22:38 Hyýal | |
HYÝAL
Ümsümlige duçar bolan gijeleň, Synlaýan syrlaryn paş edýän Aýy. Geçen günlerdäki ýyly pursatlar, Geljek günlerime badalga ýaly. Çyg çeken diwarlaň sowuk tenine, Arka berip arkalaşan çaglarym. Gözlerňe i:lerden uzakda galdy, Saýasynda gülüp oýnan baglarym. Gözlerni Zemine gyrpýan ýyldyzlaň, Astynda duşuşýar aşyk göwünler. Güneş bilen Aýyň pynhan söýgüsin, Synlap geçip barýar ençe ömürler. Alyslara ugran ýatlamalaryň, Kerwenine ýükläp ähli hyýaly. Geçen günlerdäki ýyly pursatlar, Geljek günlerime badalga ýaly. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |