11:04 Yrymlar düwünçeginden | |
YRYMLARDAN
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ Naharlananyñda aýna seredip iýseñ, öz görküñi iýýärsiñ. ■ Gije aýna seretseñ ruhuñ pese gaçýar. ■ Ertir irden aýna "Bismilla" diýip seretseñ, gözelleşýäñ. ■ Üç sany garga bir şahada otursa, oñatlykdan habar gelýär. ■ Keselhanadan çykanyñda, yzyñda zat (hatda zibil hem) galdyrmaly däl. Şeýle etseñ yzyña gelmeýärsiñ. ■ Gyz maşgalanyñ eli, aýagy tüýlek bolsa baý ýere durmuşa çykýar. ■ Ikindi bilen şamyñ arasynda suwa düşmeli däl. Adam keselleýär. ■ Gözüñe ittirsek çyksa, pul sürtüp, ýedi ýoluñ üstünde goýup, yzyña seretmän gitmeli. Ittirsek gaýdyp çykmaýar. ■ Gözüñe ittirsek çyksa, ony ite ýalatsañ hem aýrylýar. ■ Düýşüñe göwreli aýal girse, baýlyk gelýär. ■ Ak zat dökülse (süýt, gatyk, tüwi, şeker, duz we ş.m.) üstünden bassañ gözüñ agyrýar. ■ Ýanyñda syrtlanyñ tüýüni ýa-da dişini göterseñ, hemmeleriñ gözüne mähriban görünýäñ. ■ Uzak ýola şaýlananyñda, ýol dogasyny okasañ, ýoluñ hemişe açyk bolýar. ■ Egniñ çekse, görüşýäñ. Sag egniñ çekse ýakynyñ bilen, çep egniñ çekse ýat adam bilen görüşýäñ. ■ Çöregiñ iki ýerinden bölseñ, rysgalyñ bölünýär. ■ Iki adam birden okara çemçe uzatsa, oñat habar gelýär. Taýýarlan: Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |