22:24 Onuñ ady kimkä? | |
ONUÑ ADY KIMKÄ?
Goşgular
![]() Şatlygyma şärik, Gaýgyma şärik, Garrylygym bilen ýaşlygma şärik Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan? Onuň ady kimkä? Nämekä käri? Belki-de, ol gyzy gören däldirin, Belki-de, ol çykandyram öňümden. Ýa-da ýalňyz sözi aýtmaly wagty Uýaljyrap geçendirin deňinden. Ýöne meni söýjek şeýleräk gyzdyr: Guwanç bilen bakýandyrlar yzyndan. Şonda kä kişiler çümüp hyýala, Närazy bolýandyr ogul-gyzyndan. Mydam dişleýändir gijeýän dilin Meni söýjek gyzy gören kelçikler. "Şeýle gyz ogluňa bolaýsa gelin" — Arzuwyn edýändir gelin aljaklar. Meni söýjek gyzyň owadanlygy Iliňkiden artyk ýa pesem däldir. Kä oglanlar oňa "Owadan" diýse, Käbiri diýýändir: "Beýle gyz kändir". Şatlygyma şärik, Gaýgyma şärik, Garrylygym bilen ýaşlygma şärik Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan? Onuň ady kimkä? Nämekä käri? Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |