ARMAN HEM ŞÜKÜR
Agamyň bir dosty bardy. Olar bile bal ary saklardylar. Bir ýylam kesel degdi-de, agamyňam, dostunyňam arylary gyryldy. Sähelçe ýyldan soň agamyň dostunyň özem dünýeden ötdi. Ondan bäri esli ýyl geçdi. Bu zatlaryň bary ýadymdan çykaňkyrlapdy, ýöne düýn agamyň dostunyň ogly täze maşyn alnypdyr-da şony gutlamaga gitdik. Şol ýerde-de agam dosty bilen baglanşykly bir wakany gürrüň berdi. Bir gün ol agamyň ýanyna gelip: "Dost, arylarymyzam-a gyryldy, indi çagalary nädip ekläris?!" diýipdir. Soň agam ýüzüni ýerden galdyrman: "Diňe arylary däl, onuň özem ýogaldy gitdi, emma çagalary, şükür, gazançly, zada zar bolman ýaşap ýörler" diýdi.
Bu wakany eşdip gussa batdym. Ol adam durmuşynyň manysyny çagalaryny hor etmezlikde görüpdir. Munuň üçin ol gör, näçe kynçylyklara döz gelendir, näçe kelelagyrylary başdan geçirendir. Hernä, ol adam halal ýaşady, halal gazanjynam çagalaryna iýdirdi. Bu teselli berse-de, onuň durmuşyň manysydyr öýden zadynyň puç bolup çykmagy gynandyrýardy. Ömür lotoreýa biledi däl ahyryn, utsam-a bagtymyň getirdigi, utulsamam hiç, belki, indiki gezek utaryn diýip geçiberer ýaly. Sen bir zada ömrüňi bagş etseň, ol bolsa seni aldasa, hatda sen aldananyňam bilmeseň. Meniň göwnüme o pahyr ýogaljak bolup ýatyrka-da "Indi çagalarymy kim eklär?" diýip pikir eden ýaly boldy. Bu agyr sowalyň jogabyny tapyp bilmänem demi sogrulan bolsa...
Bu ýene ýagşy. Ýadyma düşýär: bir gurply ýaşuly ogullaryndan nalap "Men-ä bular üçin nä günler görüp ýörün, ine, bularyňam edýäni-dä" diýende gözüne ýaş aýlananyny duýman galypdy. Ol dirikä aldananyny bilipdi. Üstesine-de ol ýaşuly haram-halal dannaman mal-mülk ýygnanlardandy. Agamyň dostunyň çagalary atalarynyň abraýyny saklap, ojagyny öçürmän ýaşaşyp ýörler, ýaşulynyňky welin, has agyrdy - çagalary ony dirikä ile çykmaz ýaly edipdi. Onuň ýüregindäki armany göz öňüne getireniňde göz ýaşarmak däl, ýüregiň aglaýanyny duýup bolýardy.
Owal arman, ahyr arman...
Ýadyma ýene bir gürrüň düşýär. Uly bazaryň gyrasyndan gussaly barýan kişiniň gözi elinde maşynyň açarjygyny oýnap, sykylyk atyp, şatlanyp duran adama düşýär. Saklanyp bilmeýär. Barýar-da: "Sen nämä şatlanýarsyň? Ne beýle keýpiň kök?" diýip soraýar. Şadyýan adamyň žogaby garaşanyndan sada bolup bolup çykýar: "Men şatlanman kim şatlansyn?! Meň şeýle bir gowy başlygym bar. Maşynyny özümki ýaly ulanýan. Günüň dowamynda-da sähelçe ýumuş buýurýar. Ony edemsoň men boş. Üstesine-de ep-eslije aýlygam berýär."
Bu jogaby eşden gussaly adam:
"Bu adam oňa bu gün iş berip, aýlyk berip, begendirip, bir günem maşynyny elinden alyp, aýlygam bermän biljek başlygynyň sähel salymlyk beren eşretli gününe begenip, oňa gulluk edýänine şatlanyp, tans edýär. Men welin, el-aýak, akyl, ýüregime iman, dirilik, dünýäniň näzi-nygmatlaryny beren, hiç wagt meni aldamajak, armanda goýmajak Allanyň gullugyny etsemem ýene gussa batýaryn. Men Allanyň gullugynda ahyryn. Ol menem, çagalarymam hor-zar etmez. Esasy zat Onuň aýdanlaryny berjaý edeýin. Kynçylyklar bolsa dünýäň bezegi. Alla barýan ýolam basgançak-basgançak. Basgançakdan ýokary galmak hemişe-de kyn. Miweli agaja daş atylýar. Kynçylyklaryň her biri seni Alla ýakynlaşdyrýar ahyryn. Sen diňe şükür et. Ýüregiň bilen şatlan-da şükür et!" diýip oýlanypdyr.
Hydyr AMANGELDI.
# ekizler2.com