13:26 Zehiniñ çägi bolmaýar | |
ZEHINIŇ ÇÄGI BOLMAÝAR
Edebi makalalar
Köne dostum, özbek edebiýatçysy, türkmen ýazyjylarynyň döredijiligi bilenem yzygiderli gyzyklanýan, hatda biziň edebi gazet-žurnallarymyzy-da ýazylyp alýan Mäşerip Saparow Halkara kitap sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelende, egnime kakdy-da: «Daşynda at-zat görkezilmän, diňe: «Nowellistika žanrynyň iň ussat türkmen ýazyjysyna gowşurmaly» diýen ýazgyly bukjany eliňe berseler, sen ony hut özüňe degişli hasap edip açarmydyň?» diýdi. Men ol aýtgynyň döreýşinden habarlydym. Institutda okaýarkak, fransuz edebiýatyndantanymal hünärmen, professor Sergeý Artamonow ýazyjylaryň raýdaşlygy barada gürrüň açanda, bir gezek şeýle wakany aýdypdy:Parižiň şäher aragatnaşyk bölüminiň işgäri bukjanyň daşyna diňe:«Fransiýanyň iň zehinli ýazyjysyna gowşurmaly!» diýen sözler ýazylan haty Wiktor Gýugonyň öýüne eltende, ol bukjany açman:«Bu hat Sandyňky bolmaly» diýip, şol mahallar ürç edilip okalýan «Oras» romanynyň awtory, belli zenan ýazyjy Žorž Sandyň öýüni salgy beripdir. Men: «Bu hatyň eýesi Kömek Kulyýew bolmaly» diýen ýazgy edip bukjany yzyna gaýtarardym» diýdim welin, çaky dogry çykan Mäşerip elimi gysdy. Onuň çaky dogry çykan bolsa, meniň çakymam hakykatdan daş däl eken. «Sensoňky gezek Kömek Kulyýewiň «Mundan barsaň...» diýen hekaýasyny okan bolsaň gerek, Mäşerip?» Mäşerip ýylgyrdy. «Bildiň. Ol adaty hekaýa-da däl-de, hekaýadanam ýokarrak başga bir zat. Eger men özbek bolmadyk bolsam, özbegiň hüý-häsiýetini bilmeýän bolsam, ol hekaýa beýle uly baha bermezdim. Özbek gahrymanlaryň häsiýetini hiç bir özbek ýazyjysy hem beýle derejede açyp bilmez diýsem, ulaltdygym bolardy. Ýöne türkmen ýazyjysynyň öz özbek gahrymanlarynyň keşbini beýle inçelik, beýle ussatlyk bilen görkezmegi başarşyna haýran galýarsyň...» Meniň pikirimçe, meniň hekaýa düşünişimçe MäşeripSaparow ýalňyşmaýardy, hakykaty ulaltmaýardy. «Mundanbarsaň...» ýaly adam häsiýetini, milli özboluşlygy açmakda ýokary ussatlyk derejesine ýeten eser gabat gelen ýazyjynyň galamynyň astyndan çykmaýar. Men hem nowellistika žanrymda birneme «çorba sowadanlygym» sebäpli, ol barada öz pikirimi aýdasym gelýär. Umuman, edebi döredilişigiň kynçylygy käbirleri tarapyndan «iňňe bilen guýy gazmak» ýaly agyr zähmete deňelýär. Şol bahanyň hakykata golaý bolmagy-da mümkin. Eger şeýle bolsa, men çaklaňja hekaýa ýazmagy iňňe bilen guýy gazmak, uly powest ýazmagy bolsa, iki gulakly pil bilen guýy gazmak diýip kesgitlärdim. Sebäbi hakyky, doly bahaly hekaýa az söz, az sahypa bilen döredilýär, ýüz sahypalyk powestde dörejek keşpler, bäş-on sahypada açylmaly. Şol nukdaýnazardan nyrh kesseň, ezber ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Mundan barsaňyna...» kiçeldilen powest diýip baha beresiň gelýär. Özbek garyndaşymyzyň ol hekaýany ýatlap ýörmesiniň sebäbi-de şondan gelip çykmaly. Beýle derejä diňe ussat çykyp bilýär. «Mundan barsaň...», «Gargyş mama» ýa-da bir sözde, bir söze daýanmak bilen halklaryň ykbalyna badak atan uly pajyganyň gahar-gazabyndan saýlanan gahrymanlaryň adamçylyk pähimine çenli ýokary galşyny beýan edýän «Gumda» ýaly naýbaşy hekaýalary okap, olaryň çeperçilik, ussatlyk täsirinden many çykaranyňdan soň, eser döretmekde awtoryň inçeden yzarlamaklygyň özenine aralaşýanyna göz ýetireniňden soň, özüňe «iň ussat ýazyja gowşurmaly!» diýlip berlen bukjany çyn ýürekden Kömek Kulyýewe iberseň, diňe zehinli ýazyja däl, onuň Alyhezreti hakyky proza-da aýratyn hormat goýýandygyňy hem tekrarladygyň bolardy. Ýazyjylyk senedi bilen iş çalşyp gelýän uzak ýyllarymyň dowamynda maňa döredijilik diýilýän jadyly dünýäniň birgiden wekilleri bilen duşuşmak, gatnaşmak, şeýle hemedebiýat diýilýän hakyky dünýädenem çylşyrymly dünýäniň çetinden duýdansyz girýän ençeme ýaş zehinleriň kemala gelşine gözli şaýat bolmak miýesser etdi. Ýöne zehin diýilýän jadygöýi ölçäp bolmaýany sebäpli, diňe okyjynyň seniň ýürekden çykýan sözleriňi, berýä bahaňy ölçeg edäýmelisi galýar. (Onda-da seniň gelen netijäň bilen ylalaşsa). Zehinli ýazyjylaryň arasynda Kömek Kulyýewiň eserleri özüniň gysbylygy, aňrybaş sünnälenen çeper dili, şeýle hem, iňňän ýürege ýakyn owazlylygy, ýerlikli hem mylaýym ýumory bilen turuwbaşdan has-da göze gelüwli boldy. Aýratynam, onuň eserlerinde awtoryňmy ýa-da gahrymanlaryň adyndan okyja hödürlenýän ýumorlar tebigylygy, ynandyryjylygy bilen meniň has-da göwnümden turýar. Eserde tebigylyk bolmasa,eser ýok, ýasamalyk eseri puja çykarýar, awtory abraýdan düşürýär. Tebigy däl eseriedebi taýýarlygyýetik okyjy kabul etmeýär. Şol babatda häzirkizaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Kömek Kulyýewiň döredijilik ukyby nusga edinerlik mekdebe öwrüldi, onuň eserleri okalýar. Tehnikanyň ösüp, internet ulgamynyň edebiýatyhem öz «gujagyna» almagy bilen «Pylan neşirýatda çykan, pylan ýazyjynyň kitabyny okyjylar gyzgyn garşyladylar» diýen gazet dilinde ýaýradylýan habary agzamak hem aňsat däl. Çünki internet ulgamy derwezesiz hem haýatsyz howly bolany üçin, oňa hakyky agras eserden daşdaky «okalýan», ýöne eser däl eser kän aralaşýar. Meniň pikirimçe, hiç bir zehiniňem aýratynlygyny iküç sany söz bilen kesgitläp bolanok. Şo-da gowy zat. Sebäbi, her bir zehin hakda töwerekleýin, köptaraplaýyn, yzygiderli hem delilli gürrüň açmak gerek. Zehin bilen döredilen ýekeje eser hakda bir däl-de, birnäçe makaladyr ylmy işler ýazsa bolar. Şeýlelikde, biz şol zehine düşünmäge bolan synanyşygymyz arkaly, öz duýgularymyza, pikirlerimize, öz dünýämize-de düşünip bilýäris. Kömek Kulyýew eseri gysga, tygşytly ýazýar. Kätebir sahypalyk gürrüňi ýekeje sözleme ýa-da tutuş sözlemi bir söze-de sygdyryp bilýär. Ýöne, göwnüňe, şojagaz ýazylanja sözlemiň ýa-da sözleriň aňyrsynda, arasynda ýene-de birtopar aýdylmadyk sözler, sözlemler ýatan ýaly bolup duýulýar. Sebäbi, Kömek öz okyjysynyň zehinine bil baglaýar, onuň şol aýdylmadyklary, ýazylmadyklary duýup, tutup, olara düşünip biljekdigine ynanýar. Şonuň üçinem, ol juda arkaýyn, erkin ýazýar. Kömek Kulyýewiň döredijilik «sandygynda» kyssa eserlerinden başga-da, köpsanly çeper hem dokumental kinofilmleriň ssenarilerem bar. Meniň bilşimçe, ol kino sungaty bilen has soňrak içgin ysnyşyp ugrady. Ýöne geň galdyrýan zat: kino sungatynyň birtopar tärlerini, iň esasam, kinoçynyň nazaryny Kömegiň başky hekaýadyr powestlerinde-de görmek bolýar. Onuň «Iki sallançak arasy», «Tükenmezköne», powestlerinde ýa-da «Agöýli», «Gumda» hekaýalarynda ilki umumy görnüşi (kino dilinde: «panorama») berip, kem-kemden köpçülikleýin sahnalara,birdenem, aýry-aýry adam keşplerine, häsiýetlerine geçişini, soňra-da bularyň hemmesini gezekleşdirip alyp gidişini synlap görüň. Şonda, göwnüňe, Kömek Kulyýew daş-töweregi, adamlary, haýwandyr ösümlik dünýäsini adaty göz bilen däl-de, kinokameranyň aňyrsyndan synlap ýazýan ýaly duýulýar. Belki, şonuň üçindir, onuň käbir eserleri belli rus ýazyjysy, rejissýor hem aktýor Wasiliý Şukşiniň kinossenariýa iňňän golaý hekaýadyr powestlerinem ýatlatman duranok. Emma Kömek Kulyýewiň dil meselesindäki özboluşlylygy, inçeden şirelije ýumory bu türkmen ýazyjysynyň eserlerini Şukşiniňkidenem, islendik başga bir ýazyjynyňkydanam aýrybaşgalaşdyrýar. Aslynda, ýazyjy-şahyrlary bir-biri bilen deňeşdirip öwrenmeklik käte oňyn netijeler berýänem bolsa, döredijilige hemişe şu nukdaýnazardan çemeleşmegi özüm-ä dogry hasap edemok.Meselem, Kömegiň eserlerindäki gysbylygyň sebäbini Çehowyň mekdebinden gözlesek, olaryň kino golaýlygyny Şukşine meňzetsek, ýazyjynyň milli ýumoryny Nodar Dumbadzäniňki bilen deňeşdirsek, aýry-aýry,durmuş pursatlaryny tutuşyny Wiktoriýa Tokarewanyň täsiridir öýtsek, onda öz ýazyjymyzdan nam-nyşan galmaz. Iň dogrusy — her bir ýazyjynyň özboluşlylygyny ilkinji nobatda onuň özünden, öz ýaşaýan sferasyndan, öz döwürdeş ildeşlerinden, öz enesiniň süýdi bilen giren milli dilinden gözlemek bolsa gerek. Elbetde, täsir hem täsirlenmek meselesine göz ýummagam dogry däldir. Täsirlenmesiz ýazyjy-şahyr bolunýan däldir diýsek, hakykatdan gatybir daş düşülmese gerek. Täsir meselesi, elbetde, ullakan, özbaşdak bir gürrüňiň temasy. Özi eser ýazýan okyjy galamdaşynyň eserlerini adaty okyjydan has ünsli okaýan bolsa gerek. Meniň özüm-ä galam işledişini sulhum alýan awtorymyň eserlerini olardan hökman bir zat«tapmak» islegi bilen okaýaryn. Nädip başlaýar? Nädip gutarýar? Kompozisiýany nähili gurýar? Dartgynlymy ýa-da däl. Gahrymanlaryň häsiýetlerini nähiliamatly açyp bilýär? Okan eseriň näme üçin özüne çekdi? Şol sowallaryň oňyn jogaby Kömek Kulyyewiň her bir eserinemahsus. Şonuň üçinem okyjy onuň eserlerineüns berdi. Hut meniň özümem onuň eserlerinden köp zat öwrendim... Çünki her eserinde «hökman bir zat tapmak» zehinli ýazyjymyzyň edähedi. Kömek Kulyýewiň döredijiliginde meniň esasy halaýan zadym hem«akyl satylmaýar». Ýazyjyhaýsy derejedäki okyjy bolsa bolsun, ony sadadan göwnüne ýakymly, sada, ýöne agramly sözler bilen özüne bakna edýär. Buusul dünýä edebiýatynda hem öňe saýlanan eserleriň utuş gazanýan usuly. Kömek Kulyýewiň döredijiligine tutuşlaýyn ser salyp göreniňde, şeýle bir ahwalat has-da göze dürtülýär: ol öz eserleriniň bir-ä adyna, birem iň başky jümlesine, soňra-da jemleýji sözlemlerine aýratyn üns berýär. Men muny ýörite yzarladym. Başarýanmy-başaramokmy bilmedim, ýöne meniň özümem eserlerime at goýmaga çynlakaý üns berýärin. Hekaýalaryma, powestlerime «Ýekşenbe güni öýleden soň», «Lal perişde», «Aglasy gelýän ak bulut», «Üç aýlyk bagt», «Aýylganç baharyň jybarly güni» diýen ýaly goýan atlarym henizem öz göwnümden turýar. Eseriň ady tötänleýin, çem gelen at bolmaly däl, ol eseriň ideýasyny, hamyrmaýasyny özünde jemläp, tutuş eseriň içinden parran geçmeli hem şol bir wagtda özüne çekiji, syrly bolmaly. Pikir edip görenimde, Kömek Kulyýewi esere at goýmaga ussat ýazyjylaryň biri hasaplaýaryn. Onuň esere goýan atlarynyň käbirine üns bereliň: «Oýlanmaga alty aý möhlet», «Ýetimleriň baýramy», «Iki sallançak arasy», «Oňa aýdym — aglasyn!», «Şeýtan şübhesi», «Jigerbendiň haky üçin», «Eýeli jaý», «Ogurlyk», «Garlawajyň gaýy», «Gargyş mama»,«Maşyna öwrülen adam hem-de adama öwrülen maşyn hakynda hekaýat»... Şeýle atlar, islendigine gözüň düşenden, «Be, bu näme boldugyka, näme hakdaka?» diýlen bilesigelijiligi oýarýar hem-de eseriň yzyny (özüni) okamaga mejbur edýär. Kyssa eseriniň başky jümlesi onuň tutuş äheňini, owazyny, ritmini kesgitleýär. Başky jümleler nähili bolsa, eseriň dowamam şoňa görä gidýär. Bu şerti Kömek Kulyýewinçe ussatlyk bilen berjaý edýär. Kömek Kulyýewiň eserleriniň jemlemesi hakda gep açsak, ol aýratynbellenmäge mynasyp. Örän çynlakaý mesele. Her bir eseriň şowlulygy ýa-da dälligi köp derejede onuň jemlenişine bagly. Oňat başlanan eseriň soňy çöpe-çalama ursa ýa-da awtoryň jaýdar jemlemä güýji ýetmän, soňuny gümp-sampa salyp goýsa, başgaça aýdanyňda, eseriň başy bilen jemlemesi bir perdeden (şol sanda, okyjynyň ýürek perdesinden) gopmasa, onda başdaky azaplaryň bary biderek bolubam biler. Soňky döwür türkmenkyssasynyň, esasanam gazet-žurnallarda çap bolýan hekaýalaryň soňlamasyny okyja «çeýnäp bermek» ýoň boldy. Bu kyssada, has beterem kiçi göwrümli kyssada halanmaýan usul. Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» atly çaklaňja powestem belli bir derejede «Iki sallançak arasyny» ýatladýar. Ýöne diňe ilkibaşda şeýle. Powest «Ömür kerweni» diýlip atlandyrylsa-da, ýazyjy eseriň ýekeje ýerinde-de bu sözi agzanok, ony nygtap, okyjynyň gözüne dürtjek bolup duranok. Ony, eserdäki gahrymanlaryň «Ömür kerweni» göz öňünden hatar-hatar bolup geçip ugranda, okyjynyň özi aňýar. Ol gahrymanlaryň hersi özüniň gülküsidir gaýgylary bilen, aýdýanu-aýdyp bilmedik sözleri bilen okyja onuň öz ömrüni ýatladýar. Umuman, Kömek Kulyýewiň eserlerinde, göwnüme bolmasa, baş ýa-da baş däl gahryman ýok ýaly. Onuň eserlerinde her bir ady tutulan (ýa-da tutulmadyk) gahryman öz ýerinde baş roly oýnap, sanlyja jümleler arkaly ýatda galyp bilýär. Ýokardaky agzalan powestde diňe adamlar däl, boş howlyny garawullap ýatan aç item, onuň pidasy bolan gumram eseriň baş gahrymanlary bolup çykyş edýär. Olaryň hemmesem şol ömür kerwenine daklyşyp barýan ýolagçylar. Hemmesem biri-biriniň ömrüne ýa-da ölümine sebäp. Ussat ýazyjy Kömek Kulyýewiň döredijiligi baradaky gysgajyk makalany men başgarak ýol bilen, başgarak usul bilenem ýazyp bilerdim. Ýöne soňky ýyllarda türkmen edebiýatynda edebi derňewiň gowşamagy, ýazyjylaryň ussatlygy barada gürrüň edilmeýändigi, okyja şol barada ýol görkezilmeýändigi sebäpli, Kömek Kulyýewiň çeperçilik usullaryny başarşymdan az-kem derňemek ýoluny saýlamaga mejbur etdi. Sebäbi okyjylaryň uçdantutma hemmesiniň düşünjesi eserini okaýan ýazyjysynyň derejesi bilen deň gelmeýär. Şonuň üçinem käbir taýýarlygy pesräk okyjynyň açyp bilmejek çeperçilik serişdeleri barada keseden aýdylsa-da, kem bolmaýar. Kömek Kulyýew kyssa ýazmaga başlan ýaşlar üçin uly mekdep hem görelde. Emma şu mahala çenli edebiýat ylmy ol mekdep barada düýpli iş edenok, ol mekdebiň örän zerur mekdepdigini bellänok. Bu ýagdaý hem türkmen prozasynyň hasçalt ösmegine päsgel berýär. Sebäbi mekdepde okamadyk, halypalaryň ussatlygyny seljermedik okuwçydanagramly hünärmen çykmaýar. Ýaňy kyssa ýazmaga başlan ýaşlarymyz üçin bolsa, Kömek Kulyyew, Agageldi Allanazarow, Osman Öde, Ahmet Halmyradow ýaly agramly ýazyjylarymyzyň ussatlyk mekdebini geçmegiň hökmanydygyny, zerurdygyny gündelik gazet-žurnallarda çap bolýan hekaýalary okanymda her gezek ýatlamaly bolýaryn. ...Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda edebiýat meýdanyna gelen täze türkmen kyssasynyň wekilleri (şol sanda, Kömek Kulyýew) çeper dil meselesinde-de ep-esli öwrülişik etmäge ýetişdiler. Olar kyssa žanryny agyr hem uzyn suratlandyrmalardan, «Daň ýaňy tilkiguýruk bolup, jahan ýagtylyp ugranda», «Bu gün howanyň öwzaýy bozuk görünýärdi», «Gün naýza boýy galypdy» diýen ýaly, lenji çykan,artykmaç girişlerden, «Pylany uzyn boýly, hortap, agajet, burny tüňňüräk, gözleri içine gidip duran bir adamdy» diýen ýaly guraksy, zerurýetligi asla ýok «portretlerden» arassalap, gönüden-göni wakalaryň hem-de gahrymanlaryň içine urduryp girmäni öwrendiler. Şeýle batyrgaýlygyň, gysbylygyň, hasaply ýazuw tehnikasynyň netijesinde-de bizde kiçi žanr (hekaýa, nowella, powest) has ösüp, küti-küti romanlaryň elinden öňdeligi alyp başlady. Galyň romanlaryň many-mazmun hem-de çeperçilik ýüküni göterip biljek hekaýadyr powestler peýda bolup ugrady. Kyssa eseriniň žanryny kesgitlemekde özüm-ä ýokardaky ýaly çemeleşmäniň, ýagny, oňa göwrümi boýunça däl-de, many hem çeperçilik agramy jähetden baha kesmegiň tarapdary. M.Şolohowyň «Adam ykbaly» atly eserini bilmeýän ýokdur. Emma, žanr babatdan kim oňa hekaýa ýa-da powest diýse, bu eseri roman diýip atlandyrýanlaram az däl. Gep eseriň žanr taýdan nähili atlandyrylýanlygynda däl-de, onuň üstüne urlan ýüküň agramynda. Şu jähetden, Kömek Kulyýewiň käbir hekaýalarynam öz ýanymdan (has beterem dünýä edebiýatynda ― 70-80 sahypalyk romanlaryňam bardygyny göz öňünde tutup) «roman» diýip hasaplasym gelýär. Eger-de ýazyjy «Gargyş mama»,«Şeýtan şübhesi», «Gumda» ýaly hekaýalaryny ýene-de biraz «süýndüren» bolsa — powest, «Iki sallançak arasy», «Tükenmezköne», «Ýetimleriň baýramy» powestlerini ýene şonçarak çişiren bolsa — olar özlerine käbir nukdaýnazardan romanam diýdirerdi. Ýöne şeýdilen bolsa, utuş gazanylmazdy, olaryň häzirki agramy, tagamy bolmazdy. Çeper eserde iň kyn pursat — herki zadyň çenini-çakyny duýmak, gerekmejek süýndürmelerden, ýatlamalardan, yza çekilmelerden hem şuňa meňzeşlerden el çekip, gerejik ýerinde, gerejik wagtynda «tormoz» bermek bolsa gerek. Ine, şeýle duýgurlyk, şeýle «hasapçyllygam» Kömek Kulyýewiňeserlerini bezeýän alamatlaryň biri. Kömek Kulyýewiň döredijilik aýratynlyklary hakda düýpli hem delilli gürrüň açyp, bu babatda kän-kän mysallar getirip bolardy. Meşhur ýazyjylaryň döreden tanymal eserlerine üns berseňem, ady arşa çykan ussatlaryň ýazyjylyk barada ýazýan, aýdýan zatlaryna üns berseňem edebiýat meýdanynda akyl satyp uly ýazyly bolan ýok. Ýazyjyny halkyň halaýan ýazyjysy edip öňe çykarýan esasy zat onuň eserleriniň sadalygy. Şu aýratynlyk Kömek Kulyýewiň ähli eserlerine-de mahsus. Meniň pikirimçe, sadalyk bilen uly mesele çözüp bilýänligi sebäpli Kömek Kulyýewiň eserleriniň hyrydary kän. Sada gahrymanlar, sadabeýan ediliş, sada, arassa dil ýazyjynyň eserleriniň ýoklary derejeli bolmagyna getirýär. Kömek Kulyýew türkmen durmuşynyň haýsy tarapy barada—halkyň tragediýasymy, gamgyn ýa-da şatlykly durmuşy barada gürrüň açsa-da, bizi ýylgyrtsa-da, tolgundyrsa-da, begendirse-de—esasy maksady okyjyda Watana, il-güne, gowulyga söýgi oýarmaklyga syrygýar. Şol söýgi onuň irki hekaýalaryndan, okanyma kän ýyllar geçse-de, maýda detallaryna çenli henizem ýadymda saklanan hemmeniKömek Kulyýewiň döredijiligine okyjy hökmünde hemişelik baglan «Iki sallançak arasy» diýen powestinden başlap, häzirlikçe iň soňky ile ýaýran «Ömür kerweni» atly saldamly ýygyndysyna girýän hemme eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýär. Ene topragyna çyn ýürekden tagzym bilen ýaşaýan, hyzmat edýän watanperwer ýazyjynyň ogullyk söýgüsini okyjy öz söýgüsi diýip kabyl edýär. Sebäbi çyn söýgi ýürekde söýgi oýarýar, gowulyk gowulyk döredýär. Kalby päk okyjy bolsa elmydama erbetlige däl-de, gowulyga öýkünegen bolýar. Şonuň üçinemhäzirki zaman türkmen kyssasynyň iň ýörgünli wekili bolan Kömek Kulyýewiň döredijiliginde öz doly beýanyny tapan watanperwerlik, il-günehormat, ene topraga söýgi halk ýüreginiň ýaňy bolup, bizi özüne çekýär. Edebiýatyň dünýä derejesindäki talaplaryny ödeýän hakyky çeper sözüň esasy borjy hem şondan ybarat. Kömek Kulyýewiň diňe özüne meňzeýän, agramly ýazyjy hökmünde okyjynyň söýgüsini gazanmagy çeken hem çekýän, abyrsyz hem hupbatly zähmetiniň minnetdarlygy bolup,oňa uiy abraý getirdi. Olkitap döredýän hemme ýazyja nesip hem edip durmaýanbagt ― halkyň eserlerini söýüp okaýan, döwürdeşleriniň minnetdarlygyna mynasyp bolýan ilhalar kyssaçysyna öwrüldi. Hakyky ýazyjy üçin bolsa şondan belent, şondan gymmatly serpaý ýok. Atajan TAGAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |