10:07 "Ýa, Biribar, maňa hemaýat eýle..." | |
"ÝA, BIRIBAR, MAŇA HEMAÝAT EÝLE...“
Goşgular
"Orta ýaşda aýrylmasyn aýalyň...“ Diýenmiş atamyz gam çekip şeýle. Göwün garramaýar, ýaşlyk hyýalym, Ýa, Biribar, maňa hemaýat eýle. Ýüreklerden gitmez perzent awusy, Goh-galmagal, gardaş-bajy dawasy. Hoş bolmaz ýigidiň gitse käbesi, Ýa, Biribar, maňa hemaýat eýle. Haýyn hakda aýdaýyn men rastymy— Özüne bagş eýle ile kastyny. Menden öň almagaý eziz dostumy, Ýa, Biribar, maňa hemaýat eýle. Elden aldyrmyşam birçak tawusy, Tä ölinçäm gitmez ýürek awusy. Ýok aýatda dokuzlaryň käbesi. Ýa, Biribar, maňa gaýrat berewer. Sowmadym atamy hazan ýelinden, Bimahal gidendir dostum elimden, Zyýan çekdim mahal-mahal dilimden. Ýa, Biribar, maňa gaýrat berewer... 04.09.2016. | |
|
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |