16:42 Kakabaýyň Alabaýy | |
KAKABAÝYÑ ALABAÝY
Geçen ýylyñ tomsunda Balçyñ ogly Kakabaý, Kakasy bilen çölde Bolupdy dogry üç aý. Her gün ir bilen turup, Bir käse bal iýerdi, Kakasyna bildirmän Güjügne-de bererdi. Ala kopek Alabaý Baldan doýman bir gezek, Ysyrganyp barypdyr Aryñ öýüne tarap. Sakçy arylañ biri Oñ burnundan çakypdyr. It janawar wañkyryp Allowarra gaçypdyr. Ol näbilsin bardygyn Süýji zadyñ ajysyn Hem bardygyn her öýüñ Özi ýaly sakçysyn. Şonuñ üçin her ýere Burnuñ sokmak hökmanmy? Alabaýyn bolşundan Çykaraýyñ siz many. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |