06:54 Zaratuştranyň nutuklary: Hoşgylygyň kürsüleri hakda | |
• Hoşgylygyň kürsüleri hakda Zaratuştranyň ýanynda uky we hoşgylyk hakynda sözlemegiň abyny-tabyny alan bir danany öwdüler. Aýdyşlaryndan, ol dana örän hormatlanýardy, alyp barýan işleri gowy garşylanýardy, ýaşlar hem onuň kürsüsiniň öňüne geçip höwes bilen diňleýärdiler. Zaratuştra onuň ýanyna gitdi, ýaşlara goşulşyp kürsiniň öňünde oturdy. Ol dana ýüzlenip şeýle diýdi: - Uka hormat bilen, edep bilen ýakynlaşyň! Şundan öňe geçjek zat bolmaz. Ukusy kadaly däller bilen gijelerine oýa gezýänlerden daş duruň! Ogram ukudan çekinýär we gijelerine hemişe ümsümje ýol aşýar. Gije garawuly ýirik bolýar, ol jürlewügini güjeňlemekden birjigem utanmaýar. Uklamak diýilýän zat kiçi-kirim zat däldir, uzyn günläp oňa garaşmak gerek. Adam günde on gezek nebsini ýeňmäge mejbur bolýar, uky bolsa şirin argynlyk berýär, ol ruhuň neşesidir. Günde on gezek özüň bilen täzeden ýaraşmaga mejbur bolarsyň, çünki nebsiňi ýeňmek azap berýär, muňa öwrenşikli däller gowy uklap bilmeýär. Günüň dowamynda on hakykat tapmaga mejbursyň, ýogsa gijelerine-de gözlegiň hakykat bolar we ruhuň aç galar. Günde on gezek gülmäge we şatlanmaga borçlusyň, ýogsa garaňky gatlyşansoň gaýgy-gamyň atasy keýpiňe ynjalyksyzlyk berer. Adamyň gowy uklamak üçin ähli hoşgylyklara eýe bolmalydygyny örän az kişi bilýär. Ýalandan şaýat bolmalymy? Zyna etmişini etmelimi? Goňşymyň hyzmatkärine göz gyzdyrmalymy? Bular ýaly sorag;aryň barsy rahat uky bilen bir ýere sygyşmaýar. Adam ähli hoşgylyklara eýe bolsa-da, bulary dogry sagatda dem-dynç aldyrmagy bilmeli. Ägä bol ki, öz erkine goýberilen hanymlar biri-birleri bilen dalaşmasynlar! Seniň üçin-ä hiçem dalaşmasynlar, eý bedibagt! Hudaý hem goňşyň bilen oňşukly bol, rahat uka şular bolmasa bolmaz. Goňşyň şeýtany bilenem oňuşjak bol, ýogsa gijelerine seniň töweregiňde aýlanar ýörer. Döwlet işgärlerine hormat bildir, olara ytagat et, hatda nädogry işleýänlerine-de. Rahat uka şular gerek. Aagalyk sürüjileriň elmydama nädogry ýollarda gaýmalap ýörmegi meniň günämmi näme? Meniň gözümde iň gowy çopan sürüsini gök otluk meýdana süren çopandyr, munuň özi rahat uka saz gelýär. Şan-şöhraty-da, aňyrsy-bärsi ýok hazynalary-da islämok, bular dalagyň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Adamyň kir-kimirsiz ady we kiçijik hazynasy bolmasa gowy uklap bilmeýär. Kiçijik jemgyýeti ýaramaz jemgyýetden eý görýän, ýöne jaý wagtynda gelip-gitmek şerti bilen. Munuň özi rahat uka saz gelýär. Kemakyllary-da gowy görýän, olar uklamaga höwesli bolýarlar. Aýdýan her bir sözüni makullasaň dagy guş bolup asmana uçýarlar. Netijede gün hoşgylyklylaryňkydyr. Graňky gatlyşansoň uka gol bulamakdan saklanýan. Hoşgylyklaryň ketdesi uky çagyrylasy gelmeýr. Gaýtam tersine, uzyn günüň dowamynda näme edenimi we nämä kelle agyrdanymy pikir edýän, sygyr kimin gäwmiş gaýtaryp, özüme haýsy on meselede nebsimi ýeňendigimi soraýan. Aýratynam, kalbymy ýyladan haýsy on oňşugy amala aşyranymy, haýsy on hakykaty tapanymy, nirde on gezek hahahaýlap gülenimi soraýan. Ine, bulary oýlanyp-ölçerip kellämden geçirýän welin, duýman durkam uky basmarlaýar, hoşgylyklaryň ketdesi hem-de çagyrylmagy halamaýan uky. Uky kirpiklerimden aslyşdygyça gabagym agyrlaşýar. Uky agzyma galtaşýar we agzym şo durşuna açyk galýar. Hawa, iň halaýan pişäm bolan ogry ökjesine basman assyrynlyk bilen gelýär, oý-pikirlerimi ogurlaýar, hut şu kürsi ýaly akmaklarça doňup galýan. Ýöne men häzirem aýak üstünde däl, uzaboýuna süýnüp ýatyryn. Dananyň sözlerini diňlän Zaratuştra hezil edip güldi, onuň ýadyna nämedir bir zat düşdi. Şonda ol öz kalbyna şeýle diýdi: - Kyrk pikirli bu dana barypýatan akmak, emma uka gowy düşünýändigini boýun almak gerek. Dananyň golaýynda oturanlar nähili bagtly! Diýmek beýle uky ýolugyjy we galyň diwary-da böwsüp geçýän bolmaly. Onuň kürsüsinde-de jady bar. Diýmek ýaşlar bu hoşgylyk kürsüsiniň öňünde biderek ýere oturýan eken. Bu adamyň danalygy negözel uklamak üçin oýa gezmegiň gerekdigini aýdýan sözlerden ybarat. Eger durmuşyň hiç hili manysy bolmasa we haýsam bolsa bir manysyzlygy saýlap-seçip almaly bolsa, meniň üçinem saýlap almaga mynasyp manysyzlygym şu bolardy. Indi has gowy düşünip başladym, bir mahallar hoşgylygyň ündewçileri gözlenende aýratynam nämeleriň gözlenenini: Negözel uky we muňa sazlaşýan neşeli hoşgylyklar eken. Bütin bu kürsüleriň sarpaly danalary üçin danalyk düýşsüz uky eken, olaryň hiç biri durmuşyň has owadan manysyny bilenokdy. Häzirem o diýen dogruçyl bolmasa-da hoşgylygyň ündewçisi ýaly käbirleri ortada gaýmalaşýar, ýöne bularyň möwriti doldy. Kän aýak üstünde durup bilmän serrelip giderler. Ukusy barlar nähili bagtly, çünki olar ýakynda uka giderler. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |