00:11 Zenan kalbynyñ ýylysy / hekaýa | |
ZENAN KALBYNYŇ ÝYLYSY
Hekaýalar
Häzir ikimiz ajaýyp seýilgähde bileje oturyp, şäher gözelligini höwes bilen synlaýarys. Bu ýerde gezim edýän ýaşlaryň köpdügine garamazdan, göwnüme, diňe bü seýilgähde däl, tutuş şäherde hem diňe ikimiz ýaly bolup dur. Sen hem men. Aramyzda hem ikimizi birleşdirýän Söýgi dur. Ol ikimize-de deň, ikimizem onsuz ýaşap bilmeris. Ýöne biziň oňa garaýşymyz deňmikä? Men Söýgi üşin, onda-da saňa söýgim üşin ähli zatdan geşmäge razy. Men muny zenan maşgalanyň Söýgini apalaýşy diýip hasaplaýaryn. Sen muňa düşünmersiň. Sebäbi zenan kalby bilen erkek adamynyň ýüreginiň tapawudy meniň bilişimçe, esli barmyka diýýän. Men ony erkek adamlaryň Söýgä, maşgala garaýşyna belet bolanymdan soň, dile getirýän. “Sen o zatlary bilerden heniz ýaş” diýýärmiň. Barybir men erkek adamlaryň ähli zady sowukganlylyk , sabyr-takatlylyk bilen kabul edýändigini, sähel bir ýütgeşik ýylpyldy görselerem şoňa ymtylýandyklaryny bilenimden soň aýdýaryn. Belki, bu bir tarapdan gowudyr. Söýgi heseri başa uranda ýa-da hijran heläklände howul-hara edilen hereketiň, gelnen netijäniň bolgusyzlygyň üstünden eltmegi ahmal. Oňa derek gyýylman, gyssanman gelnen netije has amatly. Zenen maşgalanyň kalby söýgi bilen dem alanda ol tutuş dünýäni gözellik saýyp, başardygyndan şol ajaýyplykdan köpräk paý almaga çalyşýar. Söýgiň süýji dadyny on iki süňňi bilen duýup bilýän zenanlar bagtyň çürdepesine çykýar. Olaryň kalby iň bir ýönekeje zady-da uly şatlyk bilen kabul edip, onuň lezzeti bilen tutuş bedeni gandyrýar. Şol halat zenan öz şatlygyny ile ýaýmaga, dünýäni ýagşylyga gaplamaga taýýar. Sebäbi zenan maşgalanyň kalby diňe Söýgi dünýäsinden dem alanda, onda nähilidir birhili ýakymly duýgular döreýär. Göwnüme bolmasa, şonda onuň gözleri has röwşenlenýär. Onsoň ol tutuş durky bilen mähre öwrülýär-de edil şu çak ikimiz ýaly gül-gül açylyp, dünýä dolýar. Men häzir şu ajaýyp ýerde seň bilen ikiçak oturyşyma Söýgüden başga hiş zady göremogam, duýamogam. Sen duýdansyz ýerde meniň ünsümi böldüň. - Seretsene, o gyzyň owadanlygyny. Uz basyp, seýkin ýöreýşini. Edil bir guba gazyň bar-da. Men salgy beren tarapyňa seretdim. Edil gapdaljygymyzda duran gyz dogrudanam owadandy. Ol özüniň synlanýandygyny bildimi, nämemi bize uýaljyrap seretdi. Şonda men onuň gözlerinde hakyky söýginiň uşgunlaryny gördüm. Belki, seň ony aňşyrmadyk bolmagyň hem ahmal. Ýöne bu dünýä, durmuşa aşyk gyzyň kalbynyň şu şak yşk heseri bilen joşýandygy görnüp durdy. Oňa şenli gyzyň ýanyna bir ýigit geldi. Indi olar üç boldular. Gyz, ýigit hem Söýgi. Üçüsi goşulyşyp, giden bir ajaýyplygy döretdiler. Men seniň ýüregiňdäkini bilmek üçin başga hörpden gopdum. - Gyzyň owadanlygyna söz ýok. Ol bir Hudaýyň gudraty bilen döräýen maşgala ýaly. “Işen suwy bokurdagynda görünip dur” diýenleri şu gyz bolaýmasa...Merdan, sen hakyky gözelligi-hä görüp bilýän ekeniň. Meniň kinaýama üns bermän oturanam bolsaň, ol gyz hakda göwün ýürüdýändigiňi gizläp bilmediň. Onsoň seniň ol gyza hyrydar nazaryňdan aramyzdaky Söýgi tebil tapan ýaly boldy. Bu nämäniň alamatyka? Söýgi şeýle ynjykmyka? Sähel zatdan tebil tapyp, yrgyldap dursa, ondanam bir Söýgi bolarmy? Meni alasarmyk ünji gaplady. Ýeri, indi men näme etmeli? Küşt oýnundaky ýaly garşylyklaýyn göşüm etmelimi ýa-da Söýgüniň hatyrasyna seniň bujagaz sözleriňe üns bermelem dälmikäm? Her zat meniň bilesigeljiligim üstün çykdy. - Merdan, seň ol gyzyň owadanlygyna gözüň gitdi welin, onuň gapdaalyndaky ýigidem-ä hiç neneň däl ekeni. Onuň görk görmegi o gyza gaýra dur diýýä. Onsaňam ol gyzyň çakdanaşa owadanlygynyň sebäbi onuň kalbyndaky Söýgi bolsa gerek. Sen onuň gözlerindäki mähri gördüňmi? Şol nazardan ýigidiň ýüregine tarap syçraýan uçgunlary synladyňmy? Ana, gözelligiň gözbaşy nirede? Sen bolsa diňe daşky ýylpyldyny görýäň... Seniň reňkiň üýtgäp gitdi. Eý Allam, meniň kiçi dilden bärde aýdanlarymy çyndyr öýdüp, zähräň ýarylaýady öýdýän. Gözüň agyny köpeldip, zordan geplediň. - Jeren, seniň diýýän zadyň näme? Ýanyňda men otyrkam ýaş ýigide göz dikmäň namaniň alamaty? Men degişmä saldym. - Men söýgüli gelniň bolup gapdaljygyňda otyrkam, sen ol gyza seredeňde, maňa ýigide seretmek bolanokmy? Sen öz dünýäňe görä jogap gaýtardyň. - Men erkek kişi, sen aýal maşgala Menem özümiňkini gögertmek isledim. - Söýgi ikimizde-de deňdir ahyry. Ol erkek adamda az bolup, aýal maşgala onuň ýetmezini doldurmaly däldir-ä. - Men ony diýjek bolamok. Oglanlar heniz öýlenmänkäler owadan gyz görseler, özüniňki saýasy gelip durýar. Şonda dünýäň gözelligi özüňki ýaly bolýan eken. - Men seň ýanyňda otyryn. Öýleneniňe-de bir ýyl bolup barýar. - Seňem göwnüňe alýan zadyňy, seň ýeriňi tutjak barmy? Ýöne “göz—derýa” diýipdirler gözelligi gözleýä-dä. - Onnoň näme? - Nämesi şol. O gyza seredenim, oňa daşyndan guwananym bilen hiz zat üýtgänok. Arkaýyn bol, bu dünýäde sen hem men hem-de biziň Söýgümiz. - Howa, sen hem men, hemem Söýgümiz. Şol Söýgüniň hatyrasyny erkegem, aýalam deň saklamaly. Dogrymy aýtsam, men ol ýigit barada bilgeşleýin söz açdym. Onuň görk – görmegi meniň gözüme-de ilenok. Aslynda, sen bilip goý, zanan maşgala birine göwün berse, oňa ýüregi, bagry, tutuş süňňi bilen berilýär. Erkek adamlar ýaly, görene höwes edip, oňa ymsynyp ýörenok. Meniň özüni barlamakçy bolmandygymy duýan Merdan birneme ynjaldy. Onuň ýazykly nazaryndaky ötünç duýgusy göni gelip, meň kalbyma ornady. Şu pursat biz ýene-de üç bolduk. Merdan hem men, ikimiziň aramyzda-da Söýgi. Indi Söýgi birneme gurplanan hem ekabyrlanan ýalydy. Ol bizi şol dem öz mährine çolap aldy. Men häzir Merdany Söýgi terezesinde çekip gören ýalydym. Onuň ýap-ýaňy hem yraň atyp duran Söýgüsi terezä münensoň, öz agramyny aldy. Indi biz ikimiziň aramyzdaky Söýgüniň tebil tapmazlygy üçin çalyşmalydyk. Bu diňe bir meniň islegim ýa-da Merdanyň küýsegi däldi. Ol iki ynsanyň arasynda şinelän ajaýyp bir dünýäniň-Söýgüniň talabydy. Meniň zanan kalbymyň tä ömrüň ahyryna çenli şol talaba hötde geljekdigine, Söýgüni hatyralap ýaşajakdygyna ynamym uly. Ýöne Merdanyň erkek adama mahsus dünýäsinde şol Söýgüniň yraň atjakdygy, atmajakdygy belli däl. Belki, munuň üçinem ýene-de zenan kalbynyň, zenan dünýäsiniň Söýgä sarpasy, oňa ynanjy zerurdyr. Eger şeýle bolsa, onda maşgala garamatynyň erkek adamynyň egninde däl-de, aýal maşgalanyň gursagynda tirpildeýän näzik ýüreginiň yhlasyndandygyny olaryň boýun almagy gerek... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |