10:39 Ýüwrük / hekaýa | |
ÝÜWRÜK
Hekaýalar
…Sag aýagyny epdi. Çep aýagyny yzlygyna uzatdy-da, daraklygyna direndi. Ýumruklaryny ýere diräp, ýapyryldy. Bilini galdyrdy-da, ýagyrnysyny göneltdi. Eňegini ýokaryk göterip, göni öňüne seretdi. Keýmir ýaýa salnan ok ýaly gös-göni boldy. Oky atmak üçin çekilen kiriş kimin, durky-düýrmegi bilen dartyldy. Kemanam özi, peýkamam. Nazary, dartylan kirşiň zoruna çydaman zarňyldap duran peýkamyň maşagyna dönüp, assaja titreýär. Taýýar, ol. Şeýlebir taýýar welin, ylgaw ýodasynyň gyrasynda duran emin, elindäki sport sapançasyny ýokary galdyraga-da, dik gögüne gümpüldeden badyna, heniz “ylgaň” diýen söz onuň dodaklarynyň arasyndan syzylyp çykyp, aýdylyp gutarmanka, bar güýji bilen öňe zyňjak özüni. Şeýlebir öňe okdurylar welin, hiç kim, tomaşaçylaram, eminlerem onuň honda atylyp düşüşini, hatda saýgarmaga-da ýetişmezler. “Ýap-ýaňyja-da, ine, şujagaz ýerde, eddiljek öňjügimizde ýapyrylyp durdy welin, eýýäm o taýyk nädip düşüp ýörkä?!” diýip, haýrany-serasyma bolup galaýarlar, asyl! Şeýle bolaýmalam, bu! Hökman bolaýmaly. Sebäbi tükeniksiz türgenleşiklerde, şunça surnugyp-surnugyp, esasy ýaryş gününiň şu pursadyna çenli, sabry-takadynyň iň soňky damjasyny sarkyryp gutarmagyň bäri ýanynda, zordanjyk gelip ýetmegiň hötdesinden gelenden soň, şeýle bolmasa, nähili bolar ahyry?! Duran ýerinde takga jany çykaýmazmy?! Ol hasam dartyldy. Dartylmakdan ýaňa on iki süňňi assaja titräp başlady. Birdenem…Kimdir biri assyrynlyk bilen ýeňsesinden geläge-de, edil gulagynyň agzynda: “Atly!” diýip gygyryp goýberen ýaly boldy. Oslagsyzlykdan ýaňa ol allaniçigsi bolup, tisginip gitdi. Dem salymlyk gowşady-da, töweregine ýalt-ýult edip, çagalykdan galan lakamyny tutup, özüni çagyrany gözlemäge başlady. “Müň bir gijedäki” Sindibady penjesine gysýan mähnet Ruh guşunyň höwürtgesindenem müňlerçe esse äpet sport toplumynyň münberleri, tomaşaçylardan ýaňa hyryn-dykyndy. On müňlerçe adamyň her biri çalaja pyşyrdasa-da, bat bilen gaýalara urulýan deňiz gomlarynyň güwwüldisine çalymdaş, giden bir gowur emele gelýär. Şatlyk-şowhunly galmagal, sport desgasynyň aýmançasynyň içinde, dag dereleriniň arasynda azaşan ýaňa meňzäp, ylgawyň başlanmagynyň öň ýanyndaky iň soňky pursatlaryň galagoplugyny başlaryndan geçirýän türgenleriň depesinde aýlanýardy. “Kim gelmedik bolsa-da, bularyň arasynda bir ýerlerde, Enwer-ä bardyr” diýen pikir bilen ol, şol durşuny üýtgetmän, göz astyndan synlap, ýakynyndaky münberde oturanlaryň arasyndan çagalyk dostunyň tanyş suduryny agtarmaga başlady. Gözüniň ýetdiginden tomaşaçylaryň hatarlaryna birlaý göz gezdirip çykdy. Tapmady. Ýa, olam gelmedimikä?! Göwnüne nähilidir bir lapykeçlik aralaşyp ugrady. Özüne basalyk berip, körje umyt bilen ýene-de tomaşaçylaryň hatarlaryny dörmäge durdy. Içigary galmyş! Gözleşdiren bolup, eljireşip durmaga-da pursat ýok. Birdenkä häzir eminiň sapançasy gümpüldedigi, işiň gaýtjak. Sebäbi Enweri agtarmaga ünsi sowlup, endamy-da gowşady. Göz açyp-ýumasy salym bolsa-da, gaýtadan çuslanmaga wagt gerek. Bular bolsa saňa täzeden dartylyp-beýleki edip, taýynlanmaga puryja beräýmezler. Ol gapdalynda ýapyrylyşyp duran bäsdeşlerine gözüniň gyýtagyny aýlady. Agras ýüzler, diňe öňe dikilen gözler…Nazarlaram hyruçdan doly. “Ýa ýeňerin, ýa-da hiç zat! Nä günlük bilen ýetdim ahyry bu güne!” diýen pikirem ählisiniň maňlaýyna ýazylan ýaly…Her biri-de asgyn geleninden her zat bolanyny gowy görjek…Gör-ä bulary! Ýaýyň kirşine direlen ýerinde peri galdyraýan peýkam ýaly sandyrap duruşlaryny!...Sähel eglendigiň işiň gaýdýar. Soň näçe ýüwrügem bolsaň, aýaklaryna eýgermänjik geçäýersiň! Tozana garyp giderler. Onsoň “atly” lakamyny güne ýatyp almadygam bolsaň, ýeňiş deregine belanyň sapyny alarsyň… Hasam, şu, sagyndaky şilliň uzyn pyýadanyň mysalasy göwnünden turmaýar. Galany-ha hiç-le, özünden kän bir tapawutlary ýok, garaz, eýdip-beýdip oňuşsa boljak. Özüne biraz agram salyp, çyny bilen ökjesine tüýkürse, galanynyň ählisi bilen deň deprenişmezçe däl. Ýöne, şu şilliň welin, hezil bermese gerek! Gör-ä, onuň entek ýaýdan sypmanka “haşlap-haşlap” dem alaýşyny! Edil ýöne, döşündäki ýazylyp-ýygrylýan beden agzasy, biz ýaly adaty adamlaryňky dek öýken däl-de, obamyzyň ulaghanasyndaky demirçi Tirkeş aganyň körügine çalymdaş bir zat ýaly bolup dur! Her gezek dem alanda, diňe öz öňündäk-ä beýle-de dursun welin, hatda bularyň öňündäki howany-da özüne sorup, soňam şol howanyň düzümindäki kislorodyň iň kinniwanja dänejiklerine çenli öýkenine ýelmeşdirip alyp galýana meňzeýär. Onuň ýakynynda duran bize dagy asyl, dem almaga howa-da ýetmeýän ýaly boluberýär, göwnüňe bolmasa! Has takygy, ol diňe bir agzy-burny bilenem däl-de, eýsem, dartylan kiriş kimin zarňyldap duran tutuş göwresi bilenem dem alýan ýaly…Hawa, hawa, hakyýt, şeýle şol! Dartylmakdan ýaňa bildirer-bildirmez titreýän aýaklary-da dem alýar onuň, dim-dik bolup ýere direnip duran elleri-de, eňegini süýreldip öňe uzaýan tumşugy-da, göni öňüne dikilip, özi bilen pellehananyň aralygyndaky metrleri parran deşip geçmäge ymtylýana kybapdaş bakýan gözleri-de…umuman, bedeniniň her bir agzasy bilen howadaky kislorodyň iň owunjak zirelerinem gözleşdirip tapyp, eşrepi ýaly edip, özlerine sorup, oňa öňe okdurylmak üçin güýç-kuwwat toplap berýärler…Peýkama dönüp kemanyndan sypdygy gutardygy…Sport sapançasynyň “tarkyldysynyň” gohy tükenip-tükenmänkä, ol eýýäm, hol yzda, onuň turzup geçen çaňynyň arasynda süýrenişip ýören bizleri, pellehanada, eli birki desse gülli garşylap duranlaryň biri bolar…Aýaklary dagysam näteňet, meniňem-ä boýum hele-müçük däl welin, meniň dabanymdanam birki garyş çemesi up-uzyn bolup, hol yzda süýnüp ýatyr! Şonuň üçinem, hany çuslan bakaly, Atly! Ýogsa, atly däl-de paýtunly bolsaňam, özüň bilen tälimçiň Akmyrat aganyň bilelikdäki, ähli azabyny reýgan edýäň! Wah, şu mahal eşidilmän geçen pyşyrdam, nireden gulagyma geldi diýsene?! Bar ünsümi aldy ahyry, bisüwüm pyşyrdy! Pyşyrdam pyşyrdy welin, özümem bir, baýaky, şonuň bäri ýanyndaky bir zat! Ýeri, pyşyrdy bilen nä işiň bar diýsene?! Köpçülikde ejesini ýitiren lälijek, lellim ejemogly ýaly bolup, töweregiňe ýalt-ýult edip, delminip durma-da, öňüň bilen bol-da! Onuň öz-özüne gahary geldi. Öz-özüni gižželäp, gaýtadan endamyny gatatmaga dyrjaşdy. Emma, barybir, ýene-de biygtyýar, tomaşaçylaryň hatarlaryna tarap, gabak astyndan gözüni aýlanyny duýman galdy. Bada-badam gördi. Hanha, ol! Begenip gitdi. Bar eken-ä, asyl! Bilýärdimem-le, gelmän oňmajakdygyny! Bolmaz ahyry, gelmese! Ol ýaryşy-da, eminiň elinde gümpüldemäge taýyn bolup duran sport sapançasyny-da undup, kellesini çala gyşartdy-da, çagalyk dostuna tarap garady. Enwer tomaşaçylaryň münberiniň öňündäki belent germewden ýapyşyp, durky-düýrmegi bilen göze öwrülip durdy. Özem, diýesi gelýän sözlerini diýmegi, öz-özlerinden pyşyrdap duran dodaklaryna-da ynanman: “Atly jan! Jan dostum, gaýrat et, alyp çykaweri! Tamany tala daňmaweri!” diýip gözleri bilen pyşyrdaýan ýalydy. “Haý zaluwat! Gelipdir ahyry! Gör, ol nirede duran ekeni!” diýip içinden monça bolup oýlandy-da, ol öňüne bakdy. Bada-badam göwrüminiň giňäp gidendigini duýdy. Ýeňillik bilen uludan dem aldy-da, ýere direnip duran ellerini gatatdy. Birdenem näme üçin beýdýändigine-de düşünmän, dostunyň duran tarapyna ýene-de bir ýola seredip goýberdi. Bada-badam, bir mahal, mundan on ýyla ýakyn ozal, ýüzi-de, saçy-da jyrk sary, hatda gözleriniň aşaklarydyr-gabaklaryna çenli menekden doly, kelteje boýly, horja oglanjygyň, şeýdip gapdalynda, özüniň, atyň üstünde joňkaryp oturan girrik deň-duşy Durdynazar bilen ýaryşmaga taýýar bolup duruşlaryny synlaýany, hyýalynda ýalpyldap gitdi. Tolgundy. Dessine-de tolgunjy bilen bir wagtda diýen ýaly, çagalygynyň ýatda galan şol wakasy, onuň gözüniň öňünden ýeke pursatlyk geçip gitdi. Şol waka, onuň, ilk-ä öz ýaşytdaşlarynyň arasynda, soňam bütin obada, ata-enesiniň dakan adynyň undulyp, hemme ýerde “Atly” diýen lakamynyň tutulyp ýörülmegine sebäp bolupdy…Dokuz-on ýaşlaryndadylar. Alty-ýedi sany bolup, ymgyr ekin meýdanynyň gyrak-çetinde ot ýygynýardylar. Hemmesi tigirlidi welin, ala-böle daýhan birleşigiň ferma müdiriniň ogly Durdynazar, kakasynyň alaşasyndady. Oňa-da goňşy-golamynyň: “ejesi oňa “girrik” lakamyny, ol heniz gundagdaky iňňä bäbek döwri, emdirip durka ýelmäpdir” diýýäni çyn bolmaly. Öz-ä bir, sypaty gursun, sarymtyla ýakyn çalymtyk reňkli, endam-jany alabeder, menek-menek, ýaly-guýrugy ibaly idi-yssywat edilmän, gyzganlykda agnan geçiniň çöpürine dönüp giden, alyn saçy gözüniň üstüne kölege, aýaklary keltejik, ferma müdiriniň howlusynda mugt iýmden isledigiçe garnyny gözäp, iş görmän garny iki böwrüne urup, gapdallygyna çişip duran, bir jontuk alaşa welin, ylla bir Görogly begiň hunaba baryny ýuwduplar ýeten arzyly Gyratyny münendirin öýdenok, özüni, Girrik zaňňar. Bular-a ot ýygmak bilen başagaý, hemmesi-de bahymrak haltalaryny dolduryp öýlerine gaýtjakdan. Sebäbi dykyzrak-gowuzragam bolsa, garaz, bir halta ot bilen öýe barsaň, ejeleriň, ýatakdaky söýgüli sygyrlaryň her niçigem bolsa, şu günlükç-ä aç galmajakdygyna guwanyp, günortanyň tüp yssysynda suwa düşmäge gitmek üçin peýelenýänine göz ýummaklary ähtimal. “Girrigiň” welin, ot bilenem, alaşasynyň syrtyna bökderilgi orak-halta bilenem işi ýok. Tumşugy dik ýokarda. Öz-özünden göwnühoş, özem. Edil ýap-ýaňyja, irgözinden, gaty yssy düşmänkä Hüňkäriň kyrk müňleri bilen birýüzli edip, onuň üstesine-de, yzyna dolanyp gelýärkä, ýolugra, perizatlaryň birki sanysynyň ýoluny bent eýleýän üç-dört sany süwümsiz aždarhanyň kellesini ýeňsesindäki horjuna oklap gelen ýaly edil! Kiçiräkleri, ýüregi ýukaraklary: “Münüp göräýeli-how! Birje gezek mündüräý-how!” diýip özelenýälerem welin, olara iň bolmanda, dözmän-beýleki edip, “hä-hawa” diýmegiň deregine, gaýta hasam beter çişýär. Dişleriniň arasyndan syzdyryp, “jytyladyp” ýere tüýkürýär-de, yzyndanam edil tüýkürýän ýaly edip: “entek balaja siz, ondan-a gidiň-de ejeňize arlygyňyzy täzeledip geliň” diýen bolýar. Özelenýänlerem bir guş beýni. Onuň degirmenine suw guýýandyklaryna düşünmeýärler. Gaýta, megerem, ömürlerinde ilkinji gezek bolsa-da ahmal, onuň çyn adyny tutup: “Durdynazar, beýtme-how, erkek bolsana, ýekeje gezek mündüräýsene! Halys bolmasa, üzeňňisine aýagymyzy atyp göräýeli” diýşip, beter ýalbarýarlar. Şol barmana-da, çar ýanyndan eşidilýän özelenmelere Durdynazaryň öteräk kellesi göçdümi nämemi: “Goýuň-ow, goýuň! Näçe diýseňizem, berjekgä! Meniň munym juda gymmatly, tohum at-how! Kakam ony gaty uzak bir, adyny üç-dört gezek aýdanam bolsa, hijem ýadymda galmaýan ýerden, diläp-diläp alyp geldi. Çapanynda dagy, edil ýöne Göroglynyň Gyratyna gaýra dur diýdirýär, bu. Onsoň şunuň ýaly bedew atka, onuň jylawyny siz ýaly burny sümüklä bersem, birdenkä: “meni kesekä ynandy” diýip menden öýkeläp, soň aýagyny ýitirip-beýleki edip, bulaşyp ýörmesin” diýdi. Bu-da munuň gulagyna ildi. Ileni ýagşy welin, nädip “Girrigiň” güpülemesine jogap gaýtarandygyny özem duýman galdy. “Goýsana-aý, Girrik! Ýagşam bir güpülediň-ow, sen-ä! Öwünseňem ýapa bir degir ahyry! Aýagyny ýitirer ýaly, munyňda aýak bamy diýsene?! Şunyň-a ylgaşsak, menem ozaryn” diýdi. Sözüne “däl” diýlen Girrigem hüžžerip galdy. Alaşasynyň jylawuny sakga çekip, deňesinde duraga-da, üstüne abandy. “Erkekmi-eý? Ýaryşjakmy?!” diýibem hemle urdy. Dogrusy, şol pille, birbada aýdan sözlerine ökündem-le welin, näme, agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp alyp bolýarmy?! “Ýör, ýaryşsaň” diýdi-de, oragyny taşlap, ýerinden turdy. “Tigriňi almagyn-eý, erkek ýaly “ylgaşjak” diýeniňi etginiň” diýip, onuň tigrine tarap ýönelenini gören Durdynazar öňüni gabalapdy. “Tigrini aljak bolýan bamy-eý, şu ýerde?! Köwşümi goýjak bolýan-how” diýip, alaşa bilen tigirli ýaryşmak barada ysgynsyzja umydynyň hem tepbedi okalandan soň, pirimi paşmadyk olam, burnuna salyp, hüňürdäp galdy. Soň aýlanyp gaýtmaly pellehanany bellediler-de, deňleşip durdylar. Bir tarapd-a aýagy ýalaňaç, ýeňsiz köýneginiň jalbaryndan çykarylan etegi şemala galgaýan, çepiksije oglanjyk, beýleki tarapda-da, bykynlary güberilip duran mes alaşa. Bu-da bir tolgunýar welin, edil ýöne, agzy gurap alyp barýar. Endamy-da assaja galpyldaýar. Eýýäm özüni alaşanyň tozanyna garylyp, hol yzdan süýrenip gelýän ýagdaýda görýär. Hatda ala-pakyrdy bolup öz üstünden gülýän oglanlaryň akjaryşyp duran dişlerine çenli gözüne görünýär. Eger-walla, “gorkana goşa görner” diýleni, arasynda gülki seslerem gulagyna eşidiläýýän ýaly. “Masgara, masgara, masgara” diýen ýekeje sözem, içgysgynç pyşyrda öwrülip, şol yzyny üzmän kellesinde gaýtalanyp durşuna, gögele göwnüni çekip-çydap soňuna çykar ýaly bolmadyk, tükeniksiz tukatlykdan doldurýar. Kellesi zordan alaşanyň döşüniň ýokary ýanyna ýetip durandygy sebäpli, üstündäkiniň nähili pitjiň atýandygyn-a görmeýär welin, hasam aljyratmak üçin, agyzdyrygyny äwmezlik bilen çeýnän bolup durşuna, özüni bedew at däldirin öýtmeýän alaşanyň, özüne garşy göwnübir ýaly garaýan, bärki gözüniň täk özem ýeterlik-le. Öz-ä bir dilsiz-agyzsyz janaweriň ýekeje gözi welin, edil ýöne, injigiňi sandyradyp, alarladyp alyp barýar. Badyhowalykdan, göwnüýetmezçilikden püre-pür. Özem: “Sen-eý balajyk, kim bilen ylgaşmakçy bolýaň?! Git-de, deňiňi gaşa ahyry! Men-ä, şu wagt mes bolsam-da, semräp gidenem bolsam, ezeli ýaradylamda ylgamak üçin, tizlik üçin ýaradyldym. A sen näme?! Ylgamak üçin ýaradylmadyň ahyry, adamjyk! Ondan-a, bar, gidip, ilki bilen näme üçin bu dünýä gelendigiňe düşün-de, soň şonuň bilenem meşgul bol! Şeýtseň utulmarsyň. Abraýdanam düşmersiň! Ýa, şu ýönekeýje hakykat seniň bişmedik beýniňe girmeýärmi, entek?!” diýip gyjalat berýän ýaly. Şonda-da ol daşlaryny gallaýanlardan haraý isleýän dek, umytsyz halda töweregine garanjaklanda, sesini çykarman, özüne garşy delminip garap duran Enwere gözi düşüpdi. Özündenem beter çepiksije çypar, göýä, özüniň tutuş durky-düýrmegi bilen, sap-saryja saçlary, günüň şöhlesiniň reňki siňip giden ýüz-keşbi, ähli menekleri bilen oňa: “dost, şu Girrige-de, onuň gedem alaşasyna-da, seniň üstüňden gülmäge taýyn bolup duran beýleki ählisine-de, bir oňat edip göz görkezsene! Edil ýöne, hemmesiniň ýüzlerini turşudyp duruşlaryny synlap, gülüp-gülüp hezil edineli-le!” diýýän ýalydy. Çyparyň şojagaz bakyşy-da, oňa az-owlagam bolsa teselli beripdi. Birdenem…Girrik özüniň şol oturşyna-da ondan kän artykmaçlygynyň bardygyna garamazdan, ýene-de jyzdy. Duýdurman zat etmän: “Gitdik! Çüw, Gyratym!” diýdi-de, alaşasynyň böwrüne debisgiläp goýberdi. Alaşa janawerem, misli, bolup geçýän zatlara düşünýän ýaly, “çüw” diýlerine mähetdel, semiz garnyny iki ýaňa şalkyldadyp, güýjünde baryny edip ýorgalap ugrady. Ol bolsa duýdansyzlykdan ýaňa, birbada näme etjegini bilmän, doňňara-daş bolup galaýdy. Dem salym geçip-geçmänkä-de daşyndakylaryň: “eň-how, bahymrak bol, hanha, gitdi-de-gitdi” diýişýän gykylyklaryna aýňaldy. Eýýäm gumaşak ýoluň tozanyny dik göge galdyryp, hol allaowarradan barýan alaşanyň yzyndan topuldy. Güýjünde baryny edip ylgady. Birden özüne gaty agram saldymy nämemi, ylgap barşyna gözüniň öňi garaňkyrap gitdi. Misli, kimdir biri ýokarysyndan gelip, gözüniň öňüni ýukajyk gara şal bilen örten dek, gözüniň öňünde nähilidir birhili düşnüksiz alagaraňkylyk emele geldi. Emma, onda-da badyny peseltmedi. Gaýta beter, demi-demine ýetmän sojap barşyna, tizligini artdyrmaga çytraşdy. Emma, mes alaşanyň yzyndan ýeter ýaly däldi. Ol göýä, yzyndan allajy kowalaýan dek, ýetişibildiginden çapyp barýardy. Onuň bolsa ylgadygyça ysgyny gaçýardy. Pellehana-da, häli saýlanlarynd-a beýlebir daş däl ýaly bolup görünse-de, bu mahal-a Yssambyldanam aňyrrakdaky bir ýerlere göçüp gidene meňzeýärdi. Asyl, alaşanyň turuzýan tozanyndan ýaňa pellehana düýbünden görünmeýärdem. Ylgap barşyna, soňabaka, onuň demi içine düşüp, daljygyp ugrady. Gözüniň öňündäki alagaraňkylyk bolsa barha goýalyp, tümlüge öwrüldi. Birdenem, öňüni görmän büdräp, süssenekläp gitdi. Aňynda üznüksiz gaýtalanýan: “wejera, wejera” diýen pyşyrdy hasam güýçlendi. Hälden kalbyna aralaşan lapykeçlik bolsa, bu pyşyrdynyň güýçlenmeginden beleň alýan dek, gollaryny giň gerip, gerimini giňeltdi-de, tutuş göwnüni gaplap aldy…Emma, ol muňa per bermedi. Huşundan gidip barsa-da, iň soňkuja gaýratyny jemläp, badyny gataltdy. Birdenem… Sypdyrdy. Hälden bäri nähilidir birhili berk penjeler, idili dem almaga maý bermän, öýkenini goşawuçda saklap, gysymlap duran ýalydy welin, birdenkä, ol penjeleriň rehimi indimi nämemi, gysajy gowşadyp goýberdiler. Onuň kükreginde – ýüregine ýakynrak tarapynda, hälden bäri düzüwli ýazylyp-ýygrylyp bilmän duran ýaşajyk öýkeni edil, kapasadan boşadylan guşjagaz ýaly, bir silkindi-de, giňden-giň açyldy. Tozanly bolsa-da, ymgyr meýdanyň howasy onuň döşüne doldy. Soňam, howanyň jana melhem düzüm bölejikleri, ýaşajyk öýkeniň eleginden geçäge-de, onuň damarlarynda at çapýan ganyna gatylyp-garyldylar. Däliräne dönüp urýan, gaýratly ýürejiginiň erki bilen, ondanam göni baryp, beýnisine urdular. Şol bada-da gözüniň öňünden tümlük syryldy. Bahar soňunyň nurly güneşi asmanda ýalpyldap gitdi. Ýeke pursatlyk gözi gapylana döndi. Emma, bu gamaşyklyk sähel salymdanam az wagt dowam etdi-de, röwşen ýagtylyk onuň gözlerinden girip, kalbyna aralaşdy. Ýap-ýagty boldy. Lapykeçligem galmady, wejera bolmakdan gorky-da. Ýeňläp gitdi. Şol pille-de, edil jadygöýüň taýajygy galtaşan dek, döşündäki öýken-ä öýken bolmagyny bes etdi-de, ýazylyp-ýygrylyp duran ganatlara öwrüldi. Özi-de, tutuş çepiksije göwresi bilen, şemalyň akymynda agyp-dönüp, ýüzüp, hol al-asmanda pel-pelläp ýören erkana guşjagaza öwrüldi. Şol belentlikdenem bir aşagyna garady. Hanha, hol aşakda, inçejik tozan görünýär. Gumaşak ýoluň ugry bilen tozan turzup, çişik alaşa ümdüzine tutduryp barýar. Üstünde-de üsti-başyny çaň basan bir oglanjyk, ony hasam gaty çapdyrmak üçin ýetişibildiginden böwrüne debisgiläp gyssaýar, nämedir bir zatlary gaharly gygyrýar. Olaryň hol yzyndan bolsa, garynja çalymdaş bir gara nokatjyk, tozanyň arasy bilen bulaşyp-çolaşyp, süssenekläp gelýär. Bolup gelşem bir gözgyny. Bu ädiminde ýykylmasa, indikisinde tüwdürilip gitjek. Olardan esli yzda-da, birtopar gara sudurjyklar, olaryň haýsynadygy belli däl, haýsam bolsa birine meçew berip, gykuwlaşýarlar. Umuman, garagörnüm aşakda ýaýylyp ýatan bu giden meýdanda nähilidir birhili gyzykly wakalar bolup geçýär. Onuň bolsa piňine-de däl. Sebäbi ol, ojagaz garynjalaryň, şu beýiklikden seredeniňde juda bolgusyzja, kinniwanja bolup görünýän galmagaljyklarydyr-aladalaryndan şeýlebir daşda, şeýlebir beýikde. Onuň üçin, öz başagaýlyklaryna başagaý bolşup ýören ojagaz sudurjyklaryň hiç zady hem gyzykly däl. Sebäbi ol erkana! Agaýana! Şu giden mawulygyň tükeniksiz tämizliginde ganat kakyp ýör! Islän tarapyna uçýar, islän tarapyna ýüzýär…Ýöne… Ol näme üçindir, edil kimdir biri böwrüne dürten dek, alaşanyň yzyndan tozana garylyp, itenek-çomanak süýrenip gelýän şol gara nokatjyga has siňe seretdi. Dözmedi. Rehimi indi. Häý neressejik, gör-ä munuň kösenäýşini! Birdenem, özi üçin anyk netijä geldi. Oňa kömek etmeli! Mawy gögüň, edil gümmeziniň aşak ýanyndaky belentlikden, dikbaşaşaklygyna şaglap indi-de, barşyna, şol tozana garylyp gelýän garanyň göwresine siňdi… …Ol näme bolandygyna-da düşünip ýetişmedi. Alaşasyny aýagaldygyna gyssaýan Durdynazaryň deňesinden nädip geçdi, haçan geçdi, badyny gataltmaga güýç-kuwwaty nireden tapdy, Hudaý bilsin. Bir seretse, eýýäm pellehanadan yzyna aýlanyp, gykuwlaşyp özüne janköýerlik edýän oglanlaryň ýanyna ýetip gelýär. Ikinji sapar gözüni açyp-ýumanda bolsa, eýýäm: “Ol däl-de, sen atly ýaly-how!” diýşip gygyryşýan deň-duşlarynyň arasynda, demini dürsemek üçin sojap-sojap dem alyp dur…Şondanam obalarynda onuň ady “Atly” bolup galdy. Şonda-da ol bir zada anyk göz ýetirdi. Iller aýtmyşlaýyn, her bir adam ýaradylanda belli bir maksat üçin ýaradylýarmyş. Kim ýazmak üçin, kim pozmak üçin, kim özgeleriň ýazanyny okamak üçin, kim özgeleriň pozanyny dikeltmek üçin, kim gurmak üçin, kim terbiýelemek üçin, kim terbiýelenmek üçin…Özem, ýeriň ýüzünde näçe adam bolsa-da, olaryň arasynda bihuda ýaradylýan ýekejesi-de tapylmaýan bolara çemeli. Ýöne, ýaradylmagynyň maksadyna düşünmek hemmelere başartmaýarmyş. Onsoň Ýaradanyň maksadyna akyl ýetirip bilen-ä ynsan bolup ýaşaýarmyş, düşünip bilmedigem ýer agramy… Bu hem şonda, on ýaşlyja oglanjykka, jontuk alaşa bilen ýaryşyp ýeňende, özüniň ýaradylmagynyň maksadyna doly göz ýetiripdi. Ylgamak üçin. Alladan hemişe edýän dilegi, kim näme üçin dünýä inen bolsa, goý, şonuň üçinem ýaşasyn! Uly iş bolsun, kiçi iş bolsun, täsinlikleriň geň-enaýysy bolsun, tapawudy ýok, öz göwnüne ýaraýan bolsa bolany! Köp ýagşy! Dünýäniň dessury şeýle, gazananyň özüňe nesip edýär! Noş bolsun! Onuň bolsa, il bilen işi ýok. Onuň öz-ä ylgamak üçin, tizlik üçin, ähli kişini özüne örklemegi özüniň mukaddes borjy diýip bilýän gara topragyň ýüzünde-de, edil al-asmanyň orruk-ortarasyndaky ýaly ganat ýaýyp uçup bolýandygyny, hemmelere göz etmek üçin doglan ekeni. Şondan bäri-de, onuň ähli işi-pişesi diňe ylgamakdy. Ýigrimi ýaşdan agyberen ömrüniň aglaba köp bölegi-de türgenleşiklerde hem ýaryşlarda geçipdi… -Taýyn boluň! Eminiň sesi onuň depesinden bir bedre buz ýaly suw eňterilene dönderdi. “Öwhüldeýäne” çalymdaş, uludan bir dem aldy-da, kellesini silkeläp, öňüne dikildi. Birdenem öz göwnüni-de, göwresini-de hälki dartgynlylygyňam, lapykeçligiňem, hyýalbentligiňem, pikirdir-oýlaryň hem terk edip, yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm bolandyklaryny gutarnykly duýdy. Kalby-da, bedeni-de boşap galypdyr. Diňe howa. Tutuş göwresini diňe tämiz howa dolduryp dur. Edil, asmanda ganat kakýan guşlaryň süýekleriniň içiniň porruk bolşy deýin, hatda süňkleriniň içinde-de ýülük galman boşan ýaly. Ol hasam ýeňledi. Özüni şeýlebir ýeňil duýdy, şeýlebir ýeňil duýdy. Edil ýöne, asmanda şemalyň akymyna düşeninden soň, ganatlaryny giň açyşyna, emgenmän, endiganlyk bilen gaýyp ýören garlawaç ýaly...Göwnüne bolmasa, şu mahal ellerini ýere diräp durmasa dagy, aýaklaryny ýerden üzäge-de ýokarylygyna uçup gidiberjek ýalydy… -Gümp! Emin sapançasynyň mäşesini gysan dessine ýaňlanan “gümpüldi”, howany sersdirdi. Bada-badam kiriş, gysyp duran barmaklardan sypdy. Peýkam atyldy. Türgenler ok bolup öňe okduryldylar. Kemanam özleri, peýkamam. Alla ýary, her haýsynyň! Aýaklary-da ýüwrük, pikirleri-de ýüwrük, göwünleri ondanam beter ýüwrük, göni ýola düşdüler-de, pellehana garşy eňdiler... | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |