08:58 Ýürekdeşlik poeziýasy | |
ÝÜREKDEŞLIK POEZIÝASY
Edebiýaty öwreniş
Biziň günlerimiziň atly şahyrasy Akjemal Omarowanyň «Goşgular» atly ilkinji ýygyndysyndan: Asmandaky aýa tarap Ýöräp barasym gelýär. Aýa münüp aşak garap, Seni göresim gelýär – diýen ýekeje setirlik «Söýgülime» diýen goşgusyny ýat beklänimize indi seredip otursak, ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçipdir. Şu ýyllar içinde A.Omarowa poeziýa äleminiň wepaly esgeri bolup, ýürege ýakyn, gyzgyn mähir-muhabbete ýugrulan onlarça şygyrlary bilen okyjylary özüne imrindirdi. Mylakatly owazy bilen özüni çynlakaý söýdürmegi başardy. Liriki gahrymanyň şol wagtky söýgülisine ýürekden syzdyryp aýdan sözleri soňra onlarça eseriniň içi bilen ösüp, tutuş durmuşa aşyklyk gözi bilen garaýan janypkeş, duýgur, ýürekdeş adamynyň sözlerine öwrüldi. A.Omarowanyň liriki gahrymany döredijilikli geçen ýyllar içinde kämilleşip, her taraplaýyn ösen döwürdeşimiziň obrazyna öwrüldi. Onuň liriki gahrymany arassa söýgä ýürekden hormat goýýan wepaly gelin, perzendiniň üstünde kökenek bolýan mährem ene, il-güne, töwerek-daşyna mylakatly, ilhalar zenan maşgala. Galyberse-de, şol liriki gahryman jemgyýetiň öňdebaryjy çleni hökmünde biziň beýik gurluşymyza işeňňir gatnaşyjydyr. A.Omarowa Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlap gelenden soň, özüniň döredijilik adamydygyny bir minut hem ýadyndan çykarmady. Döredijiligiň inçe tärlerini ele almak üçin irginsiz zähmet çekdi. TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň işgäri wagtynda-da, «Tokmak» žurnalynda işlän ýyllarynda-da edara işiniň aladalary bilen birlikde, esasy işiniň döredijilikdigini birjik-de unutmady. Yhlas bilen çekilen şol zähmetler hem A.Omarowa «Läle gelin», «Murgap çemeni», «Gün bilen gürrüň», «Ganatlarym» ýaly şahyrana kitaplaryberdi. Şol kitaplaryň okyjylara özüni çynlakaý söýdürip bilen gujurly gahrymanynyň keşbinde-de biz sowet döwründe ösüp kemala gelen sada, işeňňir, bagtyýar türkmen gelniniň keşbini synlaýarys, sözlerini diňleýäris. Oňa ynanýarys hem guwanýarys. Şol gelniň keşbinde, ilki bilen, biz döwrümiziňşadyýan şahyrasy Akjemal Omarowany görýäris. Şahyra özi ýaly bagtly döwrüň, azat zähmetiň eşretini görýän müňlerçe türkmen gelin-gyzlarynyň sosialistik döwrümize, beýik Lenine, onuň şöhratly partiýasyna minnetdarlyk duýgusyny bildirýän köp sanly goşgular ýazdy. Ilkinji «Kommunistik partiýam» atly goşgusyndan bäri «Bagtly aýdym», «Partiýam», «Mähriban adam», «Dünýämiziňal baýdagy Lenindir», «Eziz Leninim», «Dagyň gerşindeçekilen surat», «Komunistik partiýamyz» ýaly ýokary jogapkärçilik hem özünden talap edijilik bilen ýazylan kämil goşgularyň uly toparyny döretdi. «Döretdi», «dörejiligi» diýen ýaly sözleri her bir eser ýazmak bilen meşgullanýan awtorlara sahylyk, arkaýynlyk bilen aýtmak bolmaz. Döretmek – munuň özi kämillige ýetmek, dörediji diýilýän ady sowatly setirleriň, gutarnykly çeper obrazlaryň bilen goramak diýmekdir: Adyň bilen aýlanyp dur asyrlar, Adyň tutsam dünýäm güle basyrlar, Seň paýasyň bilen açylyp barýar, Giň älemde açylmasy kyn syrlar. Seniň adyň derýadyr her gursakda, Seniň bilen gurýas näme gursak-da. Seniň şol mähriban beýik adyňy Gaýtalaýas otursak-da, tursak-da. «Dünýämiziň al baýdagy Lenindir» diýen goşgudan alnan şu setirler hem A.Omarowanyň bu temadan doly bahaly goşgular döredendigini we döredip bilýändigini kepillendirýär. Bularyň üstüne onuň Leningrad hem leningradlylar baradaky tutuş bir gutarnykly goşgular toplumyny goşsak, Akjemal Omarowanyň türkmen Leninnamasyna özboluşly, ýakymly sesini goşandygyny aýtmaga kanuny haklydyrys. Öňde ýatlaýşymyz ýaly, A.Omarowanyň liriki gahrymany öz sözüniň eýesi, söýgüsine ýürekden wepaly, bagt diýilýän zady ilkinji nobatda, gyzgyn söýgi bilen gurlan durmuşdan gözleýär, akylly oý-pikiri, päkize ahlagy, ýaryna wepalylygy bilen okyjynyň ýürek tarypa kakmagy başarýar. Şol mylakatly gahryman hemişe öz ýarynyň göwnüni götermegi, özüniň zenan gözelligi bilen söýgüsiniň durmuşyny bezemegi arzuw edýär, gerek ýerinde çynlakaý wada berýär. Mahlasy, özüne ideal edinýär: Sen bolsaň päkize dup-dury asman, Menem perwaz urýan guşuň bolaýyn. Eger saňa eýgertmese gam-gussaň, Gije-gündiz göwün hoşuň bolaýyn Gör, nähili ýürekdeşlik! Hemişe şeýle iki taraplanyn göwni hoşlukda ýaşamagy niýet edinen liriki gahrymanyň sesini biz agzalan kitaplaryň hemmesiniň içinden eşidýäris. Ýeri gelende şol mährem gelniň örän buýsançly, öz mertebesini goramaga uçursyz ukyply, özüniň söýgüsine mynasyp jogap tapmasa, sowlup geçmegi-de mertlerçe başarjakdygyny kepillendirýän goşgularynyň hem ençemesiniň bardygyny aýtmalydyrys. Hut şu deliller hem Akjemal Omarowanyň nepis söýgi lirikasynyň özboluşly aýratynlyklary bolup, onuň döredijiligini soňkyýyllaryň poeziýasynyň içinde ep-esli belentlige çykardy. Akjemal Omarowanyň liriki gahrymany näme hakda pikirlense-de, nähili iş bilen meşgullansa-da, onuň bir eli sallançak ýüpünde. «Söýgiň barlygy üçin ýaşap ýör dünýämiz» diýýän liriki gahryman ähli zady, bütin durmuşy ýürekden söýşi ýaly, bagryndan önen perzendini ähli zadyň gözbaşy hasaplaýar. Ömrüniň dowamy –perzendi üçin müňlerçe jepalara döz geljekdigini aňladýan pikirleriniň başlangyjyny şeýle setirlerden okaýarys: Bagyşla sen meni, parahat gije, Bu gün il deňinde uklap bilemok. Balamy hüwdüläp asudalygňy Bozýan, ümsümligi saklap bilemok. Şahyra bu temadan ýazan goşgularyna diňe «baldan bala süýji» diýen halk pähimini esas edip alman, ol asyrlarboýy halkymyzyň aňyna ornan hem ýaşap gelen dana pikiri goşgudan-goşga ösdürýär. Ony diňe maşgalanyň «altyn aşygy» hökmünde häsiýetlendirmän, eýsem tutuş jemgyýetiň «altyn aşygy» hökmünde wasp edip, öz borjy, wezipesi hakynda bolsa çuňňur oýlanýar, aladalanýar. Şeýle häsiýetler onuň «Arzuw», «Dünýä ineniňde», «Bagyşla sen meni», «Ene hüwdüsi», «Bu dünýä enany, senem enaýy», «Toýly aýalyň monology» ýaly goşgularyň tutuş süňňüne ornapdyr. Telim ýyllar şeýle oý-pikirleri başdan geçiren liriki gahryman ene hem enelik borjy hakyndaky, epe hem perzent baradaky pikirlerini jemläp, bir goşguda şeýle sözleýär: Kar seçmeklik onuň özüne galýar, Bir arzuwym – Ýarasyn il derdine. Ol ene süýdüne wepaly bolsun, Hem wepaly bolsun eziz ýurduna. Bu temada ýazylan goşgulary okap, ene ýüreginiň gürsüldisine diň salyp, durmuşyň köp çylşyrymly wakalary bilen ýüzbe-ýüz bolan enäni synlaýarys. Şahyra Akjemal Omarowanyň döredijiligi barada pikir ýöredip, onuň poeziýasyny diňe ýokarda agzalan temalar bilen çäklendirsek, elbetde, has bärden gaýtdygymyz bolardy. Ýöne şol temalaryň onuň döredijiliginiň esasy ugrudygy welin, şübhesizdir. A.Omarowaiyň hyjuwly liriki gahrymanynyň gursagy aladadan doly. Ol planetanyň üstünde ýarag oýnalmazlygynyň tarapdary. Diňe bir tarapdar hem bolman, şul ugurda işeňňir göreşiji. Söýgi bilen gurlan durmuşyny ahyryna çenli eşretli ýaşamak üçin aladalanýar. «Indi beri ot beräýme jahana», «Meniň oglum bolsun dynç günne soldat» diýip jeňbazlara, jellatlara garşy ýumrugyny düwýär. Liriki gahryman ene ýüreginiň ähli ýerde deň urýandygyny, olaryň ählisiniň bir maksat bilen – perzendi ajal okundan goramak maksady bilen göreşýändiklerini nygtaýar: Kongrese gelýän mähriban ene Sözüň bolsun ähli sözüň gözbaşy. Dünýäni döreden, ýaradan ene, Uruşdan gorarys ýagty Güneşi. Bir gahryman üçin şunça alada köp bolmazmykan?! Ýok, bu entek hemmesi däl. Ol heniz ümmülmez Watanymyzyň köp ýerlerini aýlanyp görer. Köp kitaplaryň gatyny açar. Zähmet adamlary bilen ýüze-ýüz duşuşar. Üstünligine begener, kemçiligine gynanar. Soňra şol duşuşyklar hakda öz garaýyşlaryny, arzuw-isleglerini, minnetdarlyklaryny çuňňur oýlana-oýlana beýan eder. Ençeme gelin-gyzlara duşanda olara göreşiji bolup ýaşamagy öwreder. Ene Kulyýewa, Annajemal Hydyr gyzy ýaly göreşiji eneleriň ýoly bilen gitmäge çagyrýar. («Göreş bagtyňüçin ykbalyň üçin»). Zähmet pälwanlarynyň arasyna baranda olaryň edermenliklerini synlap, müň mertebe alkyş okaýar. («Tüweleme, ýigitler», «Çöl ýitdi»), Ýene-de şol liriki gahryman ähli alada-gaýgymy bir tarapa süýşürip, gözellik älemine seple çykýar. Baharyň gelşini ine-gana synlaýar. Şybyrdap ýagýan ýagşyň sesine diň salýar. Guşlaryň owazyna guwanýar. Bahardan gana-gana alan lezzetleribilen joşup, şirin owazy bilen bahar hakda, barlyk hakda üznüksiz nagmalar aýdar. Şadyýan durmuşyň bahar bilen meňzeşligi üçin hem: Janbaharym, belki, şonuň üçindir Mydam seni görüp ýaşasym gelýär. Al keteni geýnen joralam ýaly, Çigildem güllerňi ogşasym gelýär. diýip, ýüregini açýar. Elbetde, bularam entek hemmesi däl. Akjemal Omarowanyň liriki gahrymany hem köp liriki gahryman ýaly hemişe hereketdäki adam. Toý-meýlise-de gatnaşýar, ýitgileri-de başyndan geçirýär. Emma başyny dik tutup, «epmersiň bilimi, epmersiň gaýgy», «müzzerip erkimi aldyrmaryn hiç» diýip, gaýgy-hasraty ýeňip, mertlik bilen ýaşamagy başarýar. Biz bolsa ýene-de dürli-dürli temalara bagyşlanan onlarça goşgulary okap, sagdyn synaly, belent ruhly, erjel liriki gahrymany mähir bilen synlap, dogumly, gaýraty Akjemal Omarowany ýatlaýarys. Şahyranyň liriki gahrymany näme hakda sözlese, çyny bilen sözläp, halys ýüregini açýar. Elbetde, ýürekdeşligem hut şondan gelip çykýar. Bu häsiýeti şahyryň tutuş döredijiligine jemleme bolup durýan «Gyzylgül» hem «Biziň çölümiz» diýen liriki poemalaryny okanyňda-da doly duýmak bolýar. Şöhrat gazanan hasyl ussady Gyzylgül Annamuhammedowanyň işine, durmuşyna bagyşlanan dokumental eser hem özüniň hakyky liriki mazmuny, çeperçiligi bilentapawutlanýar. Işiň şeýle kämil derejä ýetmegi hem döredijiniň dogrudan dogry yhlasly zähmet çekip, döredijilikli ýol geçendigini aňladýar. Mahlasy, şu gysgajyk bellikler döredijilikde kämillik ýaşyna ýeten Akjemal Omarowanyň ýürekdeş poeziýasynyň türkmen sowet edebiýatynda özboluşly, özbaşdak sahypalary emele getirendigine güwä geçýär. A.Omarowa türkmen topragynyň söýgüli şahyrasy bolşy ýaly, rus dilinde döwürleýin metbugatda yzygider neşir edilýän goşgulary bilen bütinsoýuz okyjysyna hem köpden bäri bellidir. Ol «Ogonýok» žurnalynyň telim gezek ýyllyk baýragyna mynasyp boldy. Moskwanyň Sowetskiý pisatel neşirýaty bolsa onuň goşgular kitabyny neşir etdi. A.Omarowa indi ençeme ýyllardan bäri Türkmenistan radiosynda işläp, çeper oçerkleriň, publisistik makalalaryň hem onlarçasyny ýazdy. Sözümiziň ahyrynda şahyra uly üstünlikler arzuw edip, dumly-duşdan gelýän gutlaglaryň arasynda aýratyn bir ýürege ýakymlysynyň bardygyny öz sözleri bilen duýdurasymyz gelýär: Seretsene çagajyklaň owsunyp, Mähir bilen bulap akja gollaryn. Toý gatanjy iberipdir Garagum, Kükreginde ösen elwan güllerin! 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |