07:31 Metjit | |
METJIT
Goşgular
![]() Näçe döwran ötürdiň sen, üstüňden, Egniň gysyp batdygyça hijrana. Jezitlik eýleýip, aşdyk hetdinden, Mal gabadyk mährabyňa, hüjräňe. Gümmeziň, minaraň üstüňe çökdi, Seni görüp oba çekdi hyjalat. Dogrusy, ýykmaga ýetmedi hetdi, Ýöne her kim duýup dur bir „Yşarat“. Gijeler deňiňden geçmek, hyllyla, Gündizlerem gezip ýörüs, ýöne sen, Dursuň ýel-ýagmyra, çabga yrgyldap, Sebäbi sen metjit, sebäp, köne sen. Köne bolsa biziň öler jynymyz, Hökman omurmaly, täze gurmaly. Biz şeýdip omurdyk ähli çynymyz, Bar zat täze, indi näme gurmaly. Täze guranlarmyz dargady gitdi, Azansyz ýetmiş ýyl sürdük döwrany. Emma, metjitsize şah çykman geçdi, Şol ýyllarda öwrendik biz döwmäni. Indi kem-kem düşünýäler bar zada, Könesiz täze-de bolmaýan eken. Metjidi görmedik nesil, dünýäde, Belli zat, kem-kemden ownaýan eken. 20.10.1991. Öwezdurdy NEPESOW. Surat: Medine Safari / "Metjit" | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |