12:00 Ylham joşanda / hekaýa | |
YLHAM JOŞANDA
Hekaýalar
Çepinde palitra, sagynda çotga. Öňünde molbert, kellede beret. Naturaçyň ýüzüne penjireden Günüň ýagtysy düşýär. Şonuň üçinem onuň keşbiniň her bir alamatjygy, bu mahal oňa tarap aram-aram gözüni aýlap goýberýän nakgaş üçin, edil ulaldyjy aýnanyň astynda görünýän dek, şeýlebir dury, ýiti hem anyk. Megerem, şol sebäplidir, şol anyk, dury, ýiti alamatlaram, onuň çotgasynyň erkine tabynlykda, molbertdäki ak kagyzyň ýüzüne gaýtalanmajak şekil bolup siňmäge howlugýarlar. “Tamdyra gyzanda ýap” diýleni. Öz çekýän suratyna boýyn çümen nakgaş, haýdap çotgasyny işledýär. Yzyndan ýagy kowalaýan ýaly. Ýa-da suratyny gaty bahym çekip gutarmasa, kimdir biri gelip, çotgasydyr-reňklerini elinden gaňryp alaýjaga meňzeýär. Çep elinde saklaýan tekiz tagtajygynyň – palitranyň üstünde çotgasy bilen çalt-çaltdan reňkleri garýar-da, molbertdäki eskizine dolanýar. Joşan ylhamy, bu pursat oňa ýadamaga-da, ýaltanmaga-da, oýlanmaga-da maý bermeýär. Hemme zat soň. Pikirlenmegem, düzetmegem, taraşlamagam, şübhelenmegem, kanagatlanmagam, umytlanmagam, lapykeçligem, bozup, täze ştrihleri girizmegem... A belkem... Estagpurulla... Bitiren işiň kalbyňy dokundyrman, bir demlik gazapdyr-göwnigeçmä berlip, ony jyrym-jyrym edip taşlamagam... Belki-de, öz edeniňe maýyl bolup, ony hatda, hiç kime görkezmäge-de dözmän, ony ähli gözlerdenem, sözlerdenem gabanyp-gysganyp, iň içki otagda ýygşyryp goýmagam... Hemme zat soň. Bu wagt bolsa, “polady körükden tartanyňda tapla”, işle, howluk... Çünki ylham guşy dek züwwetdin, ürkek janawer, megerem ýeriň ýüzünde ýok bolsa gerek. Göwnüňe gonanda pursaty elden berip, sähel haýal-ýagal deprendigiň, “hüwwe” uçar. Soňam tutdurmaz... Dartgynly, kesgin hereketleri, şu müddet, onuň köňlüniňem, gursagynyňam, birje pursatlyk-da säginmän döretmäge iterýän, gyzgyn sabyrsyzlyga eýlenen lezzetli hem ezýetli alas-gopaslykdan dyňzap durandygyny göz-görtele äşgär edýärdi... Birdenem... Penjireden düşýän şöhle zolagynda pyrlanyp-towlanyp, raks oýnap, täsin görnüşi emele getirýän tozan leşgeriniň birje dynnymy burnuna düşdümi nämemi, naturaçy biygtyýar asgyrdy. “Ýeser ýerde gaý tutdy” diýlişi dek, edil şo pille onuň keşbiniň eser üçin derwaýys görnen alamatjygyny gözleri bilen gapyp alyp, kagyza geçirmäge çemelenen nakgaşyň, yhlasy puja çykdy. Muňa-da süňňüni elendirýän ylhamdan ýaňa öňem öz serinde däl suratkeşiň girre gahary geldi. Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän, elindäki palitranam, çotganam, dyzyna degip diýen ýaly duran pessejik stoljugyň üstüne gazap bilen atyp taşlady. -Ýo-laý, bolmaýa-laý! Men muň ýaly şertlerde hijem haçan işläp bilmeýän-laý...-diýip ol, dünýeden nadyllyk bilen jibrinjiredi-de, kellesindäki asmanreňkli, jalaý beretinem penjeläp sypyrdy. Süňňüni sandyradýan nägilelige bäs gelip bilmän, onam otagyň astyna düşelen çaňly keçäniň üstüne pylçap urdy. -Ýeri, ine şuň ýaly düşünjesiz adamlar bilen işleşmeli bolup ýatyrka, nädip, adam döräp görlüp-eşidilmedik suraty çekjeg-aý, hä? Nädip?! Ýo-laý! Aýtdym-a: “bolmyýa-laý” diýip... Naturaçy orta ýaşdan agan, saçlary çalaran adam bolsa-da, nakgaşa bilgeşleýin päsgel bermedigem bolsa, edil mön çaga deýin müýnürgedi. -Bolýa-la, neme, sen nemetmesene...-diýip ol, müýnli myňňyldap başlajak boldy. Emma, nakgaş oňa özüni aklamaga-da, ine-gana ötünç soramaga-da, özüni höre-köşe etmäge-de maý bermedi. Durmuşyň her deminde diýen ýaly agyn-dönüp, öwsüp-towsup durýan dälilere hem döredijilere mahsuslykda, derrew hörpüni üýtgetdi. Hasyr-husur palitrasydyr-çotgasyna ýapyşdy-da: -Indi beri gymyldaman otursana!-diýip gatyrganmaly hüňürdäp, ýene-de molbertine bakdy. Emma, çotgasyny birje gezek gymyldatmanam: “Wiý! Hä!” diýip, haýsydyr bir wajyp zat güpbe ýadyna düşen dek, olary täzeden stoljuga goýdy. Eglip, ýerde bulam-delem bolup ýatan beretini göterdi-de, ony emaý bilen düzedişdirdi. Soňam kellesine geýdi. Esbaplaryny ykjamlap, eskizine öwrüldi. Dogry-da walla. Nä, beretsizdenem bir nakgaş boljakmy? Heýem bir, başyňda göm-gök beret bolmasa, hakdan içen eser döredip biljekmiň?! -Neuželi, bary-ýogy birki sagatlap gymyldamanjyk oturyp bolmaz-aý, hä?! Nä, şojagaz agramjyk taryhda hemişelik galanyňa degmeýä-maýt?!-diýip, burnuna siňdirip hümürdäbem, işe başlady. “Körem hasasyny bir aldyrýandyr” diýleni. Naturaçy şondan soň nakgaşa bökdençlik döretmedi. Birhaýukdan soňam suratçy işini dyndy. Molbertden bir ädim yza tesäkge, eýemsek bakyş bilen öz gaýran işini birlaý synlady-da, çekine-sakyna naturaça ýüzlendi: -Hany...senem bir görsene...Näili...nemedipdir... Doňňara-daş bolup oturyp, endamy gurşup giden naturaçy bir aýdylanyny iki gaýtalamatdy. “Şakyrt-şukurt” edişdirip, gartaşan süňkleriniň ala-zenzelesi bilen dikeldi-de, nakgaşyň gapdalyna geçdi. Äňetdi. Bada-badam onuň ýüzünde nähilidir birhili çuňňur gümürtiklik emele geldi. Munam, onuň her bir hereketini gabak astyndan sypdyrman synlaýan nakgaş dessine gördi. -Näme, bolmannyrmy?-diýip ol, bir wagtyň özünde hem-ä umytly, hemem howpurgamaly soranyny özem duýman galdy. -Bolmasyn-a bolupdyr welin...-diýip eskizdäki öz şekilini synlaýan kişi, misli ynjyk nakgaşyň göwnüne degmejek bolýany mese-mälim bildirip duran seresaplylyk bilen dillendi:-Ýöne, dogrusy... -Näme?-diýip nakgaş, onuň geplemekçi bolýan sözüni agzyndan çykmanka tartyp almaga gyssandy. -Munyň, nemä dä...O, Ýewropa Renessansynyň nusgawy nakgaşçylyk sungatyn-a çalym etmiýä... -Menem saňa Rafaele, Rembranta ýa-da Wan Deýke öýkünýän diýmändim...-diýip nakgaş, heniz söhbetdeşi özüne hiç hili tankydy bellik aýtmanka öňünden gaty görmäge başlajak boldy. Öz şekilinden gümürtik garaýşyny aýyrman, tiňkesini dikip duran ylalaşyjylyk bilen elini galdyrdy-da, edil minaly meýdandan ýöräp barýana çalymdaş, assyryn gepini dowam etdi: -Modernizm, kubizm, sýurrealizm hem dä bolmaly, munyň! Bildimmi?!-diýip ol, sagynda jabjynyp al-petinden almak üçinmi ýa-da şerraý nadaralyk bilenem özünem, öz sungatynam goramak üçinmi içini ýelden dolduryp duran nakgaşa gözüniň gyýtagyny aýlady. Garaşmadyk sözlerini eşiden nakgaş “hos-s-s” edip, dişleriniň arasyndan syzdyryp, kükreginiň ýelini goýberdi-de, “hawa” diýen terzde baş atdy. Soňam tamakinlikden püre-pür gözlerini gürrüňdeşine dikdi. Olam ilkinji diline gelen zat: -Onna, meger-de bolsa, awangardizm bolaýmasa...-diýdi-de, öz dilinden sypdyran jümlesinden özi elheder alan dek, gözlerini pugta ýumdy. Şol pille-de bu ikisiniň sungata baha kesiş pişesine oslagsyz hadysa gatyşdy. Olaryň duran otagynyň işigi jygyldamanjyk açyldy-da, içerik moýmudyklap, iki ýaşlaryndaky, pökgüje, gözleri garagol dogumlylyk bilen ýyldyrap duran oglanjyk girdi. Gire-girmäşe-de, ýüzüniň ugruna dykyljyrap ol ikisiniň arasyna sümüldi. Kellejigini galdyrandanam molbertden özüne bakýan surata gözi düşdi. Dessine-de oglanjyk gözlerini petredip: -Wä-ä, wow-wo-o...-diýip peltekläp, ulili bilen gygyrdy-da, gelşindenem çalt moýtuldap, otagdan ökjäni göterdi. Ýaşajyk nakgaş bolsa, dem salymda ýanlaryndan zym-zyýat bolan körpe jigisiniň yzyndan garady. Soňra, gapdalynda nähilidir birhili müýnli ýylgyryş bilen egnini gysyp duran naturaçy kakasyna seretdi. Soňam molbertdäki çyr-çyrşak “eserine” seňrigini ýygyrdy. Iň soňunda-da, başyndaky özüne uly bolýan göm-gök beretini gussa bilen sypyrdy-da, assaja pyşyrdady: -Aýtdym-a men: “bolmyýa” diýip... | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |