17:01 Alazanda | |
ALAZANDA
Tebigata düşmek meýli bar mende, - Aňýan aýralyk ar eken her nalasynda Güýz ýeliniň ýolup zyňan ýapragnyň. Şarlanda, dymanda ornap ganyma. Düşünýärin eziz alazanyma Hem bugjaryp dem alşyna topragmyň. Tebigatyň dili örän dürs eken; Söhbet gursa üzümçilik al ekin Olar galkyndyrýar, meýmirederem. Çirim etmän gürleşerin belki men Seniň bilen alazany tolkuny, Guşlaň uçuşyndan aňyp hederin. Eý, daglar, onsoňam size düöünýän, Täze garda ýatan yza düöünýän. Güllere düşünýän gaty ynamly, Düşünýärin gamyşlaryň sazyna, Gaýadaky buzlaň ahu-zaryna, Tebigat syryny maňa ynandy. Oň sözleri ölmez-ýitmez gözeldi, Sözler ýeriň gatlaklarna ýazylgy. Köp asyrlar agdarsak-da biz ýene, Oň sözlügin örän ökde bilsegem: Geçirip bilmeris, biler bolsaňyz, Tebigatyň dilin ynsan diline. Irakliý ABAŞIDZE, (Gruziýa). Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW. | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |