02:53

Özgeriş

Категория: Goşgular | Просмотров: 489 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 371 2 »
0
1 Nurdan  
100
Goşgudaky pikir çuñlugyny, sözleriñ ulanylyşyny, ýazylyş stilini haladym, oýlandyryjy, üýtgeşik meñzetmeler ýerlikli ulanylan. Täsir galdyrmagy başardy. "Tañrylar gaýyp" bu setir sorag döretdi.. Tañry"lar"-dygy sorag döretdi.. Ylhamyñyz joşup dursun Ybraýym däde

0
6 mango  
651
"taňrylar" diýende ýalňyz galanyň gürrüňi.
geç günäsini (ýok günäsini).
ýekelik barada aýtjak boldy.

0
2 mango  
651
Ibrahime sorag:
1) Algyrlar - deňiz guşlarymy
(algyr - ýiti çüňkli we ýiti dyrnakly aw guşlaryna diýilýämikä?)
2) aýlançak - aýlagmy? suwuň gury ýere süsňäp giren ýeri.

3) Agtarýaň-agtarýaň
jennet kopyýasynyň depder ýapragyn
(agtarmak - bir zady gözlemek bolýa dälmi? bärde-de şo manydmy, ýa "agdarmak-geçirmek" manysyndamy?)

4) Oýuňda şol öňki sanjyly sorag,
gaýtalaýan-gaýtalaýan
ÿodalaryn yzlap dur.
("gaýtalaýan" - gaýtalanýan bolmalymy? gaýtalanýan ýoda).
----
latyn elipbiýine geçirilende ýalüyşlyklar giden däldirdä hernä?

0
9 ibrahimbadakhshan  
694
1) Algyr ÿyrtyjy gušlar mašgalasyndan (bürgüt, laçyn we š, m.) suw gušy däl.
2)Aÿlançak aslynda suwuñ aÿlanyp akÿan ÿeri (girdap), ÿöne göçme manyda her bir köplük bolup aÿlan zatlaryñ görnüšini teswirlendirmek üçin ulanyp boljak söz, hasam gošguda: pelek aÿlançagy, bašyñ aÿlançagy, gušlaryñ aÿlançagy (asmanda üÿšüp, aÿlanyp uçan wagtlary), ...
3) Hawa, bu ÿerde "agtarmak" gözlemek manyda
4) Hawa, "gaÿtalanÿan" dogry, N harpy Latyna geçirilende gaçyp galypdyr.
Bellikleriñiz üçin köp sag boluñ!

0
10 ibrahimbadakhshan  
694
Elbet bizde šu "aÿlançak" sözi ÿene bir ÿagdaÿda ulanylÿar: oÿ-pikir, huš, zehililik hakda, aÿlançakly bolmak: düšgür bolmak, akylyny gowy aÿlap bilÿän , ...

0
3 mango  
651
goşgyň gowulygynyň sebäbi Ybraýym aýtmak isleýän zatlaryny "sahna" gurup, "sanhany bezäp", "artislere" oýnadanok-da öz başyndan geçýäni bolşy ýaly pikirlerine geçirýär, oňa sahna-da gerek däl, artistlerem...
oňa watansyz, uzak sowuk Gollandiýaň* oba diýip bolmajak bir şäherjiginde çilimini otlap "küli barmagyna ýetenni duýmajak" derejede oýa batmak ýeterlik.
---
aslynda Ybraýymda-da sahna bezegi bar:
aýlag, algyr guş, galňaýan bulut, tüm tokaý, aglaýan akar, çatlaýan ünsümlik...
ýöne bu bezeg ýasama däl-de hakyky.
(*Ybraýym, siz ýalňyşmasam Gollandiýada bolmaly).

0
16 eatayew33  
761
Niderlandlylar indi öz ýurtlaryna "Gollandiýa" diýmegi gadagan etdiler. Sebäbine düşünýänsiň diýip umyt edýän ))

0
4 mango  
651
şahyra öwretmek hetdimiz däl, ýöne şeýle pikir edýän:
"Algyrlar gaýyp ýör aýlançagynda
galňaýan bulutlaň tümelýär reňki" - "galňaýan bulutlaň" däl-de "galňaýar bulutlar" bolsa gowy ýaly.
"galňaýar bulutlar tümelýär reňki"
--
reňkiň tümelmegi owadan gelişipdir.
---
Agtarýaň-agtarýaň
jennet kopyýasynyň depder ýapragyn
("kopiýa" sözüni ulanmazdym).
---
algyrlar gaýyp ýör aýlançagyňda
galňaýar bulutlar gök ojagynda.
("gök ojak" gok asman manyda-da bolsa kelläňe ojakda gök bolup ýanýan tebigy gazy hem ýada salýa :-) )
---
güneş berse öz ornuny tümlüge,
gözellik
üýtgeder öňki görküni.
(AJAÝYP! "gözellik dünýäni halas eder" diýilýär, ýöne gözellik ornuny tümlüge berse.... waý halymyza.)
---
Güneş gözlügini dakan dek göze
gözleriňde bozulyp dur sahnalar
(gözlügi Güneşiň özi dakynýan ýalam boljak bolup gidýä..:-) hemem, güneş gözlükleri şekilleri bozuk görkezýämi, ýa bulanyk? (diýip bolar). ýöne many düşnükli...)

goşguňyzy haladym.
täze-täze ýetirip duruň.

0
11 ibrahimbadakhshan  
694
galňaýan bulutlaň tümelýär reňki-"galňaýar bulutlar tümelýär reňki"
ikisi hem bolup biler.
("kopiýa" sözüni ulanmazdym). Näme söz ulanardyñyz? Türmençesi näme?

1
14 mango  
651
bizde "kopiýa" sözi "nusga" diýip ornaşyp gitdi.

0
5 myhman  
732
gowy goşgy eken, haladym.
Ibrahim akgaň öňem tm-ly däldigi duýulýa.

Tümelýän tokaý - gowy

galňaýan bulutlaň tümelýär reňki - düşnükli. ýöne tümelmän goýalsa has gowy bolaýjak ýaly.

bäh, gowy ýazýan ekenaý. "Watanyny" mundanam gowy gördüm.

Çatlaýan ümsümlik - bärli biri ýazan bolsa, türk dili täsir edipdir öýdýän diýip pikir ederdim.

0
12 ibrahimbadakhshan  
694
Sag boluñ myhman!
(galňaýan bulutlaň tümelýär reňki - düşnükli. ýöne tümelmän goýalsa has gowy bolaýjak ýaly.) Belligiñiz jaÿ-ÿerinde! šygyr rugsat berse üÿtgederin.

-1
7 Елена_Прекрасная  
462
.

0
8 Елена_Прекрасная  
462
Govy suratkeş awtor, yone tehnikasy meseleli

0
13 Jumjume  
571
Stil "bäh" diýdirmedigem bolsa,pikir "bähh" diýdirdi.

Tümligiñ goýalmagy,akaryñ aglamagy juda gowy bolupdyr.
Ibraýym aga galamyñyzyñ ujy ýiti bolsun!

Ýanyp ýazsañ başgaça-la!

0
15 eatayew33  
761
Awtoryň werlibrden habary barmyka?

0
17 ibrahimbadakhshan  
694
werlibr nämekän Alla jan???

0
18 Елена_Прекрасная  
462
Ak goşgy tipa

0
19 mango  
651
Werlibr - erkin goşgy (fransuzçadan: vers libre).
Ol rifmometrk kompozisiýadan azat.
Ýigriminji asyryň iňlisdilli edebiýatynda giňden ýaýrady (diýýä gugl daýy).

Hemem, Arwo Metsden mysal getirýär.

Молодые девушки похожи лицом
на небо,
на ветер,
на облака.
Потом из них получаются
верные жены,
лица которых похожи
на дома,
на мебель,
на хозяйственные сумки.
Но их дочери
вновь похожи лицом
на небо, ветер
и весенние ручейки.

Арво Метс

—-

mangolaşan sypaty hem şeýleräk:

Ýaş gyzlaryň ýüzi meňzeş
asmana,
ýele,
buluda.
Soňra olar wepaly aýal bolar,
ýüzleri meňzär
öýe,
goşa,
torba.
Ýöne, olaryň gyzlarynyň ýüzi
meňzeş ýene
asmana,
ýele
hem-de bahar çeşmesine.

Arwo Mets

(“Meňzeş aýa, güne, ýyldyza” diýseň has türkmenleşçegem ýaly).

0
20 Hаwеrаn  
245
Ýewropada ýaşap yören şahyra "werlibrden habary barmyka" diýmek, birhili gömelteýräk boldumyka diyyän, özem awtoryñ erkin formadaky goşgusyny okabam. Ybraýym aganyñ "werlibr nämekä, allajanlarym?" diyen teýenelije soragyna düşünmediler öýdýän. ))

0
21 myhman  
732
"werlibr nämekän Alla jan???"

şuny teýeneli sorandyr öýdemok. näme üçin teýeneli sorasyn?
Ibrahim akga "nädip menden munýaljak zatlary sorap bilýäňiz. heh, bular ýaljak edebiýat terminleri meň ýanymda witjik. temboleye, men ÝEWROPADA ýaşaýan" diýjek şahyra meňzänok.

belki, erkin goşgyny bilýändir-de, şul (werlibr) ady bilen bilýän däldir.

0
24 ibrahimbadakhshan  
694
Men çydanam bu sözi (werlibr) bilmeÿärdim, ÿöne erkin gošgy hakda bilÿänim az däl, sebäbi 40 ÿyl bäri erkin hem modern gošgy ÿazmak bilen gümra bolup ÿörün.

0
22 Hyýalkeş  
752
Howwa hakykatdanam bilýändirdä şol ady bilen bilýän däldir.Erkin formadaky goşguny okabam ýazybam gördüm ýöne menem edil Ybraýym daýy ýaly "Werlibr nämekä?"diýdim içimden.

0
23 eatayew33  
761
Menem werlibr baradaky soragymy teýene bilen soramandym, sebäbi awtoryň bu eserine werlibr diýmäge-de çakym ýok. Azatlyk diýip eden-etdilige aýdylmaşy ýaly (oňa "anarhiýa" diýilýär, ýogsa şonuňam Mahno ýaly öz baştutany bar), her bit "erkin" ýazylan goşgypisint eserem werlibr bolardan daşdasyr. Werlibr ýazmak adaty goşgy ýazmakdan has kyn, çünki adaty goşgudaky kapýa bilen berilýän sazlaşygy, akgynlylygy başga zatlaryň üsti bilen bermeli bolýar. "Rep" diýibem bir zat bar. Oňa-da ýazylyp durkar-a "goşgy", aýdylyp durka-da "aýdym" diýýänlerem bar. Ýöne ol şolaryň hiç birem däl. Ol — rep.
Özümiziň "Küştdepdimizi" mysal getirip biljek. Olam tansam däl, aýdymam däl. Ol — küştdepdi. Tansyz-a aýdymynyň hakyky güýji ýok, aýdymsyzam — tansynyň hakyky manysy. Rep — bu afrikalylaryň sungaty. Başgalaryň aýtmagynda-da ol entegä sungat derejesine ýetip bilenok. Biziň küştdepdimizem başga halklaryň çykyşynda şeýle bolarmyka diýýän, hotýa özümizde-de onuň hakyky manysyna düşünýänler kändir öýdemok. Onda-da, hindileriň klassik tanslarynda bolşy ýaly, her bir hereket many aňlaďýar.
Ibraýym gardaşam gaty görmesin, ýöne ýazýan eserlerine özi täze bir žanr adyny goýaýsa, has ýerine düşäýmese, ýogsa ony ýene goşgy formasynam bilmeýändir diýip aýyplaýandyr öýdäýmäň

0
25 abdyllahmuhammadi  
377
Jan Ybraÿym bu MODERN goşgusynda bir gezegem " watan " sözünden haÿyrlanman watan hakynda ÿene bir goşgy goşupdyr .
Şahyr bu setirlerinde bir näçe sahna döretÿär . Her sahnañ soñunda özüne bir ÿüzlenÿär .
Birinji sahnañ asmanynda algyrlar öz orbitasynda ( aÿlançagynda ) aÿlanÿar . Bulutlar galñaÿar we howa garalyp başlaÿar .Aÿylganç ümsümlik şahyry çeny- çaky ÿok oÿa batyrÿar . Bu sahnañ soñunda şahyr özüne ÿüzlenip bir jennet ÿaly ÿerlerde ÿaşap ÿörüşini ÿadyna salÿar . Emma bu sapar ÿokarda ÿatlanan tebygy sahna özgerip başlayar . Sebäbi algyrlar öz aÿlançagynda däl-de belkem şahyryñ zehinine ( aÿlançagyñda ) girip hyÿaly are alÿar . Ol tebygy sahna eÿÿäm özgerip hyÿala ulaşdy . Algyrlaryñ biri bolsa sese , söze ÿa ynja öwrülüp şahyryñ oÿuna dolÿar . Ÿada düşÿän söÿgüsi bolsa ümsümligi bozup başlaÿar .Özüne göwünlik berip aglap ümsümligi bozÿar .
Ikinji sahna hem tebygy boluşunda başlanÿar . Ümür depeleriñ gerşine düşüp , galñadygyça tebygatyñ ireñkini özgerdip başlaÿar . Eger günen ÿaşsa görünip duran gözellikleriñ ÿitjegi belli . Şahyr ÿene güneşiñ gözüne gözlük dakyp başlaÿar . Dereleriñ agyr çygly howasy dertlenÿär . Şeÿdip sahnalary bozan şahyr ÿene bir gezek özüne ÿüzlenÿär : Ähli tebygat ozgerip durka , nämüçin ÿalñyşlyklar üÿtgänok ?

Sahna tamamlanÿar . Emma şahyr asmana garap görÿär . Asmanda algyrda görünenok güneşde görünenok tañryda görünenok . Diñe oÿa batan şahyryñ elinde külüni kakmak ÿadyndan çykan çilimi bar .
Häzir hudožnik bolup ÿaşaÿan şahyr bu goşgusyny gije bilen gündiziñ çatyrygynda goşan bolmaly . Sebäbi Güneş gözligini ulanmasyndan öñ asmanyn algyryda görünÿär ÿeriñ aglaÿan akaryda . Gerşi ümürli daglaram görünÿär aglaÿan akaram . Güneş gözüne gözlük baglandan soñ asmanda algyram görünenok howasy agyr bolup çygly derede . Tümlük ( zulumat = zulum ) Tañry tagalanyñam dury şekilde añlanmasyzlygnada uly sebäp dir .

Aglaÿan Akaryñ akyşy , zamanyñ özgerişi we ÿeri Jennete meñzetÿän dürli reñklering bilelikde üÿtgemesi bu goşga bir owadan hereket berÿär .

Bu MODERN žanrly goşgynyñ tehnika taÿdanam kemi ÿok bolsa gerek . Täze -täze meñzetmeler öñ köp ÿa düÿp görülmedikleride bardyr . Ümsümligiñ çatlamagy şoña oñat mysal bolup biler .
Modern žanyrly goşgudan agtaryp ÿören faktlaryma şu goşguda gabat geldim Jan Ybraÿym !

0
31 mango  
651
gardaş Abdyllany şu gözlükler bulaşdyrypdyr (edil meni hem ilki okaňda bulaşdyryşy ýaly).

Abdylla diýýär: Güneş gözüne gözlük baglandan soñ asmanda algyram görünenok howasy agyr bolup çygly derede.
---
gözüne äýnek dakan Güneş däl-de şahyryň özi bolmaly. ol gözüne gara äýnek (güneş äýnegi) dakynan bolmaly,
deňemek üçin:

"Güneş gözlügini dakan dek göze
gözleriňde bozulyp dur sahnalar?"

Ybraýym däde, şo güneş äýnekli setirler iki ýana agasy gelip dur...

0
26 Hyýalkeş  
752
Abdylla daýy siziñ gymmatly pikirleriñizi diñe bir dostuñyz "Jan Ybraýymyñ" däl beýleki şahyrlaryñ goşgularynyñ aşagynda da okasymyz gelýär.

1-15 16-21
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]