09:29 Ýöne...Doganlara näme gerekdi. | |
Örkün üzüp bilmän ýagty jahandan,
Goşgular
Gidip bilmàn ýatan hassa,,Diýdiler. Barmy munda razylaşman galany, Eltisin çagyryñ,gyssañ diýdiler. Ýaş mahaly mahlasy bu gelinler, Edil sarç bedewi salýardy ýada. Ýagşylyk edeni sylasalar-da. Bir söze iki söz bolupdy kada. Ýanaşyk ýaşaýan eltiler başda, Göräýmäne äpbe hemem jüpbedi. Sähel zada öýkeleşen gelinler, Gatnaşyga okadylar tepbedi. Gelinleñ her haýsy bir ýerden gelen, Ärler welin...Bir enäniñ balasy. Gelinlerne haý diýmegiñ deregne, Doganlaryñ haýat boldy arasy. Şeýdip toý tutdylar dogan-dogansyz, Enelerniñ töwellasyn har edip. Çigit ýaljak kindiwanja kinäni, Ulaltdylar,küren oba jar edip. Şeýle bir gaýşaryp gezerdi bular, Ýetmejek ýalydy ölüm pillesi. Ol juda tiz geldi,agyr dert bilen, Uly eltiñ şindi dolman ellisi. Dert çekip,şol öñki tekepbir ýürek, Şeýle bir ejizläp,ýumşapdy welin... Soñky demde etmişine ökünip, Eltisine tarap salgady elin. Kyn bolarly,jan kar-kara gelende, Gözüñ ýummak,ahmyr bilen armana. Eltisi hem geldi soñky pursatda, Ençe ýyllap görmedigni görmäne. Bir-birniñ ýüzüni görmejekdiler. Gördüler,emma bu söñky gezekdi. Gelinleñ her haýsy bir ýerden gelen, Ýöne...Doganlara näme gerekdi. Gyzylgül Annagylyjowa | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |