20:01

Güýz peýzažy

GÜÝZ PEÝZAŽY

Şeýle bir çuñ güýz gününiñ peýzažy,
Bu görnüşi diñe dana okýandyr.
Küteldipdir Günüñ tylla tyglaryn
Üçünji ongünlüginde oktýabr.

Baryp gözýetimiñ sütünne çenli
Sähra sary donun bürenip ýatyr.
Baglar ýere gaçýan ýapraklarynyñ
Yzyndan ses-üýnsüz seredip otyr.

Penjireden düşýän solgun yşyga
Yhlas bilen elleriñi çoýýarsyñ.
Bu gün köñüldäki şatlyk-gussany
Sen öñküden has çuñurak duýýarsyñ.

Sag bol, güýzüm, näzik duýgulañ üçin
Açdyñ ýürekdäki syrlary bize.
Ýazdyñ köñüllere belent aýdymy
Aglap geçen durnañ perleri bile.

...Tebigat toý tutdy baharda-ýazda,
Meýlisinde näz-nygmatyñ eçilip.
Indem sary ýapraklaryn manat deý
Otyr toýuñ hasabynsan geçirip...

• GÜÝZ

Başlandy çal dumanyñ
Gögüñ ýüzün tutmasy.
Geçdi bahar baýramy,
Geldi güýzüñ gussasy.

Çuñam bolsa tebigat,
Göwni aýna deý açyk.
Adamlañam hyjuwy,
Köşeşipdir azajyk.

Nämüçindir, bilmersiñ,
Geçeninde durnalar,
Seniñ ýadan paýhasyñ
Birazajyk durlanar.

Eliñ galama barar,
Sorar ýüregiñ sesi:
Ýaz baýramy gowumy
Ýa-da güýzüñ gussasy.

Geçen baýram gowumy,
Ýa gussasy şu günüñ?
Günüñ biraz öçüpdir
Şöhlesi yşygynyñ.

Ýapraklary syryp ýör
Güýzüñ güýçli şemaly,
Könelişen afişañ
Ýele sowrulşy ýaly.

Gurbannazar EZIZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 447 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

At galar / Goşgular - 11.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Azat_Nurgeldi  
283
Hawa, men ýene bir gezek, Biz islesek islemesek halypalarymyzy gaýtalamaly bolarys. Hatda adyny hem üýtgetmän alypdyryn. Hem begendirýän, hemde gynandyrýan fakt. Ýöne bir wagt okalan goşgylaryň täsirine düşüp ýazylýan goşgylar az däl bolsa gerek.

2
2 Мylayym  
83
Şahyr ýaşap ýörenliginde, bu wagta çenli tebigatyň gör, nijeme peýzažlarynyň waspyn ederdi. Ajaýyp şahyryň, bize miras galdyran, ajaýyp şygyrlarynyň gymmaty bir başga. Her haçan gaýtalap okasaň-da doýup bolanok.
Şahyryň ýatan ýeri ýagty bolsun!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]