10:14 "Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny..." | |
"GÖR-LE, BU DÜNÝÄNIÑ ÖWSÜP DURŞUNY..."
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny, Gör-le, geň-enaýy oýun-kadasyn. ...Çagajykkam maňa dünýe diýeniň Gujagydy ejem bile kakamyň. Örän çyndy maňa ähli zat hemem Gözlerime bar zat oýunjak ýaly. Kiçijek zatlar-a dünýädi maňa, Dünýä bolsa juda owunjak ýaly. Soň mekdebe gitdik... Göýäki bar zat Kitapdy, galamdy, depderdi maňa. Olar «A» harpyndan asmana çenli Basgançak boldy-da, gop berdi maňa. Soň bir günem müň bir reňke çümdi-de, Duýman durkam, başga dona bürendi — Indi dünýä maňa durşuna söýgi, Jady-jady gözler bolup göründi... Şükürim kän bu ömürde görenme, Ykbalyň bu ýolda duş edenine. Ýöne... bir garasam, şo-ol giňiş dünýä Öwrülip gidipdir öý-ojagyma, Ýerleşip gidipdir iş otagyma... Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |