19:35

“Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar...”

Категория: Goşgular | Просмотров: 455 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 10
0
1 mango  
651
Sapa kaka, baý boow, 2014-de durmuşdan şeýle “surnugan” bolsaň, 2021-de nädýäkäň?
Ýürekdenje, iki bölümli (diptih) kaka ýüzleniş.
Goşgy boluberse-de ejizlemegiň bolmyýan bolup dur.
—-
“Otda ýaly, ýol tapamok elenip” diýeňde bir näsazlyk bar. “özümi otda ýaly duýýan, nirä urunjagymy bilemok, ýolumy tapamok” manysynda diýenem bolsaň (doly diýip bilmedik ýaly)... düşündirip bilemok, ýöne “otda ýaly” sözi bulaşyklyk döredýär (pikirimçe).
—-
“Durmuş mekdebimiň mugallymy!” setiriňde-de bogun sanyňy sanaba duramok, ýöne “...mugallymy sen!” diýeňde-de boljak ýaly. Ýöne bu setirdäki “sen” aşaky setirdäki “men” bilen garpyşaýmagam mümkin...
—-
Üstünlikler.

0
2 Hyýalkeş  
752
Goşgy gaty gowy bolupdyr.Durmuşy temalarda da öz ussatlygyny görkezmegi ajap bolar.Goşgynyñ manysy çuñ.Şunuñ ýaly goşgulara garaşýas Sapa awtordan.
Käbir bişow ýerleri:
"Nazaryñ - huzuryñ "şu kapyýany halamadym.Birhili. kapyýa dälem ýaly.
"Gorky-belki" baglanyşygy ýok.
Elbetde goşguda many çuñlugynyñ hatyrasyna kapyýadan pida etmek bolar.Bir zady pida etmän başga zada ýetibem bolmaz.Ýöne agzan setirlerimde kapyýany pida etjek derejede many çuñlugy ýokmuka diýýän.(üns beriñ diñe agzan setirlerimde diýýän)
Galyberse de Mango daýa bellik:
"Durmuş mekdebimiñ mugallymy"diýende bärde ýokardaky "kaka"sözüni hem goşup okamaly.Sebäbi bu ýerde setir döwülmegi bolup geçipdir.Ýokarky setire iki bogundan aşaky setire dokuz bogundan düşüp on bir bogunlyk setir emele gelýär.Setir döwülmesine mysal:
"Edil düýn ýalydy.
Ýañy ýalydy.
Sagadyñ dillerin rehimsiz towlap.
Señ ýanyña duşuşyga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.

G.Ezizow.
(Ýalñyşmasam bir ýerde setir döwmegi türkmen edebiýatynda ilkinji ulanan G.Ezizow diýip hem okapdym öýdýän)

Sözümiñ soñunda Sapa awtora galamynyñ ýiti bolmagyny,döredijilik üstünliklerini arzuw edýän.(arada göwnüne de degäýdim öýdýän.Ýene bir gezek bagyşlamagyny soraýan)

0
6 mango  
651
Edebiýat dersiňe minnetdar. Düşündirseň düşünýändirin men. Aýdyp durawergin daýy.

0
3 mango  
651
Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.
—-
Gözýetimi nazarlaýaň ýygydan,
Belki, geljegmize bakýar nazaryň.
—-
Kim aýdypdyr kämil ynsan ýok diýip,
(Ýada düşdi: Kim aýdypdyr pany diýip barlyga?)
—-
durmuşyň ýowuz oýny”, “durmuş mekdebiniň mugallymy”, “durmuş hakynda ündew” - diwaryň kerpiçiniň раствор-y ýaly belki bu gaýtalanmalar gowudyr?

0
4 mango  
651
000

0
5 mango  
651
Sada adam bolmagymy ündeýäň,
Ýöne köp ýanýanam ýene sadalar.

0
7 Pegas  
98
Bellikler edenlere baky minnetdardyryn.

0
8 bbaygeldiyew  
770
Erbet dala

0
9 Gumlygelin  
8
Sapa üstünlik hemrañ bolsun!!!

0
10 myhman  
732
menem halanymy aýtman geçmäýin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]