YZYŇDA BALAŇ BAR, ÄGÄ BOL!
Bibisoltan ile ýamanlygy bolmadyk, ýöne göwnüne ýakmadyk zadyny ula-kiçä parh goýman, aýdyp goýberýän, diýlenem kän ýüzüne almaýan, kä halatlarda özüne geljek gepem bilmeýän bir töwra aýaldy. Şeýle ýagdaýda adamlar ondan daşrak duraýanyny kem görenokdy. Gyzy ýetişensoň Bibisoltan ol özi ýalyny tapsa, uzynly gün onuň ýanynda eňegine jaň dakylan ýaly, gezek bermän, wala-wala eder oturardy. Kemala gelipdir-de Jemal ejesiniň bu häsiýetlerini halamaýardy. Ýöne oňa sözem geçenokdy. Şonuň üçinem basdaş çaga ýaly, Bibisoltanyň basyp bilmeýän ýagysy gyzydy. Elbetde, Bibisoltan içim tap aýallardan däldi. Agzyndan bagry-öýkeni görnüp duran aýaldy. Şonuň üçinem ol kä halatlarda adamlary tanaman kösenýärdi, aldanýardy.
Bibisoltan gara iş etmejek bolup, şähere okuwa gidipdi. Şol ýerden ene-atasyny ýoluna garadyp wagty bilen oba gara bermändi. Obada „Bibisoltan, okuwa-da girmän, durmuşa çykypdyr” diýen gürrüňem ýaýrapdy. Ahyrda-da bu gürrüň dogry bolup çykypdy. Ol öýlerine goltugy bäbekli gelipdi. Şol bäbegem Jemaldy. Ondan bäri ençeme ýyllar geçdi. Jemal ese-boýa galdy.
Şol arada Bibisoltan obada ogulsyz-gyzsyz ýalňyz oturan bir adama durmuşa-da çykdy. Ol bendäniň bar aýby ýuwaşdy. Bibisoltan näme buýursa „etjek däli” ýokdy. Ýöne eline pul düşse, welin içýärdi. Içdigem şol ýuwaş adam ýolbarsa dönýärdi. Bahana-da şol boldy. Içgili „ýolbarsyň” şatysyna çydamadyk Bibisoltan alaga-da ony öýlerinden kowdy. Soň ol bir emeldar adam gözledi. Emma ol hyýalam başa barybermedi. Ýöne dilleriniň haýryny görýän, ýapa degse-degmese, güzledip goýberýän, dili uzyn gybatkeşleriň aýdyşy ýaly, Bibisoltan ar-namysa düşünmeýän aýal däldi. Muny il bilýärdi. Ýöne ejesi hakyndaky ýapa degmeýän şol gürrüňler Jemalyňam gulagyna ýetip oňa let iýdirýärdi, namysa goýýardy.
Bir gün Jemallara deşli garaýagyz adam geldi. Jemal ony öňem görüpdi. Ol şäherlidi. Onuň Jemalyň ejesine öýlenmek hyýaly ýok däldi. Ol gapydan girende Jemal daşky jaýda ýüzin düşüp sapaklaryna taýynlanýardy. Nätanşa gözi düşenden gyz hasyr-husur ýerinden galdy. Nätanyş goltugyndaky kagyza dolangy zady gyza uzatdy:
— Keýijek, hany bu sowgatjygy al bakaly. Jemalyň ýanyp duran göreçleri del myhmana şeýle bir otlulykly dikildi welin, garşydaşy bada gyzdan ýüzüni sowdy. Onuň sowgatly eli yzyna gaýtdy. Onýança içki jaýdan Bibisoltan bir gyldan bezenip owsun atyp çykdy.
— Wiý, men guraýyn, görmändirinem. Geleweri, geçeweri, Gurban. Durma, gapyda, gir-ä!
Bibisoltan sen–men ýok, myhmanynyň elindäki goşy aldy-da, goltugyndan tutup diýen ýaly içki jaýa saldy. Bada-da gapyny ýapdy. Gany beýnisine uran gyz gapynyň agzyna nädip baranynam duýman galdy. Ol gaharyna bäs gelip bilmän, içki jaýyň gapysyny jarkyldadyp açdy. Soň işigiň söýesinde ýadygärlik goýlan heýkel ýaly boldy-da, göneldi duruberdi. Gyzyndan beýle herekete garaşmadyk öý eýesem aňaldy galaýdy. Ol entek myhmanyny oturdybam ýetişmändir. Ýap-ýaňy geçisi ýaýrap, gül-gül açylyp başlan Bibisoltanyň öňem nursyz ýüzi şolbada üýtgedi-de, şeýle bir hyrsyz sypata geçdi, ol ömründe ýylgyrmadyk ýaly boldy duruberdi.
Jemal üstünden abanan howpuň ýeňil-ýelpaý bolmajagyny duýsa-da, jezasyny çekmäge taýyn etmişli, emma boýun egmezek adam ýaly başyny dik tutup durdy. Gyzyň gözlerem şol bir nokada-iki sany jandara gönükdi. Özi-de doňup galana meňzedi. Onuň ýüzünde ne gorkudan-ürküden, ne-de bir müzzermekden ýekeje nyşanam ýokdy.
Sebäbi ol üşügi bolana „ýeňiş” gazanypdy. Ejesi düşünmese-de, aňrujy ary-namysy bolsa Gurban diýilýän öwrülip şu gapydan gelmeli däldi? Öýlenjekmi, ibersin adam, ýogsa-da iliň içinde ejesi bilen ogar-ogar oýnaşyp ýörmesin.
Jemal urgynyň badyna şeýle bir tüwdürilip gitdi welin, kellesi baryp törde goýlan krowada jarkyldap degdi. Gaharyna ýyrtyja dönen Bibisoltan onam az görüp, gyzyny hut saçyndan tutup ýerinden galdyrdy.
— Bedasyl, gaýtala ýaňkyja oýnuňy. Gaýtala diýýän men saňa. Senmi, indi öňüme taýak atjak.
Bibisoltan agzyndan ak köpük saçyp, barha jynssyz gygyrdy. Gurban diýilýän allaniçigisi boldy:
— Munyň bolmaýar, Bibisoltan. Gyzyňy saňsar edersiň. Gykylygyňam goý, goňşy-golam eşitse ýagşy däl. Özüňem bagyşla weli, aýalyň sen ýaly doňýüregini birinji gezek görýärin – diýdi.
Onýança daşky gapy açylyp, Bibisoltanyň duldegşir goňşusy boýnuny uzatdy;
— Bibisoltan, gykylygyňyz näme gyz? Eýgilikmidir?
— Eýgilik bolman, näme bolupdyr? Bolduňyz meň başyma irbäri araçy. Gatyrak gürlense-de jyklaşyp dursuňyz-la – diýip, Bibisoltan goňşusyna gyşyk gürrüňini oklady.
Goňşy gapyny daşyndan ýapyp hüňürdedi:
— Näbileýin, sesiňiz-ä dag aşýar.
Keýpine sogan dogralan myhmanam gaýtmak bilen boldy.
Şundan soň Bibisoltanyň hasam gyr kakyny gyzy boldy.
* * *
Hiç wagt öňünden çykylmadyk, temegi iňňän ýokary öz edýän işleri üçin özüne-de, ile-de hasabat bermeýän, Bibisoltan kimdir biriniň öz erkine dalaş etmegi bilen ylalaşasy gelmedi. Gel-gel, indi özünden önen bir sümükli öňünden çykmalymy?
Jemal orta boýly ak posalajyk, myssyjak gyz bolup ýetişdi. Dözümsiz, şeýle edepli, asylly gyza Beýik Taňry akyldanam eslije paý beripdi. Onuň çep ýaňagyndaky garaja haljagazam şonsuzam nur dökülip duran şeýle mähriban ýüzüni gelşigine getiripdi. Ol entek on bäşem ýaşamanka, iliň gözüne ilip başlady. Ýörände topugyna düşüp duran tanap ýaly saçlaram ony ýaşyndan uly görkezdi. Jemal ejesiniň matlabyndan bihabar okuw jaýlarynyň birine gidip okamagyň köýünde boldy. Şol arzuw bilenem geljegine umytly garady. Lukman ýa mugallyma bolup ýetişse, ejesiniň oňa garaýşy üýtgemelidi. Elbetde, ejesi indi ony depe ýaly edip ýenjip durmasa-da, gulagyndan igledýärdi. Soňky döwürlerde ejesiniň edýän işinem, dükanam köplenç Jemalyň özi ýuwup-artýardy. Ejesi her dükana gelen bilen lakgyldaşyp, uzynly gününi oturyp geçirýärdi. Ýaňzytsaňam „Sen meniň ärimmi, sokulma-da işiň bilen boluber” diýýärdi. Häli-şindi ajyşyp durmakdan Jemalyň özem halys bizar bolupdy. Şonsuzam ajyşmaga bahana tapdyrýardy.
Bibisoltan indi her ädimini seljerip başlan perzendinden başyny gutarmak üçin Jemal orta mekdebi tamamlandan, oba arçynynyň üzeňňisinden üç geçip, dükandanam odur-budur del zatlary alyp berip gyzynyň ýaşyny ulaltdy. Sebäbi boýnuna almasa-da, Bibisoltan soňky wagtlar gyzyndan döwüniň pes gelýändigini duýup başlady.
Bibisoltan alagada Gylyç Gapanlar bilen guda boldy. Hatda gyzyna sala-da salmady. Gyzam özünden kineli bolansoň, bu meselede öňünden çykar öýtmedi. Emma Bibisoltan ýalňyşdy. Gyzy gypynç etmän, onuň bu hyýalyna böwet boldy.
—Men mal däl, çem gelene ýelmär ýaly. Juda menden dynasyň gelýän bolsa, men öz najatymy özüm görerin. Onsoňam entek men kämillik ýaşyma-da ýetemok.
Bibisoltanyň tebigatynda gyzmalyk bolansoň, ýeňse damary taýak ýaly boldy-da, diline gelenini saklamady:
— Äre ýaran günüň ejeň ojagyny depip gitjegiňi bilýärdim. Ýumruk ýalykaň taşlan ataň bardyr. Şu gitseň bar-a – täterimiň teýine git. Dört tarapyň açyk. Öldüm saňa ýaýaplap, halys gatadym.
— Sen meni öýden birinji gezek kowaňok – diýip, Jemal ejesinden ýüzüni sowup aýtdy. – Gitjek bolsam her wagtam gitmäge-de, barmaga-da gapy tapardym. Ýöne eneň dirikä iliň gapysynda syňsyraklap ýörmäge sen namys etmeseňem men edýärin. Şu wagta çenli sylamak syladym. Bir diýeniňi iki diýdirmedim. Bilmediň, duýmadyň, eje. Nirede ýaşasamam, seň abraýyňa menem şärik ederler. Seň namysyň meňem namysymdyr, eje. Gapydan gelen öňi bilen seniň kimdigiňi sorar.
— Gapyljakmy, ýokmy sen!
— Sesiňe bat bermänem gürleşse-de bolar eje – diýip, Jemal göni garşysynda oturan ejesiniň ýüzüne garady. Ol ejesi bilen ikiçäklikde ýüzbe-ýüz gürleşmäge, ýüregindäkini bassyp-ýussursyz aýtmaga güýç tapandygyna begendi. Haçan gitjegini aýtmasa-da, soň gygyryşyp ýörenden pursat arap, ejesine okuwa gitjeginem aýtdy.
— Täterimiň teýine git.
Gyz ejesiniň ýanyndan turup gitdi.
Işläp, az-owlak gor edinmek üçin, Jemal okuwyny tamamlan ýyly şähere okuwa gitmedi-de, ol hyýalyny ikinji ýyla goýdy.
Bol hasylly, tämiz howaly, aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän ajaýyp meýdanlar Jemaly gujak açyp garşylady. Deň-duşlary, joralary arzuwçyl, bahar pasly ýaly gözel, mylaýym gyzyň ruhy dünýäsini täzeledi. Meýdan işine öwrenişseň, öýde durasyň gelmeýär. Ejesiniň zerur işi çykyp gyssaýmasa, Jemal işden galmady.
Gaharyna näme diýse-de, gyzy elinden sypyp gider ýalňyz galaryn gorkusy bilen Bibisoltan ikinji ýyl özi gyzyna ýalbardy:
— Täze ýyl goýbereýin, şu ýylam gaýrat et gitme, ýarawlygymyňam ugry ýok. Jemal jyda kyn gördi. Ejesiniň ikinji ýyl iberjegine-de ynanmady. Bu ýagdaýda arzuwyna ýetip bilmen öýdüp gorkdy, sebäbi bu arzuwy onuň geljegidi. Bibisoltan gyzy girse-çyksa, şol bir diýenini gaýtalap, ýalbaryp, onuň gulagyny gut etdi. Ahyr Jemal dözümsizlik edip ylalaşdy. Nätjek eneň-dä! Ýöne Bibisoltan nebisjeň bolmansoň, gyzynyň gazananyny özüne berdi. Oňa toý-tomga çykar ýaly eşik etdi.
Emma ikinji ýylam şol bir heň. Sebäbi Bibisoltan obada gyzyny ýerläp bilse, ony okuwdan alyp galaryn oý etdi. Ahyr gyz ejesiniň ýene göwünjeň ibermejegini, niýetini aňdy. Gitseň tersleşip gitmelidi. Bu gezek ol berk durdy. Giriş synaglary golaýlanda, edinenje gorunyň ýaryny ejesine goýup, ýarynam gapjyjagyna salyp, ejesiniň öýde ýok wagty goşjagazlaryny aldy-da, çykdy-da gidiberdi. Ýöne obadan saýlananda ejesini ýalňyz goýup gaýdanyna gaty gynandy. Şol yzyna seretdi bardy.
Öýlerinden, mähriban obasyndan daşlaşdygyça, ony howsala gaplap aldy. Okuwa girip bilmese, onuň ykbaly nähili bolar. Her bir garaňky durmuşyňam bir tarapyndan şöhle düşýär ahyryn, dört tarapy ýapylanok. Onsoňam gyzyň özüne ynamy bar. Synaglary näbelli sapaklardan alanoklar. Tanyş zatlar, olary bolsa Jemal ejesinden ogryn-dogryn bir ýat tutmady. Uniwersitete bir girip bilse, ol okamasyny gaýgy edenok. Gününi bolsa wagtyny tygşytlap, tikin-çatyn edibem dolar.
Köp adamly, goh-galmagally şäheriň aýna ýaly köçelerinde Jemal okap ýadan mahallary wagtal-wagtal gezim etdi. Käte-käte bagt kölünde ýüzüp süýji-süýji arzuwlara çümdi. Hatda hyýalynda bir päkize ýigit bilen tanşyp, onuň bilen gözel Aşgabadyň mahmal ýaly gijelerinde seýil etdi. Paýtagtyň seýilgählerinde gülüp-oýnap gezdi. Arzuwlaryň çägi barmy näme? Gyz hyýalynda dünýä aýlandy.
Bir gün Jemal özi ýaly okuwa gelen gyzlaryň biri bilen kino gitdi. Şonda ýanaşyk oturan görmegeý ýigidiň özüne üznüksiz synçy nazaryny aýlandygyny duýdy. Syr bildirmedi. Ýöne onuň nazarynda özüne ýakymlylyk duýdy. Ýeser ýeri, ýigit soranjaň däl eken. Ol bir agzam gürlemedi. Soň Jemal ol ýigide uniwersitetiň umumyýaşaýyş jaýynyň gapysynda-da gabat geldi. Ikisem köne tanyşlar ýaly biri-biriniň ýüzlerine seredişip ýylgyryşdylar.
— Jemal, sizem şunda ýaşaýaňyzmy?
„Adymy nireden bilýärkä?” diýip, içini gepleden gyz bir sözde jogap berdi:
— Hawa.
Ýigit başga hiç zat soraman, ýanýol bilen saldamly ädimläp geçip gitdi. Jemal onuň yzyndan seredip durşuna içini gepletdi. „Kelpez ýigit däl bolsaň gerek”. Ýigidiň gürden goňras saçy, saryýagyzdan gelşikli ýüzi, şeýle parahat seredýän goýun gözleri, bedenini dik tutup ýöreýşi, syrdam boýy, ony göz astyndan synlap ýetişen Jemalyň kalbynda galdy. Onuň syrdam boýuna şapylaşyp duran eşikleri-de, olaryň tämizligi-de, ýigidiň şäherli, onda-da abraýly maşgalada terbiýelenendigini aýdyp durdy. Soň oňa Jemal uzak wagtlap duşmady. Özi welin ony küýsedi. Belki, ol ýigit gyzyň hyýalynda besläp ýören, nätanyş tanşydyr.
Jemal ilkinji synagdan ýokary baha aldy. Begenjine ganatlanyp uçaýjak bolýan gyz öz şatlygyny kimedir birine buşlasy geldi. Iň bolmanda şol nätanyş ýigide. Hany ony nireden tapjak? Şol günüň ertesi gyz bazardan odur-budur alyp gür baglygyň içi bilen ýanýoldan haýaljak ädimläp gelýärkä, bir ulag onuň deňinde saklandy. Içinden biri boýnuny çykaryp gyza ýuwaşjadan salam berdi.
— Salam Jemal!
Gyz tanyş sese ýalt edip gapdalyna garady. Şol ýigit süýt ýaly ak „Wolgadan” özüne bakyp adaja ýylgyrýar.
Begenjinemi ýa üýtgeşik bir duýgamy, goram-gowşak bolan gyz ýigidiň teklibine göwnündäkiden başga zat aýdyp, sypaýçylyk etdi.
— Daş ýer däl-ä, ulaga münüp ýörer ýaly.
— Onda-da.
— Aý oňaýyn-la.
Ýigit ulagyny sürüp gitdi-de, hol allowarralarda bir ýerde gyra çykaryp goýdy. Soň gyza tarap gaýtdy-da, gelşine Jemalyň toruny elinden alyp, onuň bilen deňje ädimläp ugrady. Jokrama yssyda-da gür baglygyň depesindäki guşlar uly owaz bilen ýaşlary ýola saldylar. Umumyýaşaýyş jaýynyň gapysyndan gyzy salyp, ýigit onuň bilen hoşlaşyp yzyna dolandy. Şol aralykda ýigit gyzdan diňe synaglaryň bahasyny sorap bildi, şatlygyny paýlaşdy. Özüni tanatdy, ol lukmançylyk institutynda okaýandygyny aýtdy. Gyz diline gelse-de, Kemaly myhmançylyga çagyryp bilmedi, ejap etdi. Yzyndan welin garap galdy. Kemal durmuşda wagtal-wagtal darygyp, gysylyberýän gyzyň tümlükde galyp çykalga agtarýan adamyň ýoluna duýdansyz düşen yşga meňzedi. Kemal bilen ýolunyň birigjegine şeýle bir ynamy bolmasa-da, gyzyň ýigit bilen bagly arzuwlary oňa çarkandakly bolup görünýän durmuş ýoluny ýagtylandyrdy.
Jemal ikinji synagyny dörtlüge tabşyrdy. Gyz her näçe özüne göwni ýetse-de, soňky synagy birneme alada etdi. Onuň rus dilini bilşi ýagdaýlydy. Onda-da diktant ýazanynda ýalňyş goýberendirin oý etmedi.
Ýaşlary garaşdyryp-garaşdyryp ahyry synaglaryň netijesini mälim edýän bildiriş asyldy. Jemal hiç wagt şeýle güýçli duýgyny başdan geçirip samrap, şeýle howlugyp, bükgüldäp hiç zada ylgamandy. Iki ädim ýol gutaranok. Ýürek welin gürs-gürs urýar. Ikilik däldir, howlukma Jemal, ylgama. Dar gursak bolma. Ikilik bolanda-da, dünýäň gutardygy däl. Wah, men ikilik almaly däl, däl.
Gara dere batyp ymaratyň öňüne gelen gyz hümer bolşup duran ýaşlaryň arasyna girip derrew öz adynyň yzyna seretdi. Bu gezek Jemal uniwersitetden ýöräp däl, begenjine uçup gaýytdy. Ol şatlygyny gygyryp bütin dünýä buşlasy geldi. Hatda yzynda öýkeli galan käbesine-de.
Jemal şol gün okuw başlanýança, öýlerine gitmegi ýüregine düwdi. Ol ejesini närazy edip gaýdypdy ahyryn. Haýaljak ädimläp barşyna gyz hyýalynda ejesine ýüzlendi: „Gizlin gaýtdym, bagyşla eje! Belki Allatagala seni ýalňyz goýup gaýdanym üçin günämi geçer. Ýöne sen eklenje mätäç bolmaňsoň gaýtdym. Ejem jan, senem ykbalyň çüwen bolsa, Allatagala bolmanda ile eçilen bagtynyň ondan birini saňa rowa gören bolsa, şumbagtyňy ýalňyz gyzyňdan çykarjak bolup ýörmeli bolmazdyň. Çaklaýaryn, ejem jan sen ýalňyşypsyň. Öz ýalňyş ädimiň yzasyny häzirem çekip ýörsüň. Soňky durmuşyňam paşmady-da käbäm. Elbetde, ähli günäni kakamyň boýnuna atýarsyň. Ýöne şol ýalňyşlyklarda öz goýberen säwlikleriňem bar bolaýmasyn ejem jan, heý oýlandyňmy? Bolmanda bir gezek öz-özüňe hasabat berdiňmi? Men bilýärin sen ahyr öz goýberen hatalaryňa düşünersiň. Men welin seni hiç wagt ýalňyz goýmaryn. Men ak süýt beren balaň ahyryn. Belki, bagtyň çüwer. Durmuş-da büý ejem jan.
Ýokarky gatdan gygyran gyz Jemalyň pikirleriniň soňuna nokat goýdy. Ol Jemaly gutlap, soň ony nahara çagyrdy.
Jemal şol gün agşam obalaryna – Goşadepä gaýtdy.
Bibisoltan işden garaňky gatlyşanda geldi. Gapylaryna ýetenden töwereginiň syrylyp-süpürilip arassalananyndan gyzynyň gelendigini aňdy. Jaýdan eşidilýän hümürdiden ol gyzynyň hem goňşusynyň sesini tanady.
— Okuwa gitdim diý. Gorkup näme? Duýdursam goýbermersiň öýdüp aýtman gitdim diý. Menem goldaryn.
— Bor.
Bibisoltan gyzynyň käbir dili uzynlaryň aýdyşy ýaly biri bilen gaçyp gitmändigini, okuwa gidendigini bilýärdi. Ol çynyny etse, şäherden gyzyny tapardam. Ýöne kesir gyzyny Aşgabatdan urup-sögüp alyp gaýdyp bilmejegine onuň akyly ýetýärdi. Her okuwa giden giriberse, oňa synanjak köpdür, maňlaýy daşa degensoň özi gözi çykan ýaly dolanyp geler diýip garaşyp otyrdy. Ol gyzynyň häsiýetine beletdi. Onda-da özüni çaksyz söýýän dikdüşdi aýal diýeni geçmedik ýagdaýynda iki gözüniň birem bolsa sylajak däldi. Öý bikesi hanlygynyň elinden gideninden, takylap janynyň çykanyny ibaly görýärdi.
Bibisoltan jaýa ýüzüni kyrk bişirim edip girdi.
— Bibisoltan! Gözüň aýdyň, gyzyň gelipdir–diýip, goňşusy dylym-dylym etdi. – Okuwa gidipdir gyz munyň, duýdursa goýberjekmi sen. „Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýyby ýok” diýipdirler. Zat diýmäweri, sen muňa.
— Nireden gelen bolsa, gümüni çeksin. Meniň enesinden birugsat entäp ýören bikemal gyzym bolmaz.
Bibisoltan gapyda duran ýerinden guşagyny çözüp ortara zyňyp goýberdi.
— Wiý, goňşy jan goýaweri, saňa gelşenok. Hany bir paýhaslan, ýazygy näme bu çagaň. Ulugyz öýden kowlup ýörse, il oňlamaz.
— Meň-ä akyla mätäçligim ýok, özümiňki kelläme syganok. Ýüregiň agyrýan bolsa hanha gyz, al-da ötägit tünegiňe.
— Jemal ýaly gyz tapsak gaty alyp gideris. Ýene soň özüňsiň ýalbaryp barjak. Bermen menem şonda – diýip, goňşy aýal soň gyza ýüzlendi:— Ýör, Jemal jan, ynha ejeň birneme köşeşer welin, soň gaýdybereris.
Goňşularynyň yzyna düşüp ugran gyzyň olara aýagy çekmedi. Soň ol namys edip obadaşlarynyň arasynda ýüzünem galdyryp bilmedi.
Bibisoltan dümewledi-de, agyr ýatdy. Goňşulary dözmän, oňa ýalbar-ýakar edip Jemaly öýlerine getirdiler. Bibisoltan daşynda hozanak bolýan gyzyny mähri bilen çoýmasa-da, kinesini içinde saklap, onuň häli-şindi ýüzüni alyp durmady. Aşgabada Jemaly özi ugratdy.
Uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň iki-üçüsinde abatlaýyş işi birbada gutarmandan soň, talyplar jaý gözlemeli boldular. Aňyrsy-bärisi görünmeýän näbelet şäher, ötlem-ötlem köçeler, biri-biri bilen eginleşip oturan gat–gat jaýlar haýsy biriniň gapysyny kakyp çykjak. Gyzlar ýaýdanyşyp ýene üç-dört gapyny kakdylar. Netije bolmady. Ýene birki jaýy bimaza edenlerinden soň, haýatlary ýap-ýaňy suwalyp-agardylan howlynyň gapysynda agtyjagy bilen güýmenip oturan garry aýaldan „maglumat” aldylar. Ol edil garşysyndaky haşamlanan jaýy salgy berdi:
— Öňünden aýdaýyn. Olarda jaý barlygyna bar, ýöne tanamasalar goýbermezler. Olar zada mätäç adamlar däl. Howlularyna garawul gerek, agtygy ýetişýänçä garra bir hemaýat.
Gyzlar ýaýdanyşyp duransoňlar, ol aýal jany durman agtyjagynyň elinden tutup öňlerine düşüp howla tarap ugrady.
Howla girip sag tarapyňa öwrülen ýeriňde, üzüm dalbarynyň aşagynda lähäň tagta sekiniň üstünde saçy-sakgaly çuw ak, perişdä meňzäp duran, ýüzi nurana bir ýaşuly çaý süzüp oturan eken. Gyzlara gözi kaklyşdandan goja oturan ýerinden gobsundy. Onuň keşbinde bir hili aljyraňňylyk duýlup gitdi.
— Mämmet, men-ä saňa ynhalykga gumry ýaljak iki sanyjak gyz getirdim, unasaň – diýip, gyzlaryň öňüne düşüp baran aýal, goja ýüzlendi. – Bulary tanaýan diýsem-ä ýalançy. Ýöne görer göze-hä asyllyja maşgalalar ýaly.
Öý eýesi myhmanlaryna gabagynyň aşagyndan garady-da, olara düşege geçmäge mürähet etdi. Özüniň welin, galagoplygy aýrylyp gitmedi. Bir hili ynjalygy gaçdy. Garry aýal howlukmaçdygyny duýduryp çykyp gitdi.
Mämmet aga öňünde duran käselere çaý guýdy. Gojanyň hatda çäýnek tutýan elem saňňyl-saňňyl etdi. Onuň bolşuny göz astyndan synlap oturan Jemal içini gepletdi. „Öz akylyndamyka bir bu ýaşuly? Başymyza belany satyn alaýmasak ýagşy”. Gyz Baharyň ýüzüne köp manyly garady. Ol jogaba derek diňe eginlerini gysdy.
Gojanyň aljyraňnylygy Jemala-da geçdi. Sebäbi Mämmet aga oňa şeýle bir eserdeň hem içgin seretdi welin, gyzy der basdy gitdi. Soňam seredäýmäge öý eýesiniň nazary başga ýerde eglenýän ýaly bolsa-da, ol ýekeje pursadam Jemaly ünsden düşürmedi. Gyz gitdi bir inkise. „Birine meňzedýärmikä? Ýöne ýerä-hä seretmez beýdip”.
Goja gyzlaryň garşylygyna garaman, çaý demläp geldi. Olaryň önüne saçak atdy. Ornaşykly oturandan soň, gyzlaryň aňyrsyna-bärisine çenli soraşdyryp çykdy. „Ejeňden başga hossaryň ýok-da onda” diýip, goja Jemala gezek gelende has çintgedi. Bu gyza ýakmady. Soň böwrüni diňläp esli salym oturansoň ýene gyzlara ýüzlendi.
— Halha jaý. Ikiňizem däninim akyllyja boluňdajyk ýaşaberiň. –Ol howlynyň töründäki akja jaýa elini salgady. – Höwür bolarsyňyz. Arassalygy halaýandyryn. Kelç-külçüňizi görmäýin. Bimahal enteşip ýörseňizem halaman. Şunam däninim öňünden aýdaýyn.
Gyzlar turup ugranlarynda-da, goja Jemala gözüniň gyýtagyny aýlap goýberdi. Öz-özüne göwünlik berse-de, Mämmet aganyň bolşy Jemalyň ynjalygyny gaçyrdy. „Seretse seredipdir-dä, syrçaň synýarmy? Beýle nerme-näzik bolduň meň başyma” diýip, Jemal öz-özüne igendi. – Seni näme jaýyndan çykaryp kowdumy? „Ýaşaberiň” diýdi adam ýaly. Bes-dä şol.
Şeýlelik bilen, howlynyň töründäki goşaja jaýlaryň birinde iki gyz ýaşap başlady. Beýlekisinde käwagt bir görünýän özünem diňe „salam, salamdan” aňryk geçmeýän uzynak garaýagyz, araplara meňzäp duran syratly ýigit ýaşaýar. Ol surat bilen meşgullanýan bolarly. Howluda bolan mahaly uzynly gününi baglaryň arasynda surat çekip, dümtünip geçirýär. Mahal-mahal bir ýerlerik gürüm-jürüm bolýar. Azarsyz, bizarsyz ol ýigit gojanyň Arçmanda dostlaşan adamlarynyň biriniň ogly eken. Adam Serdar. Içi-daşy aýna ýaly lowurdap duran kaşaň jaýly, bag-bakjaly, tämiz howly girende-çykanda Jemalyň göwnüni açdy. Ol howlynyň bosagasyndan ätlän pursaty edil akguşa meňzäp duran ak sakgally, ak eşikli perişde ýaly Mämmet aga gözi düşende-de edil ýakyn hossaryny gören ýaly giňäp gitdi. Soň welin gojanyň bolşuny geňräk gördi. Ýöne welin gojada özüne üýtgeşik mähir duýdy.
Howluda ony käýarym syryp-süpürip gidýän baýdak ýaly gelni hasaba almasaň, Mämmet agadyr Serdardan başga janly-jemende ýok.
Jemal her gün okuwdan soň gapylaryna saýa berip, tegelenip oturan erik agajynyň astyndaky tagta sekide sapaklaryna taýynlanyp başlaýar. Oňa gün düşse-de, keçejigi bilen üzüm dalbarynyň aşagynda peýda bolýar. Bahar jaýda taýynlanmany halaýar. Mämmet aga uzynly gününi baglaryň içinde geçirýär. Jemalyňam „armasyny” ýetirýär. Mahal-mahal olam gazet okaýarmyş. Jemalyň gapdaljygyna gelip oturýar-da gazeti gözüne degräýjek bolup, gysgajyk habarlara çalt-çalt göz gezdirýär. Soňam gazetini şygyrdadyp birnäçe gezek eýlesine-beýlesine öwürýär. Arasynda gyza: „Sen maňa üns berme-de, okaber” diýmegem unudanok. Özüniň welin, Jemal bilen gürleşesiniň gelipjik durandygy görnüp dur. Ol turup gidip Jemala miwe ýygyp getirip berýär. „Iýiber, ýogsam bu okaşyň bilen ýykylarsyň” diýibem goýberýär.
Goňşularyndan Jemala çaga pişijeginem getirip berdi. Öz pişikleri garranmyş, peläket. Garry pişigiň Jemalyň dyzyna kellesini goýup uklaýanyna goja eýýäm üns beripdir. Haýwanlar ýüz bermeseň, golaýyňa gelmez. Adamçylygyň bir nyşanydyr haýwany söýmek. Bu Mämmet aganyň pikiri.
Bir gün öýlän Serdar gojanyň suratyny çekermen boldy. Ikisiniň bolşuna Jemal gülüp-gülip heziller etdi. Üzüm dalbarynyň aşagynda ikisem biri-biriniň dişlerini sogurjak aly garşyma-garşy oturypdyrlar. Mämmet aga hamana diýersiň bir minutlyk surata düşmekçi bolýan ýaly, kellesini dik tutup hekgerip oturdy welin, Serdar oňa däl-de, Jemala garap gülüp goýberdi. Gujagynda-da garry pişigi. Onuňam kellesini dikgerdip „suratça” bakdyrýar.
— Mämmet aga, beýdip otursaňyz, basym ýadarsyňyz, erkiniräk oturaýyň – diýip. Serdar goja ýalbaýar.
Aradan geçse, bäş-on minut geçendir-dä oturgyç jygyldap başlady. Goja ony oturgyçdan görüp hüňürdedi. Serdar ylgap gidip täze oturgyç getirdi. Ýaşulyny ýene öz islegine görä oturtdy. Içini gepletse-de, Serdar närazylygyny daşyna çykarmady: „Pişiginem goýanok. Ýeri ol näme gerek. Ýekeje söz aýt, häzir turup gitsin. Edil lälik çaga ýaly bu goja”.
Serdar pikirini soňlap soňlamanka, Mämmet aga eýýäm başga tarapa seredip otyr. Aşagam ýumakly ýaly.
— Gutarmadyňmy aýt?
Ýigit bolsa diňe reňklerini ýaýradyp ýetişipdi. Onýança goja Jemaly çagyrdy:
— Gel gyzym, senem arkamda dur. Ikimiziň suratymyzam Serdar bileje çeksin.
— Gelsene Jemal, Mämmet agany bir azajyk güýmesene – diýip, ýigit hakykatdanam gyza ýalbardy.
— Dilini tap-da, güýmäweri özüň. Men nahar etmeli–diýip, Jemal ylalaşmady.
Gyz aşhana girmänkä, Mämmet aga eýýäm howlynyň içinde aýlanyp ýör. Ýadanmyş.
Serdar sesini çykarman, goşlaryny ýygnap ýör. Onuňkam aňsat däl. Mämmet agadan „ýyllyk iş” ýazjak bolsa.
Mämmet aga soňabaka Jemal bilen hasam ysnyşdy. Asyl ony ýanyndan aýrasy gelmedi. Gyzam oňa nahar etdirmedi. Özem aç-suwsuz bolmady. Mämmet aga ir ertir, giç agşam „Indi bir çen boldy okap ýadandyr” diýerdi-de, gyzy çaýa çagyrýardy. Ol Jemalsyz nahary bir gezegem iýmedi, gyzlardan jaýyň kireýini-de almady. „Pulum ýetmez” gorkusy bilen ýaşap başlan Jemalyň ýüki ýeňläp, öýlerinde tygşytlanja puluny ertirki gününe ýygnap goýdy. Mähire zar gyz Mämmmet aganyň söýgüsine söýgi bilen jogap berdi. Öňem ýakymly, ýumşak gyz hasam mylakatlandy. Iňňe ýalyjak ýagşylygyň gadyryny bilýän gyz ýagşy adamlaryň mährine çoýunyp asuda durmuşyň gujagynda ýaýnap başlady. Wagtal-wagtal Mämmet aga edil ataly-gyz ýaly Jemala içini dökdi. „Mämmet aganyň däninim ýalňyz ýaşap ýörenini geňem görýänsiňiz. Ogul ýerinde oglumam, gyz ýerinde gyzymam bar. Gyzlary durmuşa çykardym. Ogul ýanýoldaşdan kän oňmady. Gelin dänim iki garry özüne ýük gördi. Köşk ýaly jaýlar däninim gözüne dar göründi. Ol wagt çagalaryň enesem bardy. Nesihat bilen pent bilen adam etjek boldum. Başarmadym. Aý, hawa-da her keşiniň bir ýaradylyşy bolýar-da. Ýalňyz oglam bolsa, agzybir ýaşasynlar diýip, olara jaý almaga kömek etdim. Gyzjagazlary boldy. Uly toý tutup berdim. Arslan jan, gyzjagazyna Saçly janyň adyny dakmak isledi. Bermedim, balamyň adyny. Bir gün bolmasa, bir gün agtyjagymam alyp öýkeläp gider oý etdim. Aýdyşym ýalam boldy. Arslan jan bilen bolgusyz zadyň üstünde sözleri azaşyp peläket agtyjagymy göterip, joralaryna çykyp gidiberipdir. Jemal jan, öý-ojak däninim mukaddes bolmaly dälmidir gyzym. Bu zatlara aklym haýran bolup galyberdim. Soň dolanyp gelipdir. Ogul däninim ony jaýa goýbermändir. Dogram edipdir. Adamda ar-namys bolmazmy? Öňem baýdak ýaly gyzy ýitiremsoň ýaraly adam, agtyjagym gidende ýüregim üzülen ýaly boldum. Dünýä sygmadym. Ýarpy adamdyr Mämmet agaň. Güýjüm-kuwwatym däninim körpe bala bilen gidendir. On sekizem ýaşamadyk balam, bir dert tapyndy-da gidiberdi. Keýwanyňam meni terk edip gidenine iki ýyl doldy. Ondan bäri gyzym är ömri wagt geçdi. Agtyjagym maýa ýaly gyz bolandyr.
Mämmet aganyň gyzy Aýjemallar toý etdiler. Mämmet aga birki günlük olara gitdi. Baharam şäherli bir tanyşlaryna gezelenje gitdi. Howluda diňe Jemalyň özi galdy.
Ir bilen howlynyň gapysynda täzeje ulag saklandy. Howlyny syryp, süpürip ýören gyz başyny galdyrdy-da soň işi bilen boluberdi. Gapydan uzyn, deşli, diýseň syratly adam göründi. Öňem bu adam Mämmet agaň ýanyna gelipdi. Ol gyzyň deňinden oňa ünsem bermän geçip gitdi. Jemal diňe onuň „Gurgunmysyň” diýenini eşidip galdy. Ol geňirgenip nätanşyň yzyndan garady. Nätanyş bar jaýa girip çykan bolmaga çemeli wagty bilen yzyna köwlenmedi. Jemal alaçsyz ýaýdanjyrap onuň yzy bilen gapa bardy. Onýança nätanyş içerden çykdy. Ol daş gapyda özüne: „Sen kim, kim gerekdi?” diýäýmäge ejap edip, emma bütin keşbi bilen özüne şol soraglary berip duran eýjejik gyza edil bir täsin zada seredýän ýaly garap durdy.
— Jijim, sen kim?
— Jemal men.
— Kim Jemal?
„Haýsy Jemal diýsemkäm”. Gyz gönüledi:
— Okuwa geldim.
— Nireden, kimlerden borsuň?
„Soranjaňdygyny bu adamyň. Tiňkesini tikipdir-de, şol eňterip otyr. Wah, „pylanlardan” diýip buýsanç bilen aýdar ýaly mende ýagşylykda il arasynda tanalýan kemally, ata-ene barmy?”
Gyzyň çekinjiräp durşundan nätanyş onuň özi bile düýbünden gepleşesiniň gelmeýändigini aňdy.
— Bolýar-da, jijim, bagyşla. Kakamy toýa alyp gidäýjekdim Ýokmudy ol öýde.
Çytylyp duran gyzyň gaşlary ýazylyp gitdi. Ol birinji gezek başyny galdyrdy: „Tanamaz sylamaz edäýdimmikäm?”
Nätanyş bilen gözleri kaklyşandan gyz gabaklaryny şol bada aşak goýberdi. Ýöne oňa garşysyndaky adam, ýagny Mämmet aganyň ogly şeýle bir gyzykly bolup göründi welin, oňa ýene bir gezek seredesi gelip içi byjyklady. Soň Mämmet agany öten agşam Aýjemalyň adamsynyň toýa alyp gidendigini aýtdy.
Nätanyş gapa ýöneldi-de, ýene yzyna garady. Bu gezek onuň gyza gönügen nazary Jemaly gozgalaňa saldy:
— Howluda ýeke özüňmi, jigim?
Onuň sesi şeýle bir ýakymly çykdy welin, Jemal ýüzüni galdyryp, edil biri-birleri, özi-de iň ýakyn mähriban adamy bilen gürleşýän ýaly, mylaýym gepledi. Howla garawul galandygyny düşündirdi.
— Ýör, toýa alyp gideýin, jijim. „Ine, men Saçly jany getirdim. Ony goýup gaýdyberipsiňiz-le” diýeýin toýdakylara-da.
Gyz ýaýdandy.
— Bar jijim, geýin. Jemala boýun egmekden başga çykalga galmady.
Gyz ýanyna gyz gelýär. Mämmet agalaryň duldegşir gonşularynyň gyzy girip çykanda, Jemal bilen tanyşdy-da, bir gezek onuň ýanyna oturmaga geläýmezmi, gojanyň gonjuna gor guýuldy. Ol zowzuldap bir ýerde durmady.
Goňşy gyzyň turup gidenini kem görmedi. Ol welin, eger-eger hyýalam edenok. Jammyldap Jemaly edil ýitirip tapan ýaly, ýelmeşäýdi. Onuň bagtyna Jemaly hudaý ýollanmyş. Ýogsam ýalňyzlykdan hut däliräp düze çykaýjak eken. Töwerekde göwnüne ýaraýan gyz ýokmuş. Biri samsyk, ikinjisi çaksyz gedem. Üçünjisiniň ene-atasy ýaramazmyş. Eli sypynsa Jemalyň ýanyna gün-de bir-ä däl, ikem geljekmiş.
Jemalyň gulagy goňşy gyzda bolsa-da, gözleri gojanyň hereketlerini synlaýar. Gojanyň eline düşenem Goňurja boldy. Howludakylaryň uly güýmenjesine öwrülen top ýaly güjüjegi geçen hepde Serdar tanyşlarynyň birinden alyp geldi. Ana, şol Goňurja ýagşyny, ýamany, ýady–ýakyny tananokmyş. Üýrmejek bolsa kim oňa ýal berjekmiş. „Iýen nanyna degmeýän peläket” bolsa özüniň haýsy sebäbe görä ýazgarylýandygyna düşünmän, ýüzjagazyny sallap, gojanyň berjek jezasyna garaşýar. Dek düýnem Goňurja jezanyň berkinden–berki berlip, ir bilen göni bir sagat azatlykdan mahrum edilipdi, daňlyp goýlupdy. Şonda ol öz günäsini bilýärdi. Günäkär gapydaky köwüşleriň hersini bir deşikden çykarypdy. Ir bilen her kim köwşüni tapman, howluda ogar-ogar oýnapdylar. Mämmet aganyň hokgasy Serdaryň gapysyndan, Baharyň köwşi mal ýatakdan tapylypdy.
Goňurja nebsi agyran Jemalyň oturyp ynjalygy bolmady. Mämmet aga ahyr gyzy çagyrdy.
— Jemal, sen däninim şeýdip her gelen bilen sakyrdaşjak oturjakmy? Okuwyňy näme men okamalymyşymmy? Çorbaň bolsa gaýnap suwy gutardy gitdi.
Jemal gojanyň bolşuny halamady. Ýöne nägileligini gizläp içini hümletdi. „Howla adam getirsem halajak däl. Çorba atardymmy gaýnap suwy tükener ýaly”.
— Ynjykdyr-la bu adam. Men-ä hijem halanok ol. Halaman geçsin-le. Onuň halamany bilen dünýä gapyşaýanok. Ünsem berme, üýrsün dursun. Ahyr sem bolar – diýip, goňşy gyz ýüzüni çytyp aýtdy.
Jemal ýanyna gelende Goňurjany saklap oturyşyna goja gyzyň göwnüne degendigini, duýup aşak bakyp gürledi:
— Jemal jan, sen däninim göwnüňe alma, adam gelmedik gapydan gapy bolmaz. Ýöne şol oturan peläketiň däninim aýagy düşmesin. Bu gapydan däninim gowy adamlar gelýändir. „Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al” diýipdir gadymkylar. Enesiniň dili hapa, çagalaram öwrenipdir ony. Biri-birine diýmeýän zatlary ýok. Bu däninim zenana gelişmeýän häsiýetdir gyzym. Aýal maşgala gürlände dilinden bal damyp durmalydyr. „Gazana ýanaşsaň garasy ýokar, gyzym, sen olardan daşrak bol”.
Goja edil özüni çüýläp duran ýaly Jemalyň ýüregi jigläp gitdi. Ol bir erbet bolup, Mämmet aganyň ýanyndan gaýtdy. Dilinden bal damyp duran, süýji dilli, edepli, akyly daş ýarýan enäniň perzendi däl menem. Biriniň aýagy düşmeli däl bolsa şu howla Jemalyňam aýagy düşmeli däl, Mämmet aga, kow-da menem çykar-da. Gahary gelende agzyna ak-da, gara-da gelse pürkýän, soňuny saýmaýan aýalyň perzendi menem. Ýüregi dolup gyz içini gepledip ne okap bildi, ne-de eli işe bardy. Göwnüne degendirin öýdüp dert azara galan gojany zordan köşeşdirip, özi welin, howlynyň daşyna çykyp sessizje aglady.
Şu wakadan soň Jemal uzak wagtlap başyny galdyrman gezdi. Wagtal-wagtal jaý gözlemegem ýüregine düwdi. Gyzy ynjydandygyny duýsa-da, Mämmet aga-da özüni mamla bilip, Jemalyň özüniň düşünmegine garaşdy. Ýöne, gojanyň hiç ynjalygy bolmady. Hatda gyz synaglaryny tabşyrmaga gidende-de, ol jaýa girmedi.
Jemal gelendenem ony ýanyna çagyrdy.
Mämmet aga hakyt dolama bişiripdir. Özünem bal ýaly. Gyz müýnürgedi. Sowutgyçda düýnki çorba-da durdy. Özünem ony aýdyp gitdi. Ýene ýekeje gezek nahar bişiräýse, Mämmet agadan öýkelejekdigini gyz oňa duýdurdy.
— Dolamany şol çorbanyň içine atdym-da. Sen duýmadyňmy? – diýip, goja göwnihoş ýylgyrdy. – Size belet boldum-la men. Göwünjeň iýjekmi siz çorbany, içine dolama atmadyk bolsam. Şol gurak zatlary iýşip ýörsüňiz. Şeýdibem däninim aşgazanyňyzyň işini görýäňiz. Saçly janymam şeýledi. Käýarym Mämmet aga Jemala ýalňyşyp Saçlam diýýärdi.
Naharyň üstüne Baharam geldi.
Çaý-suwdan soň, „Bu gün ýadawsyňyz, işiňizi ertire goýaýyň. Aýjemalam geler” diýip özelenýän gojanyň garşylygyna garaman, iki gyz işe girişdi. Ilki bileleşip düşek kakdylar. Bir oguljygy bilen Aýjemalam geläýdi. „Howlugyp gyzlary işe salaýdyňmy?” diýip, ol gapydan girip–girmän kakasyna ýüzlendi:
Goja gyzyna sözünem soňlatmady:
— Olaryň özleri däninim ilgezek. Görýän welin, mundan beýläk saňa işem goýjak däller.
Mämmet aga içki jaýy ýuwup ýören Jemaly ýanyna çagyrdy. Soň:
— Hany, senem synla-la, şu çagany öň synlamadyk bolsaň, kime meňzedýärkäň? – diýdi.
Jemala içgin nazar salan Aýjemalam birhili boldy. Gyzyň beren salamynam almagy unudyp, öweldi durdy. Mämmet aga saklanyp bilmedi:
— Senem duýduň gyzym. Jemal jan däninim Saçly jana meňzäpjik dur-da. Başda gapydan girip gelýär welin, tas gygyrypdym. Saçly jandyr öýdüpdirin. Lagşan bedenime zordan güýjüm ýetdi. Krowada däninim goýberäýipdirin özümi. Ömri meňzemesin. Gülende, gürlände inim dyglap-dyglap gidýär. Sesem meňzeş Saçlymyň sesine. Asla üýtgeşik ýeri ýok munuň. Diňe däninim ady üýtgeşik. Pamyk ýaly akjalygam, myssarypjyk ýumşaklygam Saçly janyň dirije özi. Kesekilerem beýle meňzeş boljak eken-ow. Şu çagany asyl ýanymdan aýrasym gelenok.
Aýjemal düşege geçdi-de, Jemala gapdaljygyndan orun görkezdi. Soň birhili bolup bir agzam gürlemän doňup oturdy. Mämmet aga-da bozuldy.
— Kaka, diýseň–diýmeseň Jemal Saçly janyň dirije özi-dä. Akylym haýran bolup otyryn. Ýa Hudaý jan saňa aglap-eňräp ýörmeziň ýaly meňzeşje zady iberäýdimikä – diýip, Aýjemal ýuwdunyp-ýuwdunyp gürledi. – Ölüm gursun, şol dälmi ejem janam ýykan. Jigim jan gezip ýörende ol entek ölmezdi, gezer ýörerdi. Saçly, jany nähililer görýärdik. Körpeje bolansoň barymyz daşyndadyk. Hemmämiziň göwnümizem tapýardy. Hudaýa-da gowusy gerek-dä. Biz läliksiretsegem, Hudaý läliksiretmedi.
Özi bilen çaý içirmän, Aýjemal Jemaly goýbermedi.
Ol gaýdanda-da. Jemaly ogşap-ogşap gitdi. „Jigim jan, Saçly jany gören ýaly bolaýdym. Ömrüň meňzemesin. Gitme asyl sen, kakama gyz bol-da, ýanynda boluber. Göresleri gelse geläýsinler hossarlaryňam” diýýär oňa.
Gyzlar synaglaryny tabşyryp gelensoňlar Serdar olary kino äkitmekçidi.
Emma Serdar giç geldi. Şonsuzam gyzlar ýadawdy. Gezelenç erte agşama goýuldy.
Ertesi ýaşlaryň gezelenji seýil bagyndan başlandy. Bahar edil eňegine jaň dakylan ýaly ýaňraýar. Serdar onuň „häsini” berip ýetişenok. Onuň gapdalyndan haýaljak ädimläp barýan Jemalyň küýi-pikiri başga ýerde. Ol Bahary diňlänok. Onuň gözleri al-elwan gülleriň içinde ikibir-üçbir bolşup ýören ýigitlerdir gyzlarda. Ýaşlaryň arasyndan ol kimdir birini gözleýärdi. Geçen tomus Kemal bilen şu ýerden eginleşip ýöräpdi. Wagt gijarady. Alleýanyň ugrundaky oturgyçlarda özleri ýaly ýaşlar ikibir-üçbir ýuwaşja gürleşip otyrdylar. Günbatardan öwüsýän mylaýym şemal alleýanyň iki gyrasynda oturdylan gülleriň başyny ýuwaşja yraýardy. Ýaşajyk agaçlaryň gökje ýapraklary biri-birine degip enaýyja ses edýärdi. Ne Jemaldan ses çykýardy, ne-de Kemaldan. Emma olaryň ikisem şeýle bir hoşbagtdy, diňe käýarym biri-biriniň ýüzlerine garaşyp adaja ýylgyryşyp ýuwaşja ädimleşip barýardylar. Sözsüz hem düşünişip bolýarka, söz nämä gerek. Jemalyň elwan öwüsýän ýukajyk köýnegi ap-ak topuklaryna çolaşyp ýuwaşja pasyrdaýardy. Tanap ýaly saçlaram bilindenem aşakda tas topugyna düşüp gyz her ätlände ikiýana ýuwaşja yranýardy. Duýdurmaýan kişi bolsa-da, ýigidiň gabak astyndan ol saçlara höwes bilen bakýanyny Jemal aňýardy. Ak alkymdan gyzyl gaşly gülýakasyna düşýän ýalkymy diňe Kemal duýup barýardy. Balkyldap duran şar gara gözli, tegelek ak ýüzli, sag ýaňagy hally, şeýle özüne çekiji myssyjak Jemaly şol gün Kemal diňe öz ýary bolar öýdüpdi. Onuň bilen uzak ýola gadam basmaga taýyndy. Beýle bagtyň gyrasyndan ätlärin öýtmedik gyz bolsa häzir ähli zady unudyp, daş-töweregine şeýle höwesli garap, bagtlylykdan beýhuş bolup ýuwaşja ýöräp barýardy. Ýaş ömrüniň edil şol süýji hem lezzetli pursaty, gyz özüniň bagtyýar boljagyna ynanypdam. Gyz diňe Kemaly görýärdi hem ajaýyp dünýäni. Ýüregi bolsa atygsap ýerini üýtgedäýsem diýýärdi. Gyrymsyja agaçlaram otyr öňki ýerinde. Güllerem yranyşyp biri-birine ýuwaşja çawuş çakýar. Dünýä gözel. Diňe Kemal ýok.
Ýaşlar bagyň içinde bir öwrüm etdiler-de, esasy gapydan giň ýol bilen günorta tarap ugradylar. Garşysyndan gelýän göwrä gözi düşen Jemal goram-gowşak boldy-da, aýaklary duşaklanan ýaly zordan ätdi. „Şol”. Bar güýji şu sözi aýtmaga ýetdi. Gyzyň öňem ap-ak ýüzi pamyga döndi.
Iki göwre bolsa barha ýakynlaşyp gelýär. Jemalyň demi tutuldy. Olara indi seretmäge gyzda ysgynam galmady. Kemal gyzyň deňine ýetende, Jemalyň ýüregi agzyna geldi. Sakga duruberdi. Bir ätmäge-de gaýraty ýok. Kemal edil gyzyň garşysynda aýak çekdi. Ýigit bir hili aljyrady. Emma bada özüni tutdy. Ol Jemala salam berdi-de, gapdalynda özi bilen eginleşip duran ak buluzkaly saçy kesik gyza ümläp:
— Tanyş bol, aýal doganym – diýdi. Yzyndanam doganyna ýüzlendi:
— Gülnar, bu Jemal.
Gülnar ýyljyraklap Jemal bilen görüşdi.
Ýigit Jemaldan gözüni aýyrman durşuna:
— Ýoldaşlaryň garşy bolmasa ýörüň bir sellem gezeliň – diýdi. Jemal ýalňyz bolmansoň ýaýdandy. Kemal gynandy. Olar öz ugurlaryna gitdiler. Birden ýigit yzyna dolandy. Uzakdan Jemala bir zatlar diýdi. Gyz eşitmän oňa tarap ýöneldi. Ýigidiň intizar gözleri gyzy duşaklady. Ýaşlar biri-birinden aýrylyşasy gelmedi:
— Men seni uniwersitetden taparyn, Jemal. Häzirlikçe hoş – diýdi-de ýigit doganynyň ýanyndan ýetdi.
Jemal tomus kanikulynda obalaryna gitdi. Şonda Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda boýdaşy Jahan Aşgabada durmuşa çykdy. Toýy deň-duşlaryň sowmasa, dagy kim sowsun. Jemalyň bolsa halaýan zady ýumurtga ýalyjak togalanyp toýa hyzmat etmek. Ol ir bilen akja gollaryny çermäp işe girişdi. „Guramaçylyk” işlerinem şeýle ýeňiljek gopýan, başarjaň Jemalyň boýnuna atdylar. Ol joralarynyň kimsine gazan ýuwdurdy, ýigitlere odun döwdürdi, ýene birine suw daşatdy.
Gapyda ulagyň signalyny eşiden Jemal tisginip gitdi. Bir görse, ak „Wolganyň” göni öňünde dur. Ol zordan sowlup ýetişdi. Içinde-de Kemal. Gyz aňkardy galaýdy.
— Salam Jemal!
Gyz başyny galdyrdy. Soňam aljyrap töwerekdäki gözlerden ätiýaç etdi-de, birneme utanjyrap yza çekildi. Düşbi ýigidem şol bada onuň ýagdaýyny aňdy, yzyna öwrülip ulagdan düşýänlere kömek berdi. Gözleri bolsa „gaçaýmasyn” diýýän ýaly Jemaly gözledi.
Ýigit maýyny tapyp gyza ýuwaşja sorag berdi:
— Şu obada ýaşaýamyň, Jemal!
Gyz diňe başyny atdy. Olara başga gürleşmäge maý bolmady. Ýöne duýdansyz duşuşykdan soň Jemal hut uzynly gün guş bolup uçdy. Ol toý sowlandan soň, hatda onuň gap-gaçlaryna çenli ýuwşup şondan soň öýlerine gaýtdy.
Toýdaky duşuşykdan soň Jemaly gözläp Kemal oba iki gezek geldi. Oba arasynda ýigit bilen eginleşip gezip bolýarmy? Ulagyny gyzyň haýyşy boýunça hol allowarra-da goýdy-da ýigit Jemal bilen diňe ikije agyz gürleşdi. Şonda ejesini gudaçylyga iberjegini aýdyp gitdi.
Ýöne Jemaly bükgüldä goýup Kemallardan adam garaberibermedi. „Ejem işleýär Jemal, ol diňe dynç alyş günleri gelip biler” diýipdi, ýigit.
Ondan bäri dynç alyş günleriň ikisi geçdi. Jemal hiç ýerik çykman sawçylara garaşdy. Olara ejesiniň birbada näme diýjeginem bilmän iňkise-de gitdi. Ýeser ýeri gyz ýene bir hepdeden Aşgabada ugramalydy.Ol özüne timar bermekden halys ýadady. Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda günortanlar howlynyň gapysynda bir nätanyş aýal ardynjyrady. Jemalyň ejesi işe gidipdi. Üstüni duýdansyz basdyran gyz aljyrady. Yzyna gaçjagynam, ol aýalyň habaryny aljagynam bilmän kösendi. Bir yza tesdi, bir öňe ýöredi. Onýança gelen aýal özüne ýüzlendi:
— Bibisoltanyň öýümidir şüý.
Goram-gowşak gyz diňe başyny atdy.
— Senem Jemal bolsaň gerek.
Nätanyş aýalyň Kemalyň ejesidigini Jemal bada çaklady. Ol şeýle bir Kemala meňzeşdi welin, ýüzüne ýigidiň ýüzi el bilen goýlan ýalydy. Jemal ýaýdanjyrap ýere bakyp durşuna sypaýyçylyk etdi. Myhmanyny öýlerine çagyrdy.
— Men girip oturjak däl – diýip, myhman utanjyrap duran gyzy bir gezek nazaryndan geçirdi-de, üstüne goşdy. — Gyz, seň bilen birki agyz gürrüňim bar.
— Men häzir ejemi çagyrar geläýerin.
— Maňa seniň ejeň geregi ýok – diýip, ol aýal bir hili gödeksi aýtdy.
Jemal myhmanynyň gep urşuny halamady.
— Men geleniň habaryny özüm alyp bilmen-ä!
Ol aýal gönüledi:
— Alyp – almaz ýaly üýtgeşik habarym ýok meniň. Jaýa-da girjek däl. Ýör hany, ojagaz bagyň aşagyna baraly.
Ýüregi bükgüldäp başlan gyz Kemalyň ejesiniň matlabyny bilmese-de, onuň bolşam, gep urşam göwnüne batmandan soň süňňi bir zat syzýan ýaly yzyna düşesi gelmedi. Nähili gürrüň bolanda-da jaýa girip aýtsa bolardy. Emma myhman sylagy, oňa boýun sunmazlygy özüne uslyp bilmän, yzyna düşdi. Kemalyň ejesi bagyň aşagyna-da barman, Jemallaryň mellekleriniň gutarýan ýerindäki haýatyň düýbünde çommalyp oturdy. Ýerden geýim-gejimine bir hapa ýelmeşip barýan ýaly silkinjiräp eşiklerini öňüne düýürledi. Soň gyza ýüzlendi:
— Otur hany, beýdip gazyk ýaly bolup durma-da, özüňem gulak as!
Jemal beýleräginde dyzyny epen soň, myhman sözüni dowam etdi:
— Men Kemalyň ejesi. Özüňem çaklansyň. Tanyşdyk dälmi. Senem Jemal bolsaň, bek belle! – Ol gyzyň gös-göni garajygyna garady: - Men buýtar-suýtar etmänem, gep owadanlamanam oňaramok. Men bir dogry sözli adam. Sen gyz, öz deňjagazyňy tap. Çynym bilen aýdýan men şuny. Eşegem öz deňini gaşaýandyr. Oguljygymyň başyny aýlapsyň. Ýeserje ekeniň. Hajuk-hujugyňa ynanyp toruňa düşüpdir. Bilip goý. Ar-namysymyzy ömrümiz bilen des-deňje görýändiris. Her öňýeten oňa çirk ýetirip bilmez.
Üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly bolan gyzyň daşynda ýer pyrlanyp başlady. Oňaýsyz ýagdaýda-da oturansoň, dyzlary saňňyldap göwresini götermedi. Ol laňňa galdy. Myhman muny halamady:
— Ýüregiňi eliňe alyberme, çök hany. Ýek ýigrenenim bisabyr tula. Şu adamlaram senden beter howlukmaç, otyryn-a. Onda-da ömrümde aýak basmajak gapymda. Ýoňsuz ýolam geçip geldim. Özüňden ula sylag bolmazmy, sende.
Jemal özüne zor salyp ýene nalaç çommaldy. Kemalyň ejesi göwnündäkini bassyr-ýussursyz gös-göni aýtdy.
—Iki ärde ýerlemedik eneňi tanaman sen nähili halkalara eliňi uzadýanyňy bilýärmiň? Aňrujy kädiňde şygyrdy bolsa, biz ýaly adamlaryň bosagasyndan ätläp bilmejegiňe özüňem akylyň ýetmeli. Akyl ýokmuka diýýän sende. Özlerine göwni ýetýän „men” diýen adamlaryň biz bilen garyndaşlyk açyp bilseler armanlary ýok. Obadanam taparsyň sen äri, bardyr özüň ýaly. Meň aýdanlaryma düşündiň dälmi? Aýt şunuň düşnüksiz ýa nädogry ýeri bolsa. Özünem bilip goý, Kemaly şu töwereklerde ýene ýekeje gezek göräýseler, tilpunym bardyr, edil dünýä gelmedik ýaly etdirerin. Gorkuzýandyr öýdüp birjigem kelläňe gelmesin. Men diýenimi etdirýänje heleýdirin.
Ol aýal gelşi ýaly, sag aýagynyň üstüne agyr göwresini atyp ýempäp ýola düşdi.
Jemal zordan ýöräp jaýlaryna girdi. Kellesi güwläp başyny ýassyga goýdy.
Bu syry içinde saklap namysjaň gyz, iki günden Aşgabada ugrady. Gözel şäher, köşk ýaly ymaratlar ony gujak açyp garşylady. Bu gyzyň esasy arzuwydy ahyryn. Ol gelejegine ýagşy umyt bilen garady.
Bir gün jaýlary tertibe salyp, ýygnaşdyryp ýören Jemal saralyp giden okuwçy depderiniň arasyndan ýere gaçan surata gözi düşüp allaniçigisi boldy. Ol suraty göterip Mämmet aganyň ýanyna ylgady. Ol sekiniň üstünde çaý içip otyrdy. Jemal goja suraty uzatdy. Soň titir-titir edýän elini gizledi. Geplände gyz öz sesini tanamajak boldy.
— Bular kim-ä, Mämmet aga?
Goja suratdakylary saýgarmady, Jemal turup içerden onuň äýnegini alyp geldi. Şonda-da Mämmet aga çöňňelen göreçlerini surata degräýjek-degräýjek bolup oňa uzak seretdi. Suratyň eýlesini-beýlesini öwürdi, ýene seretdi.
— Bä, gyzym bu surat nirelerden çykdy. Ol aýalyň gapdalyndaky erkek adama barmagyny dürtdi. Buý-ä däninim, Arslan jan. Sen ony gördüň, oglum.
— Ony tanaýan.
— Tanaýansyň. Tananyň gowy. Özbaşyna hümürdäp ýaşuly soň başga zat diýdi. – Asyl, bu peläket Arslan han bilen däninim surata-da düşäýen eken-ow. Gojanyň monty barmaklary aýalyň üstünde saklandy. – Sen gyzym bu peläketiň kimdigini sorap däninim biljegem bolmagyn. Tanamanyňdan gowusy ýokdur. Goja suraty yzyna berdi.
— Muny ýyrt-da, zyň-da goýber.
Synçy goja gyzyň bir gozgalaň tapandygyny aňdy. Onuň ýüzüne täzeden çiňerildi. Jemalyň ýüzi duw-ak. Gözlerinde bir hili geň howsala bar.
— Hany al, şol suraty bärik. Surat görmedik ýaly-la seň däninim bolşuň.
Goja Jemalyň elindäki suraty yzyna aldy. – Sen däninim, Jemal jan maňa tiňkäňi tikip oturma. Şol peläket däninim adam şekilli adam bolanlygynda hezil edip gürrüň berjek. Zerurmy şol saňa?
— Zerur.
Goja geň gördi:
— Nämesi zerurmyş?
— Aý bir ýerde gördümmikäm diýýän ony.
— Ýo-ga, gören dälsiň. Sen tanajak adamyň däninim bolmaly däl ol. Meňzedýänsiň birine. Meňzeş gytmy?
Jemal sesini çykarmady-da „Şu aýalyň kimdigini aýtmasaňyz, meňňem el çekmejegim çynym” diýen terzde närazylygyny duýduryp ýüzjagazyny sallady oturyberdi.
Goja ardyndy-da, ýene surata seretdi.
— Sen ony bilesiň gelip halys ýüregiň üzülip barýan bolsa däninim aýdaýyn şony. – Büý–däninim Gojanyň barmaklary ýene aýalyň üstünde saklandy–Arslan hanyň entek Orazsoltan gelnejeňe öýlenmänkä yzyna düşürip gelen maşgalasy bolmaly. Wah, Jemal jan men däninim saňa bu peläket hakda gürrüň bermänmidim näme. Şonuň ediljek özi-dä şüý. Agtyjagymyň ejesi.
Jemal allaniçigisi bolup täzeden surata seretdi-seretdi-de diline gelenini aýdyp goýber-di.
— Şol agtyjak men-dä Mämmet aga.
Mämmet aga gökden goýberilen ýaly boldy. Şu ömründe hiç bir zat gojany şu derejede sarsdyrmandy. Ol agtyjagynyň ýüzüne seredip doňup galdy, dili tutuldy. Ol bir haýukdan soň özüne gelip dillendi:
„Eý, Taňrym, gudratyňa döneýin maňa balamy gaýtaryp beren Taňrym”. Gojanyň begenjinden agtygyny gujaklamak üçin uzadan elleri sandyr-sandyr etdi.
Onuň ýerinden galanam şoldy welin, gapydan älemgoşar ýaly bolup lowurdap bir aýal göründi. Oňa gözi düşenden Jemalyň reňki üýtgedi gitdi. Şol bada syr bildirmän sekiniň üstünden düşüp gitdi.
Mämmet aga bolsa ol aýalyň salamyny aldy-da, ömründe bezemen aýal görmedik ýaly, oňa aňkardy. Aýal gyzyla doňup durdy.
— Näme meni tanamadyňmy Mämmet aga, gaty içgin seretdiň-le?! Men Şasoltan, Kemalyň ejesi diýip mürähede zada garaşman düşege geçdi. Oturyp – oturmanka-da goja sorag berdi:
— Ýaňky gyz, niräň zady Mämmet aga? Çem geleni howlyňda saklap ýörmüň?
— Haýsy gyz? Kim ol çem gelen – diýip, Mämmet aga, demli çäýnegi myhmanynyň öňüne süýşürip geňirgäp sorady. Ýöne ol öz sesini özi tanamady.
— Ýaňky turup giden gyz-da.
— Jemal janmy?
Myhmanynyň gürrüňini halamadyk Mämmet aga bir sägindi-de, soň jogap berdi:
Ol däninim çem gelen däldir, Şasoltan, ýalňyşýaň. Ol däninim biziň agtyjakdyr.
Şasoltan üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly boldy.
Ol gojanyň salyk ýüzünden käseli eliniň titireşinden onuň göwnüne degendigini aňdy, hem Jemalyň bu howla nädip düşenini bilmese-de oňa ynandy. Sebäbi ol Mämmet agany tanaýardy. Ol ýalan sözlejek adam däldi. Şasoltan:
— Mämmet aga „Tanamadyk sylamaz” diýipdirler, meni bagyşlaweriň – diýdi.
Saçly bilen Kemal Lukmançylyk institutynda bile okapdylar hem biri-birleriniň öýlerine baryp gelip, dogan ýaly tirkeşer ýörerdiler. Kemal Mämmet agany uçursyz sylaýardy. Şasoltanyň bu howla gelmek bilen maksady är-aýalyň ogullaryna halys diýenleri geçmän soň, bir „haý-küş” diýdirmekdi. Ony Şasoltan boýnuna aldy: Ogullarynyň saýlan gyzy Kemally ýeriň maşgalasy dälmiş.
— Kemal hana ogul dagy däldir. Iki oglum bar – diýer ýörerdim. Saçly jan bizden arany açdy. Olam gelmesini kesdi. Ýöne Şasoltan, Kemal jana däninim haý-küş diýer ýaly ogul-a däldir. Bolsa-da onuň öňünden çykjak bolmagyňyzyň sebäbini gowja düşündiriň. Belki däninim siz bimamlasyňyz. Kimlerden ol, Kemal janyň göwün beren gyzy, men däninim olary tanaýarynmy – diýdi. Şasoltan oturdy – oturdy-da, gönüledi:
— Aý Mämmet aga, indi ol çagaň badyna kakmak geregem boljak däl, ýaly-la.
Mämmet aga hiç zada düşünmän Şasoltanyň ýüzüne seretdi.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar