada Eýranyñ iñ abraýly medisina baýragy professor Ugur Şahine gowşuryldy. "Biontech" şereketiniñ Ylmy geñeşine şweýsariýaly professor Rolf Zinkernagel başlyklyk edýär. Professor Zinkernagel medisina boýunça Nobel baýragynyñ eýesi! Indi bolsa üns beriñ: Häzir dünýä boýunça koronawirusyñ waksinasyny öndürmäge iñ gowy mümkinçiligi bar diýip görkezilen dokuz sany şereket bar. Olaryñ biri "Biontech"! Professor Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniñ şereketi. "Biontech" golaýda Hytaýyñ maýa goýum giganty "Fosun International" bilenem şertnama baglaşdy. Hytaýlylar häzirlikçe 135 million dollar geçirdiler. "Fosun" şereketi geçiren pulunyñ deregine waksina Hytaýda dolanşyga girizilende şereketiñ aksiýalaryna "Biontech" bilen bile eýeçilik etmeli. "Biontech" amerikanlaryñ derman öndüriji şereketi "Pfizer" bilenem şertnama baglaşdy. "Pfizer" 120 million dollary şobada geçirdi. Amerikanlar jemi 305 million dollar geçirmeli. "Pfizer" geçiren pulunyñ deregine waksinanyñ Hytaýdan başga ýurtlardaky aksiýasyna "Biontech" bilen bile eýeçilik etmäge hukuk gazandy. "Biontech" medisina ylmynda ady “BNT162” bolan waksinanyñ kliniki synaglaryna aprel aýynyñ ahyrynda başlamaly. Görýäñizmi: Germaniýanyñ birwagtky döreden mümkinçiliginden peýdalanyp galan iki sany türküñ dünýäni halas etme ähtimallygy bar. "Germaniýa bize görübilmezçilik edýär" diýýänler halka iki sany mürrük maskany paýlap oñaranoklar, gardaşym. Birmahallar Germaniýa "gamly watan" diýýärdik... Tarykat-jemagat-zyrrajym jahyllar koalizasiýasyndan ýaña bu ýerler indi "gam-gussaly watana" öwrüldi. Ýylmaz ÖZDIL. 07.04.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||