17:28 Ýolda yzda seni görse gözlerim... | |
ÝOLDA-YZDA SENI GÖRSE GÖZLERIM...
Goşgular
Ýolda-yzda, seni görse gözlerim, Görmezlige salyp, ötüp giderin, Soň, aýlanyp seniň aýak yzlaryň, Başym ýere goýup, öpüp giderin, Hyýalymda, ýylgyrşyňa guwanyp, Göwnüm çaga.... oýnap, böküp giderin. Sen dirikäň, urýan juwan ýüregim, Il-güne güjeňläp, açyp giderin. Emma, welin ýüregimde ýer eden, Söýgimiň laýyna, batyp giderin, Sen barkaň. Ýüregim urmasa, birden... Sessiz söýgim bilen ýitip giderin. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |