23:01 Paworotti Sumbarda | |
PAWOROTTI SUMBARDA
Italýan aýdymçysyna Şeýle bagşylar bar owazy melhem, Şahyrlary gül heň, durşuna ylham. Diňläp ony öz bolşumy geňledim, Birdem agyr halym, birden ýeňledim. Misli Mylly aganyň “Humaralasy”, Gitmedi gulagymdan. Behişdi owaz, Akdy şerbet bulagyndan. Beýle-de bir owaz bolar oguşýan, Ömür göwün küýsegiňe gowuşýaň. Şonda men ekdim bir çynar nahalyn, Adyna “Luçano” diýdi dahanym. Tomusda ýel, gyşda nur bolup çoýdum. Kök urup, çynarym ýaýdy şahasyn. Mahal-mahal aýdym aýdýar Sumbarda, Ýaňlandyryp kenaryn, Pawarotti çynarym... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |