12:06 Ýetginjekler prozasy, ýetginjekler obrazy | |
ÝETGINJEKLER PROZASY, ÝETGINJEKLER
Edebiýaty öwreniş
OBRAZY Ýaşlar-ýetginjekler edebiýaty sowet edebiýatynyň uly şahalarynyň biridir. Ýaşlar-ýetginjekler edebiýatynyň uly ähmiýetine, ony hemme taraplaýyn kämilleşdirmek barada hut beýik proletar ýazyjysy A.Gorkiniň özi uly alada edipdi. Beýik dörediji hem guramaçy bolan A.Gorkiý sowet ýazyjylarynyň Birinji gurultaýynda bu edebiýat barada ýörite gürrüň edip, ýazyjylary çagalar, ýetginjekler edebiýatyny baýlaşdyrmaga, ony hemişe üns merkezinde saklamaga çagyrypdy. Şondan bäri hem şol edebiýatyň bu ugruna ýörite üns berlip gelinýär. Häzire çenli sowet edebiýatynda ýetginjekler edebiýatynyň uly ussatlary döredi. Şeýle hem, belli-belli söz ussatlary tarapyndan sowet edebiýatynyň klassykasyna öwrülip giden aýry-aýry eserler döredi. Bu ýagdaý türkmen sowet edebiýatynda hem şeýledir. Biziň edebiýatymyzda-da dürli döwürlerde ýüze çykan gowy eserleri bilýäris. Aýratyn hem, näme üçindir edebiýatyň şu žanry hakda gürrüň gitse, Hajy Ysmaýylowyň prozasyny ýatlaýarys. Diýmek, munuň özi şol ýazyjynyň bu ugra aýratyn yhlas siňdirenligini aňladýar. Onuň «Bäsdeşler», «Mugallymyňgyzy», «Iki atanyň bir ogly» powestleri ýazyjyny bu ugruň uly ussady hökmünde tanatdy. Onuň eserleriniň klassyka öwrülmeginiň, biziň pikirimizçe, öz sebäpleri bar. Olam bolsa ýazyjynyň ýetginjekler, ýaşlar dünýäsine örän içgin aralaşmagydyr. Şol eserlerde orta atýan meselelerini ýetginjekleriň-ýaşlaryň dünýäsi bilen çözmäge çalyşýar. Şol usul hem H.Ysmaýylowyň prozasyny hakyky ýaşlar-ýetginjekler edebiýatyna öwürdi. Çeper edebiýatda ýaşlar-ýetginjekler temasy, olaryň obrazy H.Ysmaýylowdan öň hem döredilipdi. N.Saryhanowyň hekaýalaryna göz aýlasaňam, munuň mysalyna ýeterlik duşmak bolar. Bu mesele «Arzuwda-da», «Şirinde-de», «Giýew» hekaýalar toparynda-da, aýratyn hem «Soňky öý» hekaýalar toparynda döreden ýetginjekler obrazy hiç bir obrazdan kem däl. Dursunjemaldyr Meretdurdynyň, Muhammetdir Jereniň, olaryň deň-duşlarynyň obrazy, gatnaşýan wakalary hiç bir ýörite eserdäkiden kem däl. Ýöne, şol eserleriň öňe sürýän meselesi, ideýa ugry has iri meselelere gönükdirilensoň, olaryň ýaşuly gahrymanlarynyň obrazy ýetginjekleri basmarlaýar. Bu ýagdaý A.Gowşudowyň eserlerinde-de, has-da onuň «Watan ogly» powestinde göze ilerlikdir. Ýazyjy bu powestde watançy, edermen ýetginjekleriň ençeme gowy obrazyny döredipdir. Ýöne ýaşuly nesliň hereketlerine köp üns berlensoň, ýaşlar, ýetginjekler ikinji derejeli ýaly bolup durýar. Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginde-de ýaşlar temasy köp orun tutýar. «Baýram», «Batyr» powestlerinden, «Göterim» pesasyndan başlap, iri göwrümli eserlerine çenli ýetginjekler meselesi ussadyň hemişe üns merkezinde bolupdy. Onuň ýaşlar-ýetginjekler temasyna degişli eserleri, bu ugurda döreden köp sanly obrazlary, elbetde, ýörite derňewe degişli. Biz gürrüňiň başyny ýetginjekler-ýaşlar edebiýatynyň žanr hökmünde dowam etdirilişi hakynda başladyk. Bu ugurda gürrüň edilende H.Ysmaýylowyň prozasynyň «gep başy» bolmagy tebigy ýagdaý. Çünki ol şol ugurda ýörite işläp, şu usuly, başgaça aýdanyňda, «pişe» edinipdir. Onsoňam ýazyjynyň gozgaýan meseleleri derwaýys, döwrebap. Şol işlän temalaryny hem uçursyz sünnäläp, eserlerini sungat derejesine ýetiripdir. Şol hem onuň adyny ýetginjekler edebiýatynyň taryhyna ymykly ýazdy. Başgaça aýdanyňda, muňa «yhlasa – myrat» diýilýär. Şu günüň ýazyjylarynda bu ugry düýpli ösdürmäge mümkinçilik juda uly. Bu ugurda edilýän işlerem az däl. Seredip otursaň, käbir ýazyjylaryň döredijiliginiň uly bölegini ýetginjekler temasy eýeleýär. Eserleri-de şowly. Muňa Täşli Gurbanowyň, Arap Gurbanowyň eserlerini ýatlamagam dogry gelýär. T.Gurbanowyň «Sarygül», «Armanym», «Torgaý», şeýle hem «Dagda dikilen baýdak» powestleri ýaşlar, ýetginjekler temasyndan ýazylan eserlerdir. Bu eserleriň gahrymanlary-da ýaşlar, ýetginjekler, çagalar. Köplenç ýagdaýda meseläni çözýänem şolar. A. Gurbanowyň «Gülnar», «Öýlänçi», «Otja», käbirderejede «Tanyş ýüzler» powestleri-de ýokarky pikirimizi tassyklaýar. Bularda-da meseläniň goýluşam, çözülişem ýetginjekler, ýaşlar bilen baglanyşykly. Şolara niýetlenen bu eserleri okyjylaram gowy garşyladylar. Ýöne, näme üçindir edebi prosesiň, edebi öwrülişigiň meýdanynda bu eserlerem köp durup bilmediler. Meniň özüm-ä bu ýerde edebi tankydyň hem bu meselede juda passiwleşendigini aýdasym gelýär. «Gülnar» powesti hakda aýdanyňda, başgaça. Turuwbaşdan tankydyň beren şowly bahasy okyjylaryň, edebiýatçylaryň yzygider üns bermegi, şol sanda ýazyjynyň munuň üstünde yzygider işlemegi «Gülnary» belli eserleriň birine öwürdi. Seredip otursak, eseriň eser bolmagynda edebi tankydyň hem roly bar eken. Aýratyn hem, eserleri žanrlaýyn, problemalaýyn öwrenmekde onuň hyzmaty uludyr. Başlanan şu derwaýys gürrüňler, belki, edebi tankyda-da itergi berer. Şu gün hem ýetginjekler temasynda gowy eserleriňdöredilýändigini aýtmak gerek. Bu temany «pişe» edinýän ýazyjylaryň bardygyny hem bilýäris. Ol eserlerde şowly çykan ýaşlar, ýetginjekler obrazynyň bardygy-da jedelsiz. Ýöne, näme üçindir, şol eserler tutuşlygyna ýaşlar-ýetginjekler edebiýatyny düzenok. Ine, şu hem esasy mesele bolsa gerek. Soňky ýyllarda edebi durmuşa aralaşyp giden eserler az däl. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin», Rejep Allanazarowyň «Obamyň gyzy», «Ýazyjynyň gyzy», «Kalby päkler», N.Hojageldiýewiň «Öwrülişik», G.Şamyýewiň «Alňasama, Almaz», «Ölümden soňky ömür» ýaly powestlerinde ýaşlaryň, ýetginjekleriň gowy obrazlary döredildi. Bu powestler köplenç diýen ýaly ahlak meselesini gozgap, dogry çözgütler tapýarlar. Ýetginjekler diýlende aglaba söýgi, ahlak, kär saýlamak durmuşda öz ornuňy tapmak ýaly meseleler ilki öňe saýlanýar. Ýatlanan eserlerde-de şol temalaryň işlenişine duşýarys. Meseleler dogry çözülýär. N.Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powesti biziň edebiýatymyzyň gymmatly hazynasyna girdi. Selbiniň öz erkli, mylaýym obrazy ýaşlaryň giden neslini terbiýeledi Şeýle pikiri Gülnar barada-da aýtmak bolar. Ýöne bular hakda-da edebi tankydyň däl, indi edebiýaty öwreniş ylmynyň yzygider işlemegi, düýpli derňewleri orta atmagy gerek. Bir derwaýys mesele bar: ol hem şu günüň ýetginjekler edebiýatynyň temasy, meseläni göterişi. Belli bolşy ýaly, ýazyjy hemişe durmuşda bişişen, derwaýys meseleleri göterip durmaly, ony jemgyýetiň derejesine ýetirmeli. Okyjyny «oýandyrmaly». Edebi tankyt hem şeýle eserleri döredýän ýazyjyny «açmaly». Döredilen her bir şowly eser ünsden düşmeli däl. Bu ýagdaý biziň partiýamyzyň edebiýat we sungat barada kabul eden ähli kararlarynda, partiýanyň gurul taýlarynda hemişe öňe sürlüp gelinýär. Aýratyn hem partiýanyň XXVII gurultaýynda meseleleri götermek barada ýazyjylara uly ynam bildirildi. Şol ynamy ödemegem ýazyjylaryň mukaddes borjy bolup durýar. Soňky döwrüň powestlerinde kä halatlarda ownuk temalylyk, ownuk çözgütlere üns bermek ýaly ýagdaýlar köp gabat gelýär. Tema gaýtalanmalary, ownuk pikirlilik okyjyny eserlerden daşlaşdyrýar. Bu aýratynam ýaşlar meselesinde şeýle. Käbir ýazyjylary basmarlap barýan söýgi meselesindäki şowsuzlyk ýa-da ýokary okuw jaýyna girmekdäki döreýän kynçylyklary ýaramaz gürrüňleriň hasabyna çişirmek ýaly meseleler şu günüň edebiýatynyň problemasy bolup bilmez. Käbir ýoldaşlar bolsa şoňa ag- ram salmaga çalyşýarlar. Bu meselede-de kemçilik bardyr. Ýok diýmek bolmaz. Ýöne, ol esasy mesele däl ahyry. Eseriň özeni esasy zat barada bolmaly. Biziň ýokary hem ýörite orta okuw jaýlarymyzyň halkyň öňünde bitirýän hyzmatlary juda uly. Şol barada näme üçin gürrüň edilmeli däl-de, diňe giriş ekzameni bilen çäklenmeli? Çeper edebiýat ýaşlaryňünsüni gaýtam ýaramaz pikirli meselelerden sowmaly ahyryn! Onsoňam ýaşlaryň, ýetginjekleriň ýeke-täk atalgasy ýokary okuw jaýy däl bolsa gerek. Professional mekdepleriň işini has-da gowulandyrmak, onda halk hojalygyna gerekli bolan hünärli ýaşlaryň – dörediji, gurujy watançylaryň uly armiýasyny ýetişdirmek şu günüň wajyp meselesi bolup durýar. Kolhoz önümçiligini has ýokary götermekde ýaşlara uly orun degişli. Bu gün Hajy Ysmaýylowyň gahrymany Muhat ýaly gije meýdanda ot ýakyp ýer sürmeli däl. Olar indi ylmy-tehniki progresiň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaly. Bu işi propagandirlemekde, ýaşlary, ýetginjekleri şol işe çekmekde çeper edebiýatyň hem hyzmaty şondan az bolmaly däl. Şu meseläni orginallygynda okyja ýetirmek hormatly hem jogapkärli, döwrebap meseledir. Diýmek, derwaýys tema yhlas bilen yzygider ýapyşmak gerek. Beki Seýtäkowyň «Ogul sowgady», H.Ysmaýylowyň «Mugallymyň gyzy» eserleriniň öz wagtynda ýokarky temalaryň dogry çözgüdi bilen adygan eserdigi hiç kime gizlin däl. Başgaça aýdanyňda, tema ownukçyllygy, onuň hem ýüzleý beýany şu günüň ýaşlar-ýetginjekler prozasynyň esasy kemçilikleriniň biridir. Bu eserlerde ýetginjekler psihologiýasynyň juda gowşaklygy hem onuň üstüni ýetirýär. Ýeri gelende aýtsak, H.Ysmaýylowyň prozasynyň başdanaýak ýetginjekler psihologiýasy bilen ýazylanlygy üçin hem olar hemişelik ýaşaýşa ukyply boldular. Şol eserlerdäki ýaşuly obrazlarynyň hem şu jähtden ýetginjekler häsiýetine, psihologiýasyna golaýlygy bar. «Bäsdeşlerdäki» Dursunyň kakasy Mämmet aganyň Muhat bilen edýän gürrüňlerini ýatlamagam ýeterlikmikä diýýäris. Olar gürrüňe has gyzygan mahallary Dursun daşlaryndan gabanyp: «Kakamam özüne gürrüňdeş tapd-ow» diýip igenjireýär. Diýmek, olaryň söhbetinde ruhy taýdan ýakynlyk bar. Şeýle beýan ediş ýazyjynyň uly ussatlygyna kepil geçýär. Şu nukdaýdan biziň prozaçylarymyza ýetginjekler obrazyny döretmekde Hajy Ysmaýylowdan öwrenere zat kän. Jemläp aýtsak, ussatdan öwrenip, durmuşyň öňe sürýän derwaýys meselelerini öz ussahanaňda düýpli, basa oturyp işläp, eseri sungat derejesine ýetirmek hem eseri eser, ýazyjyny ýazyjy edýän hakykat bolsa gerek. Munuň üçin bolsa biziň ýazyjylarymyzda şert hem bar, ýagdaýam. 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |