08:47

Henekler

Категория: Degişmeler | Просмотров: 526 | Добавил: Gurgencli | Теги: Saparmyrat Gürgençli | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Gaýynene barada henekler:

Talaňçy bank talamak bilen başagaý bolup durka, onuň ýüzündäki nikaby gaçýar. Ol bankyň işgäriniň ýanyna barýar-da, ondan azmly soraýar:
-Sen meniň ýüzümi gördüňmi?
-Hawa.
Gümp...
Talaňçy elindäki tüpeňiň mäşesini gysýar. Soňam ýerde ýatan jesede, gözüniň gyýtagynam aýlaman, ýerde ýatan beýleki zamunlardan hemleli soraýar:
-Ýene kim meniň ýüzümi gördi?
Şol pille, ýerde ýatanlaryň iň yzdaky hataryndaky erkek kişi ysgynsyzja ses bilen umytly seslenýär:
-Meniň gaýynenem...Ýöne, ol bu wagt öýde...
wacko

0
2 Bagabat  
43
Erkek kişileriň biri dostunyň ýanynda zeýrenýär:
-Gaýynenem meniň öýümde bir hepde bäri myhmançylykda ýaşap ýör...
Dosty oňa göwünlik berýär:
-Gaýrat et, gardaşym! Bu geldi-geçer dünýäde hemişelik zat ýokdur. Bu betbagtlygam hemişe seniň başyňy alyp ýatmaz...
-Wah, oňa düşünýän-le! Ýöne iň erbet ýeri onuň gyzy bilen men bir ýyl mundan ozal aýrylyşdym...Ýöne, muny oňa hiç düşündirip bolmaýar...
wacko

0
3 Bagabat  
43
Erkek kişileriň biri dostunyň ýanynda öwünýär:
-Düýn men tokaýdan gaýyneneme sowgatlyk üç bedre kömelek çöpläp, öýüne eltip gaýtdym.
-Wah dost, edil beýdip howlukmaly däl ekeniň. Birdenkä atdanlykda ol kömelekler awuly bolup çykaýsa nätjek?
-O nähili “birdenkä atdanlykda”?!-diýip, kömelekçi dost geňirgenýär:-Men ýörite saýlap çöpledim ahyry...
wacko

0
4 Bagabat  
43
Aýalyna jany ýanan erkek kişileriň biri gaýynenesine sms ýollaýar:
“Gadyrly gaýynenem!
Gaýrat ediňde maňa öz çagalarymy nähili terbiýelemelidigimi öwretmäň! Sebäbi bu ugurdan siziň tejribe alşarlyk ýagdaýyňyzyň ýokdugyny men öz şahsy tejribämde şu günki güne çenli iş ýüzünde barlagdan geçirip ýörün...”. wacko

0
5 Bagabat  
43
Gyzy ejesine sms ýollaýar:
“Eje! Ärim meni öýkeletdi. Men atam öýüme ugradym...”.
Ejesi gyzyna jogap ýazýar:
“Gyzym! Bu ýalançyda hemme erbet zatlar jezasyny çekmelidir. Bize gelme. Men size barýaryn...”.
wacko

0
6 Bagabat  
43
Uzak gije şerap içip, lül-gammar bolan erkek kişi, ir bilen kellesi sämäp oýanýar-da, oýanan dessine-de gargynmaga başlaýar:
-Bäh-h! Bi meniň gaýynenemiň nejisdigini-aý!
Äriniň sözlerini eşiden aşhanada gydyrdanyp ýören aýaly, ejesine gargynylýanyna içi ýansa-da, ony biraz ýumşatmak üçin özüne zor salyp, şelaýyn geplemäge çalyşýar:
-Ezizim! Daň bilen gargynyp başlar ýaly, meniň ejem görgüli saňa näme etdi?!
-Näme eder öýdýäň-aý?! Şunça ýyl ýaşaşanymdan soňam bary-ýogy iki-üç çüýşelik gijeden soň aýalymyň ady ýadyma düşmez ýaly, ol heleý öz gyzyna haýsy ady dakdyka ahyry?! Hä?!
wacko

0
7 Bagabat  
43
Kazyýet mejlisinde kazy şaýady sorag edýär:
-Diýmek onda, siz öz gaýyneneňizi kazyýetde işi seljerilýäniň bogup durandygyny görüpsiňiz-dä?!
-Hawa.
-Onda näme üçin oňa kömege barmadyňyz?
-Wah, hormatly kazy, men kömege barmak isledim, ýöne, geň galaýmaly zat, kazyýetde işi seljerilýäniň ýeke özüniňem ony eýgerýändigini göräýdim-dä...
wacko

0
8 Dunya  
502
Ekemiň bu gezekki henekleri Serdar akgamyň teswirleri bilen henek bolaýdy öýtýän... tongue biggrin

0
9 Gurgencli  
324
Şu gezekki heneklerimi özümem halaman otyrdym smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]