16:49 Yşarat däl, aýan eýle | |
YŞARAT DÄL, AÝAN EÝLE
Goşgular
![]() Bu dünýä bir kerwensaraý, Goş ýazdyryp, düşledigim. Bäş günlik däl, baky saýyp, Munda göwün hoşladygym. Imrinip gezdigim dünýäñ, Gözelligi ne, ajaýyp, Iman däl-de, pul gözledim, Munda has zerurym saýyp. Çapdyryp hyýal atymy, Çapdym, çar ýana galgadym. Şunça ýyl döwran sürsemem, Neçüýn gelenim añmadym. Geldigim syr, gitdigim syr, Bu dünýäme, düşelgäme. Oýan, oýlan, pikir eýle, Ynsanlygyñ syry näme. Diýip, kakyp gursagyna, Diñ salyp, diñşirgäp duran. Naçaryña yşaratmy, Ylahy düýşleri gören. Yşarat däl, aýan eýle, Dünýe syryn çözläýin men. Eý Biribar, ýodalardan, Öz ýolumy gözläýin men. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |