00:38

Agageldi Allanazarowyñ "Kalbyma hem alysa syýahat" kitabyny okap...

AGAGELDI ALLANAZAROWYÑ "KALBYMA HEM ALYSA SYÝAHAT" KITABYNY OKAP...

Agageldi, sen bu goşga mätäç däl,
Goşgym mätäç, özi ýanyña bardy.
Ol neneñ barmasyn,
Deñ-duşlardaky
Ýok zatlaryñ
Sende bardygyny gördi.

Aýlanýarkak gazygymyzyñ daşynda,
Bolup ýörkäñ bähbitjikleriñ "guly".
Türkmen taryhynyñ tarp ýerlerini,
Görüp, özleşdirip ekýärsiñ güli.

Ýogsam, güzeranyñ ilden artyk däl,
Bilýän, ilden artyk alañok puly.
Şonda-sa türkmeniñ topragy üçin
Kitabyñda gurupsyñ sen heýkeli...

Mysalmy?
Gaýgysyz Atabaý üçin
Guwanjyñy görüp haýran galdym men.
(Beýikleri bilip, söýüp bilýäniñ
Beýik bolýandygny indi añdym men)

Biziñ taryh uklap ýatan bir deñiz,
Sen onuñ goýnunda müñzäp barýarsyñ!...
Gaýgysyzyñ gürrüñlerni berende,
Göýä özüñ şoña meñzäp barýarsyñ!

Menem öz ilini söýeniñ biri,
Söýgi setirini sazlapdym ençe.
Ýöne, Agageldi, boýun alýaryn,
Herkes söýüp bilmez türkmeni Sençe...

Gurbanýaz DAŞGYNOW.

# "Sowet Türkmenistany", 17.10.1990 ý.

Категория: Goşgular | Просмотров: 475 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Ослепительная снежность…» / Goşgular - 10.01.2023
Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023
Güýz gijesi. Noýabr / Goşgular - 30.01.2023
В горькую минуту / Goşgular - 07.02.2023
«Мне ни к чему одические рати…» / Goşgular - 21.01.2023
Gorky / Goşgular - 06.02.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
На серебряную свадьбу Е.П.Щукиной / Goşgular - 04.02.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 tankytçy  
Hakyky!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]