14:27 Ynsap / hekaýa | |
YNSAP
Hekaýalar
…Gapy kakylan ýaly boldy. Açyldy. Aňyrsyndan on alty-on ýedi ýaşlaryndaky jahylyň, güne ýanandygy göz-görtele bildirip duran, garaört ýüzi jyklady. - Mümkinmi?! - Giriberiň-diýip, dört-bäş sany iş orny ýerleşdirilen, giň iş otagynyň penjiresiniň ýanynda duran, orta ýaşlaryndaky işgär jogap berdi. Ol gümra bolup duran işiniň arasyny bölmedi. Penjiräniň öňi dürli-dümen ösümlikler oturdylan golçajyklardyr-güldanlardan düzüm-düzümdi. Ýagty düşýän ýyly ýerde pajarlap ösýän, diwarlara, penjirä, umuman gabat gelen ýere çyrmaşdyrylan ösümliklerden ýaňa, iş otagy gülhana çalym edýärdi. Işgär golçalaryň her birine elindäki çäýnegiň jürnüginden sähelçe suw syzdyrýardy. -Şü inim, otagdaşlaryň aýal bolmasyn! Baran ýerini bagy-bossanlyga öwresleri gelip dur, olaryň. Öwrenleri erbedem diýjek bolamok, men. Ýalaňaç diwaryny ýalpyldadyp duran iş otagynda güýmeň-samaň edip ýöreniňden, gül-gülzarlygyň arasynda oturanyň kemem däldir-le welin, şü giden ekinzarlyklaryna idi-yssywat etmegi tutuşlygyna seň boýnuňa atsalar gowy däl-diýip ol ýetginjege “gel-bäri” etmän, göýä, ol özüniň köneden tanşy ýaly, zeýrenjiredi. Şol wagtam, iç işikde öňe ýörejegini-de, yza çykjagyny-da bilmän, sadylla bolup duran jahyla tarap gözüniň gyýtagyny aýlanda, onuň elindäki bir topbak kagyza gözi düşdi. Ýüregi gysyp gitdi. “Içigary galmyş, ýene-de biri birtopar zadyny süýräp getiripdir-ow” diýip oýlandy-da, biygtyýar, gapynyň ýokarsynda asylgy sagada garşy seredip goýberdi. Biriň ýary. Günorta naharyna ýene-de ýarym sagat bar. Owf! Tutuşlygyna ýarym sagatlap ýene-de biriniň bolar-bolgusyz janykmalaryna “hä-hawa” berýänden bolup, kösenip oturmaly boljag-ow! Ýeri, günortandan soň geläýeniňde, eliňdäkiň ot alyp barýarmy, diýsene!...Has takygy, günortadan soňam däl-de, düýpgöter gelmeseňem bolman durmazdy…Halys kese ýykjag-aý şular! Oňarýanam çyrşajak, oňarmaýanam…Şol yzyny üzmän daşap durlar, daşap durlar… Yzam tükenmeýär bularyň, soňam ýok bularyň. Ýeri, bärde size bal barmy diýsene?!...Köpüsiniňem samyrdamasyny okamag-a beýlede dursun, hatda eliňe alanyň üçinem içiň ýanyp-tütäp, alyp barýar…Ine görseň, şu hem şeýledir… Ol janyýangynlyk bilen elindäki ýarysy boşan çäýnegini, penjiräniň erňeginde döwäýmegiň bäri ýanynda, “gülçüldedip” goýdy-da, iş ornuna geçdi. Boýnundaky galstugyny düzetdi. Tutuksy keşbini saklap, misli her sözüni karzyna alýan dek, kelam agyz geplemän, henizem bosagada duran jahyla eli bilen yşarat edip, oturgyjy görkezdi. Islemezlik bilen agzyny açdy-da, özüne zor salyp ýesersirän boldy: -Geç inim, otur! Näme, bize dagy bir zatjyklar getiräýdiňmi?! Ýigdekçe baş atdy. Birdenem burç ýaly gyzardy. Oňa garşy tiňkesini diken işgär: “Ilkinji gezek şunuň ýaly ýeriň işiginden ätleýär öýdýän. Gör-ä munuň gyzaraýşyny” diýip oýlandy. Birhili nebsi agyryp gitdi. Bada-badam ýigrimi ýyl mundan ozal, özi üçin-ä gyzyldan gymmatly, özgeler üçinem ýeke jinnek bahaly bir topbak kagyzyny bagryna basyp, şuňa meňzeş işikden çekine-sakyna ätleýşi hyýalynda janlandy. Ýumşady. -Hany getir bakaly, inim. Göreli bakaly, seniň dürdäneleriňi-diýende onuň sesi öňküsine görä mylaýymrak çykdy. Ýetginjek elindäki ýüzi ýazgydan doly kagyzlary gorka-gorka uzatdy. Dessine-de, göýä ol, hatyladyp agyz uraýjak ýaly, elini hasyr-husur yzyna çekip aldy-da, aşakda, aýaklarynyň arasynda gizledi. Köwşüniň burnuna seredip oturşyna, gözlerini götermäge het etmän, myňňyldady: -Hekaýalar… -Görýän, inim-diýip gözüne äýnegini dakan işgär hümürdedi-de, elindäki kagyzlarda ünsüni jemledi. -Bulary, inim kompýuterde ýygaýmaly ekeniň-dä. Elde ýazyp oňaýypsyň… Ýigdekçe hasam aljyrady. Öňküsindenem beter, ýere siňäýjek bolup ýapyryldy-da, zoraýakdan dil ýardy: -Kompýuterim-ä bar-la welin, elde gowy ýazylýar-da… “Gör-ä muny! Näme, elde gowy ýazylar ýaly, azy ýaran adybelli ýazyjymyň?! Haý, günüňe ýanaýyn, aýagyny gyzgyn suwly kersene sokup ýazýan Balzak bol-a! Ýa, bolansyran bolýaňmy?!” diýip oýlanan işgär, äýneginiň üstaşyr, ýüzüni ýerden galdyrman oturan jahyla siňe-siňe seretdi. Onuň oturşynda ýasamalykdan nam-nyşan ýokdy. Işgär sesini çykarmady. Äýnegini düzetdi-de, içinden okap ugrady. “Sadap…gyzyň adymyka ýa-da dişlere ýanap bir zatlar ýazaýdymyka?!... Pyýala ýaly gözlerini käse ýaly tegeläp, gabat-garşysynda duran ýigdiň otlukly lowurdap duran garamyk gara gözlerine garady…Päheý-de welinim, diýmäýin diýsem…muňa sered-ä…şol bir zatlar, şol bir sözler, şol bir şekillendirme…tegelenen hem-de otlukly lowurdaýan gözler…Şü, öwrenjäniň eline düşse, bu göz diýen içigary galmyş, hökman, ýa ulagyň tekerine gaýra dur diýdirip tegelener, ýa-da töweregine ot düşürjek bolýan ýaly, çar ýanyna uçgun syçradyp lowurdar durar, ýöne, hiç haçan adaty adamlaryňky dek, etmeli işini edip, ýönekeý seredip oňaýmaz ol, eýesiz…Özem, bir sözlemde iki gezek şol bir aňlatmany ulanýar, ýeri, pyýala bilen käse şol bir zat dälmi, nä? Iki sapar “ýaly” diýen söz gaýtalanýar. “Garamyk gara” hem şoňa meňzeş…”. Onuň ýene-de ýüregi gysyp başlady. Elindäkini düýbünden okasy gelmedi. Ýa, “arkaýynçylykda okap, soň netijesi barada habar bererin” diýip ugradaýsamyka?! Äý, ýok, beýtseňem, günde ýetmiş ýedi sapar jaň edip, arkaýyn işlemäge goýmaz. Onsoňam, soňa goýaňda näme, ýene-de okamaly özüňsiň-dä, keseki biri gelip, okab-a bermez. Iň gowusy, şu mahal az-owlak eglenip, dynanyň ýagşy…Bahymrak başymdan sowaýyn-la… Ol özüne zor salyp okap ugrady. Birhaýukdan soň okap boldy. Göwni ýetmedi. Suwjukdy. Ýazylyp-ýazylyp lenji çykan ýordumly, endam-jany “söýgi” diýen sözden dos-doly, bir zatjykdy. Emma, hiç zat geplemedi. Hekaýany bir gyra aýyrdy-da, ikinjini okamaga çemelendi. Emma, adyny okan dessine myrryhy tutdy. “Ýangynly söýgi”… Uludan bir “öwhüldäp” dem aldy-da, elindäki kagyzlary goýdy. Äýnegini aýyrdy. Göýä, onuň ýüz-keşbinde, kaddy-kamatynda özüni juda gyzyklandyrýan nämedir bir zady görmekçi bolýan dek, tiňkesini dikdi. Özüniň siňe synlanýandygyny ýagyrnysy bilen syzan ýigdekçe, gözlerini göterdi. Ikisiniň nazary sataşdy. Bir tarapdan, durmuşy tejribesi ýetik, aga-gara mazaly düşünýän, geçen ýigrimi ýylyň içinde ýazasy gelýän zatlarynyň köpüsini ýazyp, ondanam köpüsini ýazman, armanly gezip ýören, alasy gelýän baýraklarynyň hem käbirini alyp, käbirini alyp bilmän, ahmyrly galan, maşgalasy-hojalygy il deňinde üpjün adamyň ep-esli çarşenbäniň şaýady bolan gözleri… Beýleki tarapdanam, hyjuwdan hem ymtylyşdan ýaňa dyňzap duran, hanasyna sygman möwç urup, iki kenaryna-da çyrpynýan däli derýa çalymdaş durmuşy ýaşap ýören, entek hiç zadyň şaýady bolmasalar-da, özlerini jahanyň ähli many-mazmunynyň düýbüni deşendirin öýdýän, öz-özünden beleň alyp, tutaşyp gidip barýan gözsüz-gaýduwsyz jahyllygyň aýnasy bolup ýyldyraýan gözler… Işgär, birsellem dikanlap, dymyp durandan soň, kellesine gelen ilkinji soragy bermek üçin, dodagyny müňküldetdi. “Näçe wagt bäri ýazýaň, inim?!” diýmekçi boldy. Emma, näme üçindir diýmedi. Agzyny açanda, başga, has gödek sowal dilinden sypdy: -Inim, şunuň ýaly suwjuk, lenji çykan zatlary ýazmak gerekmikä beri?! Ýigdekçäniň güne garalan ýüzi ot çabrana döndi. Gözleri dagysam, edil ýöne, dem salymlyk, tamdyr içinde köräp duran alawy kesewi bilen gorjalana çalym edip gidäýdi. Nähilidir bir gaharly jümläni diýmekçi bolýan dek, onuň yzgytsyz gyşaran dodaklary jebis ýumlup, ýazyldylar. Emma, ýene-de özüne basalyk berdimi nämemi, köwşüniň burnuna seretdi-de, pessaý pyşyrdady: -Men olary ýazamok. Jahylyň jogaby ony geň galdyrdy. -Onda näme edýäň? Bulary kim ýazdy, onda?! Ýetginjek bir zat bogazyna tegek bolan ýaly, özüne zor salyp ýuwdundy-da, sag elini çykaryp stoluň üstünde goýdy. Oňa garady. Jogap gaýtaranda sesi gyryljak çykdy: -Men olary ýaşaýan. Bu sözler ony hasam haýrana goýdy. Düşünmedi. Ýigdekçäniň ýüzünden many aljak bolýan dek, ýene-de oňa ünsli seretdi. Birdenem, ol hälden bäri öňünde oturan bolsa-da, ony edil şu wagt, şu pursat gören ýaly, ol juda tanyş göründi. Ýüz-keşbi, sypaty, kaddy-kamaty, sag eline direnibräk oturyşy…Barysy oňa şeýlebir tanyşdy. Ýöne öňünde oturan ýigdekçäniň kime meňzeýändigi teý ýadyna düşmeýärdi. Birdenem onuň orta barmagynyň ujundaky gabarçyk, güberilip gözüne ildi. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Näme üçin beýdýändigine-de düşünmän, öz eliniň orta barmagyndaky şeýle gabarçygy çep eliniň barmaklary bilen, biygtyýar owkalap goýberdi. Barmagy gabarçyklap gidipdir. Öte köp ýazýan bolmaly. Özgeden sorap bilmeli däl, özi belet, beýle gabarçyk diňe, ýüzlerçe günleriň dowamynda elden düşürilmän işledilýän syýagalamyň, barmaga ýelmeşip galan yzyndan emele gelýär… Öz gabarçygyny owkalap durşuna, jahylyň barmagyna has siňe seredende, özüniňki bilen onuňkynyň arasyndaky tapawudy anyk saýgardy. Onuňky has uludy, ep-esli bolup çişip, güberilip durdy. Täzedigi, gün yrman agram salnyp, barmagyň dokumasynyň hasam beter mynjyradylýandygy bildirýärdi. Özüniňki bolsa könedi. Agram salynmaýandygy, has takygy, juda kän wagt bäri agram salynmandygy göz-görteledi… Ýeri näme, “indi elde ýazamok, kompýuterde ýygýan” diýjekmi?! Hymh! Hezilem berýärsiň! Onuň ýüzi gyzardy. Hakykatdanam zähmet çekýän-ä, ine, öňünde ýygrylyp otyr. Dogry, elbetde, entek onda Hudaý beren zehiniň barlygy-ýoklugy hem belli däl. Muny anyklamak üçinem, ol entek juda köp zähmet çekmeli. Ýöne ol, şol zerur işi irginsizlik bilen, jepakeşlik bilen, yzygiderli ýerine ýetirýär dälmi? Diýmek seniňki däl-de, onuňky dogry! Onuňky dogry, sebäbi ol zähmet çekýär, sen bolsa zähmet çekmeýärsiň-de, diňe özüňi: “zähmet çekýän” diýip ynandyran bolýarsyň…Ylmy iş, okuw kitap ýazan bolýaň, makala düzen bolýaň, gazetleriň sargyt eden wakalary boýunça ýuwan-ýelmikje hekaýajyklary çyrşan bolýarsyň… Şonuň bilenem bihuda ýaşamaýanyňa, zehiniňe ikilik etmeýändigiňe özüňi ynandyrmaga çytraşýarsyň…Hakykatda welin, kalbyň jümmüşinde düşünip aňyrsyna-da geçýärsiň, zähmet çekmän, ýöne özüňi güýmän bolup ýöreniňe…Hemmesem nämeden?! Ýaltalykdan!... Elbetde, ylmy işiňem, okuw kitabyňam, makalaňam, güýmenje üçin ýazýan hekaýajyklaňam iş…ýöne olara ähli özüňi siňdirmeýärsiň ahyry…diňe güýmenýäň… ussaçylyk edýäň…haçanam bolsa bir wagt, on-on bäş ýyl mundan ozal, sözlem düzmegiň, sözleri gaýym edip kebşirlemegiň, kelläňdäki pikiriňi hem duýgyňy, diňe özüňe däl-de, özgelere-de düşnükli bolar ýaly edip beýan etmegiň usullaryny özleşdirdiň, ussaçylygy ele aldyň…indem şondan peýdalanyp ýörsüň…edýän işiňde gözlegem ýok, zähmetem, maksadam, ynanjam, kösenjem, müňkürligem… diňe ussaçylyk, diňe ussaçylyk…bary-ýogy ussa sen…Ondan-a beýdip ýöreniňden, git-de, kerpiç ör, tam reňkle, deri eýle, mal bak, ekin ek, ýöne edýän işiňe ähli özüňi siňdir, näme etseň et, ýöne ýarym-ýalta bir ýaşama ahyry… Agtar, ýalňyş, ökün, tapan günüň ýa-da tapandyryn öýden günüň, begenjiňden ýaňa gözüň garaňkyrar ýaly bol… Tapmadygyňa düşünen günüňem gynanjyňa huşuňdan git…Ýene-de munuň edýän işine at dakan bolýaň… Ol dogry aýdýar, ol setirlerini ýazmaýar, ol setirleriniň her birini ýaşaýar, nakys bolsun, suwjuk bolsun, barybir seniňkiden müň esse beýik hemmesi… sebäbi onuň her bir setirine onuň ähli özi, tutuş durky-düýrmegi, dünýäsi siňdirilen… seniňki welin, bary-ýogy ussaçylyk…gazanç edýäň şonyň bilen…diýmek onuňka sungat bolýar, seniňkem senet… Ol jahyla tarap garady-da, oňa nähilidir bir ýakymly sözleri, ötünç soraýan äheňde diýmek isledi. Emma, näme üçindir dilinden düýbünden düşnüksiz sowal sypdy: -Otlanyň känmi?! Geň galmaly, jahyl oňa bada-bat düşündi. Sesini çykarman eli bilen stoluň erňegine çenli beýikligi görkezdi. Sähel salymam, geplejegini-geplemejegini bilmän ikirjiňlenýän dek, dymyp oturdy. Soňam dil ýardy: -Şunçany. Üç ýylkydan saýlap alyp galanlarym şular. Ol jahylyň ýüzüne seredip bilmän gözlerini ýumdy. Bada-badam gyzyl ot bolup ýanýan birki gujak depder göz öňüne geldi. Has takygy, birki gujak depderem däl-de, öňünde göwnübir ýaly oturan jahylyň üç ýylky zähmetini-yhlasyny ýuwdup, lowlap ýanýan ot hyýalynda peýda boldy. Bu hyýaly şekil ony hasam utandyrdy. Edil kalbyna gyzgyn ataşgir basylan ýaly edip, degen ýerini daglap gelýärdi. Ol özüni aklamaga howlukdy. “Menem birmahallar şunuňky ýaly, münder-münder depderi, hatda, soň özüm okamaga-da utanyp, “şunuň ýaly pes ýazylan zatlary il bir göräýmesin” diýip otlamaga howlugýardym ahyry…”. Emma, hyýalyndaky şekil oňa özüni aklamaga maý bermedi. “Öň otlaýardyň, ýöne aýt hany, sen, hemmeler bilen paýlaşmak üçin berlen serpaýy tenha özüne sarp edip, zehinini kesbi-käre öwren hilegär, iň soňky sapar haçan, öz çyrşan zatjyklaryňy, oda bermek derejesinde talapkär seljerip gördüň?! Aýdyp bilmersiň. Gepläre ýüzüň ýog-a, seniň. Sebäbi sen, her bir ýazanjaňy eşrepi ýaly edip, ulanyp ýörsüň-dä”. Ol hasam müýnürgedi. Öz-özünden, öňündäki oturan ýigdekçeden, hyýalyndaky şekilden,…başga-da kän zatlardan…Birdenem, dagy näme etjegini bilmeýän ýaly, öz müýnüni ýaşyrmakdan ötri, ýene-de ýigdekçäniň hekaýalaryna garşy elini uzatdy. Emma, jahyl oňa kagyzlary almaga mümkinçilik bermedi. Garbap aldy-da, ýerinden turdy. Ýeke agyz geplemänem işige garşy ýöneldi. Işgär gyssandy. -Dur-how, inim, birden, beýle gaty görüp barma. Getir, hemmesini ýaňadanam bir okaly, iki bolup eýlesine-beýlesine gulaş-kakyş etsek, garaz bir zatlar ederis, olary!-diýip ol ýerinden turdy. Emma ýigdekçe oňa diýýämisiňem diýmän, bosaga bardy. Ýöne tutawaçdan ýapyşanda, sähel säginip, yzyna gaňryldy: -Gerek däl. Men maksadyma ýetäýdim öýdýän-diýip eşidiler-eşidilmez pyşyrdady-da, gapydan çykdy. -Dur-how inim, iň bolmanda adyňy bir aýdyp git, ahyry!-diýip ol, ümzügini öňe atdy. -Ynsap!-diýdi-de ýigdekçe işigi daşyndan ýapdy. -Ynsap?! Beýle-de bir at bolar eken-ow! Dursana, inim!-diýip işgär, alňasap gapa bardy. Gapyny açdy-da, kellesini uzatdy. Dälizde hiç kim ýokdy. Iş otagyndan aşaky gata düşülýän basgançaga çenli ep-esli aralyk bolsa-da, ýaňky jahyl eýýäm zym uçan ýaly bolupdyr. Ol ýigdekçäniň yzyndan ylgamakçy boldy. Birdenem kürtdürdi. Ýadyna düşdi. Eger-de ýalňyşmaýan bolsa, onuň özem ilkinji hekaýalarynyň birine “Ýangynly söýgi” diýip at goýupdy öýdýän…Soňam ony otlan bolaýmasa… -Üh-he, üh-he… Ol duýdansyz üsgürip başlady. Üsgürip durşuna, tasdanam, kürsüsi bilen bilelikde arkanlygyna gaýdýardy. Zordan saklandy. Birsellem büküdip-büküdip üsgürdi. Bogazynyň gijisi birneme kiparlandan soň, alasarmyk ýagdaýda, ukuly gözlerini açalak-ýumalak edip, ýerinden turdy. Sagada seretdi. Iki bolup gelýärdi. Ol bokurdagynyň gurap tüýdüge dönendigini duýdy. Ýüz-gözüni owkalaşdyryp, penjiräniň öňüne bardy. Erňekde duran çäýnegi aldy. Geň galdy. Çäýnek doludy. Käse almaga-da ýaltanyp, jürnüginden owurtlady. Teşneligini gandyrandan soň, ösümlikleriň biriniň suwsuz süllerendigi gözüne kaklyşdy. Çäýnekde galanja suw bilen suwaryp ugrady. Şol wagtam… …Gapy kakylan ýaly boldy… | |
|
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |