09:36

Pagtasüýji / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 465 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024
Şem / hekaýa - 24.08.2024
Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024
Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024
Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024
Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024

Teswirleriň ählisi: 13
0
1 Bagabat  
43
Mahmyt Zamahşaryň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabynyň 5-nji jildinde, şeýle tymsallar beýan edilýär:

***
Bir arap: «Alyjy satyn alýan zadyny gowy görüp, harydyny saýlap almalydyr» diýýär.

***
Tereziniň üsti bilen aldap, adamlaryň hakyny iýýän adam ogrudyr.

***
Emewiler halypasy Mugawyýa: «Adamlary aldap, harydyny gymmat bahadan satýan söwdagär azajyk pul üçin ahyretini ýakýandyr. Şol azajyk pula ol dowzahy satyn alýar» diýýär.

***
Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Söwdada aldap, bir ýa-da iki dirhem gazanan wagtyň o dünýäňi, kyýamaty, dowzahy ýatla. Sen peýda gazandyňmy ýa-da söwdada utuldyňmy, ölçerip dök» diýýär.

***
Bir gezek Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) eline gamçy alyp, Kufanyň bazaryna aýlanmaga çykýar. Ol söwdagärlere: «Eý, söwdagärler! Harydyň nyrhyny alyň, alyjynyň harydyny beriň. Azajyk peýda görmek üçin uly günä gazanmaň. Kişi haky siziň baýlygyňyzdan iki esse bolup çykar» diýýär.

***
Bir adam bazarda gidip barýarka, bir söwdagäriň alyja harydyny öwüp, ant içip durandygyny eşidip, onuň ýanyna barýar we:
– Eý, Allanyň bendesi, harydyň ýany bilen imanyňy hem satma. Gören peýdaňa soň iman satyn alyp bilmersiň – diýýär we ýoluny dowam etdirýär.

0
2 Garayolly25  
1449
Hawa, adam adamy gara nebsi ucin harydyny pullaýjy serişdä öwürýär. Adam adamy şu hili ýol bilen ezýär. Adamyň adama bolaýmaly gadyr~gymmaty çogy öçen küle öwrülip barýar. Ýazyjynyň bu jamyýangynlyk bilen gozgan meselesi örän ýiti mesele. Global mesele. Çözgüdi derwaýys mesele. Ýone onuň oňatlyga tarap çözgüdi gelejek asyrlaryň haýsysynda tapylarka? ,, El egrisi özüňe" bolan hazirki döwre esaslansaň bu çözgüt ýakyn gelejekde tapylmasa gerek. Çünki, dogan dogany towuk üten ýaly ütüp ýör. Makalany gyzygyp okadym. Sag bol, Bagabat!

0
3 Babay  
1481
Germaniýada komandirowkadakam terjimeçi edilip bellenen ýigit bir gün meni öýüne myhmançylyga çagyrdy. Ol Berliniň merkezinde ýaşaýar eken. Gündogarly bolanym üçin ol meni gündogar nahary bilen hezzetlemek isläp, ýaşaýan jaýynyň aşagyndaky iýmit dükanyndan bir towuk aldy. Adamsyny hem myhmany ýylgyryp garşylan ýaş aýal towugy äriniň elinden aldy-da aşhana girip gitdi.
Öý eýesi ikimiz giň myhman jaýda ornaşan badymyza ýüzünde uly alada nyşany peýda bolan aýal eli hem towukly ýanymyza geldi. Ol towugy adamsyna görkezip, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi. Towugyň bir buduna ser salan terjimeçi derrew telefona ýapyşdy. Ol kimdir biri bilen parahat gepleşip bolanyndan soň, towugy maňa-da görkezdi. Men towugyň budunda myhmana çenli görkezilip ýörüler ýaly näme bardygyna düşünmän, egnimi gysdym. Öý eýesi düşündirdi. Towugyň budunda bir gara nokat bar eken. Men öňkimdenem beter geňirgendim.
Kän mahal geçmänkä, üç sany aýal bilen bir erkek haýdaşyp öýe girdiler. Gelenleriň dördüsi-de ak halatlydy. Olar towugy synlanlaryndan soň terjimeçiniň aýalynyň daşynda aýlanyp, günäkär görnüş bilen baş ýaýkadylar, gezek-gezegine bir zatlar diýişdirdiler.
Towugy öz eline alan ak halatly erkek haýdap daş çykdy-da, derrewem her eli alyp gidenindenem has uly bir towukly dolanyp geldi. Terjimeçi bilen aýaly getirilen iki towugyň birini saýlap alanyndan soň ak halatlylar minnetdar hereket bilen baş atyp çykyp gitdler. Asyl olar aşakdaky towuk satylýan dükanyň direktory hem işgärleri bolup çykdy. Olaryň özleriniň dükanyndan satyn alnan budy garaja nokatly towugy budy garaja nokatsyz towuk bilen çalşyryp, üstesine-de minnetdar bolup gidişleri terjimeçiniň Türkmenistandan gelen myhmanyny haýran etdi. Men sowal bermän oturyp bilmedim.
—Eger siz towugyň çalşyrylmagy bilen razylaşman, bolan işe nägilelik bildiren bolsaňyz, mesele nähili gutarardy?
Terjimeçi agras görnüşe girip jogap gaýtardy.
— Towugy barlardylar. Eger şol gara nokat ýaramaz bir zat bolup çykaýsa ýa-ha esli wagtlap dükany ýapardylar, ýa-da ol dükany haryt bilen üpjün edýän döwlet ýa-da hususy edara ummasyz jerime çekerdi. Gepiň keltesi—galmagal ula giderdi. Bolan iş barada gazetlere-de ýazardylar. Netijede, pes hilli towuk satan dükanyň alyjysynyňam sany azalardy. . .
Aşgabadyň dükanyndan ýap-ýaňy alyp gelen towugymy yslanyp ugran iç goşundan arassalap, şerebeli sowuk suwa ýuwup durkam 12 ýyl mundan ozal Berlinde sataşan ýokarky beýan edilen wakany ýatlamaga mejbur bolanymda şeýle bir ýagdaý göz öňüme geldi. Men iç goşy yslanyp ugran towugymy elime alyp, haryt satan dükana barýaryn-da, ýagdaýy aýdýaryn. Satyjy gyz medeniýetli eken: jabjynman gepledi.
433
—Waý, daýy jan, şu sypatyňyza, şu ýaşyňyza çalarak yslanan towugy eliňize alyp dükana gelmegiňiz siziň abraýyňyza abraý-ha goşmaz. . .
Başga bir satyjy gyz, ýaňka görä, birneme gödegräk bolup çykdy.
—Ýaşuly, dukandan towuk almaga geleňizde ol ullakan burnuňyzy öýňüzde goýup gaýdypmydyňyz? Towugy alan pursatyňyz ysgap görmeli eken-dä. Näme, öýüňde porsadyp getiren towugyňy yzyna alarlar öýtdüňmi? Döwlet dükanyndan alnan harydyň yzyna gaýtarylmaýandygyny, şunça ýaşap, bilmeli eken.

16. 07. 2001.

Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"

0
4 Babay  
1481
Iküç ýyllykda Gresiýany okap gelen oglanyň birine "Gresiýada iýip-içgi ýagdaýlary nähili?" diýen soragyma şeýle jogap beripdi: "Gresiýada üç görnüş zat bar. Mysal üçin, pomidor. Şu gün satlyga çykarylan swežiý pomidor, üstünden iküç gün geçeni we ýaramlylyk möhleti gutaryp barýany. Swežiý pomidor 1 ýewro bolsa, üstünden iküç geçeni 50 sent, möhletiniň wagty geçip barýany 10 sent ýada mugt" diýerdi.

0
5 Bagabat  
43
.

0
6 Babyşgalaly  
1446
Бизин менталитетимиз бирхили овварамчылыга якындыгы гизлин дал. Мундан 20-22йыл йыл он ,ядынызда болса пагта етишдирйан карендечилере табшыран пагтасы учин сарун,шулха ве завут яг берлерди.Шо берилйан завут яг хеле-мучук аз зат далди. Хазирлер ятласам иним дыглап гидйар. Гуяр ялы гап гозлап намелер уланмадылар.Гектар ери коп болуп тонналап- тонналап алан адамларын кимси он солярка салнан бочкалара, кимси химики серишделер салнан бочкалара озлериче ,, арассаладым" эдип завут яг гуюп алып гайдардылар.Алмалымы алмалы. Нама гуйуп алярсын? О затлар орсча айтсак,,не важно"

0
7 Bagabat  
43
.

0
8 Haweran  
411
2014-nji ýa 2015-nji ýyl bolmaly, asly biziñ obamyzdan biriniñ şäherde dükandan alynan zaýa gatykdan zäherlenip, çülpe çagalary heläk bolupdy, bir ojaga ot düşüpdi...
Adatça, bizde bir ýaramaz gylyk bar: haçan-da bolmasyz iş bolýar welin, şol bolmasyz işe sebäp bolan kemçiligi düzetmek üçin bir salym geçýänçä urha-urly, alan-aldyly operasiýalar geçirilýär, hatda geçirilýän işler hakykatdanam şol kemçiligi düzetmek ýa-da heläkçilige getiren sebäpleri, şertleri düýpli öwrenenden soñky etmeli işler boýunça däl-de, ony asla düzetmejek, diñe başdan sowmak ü.n gözboýagçylyk b.n edilýär.
"Gatykly hadysada-da" şeýle boldy. Birsalym hususy dükanlardaky möhleti geçenu-geçmedik gatyk önümleri ýygnadyldy, dükan eýelerine jerime töledildi. Bir aý çemesi wagtdanam bu zatlar doly ýatdan çykaryldy.
Bärde iñ soñky bolup çäresi görülmeli tarap dükan eýesi... Oña akyl ýetirmek ü.n Amerikany täzeden açmaly däl.

* * *

Durmuş bi... Her hili pursatlar, ýagdaýlar bolup bilýär. Hemme şular ýaly soñy ölüm bilen gutarýan hadysalaryñ öñüni alyp bolmaýar, ýöne ony iñ minimal derejä düşürse bolar.
Şeýle ölümli hadysalar bir ojaga ot düşürip goýanok, yzynda ýanyp kül bolan, bir ömür özüni wyždan azaby bilen ýaşap geçmeli ruhy ýaraly ömürler goýup gidýär...
Gynansak-da, ýokarda aýdyşym ýaly biz bular ýaly zatlaryñ yzyny başdansowmalyk edip gözboýagçylykly işler bilen ýatdan çykarmaga halys werziş edipdiris.

* * *

Marketlerden dürli azyk we gök önümleri satyn alýarys. Köplenç makalada aýdylyşy ýaly önüm zaýa çyksa, satyjylar alyjynyñ kanuny nägileligine üns bermelidirem öýdenok. Gaýtam "şular ýaly zat üçin balagyny boýnuna orap galmagallaşyp ýör" diýen manyda özüñi utandyrjak bolýarlar.
Satyjylaram ýaş, ýañy mekdebi gutaran, entek adam bilen nähili gürleşmelidiginem bilmeýän, iñ pes aýlyk hakyna kaýyl bolup zordan iş tapan, tejribesiz oglan-gyzlar...
Bärde gep marketleriñ eýesinde we olary önüm bilen üpjün edýän hususy firmalarda.
Olaryñ bolsa towguna tok diýip bilýän ýok...

* * *

Şulary ýazmaga-da utanýan. Çekinip, dymyb-a ýetjek derejämize ýetdik. Bütin bu zatlary gözegçilikde saklamaly Ýokary gözegçilik edarasy, "Türkmеndöwletstаndartlarу", Kеsellеrе garşy göreşmek boýunça arassaçylyk gullugy, Ykdуsady jеnaýаtlаrа garşy görеş gullugуnyñ işgärlеri, bеýleki dеgişli edаralar nirä seredýär diýesim gelýär, näler... Dilimi dişleýän soñam.

* * *

Süýt daşap ýören ýeke uly awtoulaga gözüñ kaklyşmaz, ýeke sygyr ferma ýa maldarçylyk hojalygyny görmersiñ. Emma süýt-gatyk önümlerini çykarýan birnäçe hususy firmalar bar. Olar süýt-gatygy, gaýmagy nämeden öndürýär? Poroşokdan we oña goşulýan dürli himiki garyndylardan!
Öñler "Oktýаbrуñ 40 ýyllygy" (häzirki Akdaşaýak we Garadaşaýak) we "Sоwеt Türkmеnistаny" (häzirki Gämi obаsy) kolhozynyñ gök önüminiñ (esasanam sogan, hyýar-pomidor) tutuş Türkmenistany bol-elin ekländigi aýdylýar. Ady tutulýan kolhozlaryñ Moskwada hut öz hasaplaryna larýoklary bardy!
Вu gün gуnansak-da, gül ýаly mеs tоprakly ýеrimiz wе ekjеk ýеrimizi suwаrmaga suwumуz, günеşli hоwamyz bаrdygyna garаmazdan, ýуlyñ dört рaslyna bеtonyñ üstündе, реjiñ gарdalynda, himiki gаryndyly ýöritе suwdаn gаnyp ýеtişen teрlisa-рarniklerdäki hуýar-роmidorlary iýýäris.
Indi öz iýjеk gök önümini özi öndüriр bilýän dаýhan obаlarymyza çеnli hуýar-роmidoryny şähеriñ teрlisalarynda ýеtişen şоl hуýar-роmidorlary gеtirip sаtýan hususу dükаnlardan sаtyn аlуp iýýär. Вir ýаndan gurаkçylyk, suw ýеtmеzçiligi.
Onlarça guşçulyk fermalary açylypdy. Eger olar doly güýjünde işläp dursa, ýumurtga, towuk eti mugtuñ bäri ýany bolmaly. Iýýän towuk etlerimiz sanjym bilen çişirilen nämedigi belli däl lýaşkeler, ýumurtgalar emeli ýumurtga. Edil bizde bilemok welin, daşary ýurtlarda-ha indi emeli ete çenli çykaryp ugradylar...

0
9 Haweran  
411
Satyn alyp içýän ýörite gaplanan gaplardaky suwumyza çenli arassalaýan ýörite enjamdan geçirende ep-esli hapa çökündiniñ-laýyñ çykýandygyny aýdýanlar bar.
Endam-janymyz himikat, zäher, awulyk!
Ýokarda nirä seredýär diýlen edaralar-gulluklar eger bu zatlary düzetmek ü.n degişli işleri geçirjek bolaýanlarynda-da, barybir netije gazanyp bilmezler. Sebäp, bütin bu gulluklaryñ başyny habar beriş serişdeleri, mediýa, žurnalistler çekmeli. Şular ýaly adamlarda jemgyýetçilik pikirini, tankydy pikiri kemala getirmäge niýetlen ýazgylar, makalalar yzygiderli ýazylyp durulmaly, internetde, telewideniýede çykyşlar guramaly, keseller, hadysalar boýunça dogruçyl statistiki maglumatlar taýýarlanmaly we bular dolulygyna halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirilmeli. Hiç zat gizlenmese, kemçilikler düzetmek ü.n orta atylanda, sagdan-çepden, ondan-mundan ýalan maglumatly habarlaram ýaýramaýar, diñe şeýdilende adamlarda ynam bolar we her bir raýatda jemgyýetçilik ösüşine öz derejesinde goşandyny goşmak, gabat gelýän islendik kemçiligi, nogsanlygy düzetmek pikiri dörär. Вize ilki bilen gerek zat şu.

* * ,*

Möhleti geçen azyk önümleriniñ halka köpçülikleýin berilýän ýerinden ýene bir mysal:
Restoranlarda, "toý mekanlarynda" berilýän toý, sadaka edýänleriñ belki bilýäni-de bardyr, bilmeýäni-de. Restoran eýeleri tarapyndan stolda kesilip goýulýan şöhlat (kolbasa) önümleriniñ köplenç möhleti geçen önümlerden goýulýanyny aýdýanlar sanardan köp. Süýt-gatyk, şöhlat, konditer önümlerini çykarýan firmalaryñ dostawşikleriniñ elinde-de "soñky möhlet" ştampy, möhleti geçen önümleri restoranyñ bu gapysyndan çykarýañ, beyleki gapysyndanam yüzüne täze ştamp basyp yzyna getirýärler. Kimi aldaýas...
Soñky döwür düwnük-howply çiş (rak), süýji (sahar) we beýleki henize çen görülmedik, bejerip bolmaýan dürli keseller hem-de bulardan ejir çekip ölýänler köpeldi!
Muña genetikasy üýtgedilen, düzümi GDO-ly, möhleti geçen we ş.m iýmäge ýaramsyz, saglyga zyýanly azyk hem-de gök önümleriñ, derman serişdeleriñ ýiti täsiriniñ ýokdugyny kim inkär edip biler?!.
Arada saýtda "Türkmenistan" gazetiniñ 1992-nji ýylyndaky sanlarynyñ birinde hut şu meseleleri gozgaýan "El bilen döredilýän keseller" atly aktual makalany paýlaşypdyk. Makalanyñ ýazylan wagtyndan bäri problemalaryñ birem çözülmändir, gaýtam köpelipdir we çuñlaşypdyr.

0
10 ibrahimbadakhshan  
694
Bu gürrüňlere ynanar ýaly däl, örän agyr hem ajy hekaýalar! Ne günler görüp ýörsüň mähriban halkym!? Hany şu ýadaýlary ýakyndan görüp, duýup, ýüregine agram salyp, perýat edip bilýän, ýazyjylarymyz, jurnalistlerimiz, şahyrlarymyü, pyragylar, …???

0
11 Gurgencli  
324
Dekabr aýynda marketden 2 ýaşly ýegenim üçin kileli şekolatly kökeden aldym. Öýe eltdim, ejekeme berdim, hälem ýegenime iýdirmänkä özi seredäýipdir, köke zaýalanmaga beýlede dursun gurçuklap gidipdir, kökäni ikä bölýäň welin içinden gurçuk çykýar. Daşy şekolatly gara reňkde bolansoň ünsli seredäýmeseň heňländigi hem bildirenok. Ömürimde şonda kökäň hem gurçuklaýandygyny birinji gezek gördüm.
Ullakan marketde ol derejede zaýalanan önüm satylýandyr diýip ýatsaň tursaň hyýalyňa hem gelenokda:(

0
12 Garayolly25  
1449
Bir wagt: geçen 86-90-ýyllaryň aralygynda turkmen telekanalynda bir gepleşikde ("Gözýetim") bir ýigrenji ahwalaty görkezdiler. Pekarnýalaryň önümi bolan buhanka çöregini orta goýdular. Çöregiň kesilen bölegini açyp görkezdiler. Buhankanyň içinde çörek bilen bile kesilen syçan maslygy ýatyrdy. Muny telewizorda iri planda anyklap görkezdiler. Derhal ony çykaranlara çäre gördiler. Häzirki içi gurçuklan önümleriň hilem şol çöregiň (buhankanyň) ýagdaýyndan artyk bolsa artyk, kem ýeri ýok. Kontrol barlagy uklap ýatyr. Arap Reýhanyň ukysynda. Ýokarky teswirleri okap aglaberesiň gelýär.

0
13 Ependi  
284
Dogry aýdýaňyz, ünsli okadym. Ýöne, şu ýerde ikirjiňlendirýän zat, magazinden alynman, hojalykdan çagalara paýlanyp berilmegi. Mümkin, (men mowzuga üns berdim diňe) öý eýesi birwagtky galyndylaryny çagalara paýlan bolsa näbilýäň? Çagalar ony magazinden almandyr ahyryn.

Dogrusy, "bize erik, alma kak, gawun kak bererdiler, käbiriniň içem gurçuklap, o gurçuklaram ölüp, ýyllar aşyp gidendir. Sakgyç ýaly çeýnäp-çeýnäp, hezil ederdik" diýäni. Magazinlerem öwer ýaly däl, kanunçyl bolsaňam halanoklar.
Ýekeje mysal: Täze ýylda tort bary üýşýändir hemme marketlere, dükanlara, umuman öňýeten satýandyr. "Täzy ýyldan soň nädýärkäler, geçmese gaty ubitkadyr bulara..." diýip geçýänsiňiz. Ubitka bolarmy, hasabyny tapýalar. Tortlaň geçmedigini yzyna alyp, täzeden işläp... Arzanjak bally kökeler, medewikler peýda bolar welin, halk ýene höwesek bolup alyp durandyr.

Bularmy bular, gürletseňem özlerini günäkär etmez. Başga kişini aýyplarlar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]