17:22

Kerpiç / nowella

Arada bir gün, şu saýtyň agzalarynyň biri “ýolda ýatan kerpiç” barada-da gep owadanlap bir zatlar ýazyp boljakdygyny, ýöne beýle ýazylan zadyň nämä derkardygyna düşünmeýändigi hakyndaky ýaly manyda bir zatlary teswirleriniň birinde ýazypdy. Bilemok näme üçindigini, ýöne şol “ýolda ýatan kerpiç” hakynda jümle aňymda galypdyr. Bu günem şol kerpiç hakda ýazylan ýaly boldy. “Näme üçin ýazyldy? Näme manysy bar?” diýen ýaly sowallaryň berilmegi mümkin…“Bilýän bolsam, söwdagär bolardym” diýip jogap beräýmeseň…

Kerpiç
(nowella)

…Tozan basyp, ýoluň gyrasynda ýatyr…
…Usulsyz sürüjiniň bisereşgen hereketi zerarly, mas ýüklenip barýan ýük ulagy çarkandakda loňkuldanda, ondan zyňlyp gaçyp galanyna ýyllar ötse-de, onuň şol bir bolşy…
…Düşelen asfalty atam döwründe oýmur-oýmur bolup galan, abadyndan bibady agdyk bu ýoluň bolsa özüne ýetijek gatnawy-da bar, gyzygy-da…
…Mümkin, üç-dört köçeli kiçeňräk obanyň gapdalyndan geçişine iki sany uly ýoly biri-birine sepleşdirýändigi üçin şeýledir…
…“Hyrryň-hyrryň” edip, daş sypaty dabarasy dag aşýan uly toýlar-a beýlede dursun, hatda aýdylan janly-beýleki ýaly çaklaňrak üýşmek-süýşmege-de utanman-uýalman münüp barardan şalharak, köneje ýeňil ulaglar mysapyr assyrynlyk bilen ötýär, bu ýoldan…
…“Tarryň-tarryň” edip, bir dartanda tutuş wagonyň ýüküni gerşine alyp gidýän, täp-täzeje, mähnet ýük ulaglary haýbat bilen ötýär, bu ýoldan…
…“Parryň-parryň” edip, yzlaryndaky tirkeglerine dag ýaly edilip bede ýa-da saman münderlenen kuwwatly traktorlar agyr zähmete werziş biparh sadyklyk bilen ötýär, bu ýoldan…
…“Hürrüň-hürrüň” edip, motosikletleriniň hereketlendirijilerine bat bermekden ýaňa uçaýjak bolup, misli jahanyň ählije zadyny kowalap ýetip, tutup-alyp galaýjak bolýana çalym edýän jahyllar köýneklerini pasyrdadyp ötýär, bu ýoldan…
…Gürrüň-söhbet edip, pyýadalaram ýol kesýär bu ýolda…
…Mis asyryňam birinji çärýeginden galan bolmagy gaty ähtimal eşegarabasyny idekläp, bir elinde oragy, beýlekisinde hargulak harynyň ýüpi, egni köne donly garrylar ötýär, bu ýoldan…
…Aşyklar ötýär bu ýoldan, iň bärkisi ýeriň ýarygyna-da jakgyldaşyp…
…Gölegçiler ötýär bu ýoldan, hamana, eginlerinde göterip barýan ýüklerini çaltrak gara ýere duwlap, bu ýalançynyň iň hakyky hakykatyny öz-özlerinden bahymrak gizläge-de, ýene-de gyltymlardyr-albaýlaryň ugruna kowalaşyp başlamaga howlugýan ýaly haýdaşyp…
…Aýrylyşýanlaram ötýär, birek-birekdenem, özlerini pyrak eden bu ýoldanam, özlerine gerşinde orun tapylmadyk zemindenem nägile…
…Barlyşýanlaram ötýär, birek-birege-de, özlerini duşuran bu ýola-da, özlerine göwsünde mekan beren zemine-de minnetdar…
…Olaryň astyndan göterilýän çaň-kirşene ýagyrnysynda orun beren kerpiç bolsa, ses-selemsiz şo-o-o-l ýatyr, gyrada…Ýoldan ötýän janly-jansyz her kesi synlaýar, diňleýär, bolanja tejribesine, aňyna-paýhasyna zor salyp, gören-eşideninden many ogurlamaga çyr-çytyr çytraşýar.
Özem garaşýar…
…Ine bir gün, ýoldan ötüp barýan ynslaryň haýsam bolsa biriniň sakga durakga, özüni siňe-siňe synlakgetdin: “Bäh, bü kerpiji-aý! Tüýs meniň derdime ýaraýjak, süňňi sagat, kamaty pugtaja zat ekeni, bi! Şu ýoldan şunça gatnasam-da muňa häli-häzire çenli üns bermeýşimi diýsene!” diýäge-de, özüni ýerden göterip, tot-tozanyny kakyp, ýany bilen alyp giderine…
…Eltibem çagalaryna pena boljak mähriban öýüniň binasynda, onuň özi kibi ynsana hyzmat etmek, oňa pena bolmak üçin ýaradylan kerpiç-doganlarynyň arasynda gaýym suwag bilen hemişelik, iň bolmanda onuň kerpiç-ömri ahyr bolýança ornaşdyraryna…
…Ýa-da yns balasynyň başgalasy-öýüne diwar bolmak bagty miýesser etmese-de, onuň perzentlerine çörek berjek tamdyrynyň ýa ojagynyň binýadynda goýaryna…
…Ýa-da iň bolmanda onuň mülküniň hyzmatynda bolary ýaly, malýatagyny ýa kümesini ýa-da towuk ketegini gurmak üçin özüni ulanaryna…
…Ýa-da halys bolmasa, haýsydyr bir ulanmaýan zadyny çyg çekip çüýremez ýaly, özüni şonuň astyna söýe edip goýsa-da bolýar…
…Esasy zat, owalybeletde Ýaradanyň emri bilen, özine asyldaş zanny toprakdan adamzada gulluk etmek üçin ýaradylan halyna, şu ýatan ýerinde hiç kimsäge gerekmez, derde ýaramaz halda, ýagyş-ýagmyrlardyr, yssa-sowuga öz-özünden pytrap, bihuda ýitip gitmese bolýar…
…Şondan Hudaý saklasyn!...
…Sakgyz başynda şuňa meňzeş müň gaýgydyr müň hyýaly günde müň gezek aýlaýan kerpiç, günler aýlara sepleşip ýyllar ötüp barsa-da umydyny üzmeýärdi…
…Her deňesinden geçýän ötegçidenem umydygär, diňe gözler-ä däl, toýundan eýlenip gyzgyn ataşa bişirilen laý kalby hem, özüni derkaryna ýaradyp bimanylygyň hem bimaksatlygyň bipeýanlykdan halas etjek şol ýekeje ynsanyň ýolunda intizar…
…Dogrusy…
Dogduk mekany – Büzmeýiniň günortasyndaky toýun käninde, öz doganjyklarydyr ata-enesi bilen, adaty bir şykgy toýun maşgalasy bolup ýaşaýarka, ol – heniz bu ýalançynyň hiç zadyny görmedik gögele – pälini juda uludan tutýardy.
“Pespällikden zyýan çeken ýokdur. Uly pälden Hudaý saklasyn!” diýip kakasy – birmahallar ýagan ýagmyrlara ýelmeşip-gatap daşa dönüp giden ep-esli tokga toýun bajagy olara öwüt-nesihat bermäge, heniz jahyl balalarynyň jylawundan dartmaga çalyşýardy. Emma, ol barybir özüniň badyhowa ham-hyýallaryndan saplanyp bilmeýärdi. Şol hyýallarynda-da ol özi bilen asyldaş adam ogullarynyň nazaryna ileninden soň adaty bir çig toýun kesejiginden täp-täzeje, ýalpyldap duran ýüzünde ýüzüňi görübermeli, owadan kerpije öwrülýärdi. Şol kerpijem dünýä hemle urýan älemberdar şalaryň köşki-eýwanlarynyň iň zynatlysynyň hasamly diwaryny ýa-da sütünini bina kylmak üçin ulanylýardy. Ýa-da ondanam gowusy, ony ussat külal aýasyna alýardy-da, özüniň ezber elleri bilen ony beýleki doganjyklaryna gatyp-garyp, eläp-süläp, ezip-mynçgalap, ýeriň ýüzünde görlüp-eşidilmedik ajaýyp küýzäni ýasaýardy. Körük babanyň howurly deminde mazaly bişirilenden soň bolsa, ol petini müňýyllyklar solduryp bilmejek, agramyna agram tylla tölenýän nepis sungat eserine öwrülýärdi…
…Dogrusy…
…Adam ogullarynyň elinden çykan, äpet demir allajy, özleriniň ýaşaýan känlerine süsňäp girip, özüniň demir dişleri syh-syh bolup haçjaryp duran mähnet demir susagy bilen, olaryň tutuş maşgalasyny susup alaga-da, ol allajydanam äpet ýük ulagynyň gerşine guýanda, ol özüniň yhlasynyň wysal bolmagyna tarap ymykly ýola düşdüm diýip hasap edipdi. Birbada şeýle-de boldy. Ýöne, ynsan dili bilen aýdanýňda tä çig maldan önüme öwrülýänçä oňa adam eli galtaşmanjyk geçäýdi. Diňe onuň ýasan enjamlarydyr-abzallary bilen salyşmaly boldular.
Olary “Kerpiç kärhanasy” diýip atlandyrylýan alysdaky bir ýere getirdiler-de, holtumyna düşen zady, ha sen daş bol, ha toýun ýa-da adaty toprak, göwnübir biperwaýlyk bilen üwäp-pytradyp duran demir çarhlardan dos-doly gorpa guýdular. Demir degirmenden un edilip çykanlaryndan soňam, başga bir gorkunç enjamlarda, olary bu dünýäniň ähli zadynyň gözbaşy bolan Suw aganyň ymmaty bilen gatyp-garyp, bulap-bujap mazaly eýlediler-de, başga bir enjama garşy geçirip goýberdiler. Ol enjamam olary tekizläp, ýaýyp-ýylmap, hemmejesi birmeňzeş, endiganja, gyradeňje çig kerpiçlere öwrüp, demir ýoldan ýöreýän demir tekjelere gatlak-gatlak ördi-de, ählisini içi durşy bilen gyzyl-ot, soňy görünmeýän uzyn däliz ýaly howurly körüge garşy iterdi. Demir ýoldan dähedem-dessemläp ýüzüp giden demir tekjeler däliz-körügiň aňrybaşyna çykanda-da, ol eýýäm çig toýun bolmagyny bes etdi-de ýaldyrap duranja, saň-gaty gyzyl kerpije öwrüldi. Heniz ataş hammamynyň gyzgyny tenlerinden çalak-çulak gidip ýetişmänkä-de, olary ýekän-ýekän alyp, desbi-dähil taýýar duran ýük ulagyna örüp başladylar. Diňe şonda oňa adamyň ellikli eli degdi. Ýolda barýarkalaram…
…Ondan soňy bolsa bolmady…Ulagdan zyňlyp gaçan ýerinde onuň adamzada hyzmat etmek maksadyny myrat etmeklige ýüzlenen taryhy tamamlandy…
Onuň ýerine-de şu ýoluň gyrasyndaky garaşmakdan hem umytdan, oýlanmalardan hem jogapsyz sowallardan doly tükeniksiz günler başlandy:
…Ahyry bir gün gelermi ony derkaryna ýaradan?! Ýa-da gelmezmi?!
…Eger-de yhlasyny wysal etjek halasgär gelmejek bolsa, onda ony ýaratmagyň nä derkary bardy?! Ýa-da ýaradylandan soňam bir tokgajyk kesegiň kalbynda yns ogullaryna hyzmat etmeklige, olaryň derkaryna ýaramaklyga bolan şeýle uç-gyraksyz höwesi oýarmak neçün gerekdi?!
…Bu dünýäniň sowaly köp-de jogaby az…
…Ol soraglara jogap tapmalam ýoluň gyrasynda kirşen basyp ýatan kerpiçmi ýa-da şol kerpijiň halasgäri – YNSAN?!
…Gussaly…
…Şondan bärem ol, ýyllar ötse-de…
…Tozan basyp, ýoluň gyrasynda ýatyr…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 591 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Meledor / hekaýa - 08.01.2023
Täze ýyl gijesinde / hekaýa - 06.01.2023
Haýyr / hekaýa - 30.03.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Yrmak sungaty - 23.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Ahmet Mele / hekaýa - 25.01.2023
Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa - 06.01.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Ýer yranmasy / hekaýa - 20.02.2023
Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023

Teswirleriň ählisi: 211 2 »
0
1 @  
Şul ýazyja erbet ýazýar-a diyip biljek däl, emma dili agyr gelýa maña okanymda büdreyan ýerlem kõp

0
2 Adalat19  
3
Sen meni gorkuzýaňow agam... cool

0
3 marybasimow  
167
Говы.язылыпдыр

0
4 marybasimow  
167
Ики.гезек.гайталап.окадым

0
5 Gumlygelin  
8
...onuñ çagalaryna çörek berjek tamdyrynyñ ýa ojagynyñ binýadynda goýlaryna...

Şu ýerde bir zat göz öñümde janlandy.Ejesi çörek bişiren wagty çagajyklar howlugyp tamdyryñ içine jyklap gidegen bolýar.Has kiçijiklerniñ şo mahal tamdyra seretmäge boýy ýetmän,boýunjygny süýndirp kösenýär.

Ana,şoool ýolda ýatan kerpiji alyp gaýdyp şojagaz çagañ aýajygnyñ aşagyna goýaýsañ.

0
6 Adalat19  
3
@Has...menä näme diýjegmem bilemok...

0
7 Bagabat  
43
Gurbannazar Ezizowyň bir goşgusy bar, surat çekýän oglanjyga mugallymy käýýeýär, sebäbi ol näme çekse adama meňzeş bolýar, gün çekse-de, bag çekse-de, dag çekse-de...@Has, gardaş teswiriňde dogry bellediň, gündogarly bizleriňkiň günbatarly olaryňkydan tapawudy hem bizem "nämäniň suratyny çeksegem" soňy pelsepä ýazýar-da, ynsan durmuşy hakynda oýlanma bilen durmuşy manysyny gözlemek bolýar duruberýär...Osman aga pahyr gürrüňdeşliklerimiziň birinde: "Biziňki boljak däl-le, Hak bize özüniň bardygyna bolan ynam-a beripdir, özünem görkezmeýär, biziň hemmämizem Şonuň gözleginde ömürboýy ser-sepil bolup ýörüs doganjygym!" diýipdi...

0
8 Bagabat  
43
Bujagaz nowellajyk barada ýagşy sözleriňiz üçin bolsa hemmäňize ägirt uly taňryýalkasyn aýdýaryn. Sebäbi ýazýan adam üçin okalýandygyny bilmekden uly lezzet ýokmuka diýýärin. Hasam @Adalat19 saýtdaşymyza minnetdar. Onuň teswirleri birhili birmahal ýatdan çykyp gidip, has takygy biperwaýlyga öwrülip giden gözlegden hem öz-özüňe müňkürlikden doly käbir zatlary gozgaýar...

0
9 Bagabat  
43
@Has gardaş stiliňi üýtgetmek barada aýdylanda bolsa meniň pikirimç-ä, wagtal -wagtal bar toplanja tejribäňi mümkin boldugyndan bir gyra itip, nähilidir bir täze usullaryň gözlegine çykyp durmasaň, ýazmak meselesinde şu ýoluň gyrasynda ýatan kerpiç ýaly kirşeniň astynda gömlüp galyp barýana dönäýýärsiň...

0
10 Bagabat  
43
@Jumagylyjovao-nyň nowellajygy çagajyklara okap berende olaryň ünsüni çekendigi hakynda teswiri bolsa begendirdi...

2
11 Bagabat  
43
@Adalat19, edebiýat we çeperçilik barada ýazan teswirleriň hakynda soň arkaýynçylykda-da pikirlendim. Çeper edebiýatda minimalizme ýykgyn etmek, az söz bilen köp zady beýan etmäge çalyşmak öňem dünýä edebiýatynda ýörgünli garaýyşlaryň biri. Ýöne, näme, owalbaşda-ha bu hemme kişä başartmaýar, başardaýanda-da her kim bir pikire eýerýär. "Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal" diýmeýärmi, türkmenler?! Ýöne minimalizm usuly bilen diýilmekçi bolunýan zady okyjynyň kalbyna ýetirip bolsa oňa ýetesi zat ýok. Ýöne iň aňrybaşy minimalizm usuly bilen ýazylan eserem çeperçilikden halas bolup bilmezmikä diýýärin. Çünki çeperçiliksiz çeper edebiýat - bu nonsens bolaýmasa! sad

0
12 Adalat19  
3
@Bagabat...biziň ýazyjylarymyzda ,"edebiýat diňe edebiýatçylar üçin", diýen düşinje bar. Şonyň üçin ýazyjyň ýazan zadyny diňe özi ýaly ýazyjy okaýmasa başga okajak adam ýok. Iň kyn mesele kitap okamaýan adamy okatjak bolmak. Ondan beter kyn mesele çagany kitap okatjak bolmak. Näme üçin köneden gelýän halk ertekilerde hiç hili çeper dil galmady? Sebäbi ol ertekilerden artykmaç zatlaryň bary bir eýýäm gaçyp galdy. Türkmen dessanlaryndan diňe Göroglyny okap gördüm, menä şol eser çeper dilde ýazylandyr diýip biljek däl. Waka diňe faktlar barada habar berýär. Başga türkmen klassiki eserlerem şeýlemikä diýýän. Olar hem çenden aşa çeperçilikden azat bolaýmasa? Bir awtoryň aýdyşy ýaly "powestwowaniýa" diňe faktlar barada habar bermell.

Çeperçilik barada her kimiň öz pikiri bar. Meň pikirim şeýle, çeperçilik köp ýagdaýda teksti artykmaç informasyýa bilen agraldýar. Köp halatlarda bolsa okamaga päsgel berýär. Gönümel dilde ýazylan eseri okamak has ýeňil. Ýöne çeperçilik obrazlaryň hyzmatynda bolsa bu eýýäm başga gep. Obrazlar şowly tapylan eseri okasaň edil kino gören ýaly bolýaň.

0
13 Adalat19  
3
Hytaý edebiýatynyň 3-4 sany eserini okap gördüm. Şolarda çeperçilik diýen zadam ýok eken. Bar zat adaty adamlaryň gürleýän dilinde gürrüň berilýär. Ýöne diňe Mo Ýan'yň kitaplarynda çeperçilige gabat gelse bolýar, galanlarynsa entek duşamok. Şu wagt okaýan "Ýabany guwlar " atly kitabymda bir sahna bar. Bir uly ýaşly lukman ýaş gyzy gelin edip aljak bolýar, ýöne oňa tutuş maşgalasy garşy bolýar. Bir gün lukmanyň otagnyň gapysynyň agzyna bar ogullary üýşýär we kakalaryny öýlenmekden saklajak bolýarlar. Ana şonda lukmanyň bir ogly garşylygyň şanyna öz garnyndan atýar. Ýöne şol bada ölmän ertesi gün ölýär.

Şol sahnany hytaý awtory bir iki sözlem bilen agzap geýär. Hamala hiç hill wajyp zat bolmadyk ýaly. Eger şol eseri günbatar ýa-da rus awtory ýazan bolsa 100 sahypa sündürerdi. Ogly sapançany ýanyna aldy, ol kimi atjak bolýarka? Neuželi kakasyny atjak bolýarka? Ýok ol milt etmez. Ol sapançany çykaryp kakasyna bakdyrdy. Ýok kakasyna däl, ol sapançany öz garnyna tutdy. Ol näme etjek bolýar. Ýok ol milt etmez. Ok sesi eşidildi, daşgy jaýdan hyzmatkär yglap geldi. Ýerde hojaýynyň uly ogly gana bolaşyp ýatyr. Kakaň gözlerinden ýaş damýar. Günbatar edebiýatynda takmynan şeýle bolmaly setirler hytaýlaryň edebiýatynda bary ýogy iki sözlem bilen geçyp gidýär. Hakykatda bolsa okyýjynyň bilesigeljiligini azajyk gyjyklasaň boljakdy. Mysal üçin uly oglynyň sapançany ýanyna alanyndan oň kimi atjak bolýanyny gümana edip? Ýöne hytaýlar has sada bolmalyda? Meň aýtjak bolýanym ýazmagy ruslardan dälde hytaýlardan öwrenmeli eken. Hytaýlarda bar zat sada we gyzykly...

0
14 Adalat19  
3
Hiç wagt kitap okamaýan adamy ýa-da çagany ýazan zadyň bilen gyzyklandyrjak bolup synanşyp gör agam..galanlary şonsyzam biziň elimizde...)))

0
15 Adalat19  
3
Ynanýan zadyňyza göräde alarsyňyz diýäýmesem....

1-15 16-21
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]