10:38 Ýaryş / hekaýa | |
ÝARYŞ
Hekaýalar
...Ejesi bilen dil birikdirip, ikisi iki ýerden kakasynyň gulagyny gazalap-gazalap, ahyry aldyran täzeje tigrini idip köçä çykdy. Eýlesine-beýlesine garanjaklap, nijeme günler bäri içini ýakyp gezen garşydaşyny gözledi. Hany şol, her gün köçäň gyrasynda gultunyp duran onuň deňesinden “wazlap”, iki ýana okkesdirme geçýänje kilçik?! Hany, çyksyn-da bu günem köçä! Tigriniň şahyndaky jayňyny jyňňyrdadyp, zoguldawugyny gygyrdan bolup, gelsin-dä, indem ýanyna! Şol pille-de onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Misli, özüniň ýatlanylýandygyny duýan dek, birki jaý beýle ýanlaryndaky goňşularynyň özi bilen ýaşytdaş ogly, tigrini sürüp, gädiklerinden göründi. Onuňam tigri täze. Ýöne, täze bolsa-da munuňky deýin şu günjük dükandan getirilen gyly gyrylmadyk täze däl-de, münülip ýörülenine üç-dört hepde geçen täze. Garşydaşy, ilki bir oňa barmysyňam diýmän, tigriniň çarhyny äwmezeklik bilen aýlap, deňesinden geçip gidiberjek boldy. Emma, bujagaz kindiwanja ýaşda beýdip bolýan bolsa bolmajakmy? Saklandy. -Saňa-da alyp berdilemmi?-diýip, tigrinden düşmän onuňkyny birlaý gözden geçiren bäsdeşi dodajygyny çöwürdi. Olam dodak çöwürmekde ondan kem galman, ägirt uly göwnüýetmezçilik bilen garşydaşynam, onuň tigrinem synlady-da, özüne berlen sowaly jogapsyz goýup, ençeme gün bäri diýmegi göwnünde besläp ýören teklibini oklady: -Ýaryşjakmy?! -Ýö...-diýip, özüne göwni ýetýän bäsdeşem yza tesmedi. Ýöne az-kem oýurgandy-da, yzyny dowam etdi:-Ýöne, kakam ikimiz-ä öýde küşt oýnaşsak, utulany pitiklemeden oýnaýas. Senem utulsaň näme goýýaň, hä?! -Nä, “utulsaň” diýen bolýaň-aý? A birden men ozaýsam näme? Garşydaşynyň munuň ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmek babatda tejribesi ýetik bolara çemeli. Ol birjik-de säginmedi: -Men-ä pitikleşseňem bar. Ýok, ony etmeseňem, ine,-diýip ol, kelte jalbarçasynyň kisesinden iküç sany süýji çykardy:-ozsaň süýjümi berýän. Oglanjyk ýeňsejigini gaşady. -Bolýa. Onda menem häzir öýden bir alma getireýin. Şony goýýan. -Nä, pitikleşmeden gorkduň geräm, hä?!-diýip, bäsdeşi oňa gyjytly nazar oklady. -Menmi gorkýan?-diýip oglanjyk örç alyp galdy:-Men bar-a, men neme... Ol garşydaşynyň janyna bataýjak has ýiti söz gözläp kösendi. Tapmady. Ýöne, şonda-da gep alyp galmady: -Eger-de sen şü warak tigriňde meni ozsaň men saňa hem-ä almamy bererin, hemem üç gezek pitikletdirerin. Bolýamy, şo?! -Bolýa,-diýip bäsdeşi, şol bir äwmezek keşbini üýtgetmän hasam beter kemsidiji ýyrşardy:-Ýöne, meň süýjüm-ä ine, seň almaň nirde? -Häzir getirýän!-diýdi-de, oglanjyk tigrini taşlap, öýlerine eňdi. Yzyna ýel çalmanka-da dolanyp geldi. Garşydaşyna getiren almasyny görkezdi. -Onda hanha, hol çatrygy görýäňmi?-diýip, garşydaşy, özlerinden bäş-alty howly daşlykdaky çatryga elini uzatdy:-Şoňa baryp gaýtmaşakdan ýaryşýas. Kim yza galsa, utan ony üç gezek pitikleýä. Onnoňam almany alýa. Bolýamy şü? -Ýa-da süýjüni!-diýip oglanjyk, köpbilmiş bäsdeşine düzediş berdi. -Ýa-da süýjüni!-diýip ol, biparhlyk bilen gaýtalady. Soň bäsdeşler tigirlerinde ykjamlanyp, teker deňleşdirdiler-de, taýýarlandylar. -Bir, iki...-diýip bäsdeşi sanamaga başlady. Birdenem: -Üç! Eňdik!-diýdi-de, ok bolup, öňe atyldy. Oglanjygam ondan galmady. “Atlar göni ýola düşdüler!” diýlip, şowhun bilen gygyrylýan, ýaryşyň jygba-jyg pursaty başlandy. Oglanjyk birbada bäsdeşinden iki-üç ädim ozup geçse-de, çatrykdan yzlaryna aýlananlaryndan soň, gara dere batyp, demi-demine ýetmän sojap, yza galyp ugrady. Pellehana ýakynlarynda bolsa, halys aýajyklarynda ysgyn galmadyk oglanjyk, özüniň ýaryşda utulýandygyny ýürejigi bilen duýdy. Birhili, onuň derlän maňlaýjygy pitigiň awusyny öňünden syzýan dek, gijemäge başlady. Jübüsine zor bilen dykyp salan almasam öz-özünden eräp, kiçelip barýana döndi... Birdenem... Özünden esli ozup barýan bäsdeşi çarkandaga düşdümi nämemi, şol batly barşyna tagaşyksyz çaýkanjyrady-da, ýere ýazylyp gitdi. Onuň ýap-ýaňyja-da umytsyz lapykeçlikden dolup duran göwünjigini dünýäsygmaz şatlyk gark etdi. “Ozdum!” diýen heýjanly pikir bilen ol guma bulaşyp ýatan bäsdeşiniň deňesinden dazlap geçdi. Sähelçe aralykda-da pellehana... Emma... Birdenkä, göze görünmeýän kimdir biri gulagynyň agzynda kakasynyňka meňzeş ses bilen: “Dur! Munyň karam bolýa!” diýip pyşyrdap goýberen ýaly boldy. Ol öz-özünden badyny gowşatdy-da, togtady. Dem salym yzyna garanjaklap, kürtdürip durdy. Soňam, tigrini haýaljakdan idip, henizem ýerinden turman, agyrdan elini “huwwalap” oturan garşydaşynyň ýanyna dolandy. -Agyrýamy? “Hümm” edip, garşydaşy baş atdy. Oglanjyk sesini çykarman oňa tigrini galdyrmaga kömekleşdi. Olar iki bolup, köçäniň gyrasyna çekildiler. Tigirlerini ýerde ýatyryp, özlerem oturdylar. Dymşyp otyrlar... Birhaýukdan soň oglanjyk dyzap-dyzap kisesine dykan almasyny çykardy. “Hartyldadyp” bir gezek dişledi-de, ony gapdalyndaka uzatdy: -Dişle! Bäsdeşi sesini çykarman uzadylan alma agyz saldy. Yzyna uzatdy. Şeýdip, ýanaşyk oturanlar gezekli-gezegine dişläp, almany gutartdylar. Soň bäsdeşiniň çykaran süýjüsini iýdiler. Soň, bäsdeşi gaýgyly dem aldy-da, gapdalyndaka garap, maňlaýyna düşýän saçyny sypjyrylyp, ganjaryp duran eli bilen galdyrdy: -Pitiklejekmi? Oglanjyk: “jukk” edip, başyny ýaýkady... | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |