04:53 Ysyrga / hekaýa | |
YSYRGA
Hekaýalar
Sawçylyga baryldy. Barlan gapydan razylyk alyndy. «Sähetmyrat bilen Aýjemal jan çagalykdan bile ulaldy. Olar biri-birini gowy görýärler» diýmekdenem Tagangül eje saklandy. Nämä gerek bu hakda aýdyp oturmak? Muny şonsuz hem bilýärler ahyryn. Toýuň sähedi erte-birigün belli ediljek bolnup ýörkä, obany şum habar dalap geçdi. Meýdan aga ähli işini ogly Sähetmyrada galdyryp, urşa gitdi. Ýöne Sähetmyrat hem ýola taýýarlyk görüp ugrady. Tagangül ejäniň ogluny ýanyndan aýrasy gelmedi. Ol bar zada kaýyllyk bilen taýýarlan goşhaltasyny ogluna uzatdy. Sandyraýan elleri bilen Sähetmyradyň egninden sypady: – Ägä bolgun, oglum... Gözsüz batyrlyk etmegin. Kakaň ýanyna barsaň, ondanam habardar bol. Ol gyzmarakdyr. Syýyndan çekip durgun. – Hökman, eje – diýip Sähetmyrat baş atdy. Ol aljyraňňy halda elini hereketlendirdi. Nämedir bir zat aýtmaga peýlendi. Ýöne aýtmagyň ebeteýini tapman kösendi. – Kakam: «Jöweni gowuja edip or» diýipdi. Onam-a ormaga ýetişmedim, eje. – Entek jöwenler oňly bişenok. Bişýänçä bolsa, dolanarsyňyz ahyryn. Men ony guş-gumursydan gorar ýörerin. – Hawa-la, jöwenler bişýänçä geleris – diýip, Sähetmyrat howsalaly jogap berdi. – Onsoň kakam bilen bileje oraýarys. Özüňi horlamagyn, eje! Agyrrak iş tapylsa, degme, durubersin. Kakam bile gelip, özümiz ederis. – Enşallasa, sag-aman dolanyň, nemisleri ýer ýuwutsyn, ylaýym! – diýip, Tagangül eje elewredi. Seni öýli-işikli edip, agtyk görjekdik. Wah, balam... – Eje! – diýip, häliden bäri nädip aýtjagyny bilmän duran Sähetmyrat gyzardy. – Bir zat aýtjak bolýaňmy, oglum? – Hawa, eje. – Aýt, oglum aýt! Çekinme. – Toýuň taýýarlygyny görüp ýördüňiz... – Görüp ýördük, Sähetmyrat jan. – Şeýle bolansoň ho arada bazara gidenimde oňa diýip bir ysyrga alypdym. Şony saňa berip ötägideýin?! Gowşurarsyň... – Gowşuraryn, oglum. Hökman gowşuraryn! Ondan ýaňa arkaýyn bolaý. Ynha, hä diýmän gelersiň. Şonda toý ederis! Aýjemal jana bolsa ysyrgany dakarys. – Men gelerin, eje! – Hökman gelersiň, balam! Men saňa garaşjak ahyryn. Aýjemal janam garaşar. Men oňa hemmesini gürrüň bererin. «Sähetmyrat janam: «Garaşsyn!» diýdi diýerin. Goý, ol utansa, utanybersin. Men welin, muňa birjigem utanmaryn... Ogul gitdi. Ondan bäri niçeme ýyllar geçdi! O wagt kyrk ýaşly Tagangül eje indi segsen ýaşy arka atdy. Saglykda gezip ýören bolsa, onuň ogly Sähetmyrat bu gün altmyş ýaşamalydy. Hany, boldumy näme?! Meýdan aga-da, Sähetmyrat hem dolanmagy wada edip gidipdiler. Ýöne uruş olaryň ikisiniňem ömür tanapyny üzdi gitdi. Bu Tagangül ejäniň jigerine ýara bolup ornady. Tagangül eje gugaryp duran öýünde gydyrdanyp ýör. Her ýyl melleginiň ýarysyna jöwen ekýär. Ony yhlas bilen otaýar, suwa ýakýar. «Jöwen indi möwrütini ötürdi, Tagangül eje. Mellegiňize başgarak ekin ekiň. Bizem kömekleşeli» diýip, oňa goňşy-golamlarynyň birnäçesi telim ýola aýdypdy. Tagangül eje olaryň sözüni unamady. Şo köne edähedi bilen boldy. Indi oňa bu barada dil ýarýanam ýok. Kömekleşýärler-de ötägidýärler. Aýjemal başga bir ýigide durmuşa çykdy. Onuň iki ogly, üç gyzy boldy. Ol indi üç-dört ýyl bäri pensiýada. Olaryň öýi Tagangül ejäniň öýünden o diýen uzakda däl. Olar mahal-mahal duşuşýarlar. Biri-birine bakyşyp, sessiz düşünişýärler. Her sapar Aýjemaly görende Tagangül eje adamsy bilen sawçylyga barşyny, ogly Sähetmyradyň ysyrga berip gidişini ýatlaýar. Özüne hernäçe erk etjek bolsa-da, gözýaş ondan rüstem çykýar. Aýjemal durmuşa çykanda Tagangül ejä dünýä gapyşana dönüpdi. Adamsyny, ogluny ýatlapdy. Olary hyýalynda çagyrypdy. Ol uzak gije gözýaş döküpdi. Näçe aglasa-da, ony köşeşdiren bolmandy – özi aglap, özi goýupdy. «Ogluň gelmese, eýsem ol nätsin?!» diýip, içini gepledipdi. Şonda-da Tagangül ejäniň köşeşmegi kyn bolupdy. Sebäbi ol Aýjemalda özüniň oglunyň keşbini görýärdi. Sähelçejigem bolsa, ol her sapar Aýjemaly görende ýüregi teselli tapardy. Wagt Tagangül ejäniň jiger ýarasyny kem-kem bitirdi. Ýok, bitirmedi. Muňa – ýara ene ram etdi. Ol Aýjemallar toý-tomgy edende bardy. Aýjemal hem geldi. Ho öňrägem: «Içim gysyberdi. Soň siziň saglygyňyzy bileýin diýip gaýdyberdim men-ä» diýip geldi. Tagangül eje muňa biçak begendi. Ol gaza çaý oturtmakçy boldy. Ony Aýjemal saklady: «Duruň, Tagangül eje. Men size kömekleşeýin» diýdi. Aýjemal çäýnek-käseleri ýuwuşdyryp, çaý demledi. Tagangül eje köpden bäri aglmandy. Aýjemalyň çaý demläp durşuna seredip welin, ol saklanyp bilmedi. Horkuldap, zaryn aglady. – Sähetmyrat janym... Eý, meniň dünýä myradym... Hany, sen? Hany kakaň? Siz nirelerde? Aýjemal oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Öz eden işine ökündi. Tagangül ejäni köşeşdirmäge synanyşdy. Bary peýdasyz boldy. Ene ýürek paralap, Aýjemaly gujaklap, ýene aglady... Sähetmyrat ejesine jöwen bişere gelmegi wada edipdi. Ynha jöwenler bişdi. Olar bu ýyl bol hasyl getiripdir. Şo ýyl hem häzirkisi ýaly jöwen hasylly bolupdy. Indi bu näçe tiz orulsa, şonça gowy. Ýogsam guşlar munuň sähel salymda hasylyny tükederler. Ene adamsyna, ogluna ýene garaşdy. Intizar gözlerini ýola dikdi. Ne adamsy, ne-de ogly göründi. Olara derek öýe Aýjemal bäş-alty ýaşlaryndaky agtygy Sähetgeldiniň elinden tutup geldi. – Tagangül eje, sag-gurgun otyrsyňyzmy? – Hudaýa şükür! Bir mydar-a bar, Aýjemal. Hany, törräge geç – diýip, Tagangül eje özüni rahat alyp barmaga çalyşdy – Sähetgeldi jan, gel, meniň ýanyma. Men saňa köke bereýin. Sen-ä eýýäm up-ullakan bolupsyň. – Ýok, men entek ullakan bolamok – diýip, Sähetgeldi jedirdedi. – Men ulalsam, soldat boljak! – Ýok, balam, sen soldat bolma. – Tagangül eje Sähetgeldä köke uzatdy. – Sähetgeldi, gel bärik! – diýip, Aýjemal agtygyna azgyryldy. – Häzir gaýdarys. – Gyssanmaň, Aýjemal. – Tagangül eje, men-ä aýak üstünden diýen ýaly... – Beýle näme gyssagly işiň bar? Aýjemal ak mata oralgy ysyrgany orta süýşürdi. – Tagangül eje, men şo beren ysyrgaňyzy getirdim. – Hä? – Tagangül ejäniň sesi sandyrap gitdi. – Muny size gaýtaryp bermegiň henize-şü güne çenli ebeteýini tapman ýördüm. Indi gaýtarmasam boljak däl... – O näme üçin, Aýjemal? Meniň o günki aglanym gaty gördüňmi? Ýok, ýok, menden aýyp etme. Men garry, sähel bolsa, gözüme ýapyşyberýärin. Yzyna al ysyrgany, Aýjemal! Muny saňa Sähetmyrat janym beripdi ahyryn! Isläniňi et. Ýöne maňa berme. – Munuň hyrydary köpeldi, Tagangül eje. Çagalarymyň biri muny özüne ýadygärlik soraýar. Ýene biriniň muzeýde goýasy gelýär. Şu gün irden bolsa körpejäm: «Ysyrgadan iki sany altyn diş goýdurjak» diýip, şähere barýar. Elinden alyp galdym. Onsoňam... – Aýjemal sözüni soňlap bilmedi: aglap goýberdi. – Aýyp bor, Aýjemal, aýyp bor... – Ysyrgaňyzy gözümiň göreji ýaly sakladym. Hiç ýerik dakynybam çykmadym... – Wah, bilýän-le, Aýjemal. – Ene, ene, aglama! – diýip, Sähetgeldi enesiniň synyndan çekdi. – Gaýdaly, gaýdaly! – Ýör, Sähetgeldi janym – diýip, Aýjemal howlukmaç ýerinden turdy. – Ysyrgany alyň, Tagangül eje. Menden aýyplaşmaň... Aýjemal agtygy Sähetgeldi elinden tutup, yzyna garaý-garaý barha daşlaşdy. Ene Aýjemal ejäniň yzyndan delmirinip durşuna, umydy bilen ebedilik hoşlaşýan ýaly, ajy gözýaş dökdi. Şol gün Tagangül ejäniň gözýaşy döküle-döküle gutardy. 1982 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||