13:40 Dilbilmezlik şerti / esse | |
DILBILMEZLIK ŞERTI
Bir zada akyl ýetirseň, düşünseň, düşünmeýäniň ýüzüne geň galyp bakýansyň. Düşündirjek bolarsyň, düşünse begenersiň, düşünmese... ýene düşündirmäge çalşarsyň, şonda-da garşyňdakyň akyly kabul etmese, eliňi salgap geçip gitseň ne ýagşy, gaharyň geler, janyň ýanar. Ahyry köşeşersiň, hem oýlanarsyň - "Bu näme üçin beýlekä? Şeýle bir düşnükli, özi üçinem peýdaly zada ol adam näme üçin düşünmeýärkä? Atam pahyr diýer eken "Dilbilmeze gep düşündiržek bolanyňdan arkaň bilen dagyň daşyny daşan ýeňildir" diýip. Hudaýa şükür diýesim gelýär, men şeýle bir zada akyl ýetirenlerden däl, "dilbilmeze" gep düşündirmek derdimem ýok. Şonda-da ýaşap ýörseň, kimdir birine bir zatlar düşündirmelem bolaýýar. Garşyňdaky adamam edil özüň ýaly, iki aýagy, iki eli, gulagy-gözi, akyly-huşy ýerinde, ýaşam aga-gara düşünjek ýaşa etipdir. Onda näme üçin saňa düşünmeýär? Düşünmegem islemeýär, kä halatda-da seniň aňry ýanyň bilen düşünýändirin öýdýär. Sen onsoň näçe jibriniber, agla, ýalbar peýdasy ýok. "Bagt - saňa düşünseler" diýen kişiniň derdi nähili agyr bolmaly. "Dilbilmezler" hakynda bir zatlar ýazjak bolýan welin, özümiňem şolaryň biridigimi bilýän. Mysal üçin, maňa "Köprüden geçýänçäň aýa daýy diý" diýseler, hiç düşünip bilemok. Ýöne, Hudaýa şükür, köprüden geçmeli bolamok, geçäýsemem aýa duşamok. Duşaýsa durbermeli. Belki, aýy gider-dä diýip garaşaýmasam ýa-da yzyma dolanaýmasam şol köprüden maňa geçmek ýok. Ýöne, oýlanyp gördüňizmi, mümkin, adamlaryň köpüsinde haýsydyr bir meselä gezek gelende "dilbilmezlik" bardyr? Gümansyratsamam, munuň şeýledigine ýaşadygymça has ynamym artýar. Biziň her birimiz haýsydyr bir zada asla düşünip bilmezlik ejirini çekýäris. "Allaň bardygyna ynanyp bilemok" diýene-de, "ynanamok" diýene-de, asla ynanmak islemeýäne-de duş geldim. Elbetde, ynam meselesinde zorluk ýok. Ýöne "Enäniň garnyndaky çaga jan nädip gelýär? Ene öz janyny paýlaşanok, daşyndanam jan berilýän ýer ýok. Ýa-da "akyl" diýilýän bir kg. Töweregi ýülük nädip pikir edýär, o ýülüge akyl nireden gelýär? Ol "akyl" diýilýän zadyň özi nähili zat?" diýip sorasaň "bilemok" diýýär, Alla hakynda-da oýlanyp bilmeýär. Akyldan aňyrdaky "yşk" näme? Jelaletdin "Akyl yşgy düşündirjek bolanda eşegiň batga batyp galyşy ýaly galdy. Ýene yşgam, aşyklygam yşgyň özi düşündirdi diýýär. Akylyň diline düşünmedik, yşgyň diline nädip düşünsin?! Magtymguly: "Her närsäni bir köý bilen ýakar sen, Deräni Gün bilen dagy gar bilen" diýende, göwnüme bolmasa "dilbilmezlige" yşarat eden ýaly. Ýogsa, beýdip ýanyp ýörmeli däl ahyryn, aýa daýy diýmeli, Alla-da Alla diýip sazlaşykda ýaşabermeli ahyryn. Ýok, biri "daýy" diýjek däl, beýlekisi Alla. Ýene-de Hudaýa şükür edeliň, eger, meniň isleýşim ýaly bolsa, sazlaşyk däl, bulam-bujarlyk, garym-gatymlyk bolardy. Şahyr diýmişleýin: "Ýolsaň guşuň ganatyn, Uçýan bilen uçmaýan Bolarlar garym-gatym." Belki, şondandyr, her birimiziň haýsydyr bir meselede "dilbilmezlik" derdini çekýänimiz. Ýöne "dilbilmeze" gep düşündirjek bolup, arkaň bilen dagyň daşyny daşandanam agyr işiň derdini çekýänlere gynanýan. Gynanýan, alajynam tapamok. Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |