12:22

Käteler...

KÄTELER...

Käteler şeýle bir sygamok dünýä,
Dünýä dört diwara gysyp barýan deý.
Käteler şeýle bir hopukýan, göýä
Depämden giň asman basyp barýan deý.

Käteler şeýle bir doňýar ýüregim,
Tutuş köňle dolup şatlama aýaz.
Käteler şeýle bir üşeýän, göýä
Gyş daşyma geçýär, elleri azal.

Ol şeýle bir mynçgalaýar ýüregmi,
A men ejizlemän ýylgyryp durun.
Käteler bir söze eräp ýüregim,
Boýny buruk çaga, ýygrylyp durun.

Käteler bar zada göz ýumup, undup,
Özümden şeýle bir gidesim gelýär.
Käteler unudyp kiçijikligim,
Bir ullakan işler edesim gelýär.

Kätelerim... şeýle köpelip barýa,
Köpeldigiçe-de artýar azarym.
Kätelerim, sizden rza bolaryn,
Ýerne düşen bolsa çeken azabym.

Gözel ZARYPOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 341 | Добавил: Türkana | Теги: Gözel Zarypowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Л.И.Офросимовой при посылке портрета / Goşgular - 08.02.2023
Сон пророческий / Goşgular - 19.01.2023
Aramyz açyldy... / Goşgular - 08.02.2023
К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023
Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023
Акростих / Goşgular - 21.01.2023
«За шторами – седого дня мерцанье…» / Goşgular - 09.01.2023
Бог / Goşgular - 31.01.2023
Ne bilsin / Goşgular - 13.02.2023

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Garaýolly  
27
Gozeliñ goshgy gahrymanynyñkukregine sygmayan koñul azary ony gysyp-gowrup baryar.

0
2 Garaýolly  
27
Uly dunyadaki kicijik kalp ummasyz ishleriñ berjay edilmeginiñ isleginde. Hawa, hayyr ishleriñ. Gahryman elewreyar, dunyaniñ dort burcy oña caksiz gorunse-de, icki howur ony aldym-berdime salyar. Cunki, amala ashyrmaly agirt ishleriñ ummasyzlygy liriki gahrymany bialac tykyradyar. Oylandyryar. Sebabi, ozunuñ kici, edilmeli hayyr ishleriñ ulylygy'heyjanasalyar.

0
3 Мylayym  
83
Gözel Zarypowa, dertdeş ekenik smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]