00:47 Zenan dünýäsi / hekaýa | |
• Awtor hakynda gysgaça Ýazyjy Ogulgerek Ussaýewanyň “Aý şöhlesi” atly goşgular ýygyndysy bilen ýakyndan tanyş okyjylar onuň “Uçurym”, “Intizar ýürekler”, “Mähribanym”, “Sülgüniň sargytlary” ýaly hekaýalar we powestler ýygyndylaryny, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen “Ýylyň başy” atly eserini uly gyzyklanma bilen garşyladylar. Awtoryň “Süýjülik suwy” atly ýygyndysyna onuň soňky döwürde ýazan hekaýalary girizildi. Awtor hekaýalarynda ynsanyň iň näzik duýgusy barada söz açyp, onuň mukaddeslik derejesine çenli göterilmeginde ykballaryň sazlaşygynyň möhümdigi barada söhbet açýar. Ýygynda girizilen hekaýalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýän gyzyl ýüplük--durmuşa, dünýä, bu barlyga söýgüde jemlenýär. Awtor öz okyjylaryna “Süýjülik suwuny” hödürläp, olara süýji durmuşda, süýji günlerde ýaşap, agyzlarynyň mydama süýjäp durmagyny arzuwlaýar. ▶ ZENAN DÜNÝÄSI Ol işden çykyp ýene-de pyýadalap ugrady. Ýazyň hoştap howasyndan nebsewürlik bilen sorup, töweregini ilkinji gezek görýän ýaly içgin-içgin synlady. Bägülleriň dolup oturan gunçalary, olaryň üstünde ganat kakýan kebelekler, çüwdürimleriň enaýy şybyrdysy onuň köňlüne aram beren ýaly boldy. Edil şol pursat onuň aňynda hälki waka janlandy. Ol bir pursat ähli zady unudyp, şol waka dolandy. “Eýsem men näme etmeli? Ýeri, Şirgeldiň bu näme etdigi bolýarka? Maňa duýdurman, iş saparynda mahaly daýysyna pul iber diýmesi nämekä? Gerek bolsa özüm iberjeg-ä men. Şol ýerde onça pul nämesine gerek bolduka?” Ol bu zatlary beýnisinde aýladygyça, egninden basylýan ýaly boldy. Durmuşyň, dünýäň gyzygy gaçan ýaly duýuldy. Birdenem ol ukudan oýanan ýaly bolup tisgindi. Töweregindäki gözellige guwanyp, özüne basalyk berdi: “Bu zatlar hakda soň, ertir pikir ederin. Häzir baharyň hoşnut ysyndan, gözelliginden ganaýyn.” Ol şu hyýaly kellesinde aýlady-da ýeňillik bilen serhowzuň gyrasyna bardy. Çüýşe ýaly göm-gök suwda ýüzüp ýören ýaşylbaşlaryň enaýyja oýunlary onuň bar gaýgy-aladasyny asmana uçuran ýaly boldy. Ol şol gözelligi synlap näçe duranyny hem unutdy. Esli salymdan soň, gapdalynda kimdir biriniň pyşyrdysyny eşitdi. – Siz maňa bir zat diýýäňizmi? Ýaşy birçene baran zenan onuň ýüzüne çiňňerildi-de: – Hawa, men size diýýän. – Näme, bir zat boldumy? – Ýok, meniň bilen-ä hiç zat bolanok. Ýöne siziň ýagdaýyňyzy görüp, duşuňyzdan biparh geçip bilmän, bimaza edäýdim-dä! Şol mahal Maýsanyň aňynda ýene-de Şirgeldi janlandy. “Ol baran ýerinde bolgusyzlyga düşüp ýören-ä däldir-dä hernä! Bir zadyň üstünden baraýdymyka?” Maýsa özüni ele aljak bolup, näçe çytraşsa-da bolmady. Agyr oýlar onuň iki egninden basmarlap alyp barýardy. Nätanyş aýal mylaýym gep urdy: – Siz beýdip howsala düşübermäň. Hemme zat gowy bolar. Garşysynda duran zenanyň bu sözleri Maýsany hasam öjükdirdi. “Belki, bu aýal Şirgeldiniň tanşydyr. Maňa töwella etmäge gelendir. Ýeri, şu çaka çenli söýlüp ýören adam birdenem şol duýgudan, şol lezzetden mahrum bolsa, ýüregiň ýarylmazmy näme? Şeýle halatda ýüregiň ne aglap, ne-de gülüp bilýändigini seniň özüňden başga duýýan barmy? Onsoň şol agyra çydaman, iňiläp dur bu ýürek. Ýok, gowusy men bu zatlar hakda şu wagt pikir etmäýin, ertir. Hawa, ertir oýlanaryn...” Maýsanyň serimsal bolup durşy nätanyş zenany hasam janykdyrdy: – Siz ýok zatlary oýuňyza getirmäň. Ýok, asla siziň pikir edişiňiz ýaly däl, men ... meň size birhili synym oturdy. Onsoň halyňy soraýyn diýdim. Halyň soralsa-da ýüregiň kuwwatlanan ýaly bolýar ahyry. Ana, şonda kimdigine garamazdan, birine içiňi dökesiň, derdiňi paýlaşasyň gelýär. Çünki kalbyň üçin tutan dostuň seni ynjydanda ne aýtjak zadyňy aýdyp bilýäň, ne-de diýjek zadyňy diýip. Onsoň başlan sözlemiňe nokat goýup bilmän başagaýsyň ... Maýsa mundan artyk çydap bilmän, nätanşyň sözüni böldi: – Hany, siz bir dem salym dursaňyzlaň. Meni nireden tanaýandygyňyzy, nä derde uçranymy nädip bilýäňiz? Aslynda siz kim? Nätanyş zenan Maýsanyň ýumşajyk ellerini eline aldy-da, içgin-içgin synlady. – Keýigim, men siziň kimdigiňizi bilemok. Men sizi tanamok, sizem meni. Ýöne ýaňy aýtdym-a serimsal bolup durşuňy görüp, halyňy soraýyn diýdim-dä. Adam pahyr, onda-da zenan maşgala göwnüne bir gussa gidende tebigat gözelligine ýa-da şirin mukamlara berilýär. Şolardan göwnüne teselli isleýär. Türkmeniň mukamlary göwün güzeriňi giňeldip, kalbyň çuňlugyna ajap nagmalary guýsa, tebigat öz-özüňe düşünmäge kömek edýär. Ine, senem haçandan bäri, şu ýaşylbaşlaryň oýnuna tomaşa edip, durmuşa düşünmek isläp, alasarmyk bolup dursuň... Maýsa ýene-de onuň sözüni böldi: – Haýsy bir gözelligi synlan adamyň göwnüni gubar baglaýandyr öýdýäňiz? Gözelligiň özi bir üýtgeşiklik bolup, çekip dur adamy özüne. – O diýeniň dogry. Gözellige dolmak bar. ony duýmak bar. Şol ajaýyplygy ýüregiň üstünden geçirmek bar. seň bolup durşuň görýän weli, şolaryň hiç birine-de gabat gelenok. Seň şu ýaşylbaşlary synlap, lezzet alýarmykam diýip, pikir edýäň. Ýöne seniň beýniňde, ýüregiňde gopýan harasat bu ýüzüp ýöne gözelligiň öňüni ötüripdir. Ana, meni şol alada goýdy. Maýsa nätanyş zenana naýynjar seretdi. – Eýsem men nemä etmeli? – Näme etmekden Alla gorasyn. Ýöne men alsaň, saňa bir maslahat bereýin. Bu dünýäde adama gerek zadyň barysy bar. Ýöne nemä üçindir adamlar biri-birini aldaýarlar, söýýärler, ýigrenýärler. Bu näme üçin beýle? Dünýäň bu soraglaryna jogap tapmak kyn. Ýöne ýüregiňden bir zada uýmazdan, özüňi halas etmek kyn. Şonuň üçinem biz gowulyga, ýaşgylyga uýmaly. Çünki kalbyňa şeýle pikirleri guýup ýaşamak – ömrüň lezzetini bilmekdir. Ine, siz şu mahal, hut şu pursat kalbyňyzda gopýan harasaty bir gyra goýuň-da, meni diňläň... – Siz bilgiçmi, palçymy? – Ýok, men bilgijem däl, palçy-da. Ýöne men näme üçindir adamlaryň gaýgysyny duýýan. Onsoň tanyş bolsun, nätanyş bolsun, şol adama öz kalbyma dolan zatlary aýdyp berýän. Ine, häzirem ýene şol endigime eýerip, seniň kelläňi agyrdyp durun. Dogrusy käbirleri meniň bolşumy geňem görýä weli, biriniň gussa batyp duranyny görsem, gapdalyndan biparh geçip bilemok-da... Maýsa nätanyş zenana morta ýüzlendi: – Eýsem, maňa näme bolýamyş? – Iň ýakyn adamyňdan göwnüň galypdyr. Indem şony ýüregiňe alyp, dünýä sygman dursuň. Bolgusyz pikirlere özüňi aldyrmajak bolýaňam weli, başaraňok. Ýene şol duýgulara dolananyňy duýman galýaň. Nätjek ýürek etden-dä. Sen bir zada düşün, gelin. Bu dünýäde bakylyk ýokdur, diňe wagt diýen ýetdirmez, tutdurmaz bir zat bardyr. Şoňa göz ýetirip ýaşamaly. Nätanyş zenanyň durşuna pelsepä ýugrulan sözlerine Maýsa özüçe düşündi. – Bagyşlaň, ýene men siziň sözüňizi bölýän weli, gatyrganmaweriň. Siziň adyňyz näme? Size kim diýip ýüzlenmeli? – Adym Annagül. – Annagül, dogrudanam men edil şuş-şu mahal pikir derýasyna gark bolup barýardym. Olam ýanýoldaşym sebäpli. Ýoldaşym birinden ýoňsuz pul karz alypdyr. Ony nämä sowanynam bilemok, haçan alanynam. Algydary soransoň, bilip galdym. Ana, şoň pikiri meni otdan alyp, suwa salýar. – Özünden soraýmaly ekeniň-dä, beýdip köseneniňden. – Wah, özi bolsa sorajak-la weli, ýok-da. Iş bilen sapara gitdi. Gelýänçä-de ýüregim ýarylyp barýa. Ýöne, aslynda-da, men işden çykanymda öýe pyýadalap gaýtmany, şäherimiziň gözelligini synlamany halaýan. Hasam şular ýaly ýaz günleri kalbyňa joşgun berýä bu howa. Men gaýgy-gama özüni aldyrýanlardanam däl. Bar aladam öz dünýämi goramak, irden turanymdan maşgalama guwanmak, olary söýgülemek – ine, meniň dünýäm... El telefonynyň jyňňyrdysy Maýsanyň sözüni böldi. – Şirgeldi senmi? Nirede sen? Haçan gelýäň. Ertir. Nä wagt. Dursana, Gülüm, läläm diýmede meni diňle. Gurban daýyň gelip, alan puluňy tap diýip dur. Sen menden bidin ondan haçan pul aldyň? Nämäňe gerek boldy o saňa? Hä... ertir bilersiň diýýäňmi? Nämäni bilmeli? Ýene nähili hokga çykarýaň? Bor, bor. Oň ýaly bolsa ýagşy-la, meň göwnüme her zatlar geldi. Eşdelim bäri ýylan-içýan çakdy. “Saňa sowgat aldym diýdim weli gowşadyň” diýýäňmi? Oň üçin däl. Men seni alada etdim. Bor, sag-aman gel. Maýsanyň ýüzi açyldy. Ol edil şuş-şu pursat dünýäň gözelligine akyl ýetiren ýaly boldy. Soňam Annagül bilen hoşlaşyp, gidibermekçi boldy. Annagül Maýsany ýene bir gezek başdan aýak gözden geçirdi. Heniz durmuşyň şarpygyny dadyp görmedik gelniň sähelçe zada gyssa batmasyny özüçe ýordy. – Adym Maýsa diýdiňmi? Adyňam, göwnüňem özüň ýaly näzik eken. Ýöne hiç haçan hiç bir agraslygy köňül köşgüňe aralaşdyrma. Agraslyk, ünji-alada adamy garradýandyr. Sen olara özüňi aldyrman, dünýäden köprak aljak bolmaly, oňa derek, öz pähimiňi, mähriňi dünýä bermäni başarmaly. Şonda bagtam, wagtam özüňki bolar. Maýsa söhbetdeşine hoşallyk bildirmek üçin oňa tarap öwrülende, Annagül eýýäm arany esli açypdy... Maýsa ýolboýy Annagülüň aýdanlaryny birin-birin aň elegine eledi. “Eýsem sähel howsala özüňi aldyryp, köňle ýok harasady salmak durmuşdan närazy bolmakmyka? Belki, bu özüňi durmuş terezisinde barlap görmekdir? Belki-de, ynsan duýgularynyň näzikligi onuň kalbynyň töründen gaýdyp, ykbalyň gurýan täsin oýunlaryny saldarlap görýändir? Kim bilýär? Ýöne zenan kalby düşünmesi kyn tapmaça ýaly şirinlikleri özünde jemläp, tolgunyp dur. Säher zada begenip, dünýäň depesine çykyş bilýän zenan kalby azajyk päsgelçilikden tebil tapyp, boz jeren ýaly ümdüzine tutdyrýar. Onsoň onuň yzyny eýerjek gümanyňam bolmaz, oňa düşünip biljegiňem. Onsoň şo-ol öz-özüňi alasarmak duýgulara aldyryp, meň ýaly kösenip ýörmeli bolarsyň. Şol görgülere sataşmaz ýaly, diňe öz kalbyňa düşünmek, onuň dünýäsine dolmak gerek... Maýsa bu zatlar hakda artyk pikirlenmegi ertire galdyryp, Şirgeldiniň özüne näme sowgat alandygy baradaky şirin duýgulara özüni berdi... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |