■ "Dilegim çagalaň bezesin daşyň"
Özge elde unutsaňam sen meni
kalbymda men seni baky saklaryn
Söýmerin ýürekden özge gyzlary
Söz beren söýgimi kalpda haklaryn
Sensiz galmak, oýumada gelmändi,
Ýöne, nägile-de däl men söýgiňden
Asla senden, göwin edip durmaryn
Soňky sözi eşitsemem diliňden
Aý howwa-da, başga alajym näme
Bilmesemem baky çykaryp ýatdan
Ýetmesemde,eden arzuwlaryma
Bagtly bolmagyňy dilärin Hakdan
Bagtlylardan artyk bolsun bagtyň hem
Görmeli etmesin gözleriň ýaşyn
Kaýyl, bu derdi bir özüm çekmäge
Dilegim Çagalaň bezesin daşyň
Özge elde unutsaňam sen meni
kalbymda men seni baky saklaryn
Söýmerin ýürekden özge gyzlary
Söz beren söýgimi kalpda haklaryn.
■ "Nirdekä?"
Menem söýsem bir gözeli ezizläp
Maňa göwün berjek söýgim nirdekä?
Nirelerden tapyp bilerkäm yzlap
Maňa göwün berjek söýgim nirdekä?
Ýürek bilen söýse mydama meni
Menem ömür baky söýerdim ony
Şol gyza bolmazdy söýgimiň çeni
Hyýalymdaky perizat nirdekä?
Jogap bolup geljek meniň soragma
Haçan gowşaryn men, göwün geregme
Gelse derman bolup, hassa ýüregme
Gözleýänim, bagt guşum nirdekä?
Annagurban Annagurbanow.