21:43 Zaratuştranyň nutuklary: Üç öwrülme hakda | |
• Üç öwrülme hakda Size üç ruhy öwrülişigiň nämedigini: Ruhuň düýä öwrülişini, düýäniň şire öwrülişini, ahyrsoňunda şiriňem çagajyga öwrülişini öwredeýin. Süňňi sarpaly, güýli we çydamly ruh agyr ýükleri göterip bilýär, onuň güýji iň agyr ýükleri galdyrmagy arzuwlaýar. Çydamly ruh “agyr näme?” diýip soraýar we düýe ýaly dyza çöküp, üstüne ep-esli ýük ýüklenmegini isleýär. Eý ýigitler, ýüklenip we güýjüm üçin buýsanyp biljek iň agyr ýüküm nedir? Ine, çydamly ruh şeýdip soraýar. Buýsanjyny ynjytmak üçin özüňi peseltmekmi? Akmaklygyňy iliň gözüne äşgär edip, danalygyňy ýaňsylamakmy? Ýa-da doly ýeňşiň gutlanýan pursatynda dawadan çekilmekmi? Şeýtana uýanlaryň başyny-gözüni aýlamak üçin dik daglara çykmakmy? Ýa-da dana otudyr dub gozasy bilen oňňut edip, hakykat ugrunda ruhy aç goýmakmy? Ýa-da syrkawlamak, halyňy soramaga gelenleri yzyna gaýtarmak, seniň isleýäniňi hiç mahalam bilmeýän güňler bilen dostlaşmakmy? Ýa-da hakykat suwuna hapa bolanda-da girip, sowuk we gyzgyn gurbagalary ýanyňdan kowmakmy? Ýa-da bizi äsgermeýänleri söýmek we bizi gorkuzmak isleýän garantgalara eliňi uzatmakmy? Çydamly ruh bütin bu agyr ýüklere çöle çykan düýe deý döz gelýär we çöle sary ýola rowana bolýar. Emma çölüň petişliginde ikinji öwrülişik bolup geçýär, ruh şire öwrülýär. Ol azatlygyny gazanmak we çölüň hojaýyny bolmak isleýär. Bu ýerde iň soňky hojaýyny gözleýär, oňa we soňky hudaýyna duşman bolmak, uly aždarha bilen garpyşmak isleýär. Ruhuň mundan soň hojaýyn we hudaý hökümnde göresi gelmeýän uly aždarhasy nämekä? Onuň ady “Oňararsyň”, emma şiriň ruhy “Isleýän” diýip arlar. Üstünde altynlar ýalpyldap duran, keserip ýoluň öňüni tutup duran “Oňararsyň” atly pully haýwanyň pulunyň her biriniň ýüzünde “Oňararsyň” diýen ýazgy bar. Bu pullarda müňlerçe ýyllyk gymmatlyklar ýalpyldaýar, aýratynam ähli aždarhalaryň iň güýçlüsi “Hemme zadyň gymmaty meniň üstümde ýalpyldaýar” diýýär. “Ähli gymmatlyklar has owal ýaradylypdy, men ähli gymmatlyklaryň jemidirin. Indi “Men isleýän” diýen zat hakykatdanam bolmaz”. Ine, aždraha şeýle diýýär. Doganlar, ruhda şire näme mätäçlik bolup biler? Ýük daşaýjy pidäkär we salyhatly haýwan nämä ýetenok? Şirem heniz täze gymmatlyklar döredip bilmeýär, emma täze zatlar döretmek üçin gerekli azatlygy üpjün edip bilýär, şiriň güýji maňa ýetýär. Azatlygy üpjün etmek, jogapkärçilige mukaddes “Ýok” jogabyny berip başarmak – ine, doganlar, şir şunuň üçin gerek. Täze gymmatlyklara haklydygyňy aýtmak, çydamly we salyhatly ruh üçin iň gorkunç hereketdir. Ruh muny hakykatdanam gödek talaňçylyk we ýyrtyjy jandaryň etjek işi hökmünde görýär. Bir mahallar “Oňararsyň” ruhuň iň mukaddes sözüdi, şindi söýgüsinden azatlygy çekip çykarmak üçin we kakabaşlygy-da mukaddesliklerine goşmaly bolýar, ine, şir şeýle talaňçylyk üçin gerek. Ýöne aýtsaňyzlaň maňa, doganlar, şiriň oňarmadyk nämesi bar, çaga üçin näme gerekli? Talaňçy şir näme üçin birdenkä çagajyga öwrülmäge mejbur boldy duruberdi? Çaga bigünälik we hemme zady unutmakdyr. Täzeden başlangyç, oýun, öz-özi aýlanyp duran tigirçek, ilkinji hereket, mukaddes “Hawa” sözüdir. Hawa, doganlar, döretme oýny üçin mukaddes “Hawa” sözüne mätäçlik bar, ruh şindi öz eradasyny isleýär, dünýäde ýitip gidenler bolsa öz dünýäsini gazanýar. Size ruhuň üç öwrülişigini: Ruhuň düýä öwrülşini, düýäniň şire öwrülşini, ahyrsoňunda şiriň çagajyga öwrülşini öwretdim Zaratuştra şeýle diýdi. Şol wagtlar ol “Alaja sygyr” diýilýän şäherdedi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |