18:19

Geçmiş

GEÇMIŞ

Geçmiş näme?
Atalaryň mazary.
Geçmiş näme?
Ol uruşda ok degen
Kakamyň çep aýagynyň azary.

Geçmiş — bu ejemiň süýtdeş dogany,
Geçmiş — agyrysy okly synalaň.
Ojakdan göterlen çal tüssä meňzäp,
Ýaýla siňen hasratlary eneleň.

Geçmiş — bu daýymyň ýazan hatlary…
Hem ejemiň gözläp ýörşi mazaryn.
Geçmiş — bu kakamyň barmaklarynyň
Mekan edinmegi deňziň kenaryn.

Geçmiş — bu daýymdyr kakam ýalylaň
Baýdak kimin lowlap galan namysy.
Gözýaş bolup gözden syrygan ýyllar,
Kiçijik kagyzyň äkelen ýasy.

Bu zatlary duýup durkaň özüňem,
Menden: “Geçmiş näme?” diýip soraýaň.
A men bolsa, nämüçindir, kakamyň
Barmagy ýok ellerine garaýan.

Gözel ZARYPOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 387 | Добавил: Нawеran | Теги: Gözel Zarypowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Когда мы любим безотчётно…» / Goşgular - 10.02.2023
«Ты проходишь своей дорогою…» / Goşgular - 04.01.2023
Истина / Goşgular - 02.01.2023
Deprem / Goşgular - 13.02.2023
Başlyk hakynda ballada / Goşgular - 29.01.2023
«Над синевой просторной дали…» / Goşgular - 30.01.2023
Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023
«Не знаю, право, где я видел…» / Goşgular - 30.01.2023
Käbir göz ýetirenlerim / Goşgular - 01.01.2023
Duýgularym / Goşgular - 10.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]