14:12 Ýüregagyry / hekaýa | |
ÝÜREGAGYRY
Hekaýalar
Kardiologyň gapysy bu günem nobatly. - Hiç kim maňa düşünmeýä! Daş-töweregim diňe tüntawlardan doly. Ýa-da ondanam beter, her bir etmeli işini, ol-a hetjikläp, çeýnäp-çeýnäp agzyna salmak ekeni, käbir ýerde hatda, ýuwdubam bermeli lellim enesi ýalamadyklar...-diýip, saçlary mazaly çal sepen garry, ýüzüni yzgytsyz eňşidip, gapdalyndaky oturan nobatdaşyna janagyryly zeýrenmegini dowam edýär: - Şunça ýyllap okadym, öwrendim, ýurt gezip, özge ýurtlaryň, halklaryň artyk-kemini öwrendim. Ine, indem, ähli çeken zähmetim tokly osurança-da ýok. Hiç kese gerekmez. Hatda, çagalammyň arasynda-da özüme düşünýän ýekeje adamam tapyp bilemok. Bu bipaýan-bihuda-bimanylykdan ýaňa-da, ş-o-o-l yzyny üzmän ýüregim sanjyp dur, sanjyp dur... “Heleý” diýlen işigaýdan janawerem, çagalaryny hemdem tutunyp, günüme goýman meni bejermäge bärik dartýa... W-a-a-h! Ol akmaklar meňki dugtorlykdyr öýdýäler. Meň bolsa içim-bagrym tütäp alyp gelýä... Hemme tutuş adamzat tohumyna-da, ömrümi biderek zatlara sarp eden özüme-de... Indem, ine, gelşiň deý, bimany ölüp gitmeli. Bitiren goşuňam ýok, goparan hokgaňam... Doguldyň. Iýdiň-içdiň, s...çdyň. Ýatdyň-turduň. Öldüň. Bolany... Zeýrenjeň garryň söhbetdeşi – takmynan onuň bilen ýaşytdaşrak erkek kişi, ýüregi azar berýärmi nämemi, aram-aram elini kükregine ýetirip, ýüzüni ejirli çytsa-da, edil gürrüňdeşiniňki deýin dünýeden nadyl bolup, bäş deşigini bir ýere üýşürip oturmaýar. Nobatdaşyny ugruna kowmakdan ötri, oňa käte bir “hä-hawa” beren bolýar. Birden-birdenem, ýakymly bir zatlar hakynda biygtyýar oýlananyny duýman galýarmy nämemi, öz-özünden ýüzi ýagtylyp gidýär. Şonuň ýaly pursatlarda-da, ol gürrüňdeşiniň gepine gelişmese-de, pikirini morta daşyna çykaryp, gysgajyk hümürdäp goýberýär: - Äý hawa-la, dertdeş! Seň aýdýanlaňňam dogrudyr-la! Ýöne, men-ä, ine, Hudaýa şükür, ýaşanymdanam, eden işlemdenem, bilimden önenlerdenem müň-de bir razy. Allaha şükür, gowy durmuş nesip etdi. Il deňinde süýjüsinem görmek, ajysynam datmak nesibämde bar ekeni. Diňe bir, şü soňky döwürler düýpli bahana bolmasa-da, ýürek azar berjek bolýa. Olam näme, bolmalysydyr-da. Ömürlik gelen-ä ýok... Däliziň diwaryna ugurdaş goýlan kürsülerde ýanaşyk oturandyklary üçin bu ikisiniň özara hümürdisine islese-islemese gulak germeli bolýan üçünji nobatdaşam, öz ýüreginiň kadaly urşuna gözegçilik edýän dek, böwrüni diňläp oturyşyna, biparh äwmezeklik bilen içini hümledýär: “Bäh, giňdir dünýe, geňdir dünýe. Bir-ä içi-bagry tütäp, galagoply, ýangynly ýaşap ýüregagyryly bolýar. Beýlekisi asuda durmuşdan kesel tapynýar. A men nämeden?!”... | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |